«Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň...

113
«Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 2015 Adam hukuklary boýunça Türkmen inisiatiwasy topary

Transcript of «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň...

Page 1: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

«Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015

Adam hukuklary boýunça Türkmen inisiatiwasy topary

Page 2: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

2002-nji ýylda adam hukuklaryny goraýjylaryň Türkmenistandaky topary tarapyndanTürkmenistanyň Helsinki inisiatiwa topary döredildi. Ýöne şol topara girýän adamlaryňhäkimiýetler tarapyndan yzygiderli yzarlanmasy hem repressiýalara sezewar edilmesinetijesinde topara agza bolanlaryӊ köpüsi ýurdy terk etmäge mejbur boldy. 2004-nji ýylyňnoýabrynda Türkmenistanyň adam hukuklaryny goraýjy Helsinki toparynyň işini dowametdirmek , guramanyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin Awstriýanyň paýtagty Wena şäherindeAdam hukuklary boýunça Türkmen inisiatiwasy topary (TIPÇ) döredildi.

Adam hukuklary boýunça Türkmen inisiatiwasy topary Türkmenistanyň öz içinde işleýängraždan jemgyýetiniӊ aktiwistleri hem dissidentler bilen ysnyşykly aragatnaşyklar saklap, dürliugurlar boýunça, şol sanda adam hukuklaryny goramak ugrundan informasiýalar ýygnaýar.Gurama şeýle-de Ýewropada we Russiýada bosgunlykda ýaşaýan türkmen graždanjemgyýetiniň aktiwistleri bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýar. Döredilen gününden başlap guramaöz nazaryny Türkmenistanda adam hukuklarynyӊ berjaý edilişine gönükdirdi. Netjede,Türkmenistanda adam hukuklarynyň bozulyşynyň faktlary barada , şeýle-de syýasat,ykdysadyýet, jemgyýet, sosial ýagdaý ,ekologiýa ýaly ugurlar boýunça garaşsyz, alternatiwinformasiýalaryň çeşmesine öwrüldi.

Türkmenistandan alnan informasiýalar redaktirlenýär hem «Türkmenistany ň Hronika sy»saýtynda türkmen, iӊlis we rus dillerinde çap edilýär.

TIPÇ häzir hakykat ýüzünde Türkmenistandaky ýagdaý barada garaşsyz maglumat berýän ýeke-täk informasiýa çeşmesi bolany üçin onuň çap edýän maglumatlary Köpçülikleýin habarserişdeleri hem Hökümetlere degişli bolmadyk halkara guramalar tarapyndan ulanylýar.

Şu neşir demokratiýa goldaw bermek boýunça Milli fonduň maliýe kömegi bilen taýýarlandy.Bu almanahyň many-mazmuny TIPÇ jogapkärçiliginde bolup, Demokratiýa goldaw bermekboýunça milli fonduň nukdaý nazaryny aňlatmaýar.

Page 3: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

GIRIŞ

Adam hukuklary boýunça Türkmen inisiatiwasy topary öz iş alyp barýan ýyllary içinde alanarhiw maglumatlaryny hronologik tertipde çap etmegi dowam etdirýär.

Biz 10 ýyl gowrak wagt bäri Türkmenistanda bolup geçýän wakalara gäzegçiligi dowametdirýäris. Şol döwür içinde müňlerçe makala, ýüzlerçe beýannamadyr ýüzlenmeler, onlarçadokladlar çap edildi.

TIPÇ maglumatlary Human Rights Watch, Amnesty International, FIDH, adam hukuklaryboýunça «Memorial» merkezi ýaly guramalar tarapyndan dokladlar we beýannamalartaýýarlananda ulanylýar.

Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirkiýygyndy soňky üç ýylda türkmen awtorlarynyň ene dilinde ýazan makalalaryny öz içine alýar.

Saýty döretmek bilen biz Türkmenistanda bolup geçýän ýagdaýlar barada öz gözi bilen gören,gulagy bilen eşiden adamlary, şeýle-de ýurduӊ syýasy, ykdysady we sosial durmuşynda bolupgeçýän wakalara professional baha berip bilýän awtorlary tapmak isledik.

Biziň saýtymyzda çykyş etjek awtorlara tema saýlamak, beýan etmegiӊ stili, materialyň möçberimeselesinde azatlyk berdik. Garaşsyz saýtda awtorlarymyza öz pikir-garaýşyny beýan etmägedoly mümkinçilik döretmek üçin Türkmenistanda iş ýüzünde ýok söz azatlygyna ýol açmakdanugur aldyk.

Azgalýan döwür içinde ýaşlar bilen bir hatarda ýaşuly nesliӊ wekillerine makalalaryny çapetmäge mümkinçilik berdik. Olaryň käbiri ýurduň gündelik durmuşyndaky problemalarbarsynda ýazsa, Türkmenistandaky günüň aktual meseleleleri barasynda ýazýanlaram az däl.Awtorlaryň bir topary medeniýet hem sungat barasynda ýazsa, käbiri ýatdan çykarylan türkmengahrymanlaryny ýatladylar, olar barsynda ýazdylar. Bilimi, gözetimi geňeldýän makalalaram azdäl.

Şol neşir edilen materiallaryň köpüsi okyjylarda gyzgyn seslenmeler döretdi. Şol makalalaryňçap edilen saýtyna girýänler agzalan material, gozgalýan meseleler barada kommentarilerýazyp, öz aralarynda hem awtorlar bilen pikir alyşdylar. Şunuň ýaly ikitaraplaýyn aragatnaşykawtorlara bärden gaýdýan ýerlerini duýmaga, öz üstünliklerine göz ýetirmäge mümkinçilikberdi.

Täze awtorlara öz materiallaryny çap etmäge mümkinçilik döretmek bilen, tejribe toplamaga,tankydy bellikleri kabul etmäge, kördeşlerden öwrenmäge şert döretmek bilen «iş arkalyöwrenmek» (learning by doing) mekdebini döretmek bize başartdy.

Biziň awtorlarymyzyň köpüsiniň lakam bilen çykyş edýändigini nygtap oturmaga zerurlyk ýok.Şol bir wagtda-da olaryӊ çap edilen materiallary biziň taryhymyzyň bir bölegi, şoňa görä biznetijeli, saldamly hyzmatdaşlyk üçin şol adamlara minnetdarlyk bildirýäris.

Şu almanahy neşir etmek bilen biz okyjylarymyza şol materiallary hem olaryӊ awtorlaryny ýenebir gezek ýatlatmak isleýäris. Biziӊ çap edýän makalalarymyzyň tematikasynyň giňeljekdigine,sanynyň artjakdygyna ynam bildirýäris.

Page 4: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

Awtorlar

Mälik Han - Nyýazow döwründe-de, häzirki prezident G.Berdimuhamedowyň hökümdarlykedýän wagtynda-da türkmen häkimiýetleriniň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny beýanedýär.

Daňatar Agöýliýew - Ýurtdaky syýasy we sosial problemalar barada ýazýar.

Wäşi Köşüli - Syýasy satiranyň ussady. Halk dilinde ýiti hem günüň wajyp meselelerinigozgaýar.

Aşgabatly edebiýatçy - Kollektiwleýin awtor. Häzirki türkmen häkimiýetleri tarapyndanunudylan ýazjylar we şahyrlar barasynda ýazýar. Şol materiallar öwredijilik häsiýetine eýebolup, türkmen taryhynyň, medeniýetiniň saklanyp galmagy üçin uly işler bitiren edebiýatçylarbarada häzirki türkmen ýaş nesline maglumatlar bermegi niýet edinýär.

Arslan Baba - Bu awtoryň makalalary söz azatlygy problemasyna bagyşlanýar. Ol şeýle-detürkmeniň milli däp-dessuryna, kanunlaryna gabat gelmeýän galp däpleri türkmen jemgyýetineornaşdyrmak üçin türkmen häkimiýetleriniň alyp barýan tagallalary barasynda ýazýar.

Atamyrat Işan, Oguljahan Ýazjanowa, Nurly Daňatar öz makalalarynda Türkmenistandakyşahsyýet kultunyň dürli ugurlaryny açyp görkezýärler.

Page 5: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

Mälik Han

Tähran bilen Riganyň arasyndaky Aşgabat (17.09.2012)

Geçen hepde Türkmenistanyň syýasy-ykdysadydurmuşynda adatdakylardan üýtgeşik iki wakaboldy: olaryň birinjisi – prezident G.Berdimuhamdow Eýranyň “Pars Energy”kampaniýasy bilen baglaşylan 700 milliondollarlyk kontrakty ýatyrmagy, ikinjisi – Latwiýasapar etmegi. Bu wakalar ýurt içindäki synçylardadürli pikir-garaýyşlary we garşyk çaklamalarydöretdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 8-nji sentýabrda Eýranyň “Pars Enegy” kampaniýasybilen baglaşylan $700 millionlyk kontraktyň “käbir ykdysady sebäpler” esaynda ýatrylýändygynyyglan etdi. Bu kampaniýa Eýran bilen Gazagystany biri-birine baglamaly 900 km uzynlykdakydemir ýol ulgamynyň Türkmenistandan geçýän ýerinde boýun alan işlerini wagtynda ýerine ýetiripbilmändir.

Türkmenistan bilen Eýran arasynda 2010-njy ýylyň ýanwarynda baglaşylan şertnama görä, “ParsEnergy” öz boýun alan işlerini geçen ýylyň dekabrynda tamamlamaly eken. Bu, elbetde, resmidüşündiriş. Indi Türkmenistan demir ýoluň bu bölegini öz güýçleri bilen gurjagyny aýdýar.

Bu waka prezident Berdimuhamedowyň awgustyň aýagynda Tähranda “Soýuzdaş dälleriň hereketi”diýilýän halkara guramanyň sammitine gatnaşyp, häzirki zamanyň global meseleleri we olaryňçözgütleri barada söz sözlemeginiň yz ýanlaryna gabat geldi. Şol sammitde ol Türkmenistanyň bugurama goşulmagynyň hem-de bitaraplyk durumyny almagynyň 20 ýyllygyna gabat, “Soýuzdaşdälleriň hereketine” girýän ýurtlaryň 2015-nji ýyldaky sammitini Aşgabatda geçirmegi teklipedipdi. Şeýle-de Berdimuhamedow Tähranda Eýranyň prezidenti Mahmut Ahmadinejat hem-de başruhany Aýatolla Ali Hamaneýi bilen duşuşypdy.

Ýerli synçylar prezident Berdimuhamedowyň eýran kampaniýasy bilen baglaşylan $700 millionlykkontrakty ýatyrmagynyň Tähran bilen Nyýazow döwründen gelýän “doganlyk gatnaşyklaryna”sowuklyk saljagyny çak edýärler.

Howpsuzlyk aladalary sebäpli adynyň aýdylmazlygyny soran 60 ýaşly aşgabatly syýasaty öwrenijieýran kampaniýasynyň gurluşygy gijikdirmesiniň kontraktyň ýatyrylmagyna diňe bahanabolmagynyň mümkindigini, hakykatda prezident Berdimuhamedowyň Eýran babatdaky “doganlyk”pozisiýasyna Günbatar täsiriniň ýeten bolmagynyň gaty ahmaldygyny çak edýär.

“Mundan öň Berdimuhamedow Eýrana Nowruza gabat müň tonnalap unmy, bugdaýmy peşgeşberýärdi, Ahmedinejat oňa iki adamlyk uçar eçilýärdi. Bu zatlar türkmenleriň özleriniň has arzanýa-da günbatar kampaniýalary bilen has ýokary hilli edip biljek işleriniň Eýranyň “Pars Energy”ýaly kampaniýalaryna berilmeginiň bir sebäbi bolsa gerek. Onsoň Berdimuhamedowyň birden seýlederejedäki “saçakly gatnaşygy” sowatjak “gödek” hereket etmegi öz-özünden boljak zat däl, buýerde Günbatar ýurtlarynyň täsiriniň bolmagy gaty mümkin – diýip, 60 ýaşly syýasatçy aýtdy. –Oňa Eýran bilen beýle ýakyndan gatnaşmagyň özi üçin gowy gutarmajagy duýdurylan bolmaly.”

60 ýaşly syýasaty öwrenijiniň pikirine görä, prezident Berdimuhamedowyň Rigada “LatwiýanyňÝewropa bilen hyzmatdaşlygyň baglaýjy swenosydygy” barada aýdan sözleri hem şu çaklamanygüýçlendirýär.

“Berdimuhamedow ozal Ýewropa bilen hyzmatdaşlygyň baglaýjy zwenolaryny görmezligesalýardy, indi birden onuň “gözüniň ýitelmegine” näme sebäp boldy?” diýip, syýasaty öwrenijisoraýar.

Page 6: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

Emma bu pikir bilen ylalaşmaýan synçylar hem bar. Türkmenistandaky ýewropa firmalarynyňbirinde işleýän 45 ýaşly ýurist Oraz Agaýew (ady üýtgedildi) Berdimuhamedow “hemişe bir eldeiki garpyz tutmaga çalyşýar” diýen pikiri öňe sürýär.

“Berdimihamedow diňe daşary syýasatda däl, içeri syýsatda hem şol bir oýny oýnaýar: ýagny bir elibilen Nyýazowyň şahsyýet kultuny ýykýar, beýleki eli bilenem onuň halkda döreden gorkusynyözüne direg edip ulanýar. Ol bu oýny daşary syýasatda hem oýnamaga çalyşýar. Ýagny bir eliniHytaýa, Eýrana uzadýar, şol bir wagtda-da Ýewropa bilen hyzmatdaşlyga ymtylýan kişi bolýar.Emma hakykatda Ýewropa ýurtlary bilen hyzmatdaşlyga howlukmaýar. Bu meselede geljekde hemüýtgän zat bolmaz.”

Oraz Agaýewiň pikiriçe, Berdimuhamedow Günbatar ýurtlaryndaky demokratiki gymmatlyklardan,hususan-da metbugat, söz azatlygyndan gaty gorkýar. Sebäbi demokratiýa şertlerinde ol ýurduň tasähli baýlygyny bir özüniň kontrollugynda saklap biljek däl. Şu ýagdaý hem Aşgabady iş ýüzündeÝewropdan daşlaşdyryp, Tähran, Pekin režimleri, şol sanda ýerli “şertlere uýgun” türk, fransuzfirmalary bilen ýakyn hyzmatdaşlyga iterýär.

Türkmen metbugaty Berdimuhamedowyň Latwiýa “Ýewropa Bileleşigi bilen dialogy ösdürmek”nukdaý nazaryndan garaýandygyny ýazýar. Resmi Aşgabadyň türkmen lideriniň Latwiýa saparybarada çap eden maglumatlaryndan çen tutulsa, Türkmenistan bilen Latwiýa Ýewropa bilenAziýanyň dürli sebitlerini biri-birine baglaýan söwda-transport koridorlaryny gurmak boýunçahalkara proýetlerini amala aşyrmak üçin amatly bolan geografiki şertlerde ýerleşýär.

“Eger Türkmenistan şeýle koridorlar bilen hakykatdan hem gyzyklanýan bolsa, ýa-da bolmasa,latyşlaryň medeni-gumanitar pudakdaky, tekniki ugurdan ýokary taýýarlykly kadrlaryýetişdirmekdäki, ykdysady zonalar, banklar we inwestisiýalar, azat portlar, turizm tejribelerindenpeýdalanjak bolsa, Latwiýa bilen diplomatiki gatnaşyklary ýola goýanyna 20 ýyl bolup barýar –diýip, 60 ýaşly syýasaty öwreniji aýdýar. – Latwiýa parlament respublikasy, azat ýurt, ol ýerdemedeniýet, sungat işgärleri, žurnalistler prezidenti öwüp, çaga eklemeli däl. Türkmenistan bolsa biradamyň şahsyýetine daýanýan ýurt. Onsoň bu ikarada nähili doly bahaly gatnaşyk gurlup biler?”

Aşgabatly ýurist Oraz Agaýewiň pikiriçe, Türkmenistanyň birden “Ýewropa bilen dialogyösdürmäge” gyzyklanyp başlamagy tötänlik däl.

“Bu ýerde belli bir derjedäki pragmatizmi görmek bolýar. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligibilen Milli howpsuzlyk ministrliginiň degişli bölümleriniň işgärleri türkmen oppozisiýasynyňwekilleriniň daşary ýurtlarda ýazýan, aýdýan zatlaryny berk yzarlaýarlar. Soňky bir ýylda daşaryýurtlardaky türkmenleriň käbiri Ysraýyl bilen Eýranyň arasynda bolmagy mümkin urşaTürkmenistandaky syýasy krizisden çykalga mümkinçiligi hökmünde garaýar – diýip, Oraz Agaýewaýtdy. - Resmi Aşgabat hem şol pikir sebäpli Ýewropa bilen dialogy ösdürjek bolýarmykadiýýärin.”

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň bir resmisi özara söhbetdeşlikde (howpsuzlyk aladalarysebäpli adyny aýtmaýarys) gelýän ýyllarda Türkmenistanyň Ýewropa ýurtlaryna hakykatdan hemaçyljagyna umyt edýändigini aýtdy.

“Türkmenistanyň Ýewropa tejribelerini özleşdirmekden başga çykalgasy ýok. Berdimuhamedowhäkimiýet başyna geçende halky ýewropa standatrlarynda ýaşadasynyň gelýändigini aýtdy.Ýewropa standartlary bolsa, ozaly syýasy-ykdysady we medeni azatlyklar bilen bagly. Türkmenistanda bu azatlyklar ýok. Saparmyrat Nyýazow türkmen halkyna sowet döwründe berlenazatlyklary hem ýok etdi. Berdimuhamedow halky Nyýazow ýaly aç-hor saklap bolmajagyna,munuň hökman “arap baharyna” alyp geljegine düşünýär – diýip, türkmen resmisi aýtdy. – Onuňýurduň harby pudagynda, magaryf ugrunda işleýän adamlaryny Nyýazowyň salan agyrýagdaýyndan çykarmagy hem şu düşünje bilen bagly.”

Geçen hepdede bolan iki täsinlik, “Pars Energy” bilen $700 million dollarlyk kontraktyňýatyrylmagy we bu puluň türkmen raýatlaryna siňdirilmek ähtimallygy, türkmen ýaşlarynyň

Page 7: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

Latwiýada we Ýewropanyň beýleki ýurtlarynda bilim almak mümkinçiliginiň köpelmekähtimallygy bilen bagly habarlaryň her kimde bir pikir döreden bolmagy mümkin. Bu pikirlerbarada çak urmak gyzykly, herhal boljak zatlary wagta goýmak dogry bolsa gerek. “Herne bolsa,bähbit bolsun” diýipdirler.

Köppartiýaly mejlis (11.06.2013)

Düýşümde Gurbandurdy Zelilini gördüm, egni sal-sal donly, aýakýalaň…

“Beh, Zelili şahyr gaty hor görünýär-le” diýip, hopugyp oýanypdyryn. Görsem, başujymda çelpekýalyjak kitapçasy dur. “Hä, kitabyny okap, ýatyp galypdyryn, şondan düýşüme giren bolmaly”diýdim.

Adat boýunça, “Azatlyk” radiosyny açdym. Gulagyma ynanmadym, türkmen parlamentibirpartiýalylykdan çykyp, iki partiýaly bolupdyr. Has dogrusy, Türkmenistanyň Senagatçylar wetelekeçiler partiýasynyň Mekezi geňeşiniň başlygy Orazmämmet Mämmedow Ahal welaýatynyň25-nji saýlaw okrugyndan deputat saýlanyp, mejlisiň agzasy bolupdyr.

Dogry, “Azatlykda” çykyş edýän režim tankytçylary bu hili gowy habary inlerine siňdirip bilmezler,at dakarlar. Diýşim ýaly, olar bu täzeligi derrew püçege çykardylar. Nämemiş, diktatura şertlerindekanun çykaryjylar erkin bolup bilmeýärmiş.

Içki nägileligimi daşyma çykarandyryn-da, aýalym hüňürdäp, radiony ýapdy. Ýene irkilipdirin…

Gurbandurdy Zelili egni sal-sal donly, aýakýalaň halyna mejlisiň münberine çykyp barýar. “Beh,ýaňky gören düýşümiň ikinji seriýasymyka-raýt? Zelili şahyr nire, türkmen parlamenti nire?”

Diýenim ýaly, parlamentiň spikeri Akja Nurberdiýewa onuň öňünden çykyp, münbere goýbermejekboldy. Şol wagtam yzdan biri turup, “Zelili şahyra söz beriň, ol ozalam kän horluk gördi” diýipgygyrdy.

Oňa biri ýarym pyşyrdy bilen: “Orazmämmet, sen otur, ýaňy deputat saýlandyň, özüňe zyýanetme”diýdi.

“Beh, bu şol Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan deputat saýlanan oglan-ow” diýip, birhili,ogul jigim bolan ýaly begendim.

Onýança yzdan ýene biri sesini gataldyp gygyrdy: “Orazmämmet dogry aýdýar, bu mejlisde Zelilişahyr gürlemän, kim gürlemelimiş?..”

Onsoň Akja Nurberdiýewa Zeliliniň ýolundan sowulmaga mejbur boldy.

Şol wagtam bir ýerden prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow, Emamali Rahmon, HamidKarzaý dagy peýda boldy. Olar haýdap gelişlerine täze gurulmaly demirýol hakda maslahatedýärdiler…

Zelili olaryň galmagalyna baş galdyrman, assa ýöräp münbere çykdy-da, pessaý ses bilen goşgyokamaga başlady:

“Owal başda çirki dünýä

Saz bilen aldady meni;

Owadan geline meňzäp,

Näz bilen aldady meni.

Gapyl bolup, gaýnap daşdyk,

Şeýtanyň şerine gaçdyk,

Köp oýunly söwda duşduk,

Page 8: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

Baz bilen aldady meni.

Peýda diýdiler zyýany,

Görkezip altyn kiýany,

Ýok eken soňy-paýany,

Söz bilen aldady meni…”

Gurbanguly Berdimuhamedow Zelilä tarap alarylyp seretdi-de, “Bu kim-aý, egin-başy näteňet,haýsy asyrdan getirdiňiz?” diýip, Akja Nurberdiýewa alarylyp bakdy. Ol näme diýjegini bilmän,birden aşak, birdenem täze saýlanan deputat Mämmedowa seretdi. Emma owgan prezidenti HamidKarzaý ylgap münbere çykdy-da, egnindäki donuny çykaryp, Zeliliniň egnine atdy: “Şahyr aga,menden serpaý, tüýs biziň düşen ýagdaýymyzy aýtdyňyz, berekellla!” diýdi

Men el çarpyp, prezident Karzaýyň berekellasyna “berekella” diýip gygyrdym. Emma öz sesimeoýanypdyryn. Oýananyma gynandym, emma düýşümde-de bolsa, türkmen dilinde köppartiýalymejlisiň geçirilip başlanyşyny görenime gaty begendim.

Eýranda täze prezident saýlandy, “bize näme?” (16.06.2013)

Eýranda täze prezident saýlanyldy. Aram kandidat hasaplanylýan we reformaçylar tarapyndangoldanylan Hassan Rowhani saýlaw mahalynda berlen 36 million sesiň 50 göterim gowragyny aldy.

Içeri işler ministri Mohammad Mostafa Najjar şenbe güni Rowhaniniň 18.6 million ses alandygyny,munuň saýlawyň ikinji tapgyryny geçirmezden, ýeňijini yglan etmek üçin ýeterlik boljakdygynyaýtdy.

Içeri işler ministriniň aýtmagyna görä, Eýranda anna güni geçirilen prezident saýlawlaryna 36.7million töweregi adam, ýa-da saýlawçylaryň 72.7 göterimi gatnaşdy.

Saýlawda konserwatiw kandidat Mohammad Bager Galibaf ikinji bolsa, berk liniýaly Saýid Jaliliüçünji boldy.

Rowhani awgustda yzygider iki möhlet prezident bolan we konstitusiýa boýunça üçünji möhletprezident bolup bilmeýän Mahmud Ahmedinejadyň ýerine prezident bolar.

Eýranlylar we biz

Eýran biziň asyrlyk goňşymyz. Türkmende “Kyýamat güni goňşudan” diýen söz bar. Soňky ýyllar‘berkarar” Türkmenistanda saglygyny bejerdip bilmedik, derdi beterlän ildeşlerimiz Eýrana “saglykturizmine” gatnap başladylar. Elbetde, türkmen häkimiýetleri halkyň bu başlangyjyny hemtogtatmaga çalyşýarlar. Sebäbi bu olaryň ýurtda sagat we bagtly bolmak üçin ähli mümkinçiligiňbardygy barada aýdýan “hakykatlaryny” ýalana çykarýar.

Goňşuçylykdan başga, Eýranda millionlap etniki türkmen hem ýaşaýar. Olar 1881-nji ýyldan öň,Orsýet Türkmenistany güýç bilen basyp alyp, türkmenleriň ýaşaýan giň ýurduny iki bölege – orshem pars territoriýalaryna bölmezlerinden ozal bir bitewi, dili bir, dini bir, däpleri bir türkmenhalkynyň bir bölegi eken.

Eýranly türkmenler özleriniň syýasy, ykdysady, medeni hak-hukuklarynyň kemsidilýändiginiaýdýarlar. Aýtmaklaryna görä, eýran režimi olara dil haklaryny hem bermeýär we olar çagalarynyöz dillerinde okatmak hukugyndan hem mahrum edilýär. Ýogsa eýran kanunlary etniki azlyklaraşeýle hukuk berýär we, mysal üçin, Eýranda ýaşaýan ermeniler bu hukukdan peýdalanýarlar.

Eýran Türkmenistan bilen deňeşdirilende gaty uly ýurt we oňa dünýä syýasy meýdanynda uly üns

Page 9: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

berilýär. Bu ýurt ozal Günbataryň çig mal bazasy bolan bolsa, 1979-njy ýylyň Yslamrewolýusiýasyndan soň Mollalar režiminiň alyp barýan syýasaty, hususan-da “dawaly ýadroprogrammasy” diýilýän zerarly, günbatar sanksiýalary esasynda, kem-kemdem izolýasiýa düşdi.

Emma Türkmenistan öz “özboluşly demokratiýa ýodasy” sebäpli, bir partiýanyň hem däl, eýsem biradamyň çäksiz hökümdarlygy, syýasy-ykdysady azatlyklary gazaply çäklendirýänligi, söz-metbugatazatlygyna düýpden ýol bermeýänligi, daşary ýurtlardaky demokratiki tejribelerden gorkýanlygyzerarly izolýasiýa düşdi.

Tebigy baýlyklar

Şol bir wagtda Eýrän hem, Türkmenistan hem tebigy resurslara baý we bu ýagdaý energiýa açdünýäni kän uzaga goýbermeýär. Ýöne bu “ýakynlyk” Eýran meselesinde halkara derejesinde, açyksyýasy-ykdysady basyşlar, metbugat-informasiýa urşy görnüşinde ýüze çyksa, Türkmenistanbabatynda “amatly kontraktlar” üstünde ýer astyndan barýan korrupsiýa darkaşy, türkmenýolbaçylary bilen umumy dil tapyp, amatly kontrakt “utýan” türk we günbatar firmalarynyň “ýeňşi”görnüşinde “taryha” girýär.

2009-njy ýylda, prezident Mahmut Ahmedinejat ikinji gezek prezident saýlananda, Eýranda halkençeme gün köçe protestlerine çykdy. Şonda saýlawçylar saýlawlaryň netijeleriniňgalplaşdyrylandygyny aýdyp, häkimiýetleriň ýowuz çärelerine garamazdan, öz saýlaw haklarynytalap etdiler. Emma Türkmenistanda, prezident G.Berdimuhamedow öz bellän “alternatiwkandidatlaryndan üstün çykyp”, opposisiýa wekillerini ýurda getirmän, ikinji möhlete hem bikanunprezident saýlananda, bu hili dawa bolmady. Ýatladyp geçsek, Berdimuhamedow birinji gezekprezident saýlananda hem, şol wagtky mejlis başlygyny syýasy matlap bilen garalap, biraz galplyketmeli bolupdy.

Dolandyrylýan demokratiýa

Eýranda saýlawda bäsleşjekleriň kandidaturalary ýurduň Goragçylar geňeşi, halk tarapyndansaýlanmadyk gurama tarapyndan tassyklanmaly. Bu Geňeşiň başynda, elbetde, mollalar režimiňbaşlygy, baş hökümdar aýatolla Ali Hamaneýi durýar. Türkmenistanda hem prezidentiň goragçylaryiň güýçli we köp ygtyýarlyk berlen saýlanmadyk gurama bolup durýar.

Ýöne Eýranda halk progrese, demokratiýa ymtylýar we sagdyn pikirlenýän röwşenpikirler, ýaşlarözlerini dünýäden üzňeleşdirýän mollalar režimine garşy durmaga çalyşýarlar. Bu ýagdaý şusaýlawda, alty kandidatyň içinde, ala-böle aram reformaçy kandidata ses berlişinden, onuň ýeňşiniňhalk tarapyndan şatlykly garşylanyşyndan hem göründi.

Men bu şatlygy düýn, şenbe güni öz duldegşir goňşym bilen paýlaşmak isledim: “Eýranyňprezident saýlawlarynda aram kandidat Rowhani ýeňipdir, konserwatiwler ýeňlipdir” diýdim.Goňşym ýüzüme birhili seretdi-de: “Eýranda kim prezident bolanda, bize näme?” diýdi.

64 ýaşyndaky Rowhani eýran saýlawlarynda reformaçylar tarapyndan goldanan ýeke-täk kandidatboldy.Ol Ahmedinejadyň “sekiz ýyla çeken tümlük zamanyny” soňlajagyny, söz we metbugatazatlygyny ösdürjegini wada berdi.

Dogrudanam, goňşy Eýranda, dünýäde bolup geçýän zatlar, demokratiýa, azat saýlawlara, söz wemetbugat azatlygyna bolan barha ýokarlanýan ymtylyş “bize nämemi?”

Prezidentiň kitaby çykdy… (06.07.2013)

TDH prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň saýlanan eserleriniň 6-njy tomunyň türkmen werus dillerinde çapdan çykandygyny habar berýär.

Türkmenistanyň prezidentiniň arhiwi tarapyndan çapa taýýarlanan täze tom “Ösüşiň täze

Page 10: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

belentliklerine tarap” diýlip atlandyrylypdyr. Onda türkmen döwletiniň baştutanynyň 2012-nji ýylyňdowamynda eden çykyşlary, ýazan ylmy makalalary, beren interwýulary, gutlaglary weýüzlenmeleri hronologik tertipde ýerleşdirilipdir.

TDH geçen ýyly türkmen jemgyýetiniň durmuşynda “şöhratly we röwşen wakalara baý bolan ýyl”hökmünde häsiýetlendirip, onda ýurduň “ýakyn we uzakmöhletli geljegine täze üstünlikler üçinmäkäm binýadyň düýbüniň tutulandygyny” nygtaýar.

Bu döwlet eýeçiligindäki habar gullugynyň nukdaý nazary we biz TDH-dan, “Türkmenistan”gazetinden, “Watan” habarlar programmasyndan şular ýaly bir taraply, propaganda, wagyzmaglumatlaryndan başga hiç bir zada garaşmaýarys. Olar, döwlet eýeçiligindäki metbugat biri-birini gaýtalap, bireýýäm iliň gözünden düşdi we adamlar indi gazet-žurnallary köplenç okamaküçin däl-de, başga zatlar üçin ulanýarlar.

Eger ýakyn geçmişe seretsek, ýaňy-ýaňylar, 2006-njy ýylyň dekabryna çenlem prezidentS.Nyýazowyň kitaplary ýa tomluklary dürli dillerde çap edilýärdi, öwlüp ýerde-gökdegoýulmaýardy.

Şol bir wagtda Rahym Esenow, Tirkiş Jumageldiýew ýaly, awtoritar prezidenti wasp etmekden ýüzöwren onlarça ýazyjynyň eserlerini çap etmek, metbugatda olaryň atlaryny ýagşylykda agzamakhem gadagandy. Bu ýagdaý şindi hem saklanyp galýar we Türkmenistanda okaýan, pikirlenýän,düşünýän adamlaryň barha we barha azalmagyna, ilatyň aýylganç bir derejede ýöntemleşmeginegetirýär.

Garaşsyz Türkmenistanda bir tarapdan täze elibiýe, kril hatyndan latyn hatyna geçilmegi bilengazet-žurnal, kitap okaýan adamlar azalan bolsa, ikinji tarapdan boş propaganda, diňe bir adamyňkitap ýazmagy ýa diňe bir adamyň çykyp gürlemegi we öwülmegi halkyň kitap diýen mukaddesligebolan söýgüsine, ynamyna, hormatyna ullakan zarba urdy.

Türkmen hökümet propagandasynyň tersine işländigini, ýagny halkda ynam, hormat deregineýaňsy, ýigrenç döredendigini, bu işde “Watan” programmasy ýaly programmalaryň “uly işbitirendigini” bilmek üçin türkmen tomaşaçylarynyň haýsy daşary ýurt telekanallarynyňgepleşiklerine has köp tomaşa edýändigi barada ýönekeý pikir soralyşyk geçirmek hem ýeterlikbolardy.

Emma türkmen hökümetiniň ýolbaşçylary başga pikir, real ýagdaý bilen gyzyklanmýarlar, sebäbiolar hakykaty bilmäge, görmäge, kabul etmäge taýýar däl ýa-da şu barýan ters ýollaryndan,“döwlet, mal we pul tapan ýodalaryndna” uzak gitjeklerine berk ynanýarlar.

Iň gymmat zat wagt diýen pähim bar, wagt geçýär, ony yzyna dolajak güýç ýok. Türkmen režimiwagty özüne barha kän ynamsyzlyk döretmek üçin ulanýar, taryhdan, başga ýurtlarda bolup geçýänzatlardan sapak alman, halkyň sabyr-kanagaty, çydamlylygy bilen oýnamagyny dowam etdirýär.

Il içinde bolsaň, adamlaryň S.Nyýazowyň “Ruhnamasynyň” we beýleki kitaplarynyň halka zorbilen okadyljak bolnuşy barada edýän gürrüňlerini, indi bolsa “täze bir beýik ýazyjynyň” dörediljekbolnuşy barada aýdýan ýakymsyz sözlerini kän eşidýärsiň. Ol sözleri ýurduň milli howpsuzlygynygoramaly işgärler hem eşidýändir.

Adamlar döwlet başyndaky adamyň, onda-da S.Nyýazow, G.Berdimuhamedow ýaly adamlaryňsabyr-kanagat edip, stoluň başynda oturyp, bir topar zat okap, iş edinip kitap ýazmajagyna gatygowy düşünýärler. Galybarse, mugallym bolup işlän, ene diliniň dürs ýazuw kadalaryny okadanspesialistler türkmen dilinde 5-lik baha düzme ýazyp bilýän okuwçynyň seýrek bolýandygyna belet.S.Nyýazowyň, G.Berdimuhamedowyň bolsa, il öňüne çykyp, kagyza seretmän eden iki agyzgürrüňlerinden hem bir topar ýalňyş tapyp bolýar. Onsoň olar nire, kitap ýazmak nire?

Sözümi jemläp aýtsam, Berdimuhamedowyň kitaby diýlip çykarylan 6-njy tomda onuň bir gramhem zähmeti bardyr öýdemok, bu kitapda jemlenen zatlar ilki ors dilinde, başga adamlar tarapyndanýazylyp, soň türkmençä ýaramaz terjime edilen zatlar. Olarda ýürekden aýdylan, durmuş

Page 11: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

hakykatyna gabat gelýän, halkyň hal-ýagdaýyny hakykatdan hem gowulandyrmaga, diýmek il-günüň geljegine ynam-ymydynyň köpelmegine ýardam etjek bir jümle-de ýok. Sebäbi olar ýat-keseki, halk halyny bilmeýän, biljegem bolmaýan, diňe hiç zada düşünmeýän prezidente arzanpropagandany satyp, öz güzeranyny dolajak bolýan adamlaryň halturasy.

Gepiň keltesi, bu ösüş däl, tesiş we soňsuz tesiş alamaty. Emma TDH bu “neşir Berkarardöwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent ruhuny şekillendirýän, 2012-nji ýylda bolup geçen iň birähmiýetli wakalaryň gysgaça surat hronikasy bilen jemlenýär” diýip, nobatdaky kagyzzaýaçylygyny gowulyk hökmünde buşlaýar.

Arkadag “Göroglyny” öwýär (08.07.2013)

Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedowy 5-nji iýulda geçiren hökümet maslahatyndaBalkan welaýatynda geçirilen Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde görkezilen “Görogly” operasynaýokary baha berdi.

TDH-nyň ýazmagyna görä, türkmen lideri bu operany “sungat ussatlarymyzyň ýeten ýokaryderejesini görkezýän” eser hökmünde taryplap, “örän şowly çykan bu operanyň ähli tomaşaçylaryňgöwnünden turandygyny” belläpdir.

Habarda aýdylmagayna görä, şondan soň G.Berdimuhamedow wise-premýer B.Nurmyradowaýüzlenip, “ýurdumyzyň teatrlarynyň sahnasynda halkymyzyň gahrymançylygyny wemerdanalygyny wasp edýän operalary we beýleki sahna eserlerini geljekde hem yzygiderli goýmak,bu sahna eserlerinde türkmen halkynyň dünýä medeniýetine hem-de ösüşine goşan uly goşandyny,baý taryhy mirasyny giňden açyp görkezmek barada” tabşyryk beripdir.

Ýöne bu-da hemmesi däl. Döwlet baştutany wise-premýere, täze sahna eserlerini döretmek bilenbirlikde,Türkmenistanyň teatr işgärlerinden düzülen toparlary, çykyş etmek üçin, daşary ýurtlaraibermek barada hem görkezme beripdir.

Mälim bolşy ýaly, prezident Berdimuhamedow häkimiýet başyna geçen ilki ýyllarynda medeniýet,sungat, edebiýat, metbugat wekilleri bilen birneçe gezek duşuşyp, okalýan makalalaryň wekitaplaryň, tomaşa edilýän oýunlaryň we kinolaryň döredilmeýändigini tankyt edipdi. Emma ol budöredijilik krisiziniň düýp sebäpleri bilen gyzyklanmandy.

Türkmen metbugatynda, prezidentiň sözlerine salgylanmak bilen, döredijilik işgärleri üçin ählişertleriň döredilýändigi aýdylýar. Muňa delil hökmünde soňky ýyllarda gurlan we ulanylmagaberlen medeniýet desgalary, satyn alnan tehniki enjamlar sanalyp geçilýär.

Emma Türkmenistanda medeniýet, sungat, edebiýat, metbugat wekilleriniň iki elini baglaýan zatsenzura, gadaganlyklar we çäklendirmeler hasaplanýar. Olardan diňe “gazanyldy” diýilýänüstünlikleri açyp görkezmek, bir adamy wasp etmek talap edilýär.

Bu ýagdaý Türkmenistanda soňky ýyllarda hakyky döredijilik krizisiniň döremegine, türkmendöredijileriniň sowet ýyllarynda göterilen professional derejelerini ýitirmeklerine getirdi.

Elbetde, bu gadaganlyklar G.Berdimuhamedow tarapyndan girizilmedi, ol S.Nyýazow döwründeerkin pikirli döredijilik işgärlerine girizilen “gara sanawy” miras aldy. Mundan başga, Nyýazowdöwründe häzirki zamandan diňe bir şahsyýeti, prezidenti taryplamak, geçmişden bolsa toslama,mifiki gahrymanlary öwmek kada öwrülipdi. Berdimuhamedow bu “kadalaryň” ikisini hem bolşyýaly saklap galdy.

Türkmenistanyň medeniýet wekilleri, hususan-da habar serişdeleri prezidenti “supermen” edipgörkezmekde güýç gaýgyrmaýarlar. Ol diňe bir döwlet işgäri, öňdengörüji syýasatçy we prezidentdäl, eýsem ussat doktor, ussat ýazyjy, ussat mergen, ussat arhitektor, ussat kompozitor we ş.m-lerbolup durýar.Emma ýurtda başga “supermen” ýa gahryman ýok. Prezidentden başga gahryman ýa gahrymanlar

Page 12: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

diňe geçmişe degişli. Aýdaly, Görogly, Oguzhan we beýlekiler.

Gojalan teatr işgäri (adyny howpsuzlyk aladalary sebäpli aýtmaýaryn) “toslama gahrymanlaryöwseň bolýar, sebäbi olaryň gelip prezidentlige dalaşgär bolup biljek gümany ýok” diýdi. Şeýle-deol: “Biziň teatrlarynyzyň ýasama, professionallykdan mahrum, diňe boş propaganda ýugrulanoýunlaryna türkmen tomaşaçysy gelenok, daşary ýurtlular olary näme etsin?” diýdi.

Emma ol, prezident aýdan bolsa, türkmen teatrlarynyň daşary ýurtlara iberilip, uly çykdajyediljegine welin ynanýar. “Sebäbi biziňkilere netije däl, öwünmek, özlerini aldamak gerek” diýip,tejribeli teatr işgäri aýtdy.

Nyýazowdan başlanan kadr zaýaçylygy (15.07.2013)

TDH ýene wezipesinden boşadylan, täze wezipä bellenen kadrlar hakynda maglumat çap etdi:“Gurluşyk ministri J.Baýramow “başga işe geçýänligi üçin” wezipesinden boşadyldy. Bu wezipäB.Ereşow bellenildi. “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň başlygy T.Ýagşymyradow“başga işe geçýänligi sebäpli” wezipesinden boşadylyp, onuň ýerine A.Berdinyýazow bellenildi.”Elbetde, bular entek hemmesi däl. “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy A.Derýaýew, “işdegoýberen kemçilikleri we başga işe geçýänligi üçin” wezipesinden boşadylyp, onuň ýerine ozal şuýerde orunbasar bolan R.Ilamanow bellenildi. Balykçylyk boýunça döwlet komitetiniň başlygyA.Hojaberdiýew hem, “işde goýberen kemçilikleri üçin”, wezipeden boşadyldy we onuň ýerine ozalşol komitetde orunbasar bolan D.Hojamyradow bellenildi.

Mundan başga, “Türkmenawtoýollary” döwlet konserniniň başlygy P.Meredow “işde goýberenkemçilikleri üçin” prezidentiň berk tankydyna sezewar boldy we işden boşadyldy. Onuň ýerineD.Amangeldiýew bellenildi. I.Babanyýazow bolsa, senagat ministri wezipesinden boşadylyp,hökümet başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi. Onuň öňki işi wagtlaýynçaS.Orazmyradowa ynanyldy.

Kemi galmasyn diýseňiz, ýene aýdaýyn: Türkmenistanyň Orsýet Federasiýasyndaky baş ilçisi şolbir wagtyň özünde Ispaniýada hem ilçilik etmeli edildi. Hindistandaky we Malaýziýadaky baş ilçiP.Durdyýew bolsa birbada iki wezipesinden hem boşadyldy. Ý.Mämmedow Malaýziýada başilçilige bellenildi…

Dogrusy, bu hili habarlar indi Türkmenistanda hiç bir jehtden täzelik däl, belki adaty bir zat. SebäbiTürkmenistan S.Nyýazow döwründe kadr geldi-geçerliginiň beýik bir meýdanyna öwrüldi.

Resmi metbugatda, radio-telewideniýede, döwlet propagandasynyň dilinden aýdylýan zatlaraseretseň, Aşgabat ýaş kadrlary saýlap-seçmek, terbiýelemek işine uly üns berýär. Emma soňkyýigrimi ýylda ýokary wezipä, ýagny prezidentiň karary bilen bellenen we işden boşadylan kadrlaryňsanyny çen bilen göz öňüne getirseň hem, gözüň garaňkyrap, başyň ýalanýar. Ol kadrlaryň, ýagnybirbada ýa-da basgançak-basgançakdan şeýle uly jogapkär wezipä çykan adamlaryň soň hiç bir işberilmän, halys har edilenleri, türmä basylanlary hem az däl.

“Olaryň özleri günäkär, barmasynlar başarmajak ýerlerine, ogurlyk etmesinler” diýilmegi hemmümkin. Bu dogry. Ýöne bu meselede diňe bir adamdan, birinji ýolbaşçydan başga hiç kimekepilligiň ýoklugy geň galdyrýar.

Aýdyp oturasy iş ýok, bu medeniýet ýa medeniýetsizlik S.Nyýazow döwründe esaslandyryldy weG.Berdimuhamedow ony diňe özüçe dowam etdirýär.

Eger “bu döwlet, hökümet ýa halk bähbitleri üçin edilýär, ol adamlar iş başarmady ýa ogurlyk etdi”diýilse, “soňky bellenýänler olardan gowumy ýa gowy boljak ymydy barmy?” diýen sorag döreýär.

Ýa bolmasa, şolary seçen adamdan näme üçin hasap soralanok? Ol näme üçin kadr seçmekde webellemekde soňsuz ýalňyş goýberip, ýene kadr seçmek ýa bellemek ýaly jogapkärli işde saklanypbilýär?

Page 13: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

Elbetde, bu diňe diktatura şertlerinde mümkin bolýan zat. Eger diktatura bolmasa, adamlar pikiriniaýdyp bilýän bolsa, metbugat, sudlar garaşsyz bolsa, syýasy azatlyk we beýleki demokratikigymmatlyklar bolsa, G.Berdimuhamedow öz kadr syýasaty üçin bir wagt ynamdan gaçyp, işbaşyndan çetleşdirilmeli. Emma ol arkaýyn halky basyşda saklamagyny, özüne wepaly bolar öýdensessiz, pikirsiz, pozisiýasyz adamlaryny uly wezipelere bellemegini we soňra işden boşatmagynydowam etdirýär.

Bu ýerde onuň özüne “wepaly”, “ýedi arkasy barlanan we hiç wagt öz pikirini aýtmajak” kadrlaryseçmesinde logika bar, emma soň olaryň derrew ýa uzak gitmän işden aýrylmasyna, ýene täzeadamlaryň wezipä bellenmegine we soň olaryň hem işden aýrylmagyna näme sebäp bolýar diýensorag gelip çykýar.

S.Nyýazow döwründen bäri türkmen hökümetiniň aýrylmaz bir sypatyna ýa aýratynlygyna öwrülen kadr geldi-geçerligi, daşyndaky syrlylyk, adam ykballarynyň ýapyk gapylaryň arkasynda çözülmegizerarly, bir topar çaklama teoriýasyna sebäp bolýar. Soňky ýyllar şol çaklama teoriýalarynyň esasaniki sanysy il içnde has ýörgünli boldy.

Birinji teoriýa: Wezipeler hakyky professional taýýarlykly, mynasyp adamlara berilmeýär, satylýarwe wezipä bellenenler wagtynda talap edilýän serişdäni toplamagy we bermeli ýerine beripdurmagy başarmasalar, işi bilen hoşlaşmaly bolýar.

Ikinji teoriýa: Kadrlar, proferssional derejesine garamazdan, az aýlyk we köp çäklendirme, erksizlikbasym işden aýrylmak gorkusy bilen jenaýata iteklenýär we ýurtda işi bilen tanalýan, abraý alanadam galmaz ýaly derjede bilkastdan zaýalanýar

Bu ýagdaý birinji adama “ýurtda menden başga adam ýok, hemme wezipä bellenen eli egrilik edýärýa iş başarmaýar, diňe men ak, arassa, halal we diňe men iş başarýaryn” diýmek üçin gerek.

Dogrusy, bu oňa aňsatlyk bilen başardýar, sebäbi onuň işden aýyrýan kadrlary S.Nyýazowyň işdenaýran kadrlaryndan has gowşak we olaryň oppozisiýa geçmek, syýasy partiýa döretmekmümkinçiligi has az…

Emma köpi gören ýaşulular kadr geldi-geçerliginiň uzagyndan hiç bir döwlet baştutanynyňpeýdasyna bolup bilmejegini, beýle syýasata diňe çäkli akyla gulluk edýän ýa düýpden akylsyzlideriň daýanyp biljegini aýdýarlar.

Nyýazowyň büdrän daşlary (02.09.2013)

Türkmenistanyň prezidenti “nobatdaky” kadr çalşygyny geçirdi. Munuň sebäbi, adat bolşy ýaly,“işde goýberilen düýpli kemçilikler”.

Ýöne türkmen jemgyýetçiligine bu “kemçilikleriň” anyk nämelerden ybaratdygy aýdylmaýar.Resmi metbugat ol “kemçilikleriň” işden aýrylan ýolbaşçynyň ynanylan pudaga “edilmelikontrollygy gowşadanlygy” bilen baglydygy, ýa-da onuň “gullluk wezipesinden betnebispeýdalanandygy” barada juda umumy maglumat bermek bilen çäklenýär.

S.Nyýazow döwründe “kadrlaryň nobatdaky çalşygy” biraz “gyzykly” geçirilerdi. Türkmenbaşykäbir detallary, mysal üçin, baş prokuroryň para alan bedreleriniň sany ýaly faktlary açyk aýdardy(Emma Berdimuhamedow Ý.Ýazmyradowy baş prokurorlykdan boşadanda beýle etmedi.). Şoldöwürde türkmen telewideniýesiniň iň köp seredilýän gepleşigi “kadr çalşygy” “oýnudy”.

G.Berdimuhamedow döwründe bu “oýun” tomaşaçylaryny ýitirdi. Bu, belki-de, onuň arhitekturaaşa köp üns berip, dramaturgiýa kembaha garamagy bilen baglydyr.

Bilnişine görä, S.Nyýazow öz işe belleýän adamlaryny “ýedi arka” barladýardy. Bu işde Millihowpsuzlyk ministrligi “uly hyzmat” bitirýärdi. Emma Nyýazow ýene öz saýlap-seçenýolbaşçylarynyň “ogry, parahor, iş bilmez ýalta, arakhor ýa aýalbaz, ýa-da ogly neşekeş” bolup

Page 14: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

çykyşyna “haýran galýardy” (Elitanyň wekilleri bolsa, “seçilen” kadrlaryň näçe berip wezipealýandygyny bilensoň, biri işden kowulsa, “bergilerini bir üzdümikä” diýip alada edýärdi.).

Telewideniýede berilýän gürrüňlerine ynansaň, Nyýazow halka gowulyk etjek bolýardy, gijeýatman işleýärdi, kemçiliklere janyny ýandyrýardy. Sada adamlar “Nyýazow görgüli ýurdy jan edipdüzetjek bolýa-la, emma töweregindäkiler düzüw däl, bary ogry-jümri” diýip gürrüň edýärdi.

Milli howpsuzlyk ministrligi bu gürrüňleri Nyýazowa altyn tapan ýaly edip getirip berýärdi, olernini gulagyna ýetirip ýylgyrýardy.

Dogrusyny aýtmaly, Nyýazow bu “oýny” bilip, ussatlyk bilen oýnaýardy. Ýagny şeýdip, özüne birgün syýasy bäşdeş bolup biljek kadrlary sallançakda bogýardy.

G.Berdimuhamedow prezident bolanda S.Nyýazowyň ýoluny dowam etdirmegi wada berdi, olmuny etmäge hem çalyşýar. Ýagny ýurtda, käbir ýumşamalar bolan hem bolsa, bir adamyňhudaýlaşdyrylmagy saklanyp galýar; metbugat azatlygy, sudlaryň garaşsyzlygy, häkimiýetiň kanunçykaryjy we ýerine ýetiriji şahalarynyň özbaşdak işlemegi ýaly gymmatlyklar ozalTürkmenbaşynyň aýagyna düşek bolan bolsa, indi Arkadagyň aýagynyň astyna taşlanýar. Iň esasysybolsa, Nyýazowyň “kadrlar oýny”, ýapyk ýagdaýda hem bolsa, dowam etdilrilýär.

“Halklaryň serdary Stalin” “hemme zady kadrlar çözýär” diýipdir. Eger şeýle bolsa, kadrlarysaýlap-seçmelidigi, barlamalydygy, terbiýelemelidigi, eger ýalňyş goýberseler aýtmalydygy, gerekýerinde temmi bermelidigi düşnükli. Ýöne bu zatlar bir adam tarapyndan edilse, tutuş ýurduňkadrlarynyň ykbaly ähli ýokary wezipäni öz elinde jemlän diktator tarapyndan çözülse, bu ýerdeadalatlylyk bolmaýar.

Bu adalatsyzlyk gözbaşyny sowet döwründen, bilimdäki korrupsiýadan alyp gaýdýar.Türkmenistanda ýokary okuw jaýyna girýänleriň togsan prosente golaýy “arkaly”, “süýregli”adamlar. Olaryň içinde “süýregi” has güýçli bolanlary ýokary wezipelere çekilýär we “oýnuň”düzgünlerini bozman, seresaplyk bilen ýokary galmaga çalyşýar.

G.Berdimuhamedow şu “esaslarda” prezident boldy. Emma bu ýol-ýoda örän gazaply, onda“ýeňijiler” G.Berdimuhamedow, R.Meredow. W.Otçersow ýaly juda az sanly “bagty çüwenler”bolýar; B.Şyhmyradow, Ý.Gurbanmyradow, R. Saparow, S.Seýidow, M.Nazarow, G.Atajanowa…ýaly kän kadr bolsa ýanýar.

Elbetde, prezident Berdimuhamedow öz ösen höwürtgesini bozar diýip garaşyp bolmaz. Emmaonuň “kadr oýny” indi diňe başgalar üçin däl, özi üçin-de howply bolup biler. Bu Nyýazow üçinhem howpludy, emma ol prezidentlige Berdimuhamedow ýaly ýaş gelmändi, saglygy ýaramazdy,ogul-gyzyny ýurtdan çykaryp, kadrlary paýhynlap, wagt utup, mümkin boldugyça uzak saklanmagaçalyşýardy. Nyýazowyň kadrlar bilen uzaga çeken “söweşinden”soň, meýdan tas boşady, ýöne bu“oýun” Berdimuhamedowa näçe uzak başardar, şu belli däl.

Sebäbi türkmen kadrlaryna Nyýzaowyň beren sapagyna Berdimuhamedow tarapyndan uly wezipäbellenýän ýaşlaryň arasynda hem düşünýänler az däl. Mysal üçin, birki ýyllykda jogapkärli birwezipä bellenen ýaş kadryň kakasyna “Kaka, maňa jaňam etme, öýe-de gelme, meniň soňumyňnäme bilen gutarjagy belli däl, soň size bir zyýanym ýetmesin” diýýendigi barada gürrüň ýaýrady.Bu ýaş kadrlaryň nähili howply “oýna” goşulýandygyna akyl ýetirýändigini görkezýär.

Eger bu “oýna” akyl ýetirip goşulýanlar bar bolsa, onda olaryň içinde ondan utujy, ýeňiji bolupçykmagyň pikirini edýänler hem bolmaly. G.Berdimuhamedow Nyýzowyň kadr paýhynlamasyndandiňe tötänlik esasynda, hassa prezidentiň wagtynyň azalmagy netijesinde aman galdy. Indiki ýaşlarabele tötänlige garaşmak manysyz, sebäbi Berdimuhamedow “sagdyn” durmuş ýörelgelerineeýerýär.

Emma kadrlar barybir, Nyýazowyň büdrän daşlary bolşy ýaly, Berdimuhamedowyň hem öňündedur. Ol öz seçen, bellän kadrlary, olaryň goýberýän “düýpli kemçilikleri” bilen soňsuz söweşmelibolar. Şol bir wagtda kadrlar we il-gün “Balygyň başdan porsaýandygyny” bilýär.

Page 15: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

Eger-de kadrlar özlerini Nyýazow döwründäki ýaly soňsuz paýhynlatsalar, bu olaryň özproblemasy; il içinde, ýakyn hossarlary ýa peýdasy ýeten “dostlary” bolmasa, korrupsiýa çümenhökümete goşulan kadra gynanýan ýok. Emma olar özlerini gorap bilseler, bu başga gep. Sebäbibeýle ýagdaýda özüňi diňe il-ýurt bahbitlerini, uzak möhletli bähbitleri gorap halas edip bolar.

Kitaply biznes (10.09.2013)

“Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk” ýapon diline terjime edildi.

TDH Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde täze kitabyň prezentasiýasynyňbolandygyny habar berýär.

Bu dabara uniwersitetiň mugallymlarydyr studentlerinden başga ýapon delegasiýasy, ministrlikleriňwe wedomstwalaryň, Ylymlar Akademiýasynyň, ýokary okuw jaýlarynyň baştutanlary,Türkmenistandaky daşary ýurt ilçihanalarynyň ýolbaşçylary, habar serişdeleriniň başlyklarygatnaşypdyr.

Mälim bolşy ýaly, bu kitap türkmen lideriniň Ýaponiýa etjek saparynyň öňüsyrasynda neşir edildi.Eger Türkmenistandaky “kitaply biznesden” bihabar bolsaň, ýapon dilinde, ýapon okyjylarynaniýetlenip çykarylan kitabyň prezentasiýasynyň Ýaponiýada geçirilmän, Aşgabatda geçirilmeginegeň galmagyň-da mümkin.

Emma “kitaply biznesiň” ýapon okyjylaryny däl-de, türkmen prezidentini, sada türkmenleri nyşanaalan döwlet propgandasynyň bir bölegidigini bilseň, bu ýerde geň galasy zat ýok.

Türkmenistandaky “kitaply biznesi” ilki başlan türk biznesmeni Ahmet Çalyk boldy. Ol prezidentS.Nyýazowyň adyndan çap edilen “Ruhnama” kitabyny ilki türk, soň beýleki dillere terjime etmegigurnap, türkmen lideriniň ejiz damaryndan tutmagy başardy.

Prezident Nyýazow Ahmet Çalygyň bu “beýik” hyzmatyna milliardlarça dollarlyk kontraktlar bilen“taňryýalkasyn” berdi.

Soň bu tejribäni dünýäniň başga-da bir topar ýurdunyň biznesmenleri ulandy, ýagny “Ruhnama”onlarça dile terjime edildi.

Indi bolsa G.Berdimuhamedowyň “eserleri”, ol hakda ýazylan “eserler” başga dillere terjimeedilýär.

Ýogsa-da, golaýda “Ruhnamanyň’ mekdep programmasyndan aýrylýandygy barada habar ýaýrady.Emma prezident Berdimuhamedow Köpetdag şaýoluny görmäge baranda, ýene 12-nji sentýabrda“Ruhnama” gününi bellemegiň ähmiýetini nygtady. Ol bu gezekki “Ruhanama” gününde Köşidegurlan 600 orunlyk mekdebiň açylyş dabarasyny gurnamagy buýurdy.

Bu ýagdaý Berdimuhamedowyň “Ruhnamany” mekdep programmasyndan aýryp, öz syýasatyndanaýryp bilmejegini aňladýarmy, ýa-da bu onuň öz adyndan çap edilýän “beýik eserler” halk aňynazor bilen ornaşdyrylýança wagt utmak üçin edýän oýnumy, muny bilmek kyn. Emma daşary ýurtlybiznesmenleriň türkmen liderleriniň “ýazyjylyk” keselinden, şöhratparazlygyndan ussatlarçapeýdalanýan wagtynda köp sanly türkmen telekeçisi, müňlerçe türkmen işçisi öz ýurdunda işsiz otyrýa juda az aýlykly işlerde işledilýär.

Mundanam beteri, ozal ýaş ýazyjy S.Nyýazow, indi öwrenje ýazyjy we alym G.Berdimuhamedowsebäpli, ýurduň ýaşuly ýazyjylary Rahym Esenow, Tirkiş Jumageldiýew ýaly onlarça ussatgadaganlykda saklanýar. Gara sanawa girizilen ýazyjylaryň 50 çemesi romanynyň iş stollarynyňçekerinde, diktaturadan soň geljek ýagty günlere garaşyp ýatandygy barada maglumat bar.

Ýaşuly ýazyjy Ýusup Haýydow bolsa, S.Nyýazowyň janyna kast etmek synanyşygy diýilýän işsebäpli türmä basylyp, şol ýerde ýazan kitabynyň bir nusgasyny döwlet arhiwine tabşyrandygyny

Page 16: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

aýdýar.

“Kitaply biznesiň” ýene bir netijesi bolsa, Türkmenistanda adamlaryň kitaba, gazet-žurnala bolanhormat-sylagy, ynam-islegi sowet döwründäkiden hem kän azalana çalym edýär. Mysal üçin,golaýda “Azatlyk” radiosynyň habarçysy Röwşen Çaryýew Maryda 36.5 million dollara gurlankitaphananyň boş, tasdan okyjysyz durandygyny habar berdi.

Bu “kitaply biznesiň’, ýurtdaky kitap dükanlarynda, kitaphanalarda toplanan Nyýazowly,Berdimuhamedowly “eserleriň” progrese däl, regrese getirýändigini, ýurdy we halky yzaçekýändigini aňladýar.

Kem-käsleýin adalat (23.09.2013)

Türkmen döwlet habarlar gulugynyňky hem aňsat däl, günde-günaşa hemme zat gülala-güllük diýipýazyp, birdenem onlarça ýokary derejeli resminiň parahordugyny, jenaýatçydygyn ýa olaryňgiýewisiniň, ogullarynyň azgyndygyny, kem-käsleýinem bolsa-da, habar bermeli.

Belki, TDH şu kem-käsleýin hakykaty aýdyp bileýänligi üçin hem özüni bagtly saýýandyr. SebäbiTürkmenistandaky garyp adamlar adalat kem-käs dabaralansa hem, özlerini biraz bagtly duýýarlar.20-nji sentýabrda geçirilen hökümet maslahatynda Türkmenistanda giň ýaýran häkimiýetkorrupsiýasy, parahorluk we ogurlyk faktlary bölekleýin tassyk edildi, adalat kem-käsleýindabaralandy.Türkmenistanda durmuş ýörelegesine öwrülen para-peşgeş reallygy il içinde uludan-kiçä aýanhakykat bolsa-da, propaganda metbugaty ony hemişe gijigip, prezident-prokuror “paş edişliginden”soň, bölekleýin, kem-käs ýagdaýda tassyklaýar.

Hakykatyň, giň ýaýran parahorlugyň bölekleýin tassyklanmagynyň sebäbi ol ýokarda, prezidentderejesinde diňe bölekleýin, ýüzleý, diňe birinji ýolbaşça gerek bolan derejesinde boýun alynýar,tutuş ýurdy gaplap alan sosial dert hökmünde ykrar edilmeýär. Bu ýagdaýy ykrar etmek, dogrusy,prezidentiň özüniň şol korrupsiýanyň bir bölegidigini, belki-de sütüni bolup durýandygyny boýunalmak boljak.

Ýokary derejeli resmileriň wezipä geçmek üçin berýän paralary, olaryň maşgala agzalarynyň eden-etdilikleri barada il içinde, toýda-ýasda, iki adamyň başy çatylsa gürrüň edilýär. Resmileriň,intelligentsiýa wekilleriniň, ýönekeý adamlaryň arasynda bolýan “möhüm” gürrüňleri prezidentegyzgyny bilen ýetirýän Milli howpsuzlyk ministrligi bu ýagdaýy Berdimuhamedowa aýtmaýandyrdiýsek, bärden gaýdarys (Eger ýurduň ýokary derejeli howpsuzlyk resmileri bolan BegmyratOtuzow bilen Haýyt Kakaýewiň eden özara gürrüňiniň ertesi S.Nyýazowa ýetirilişini, Kakaýewiňişden kowlup, türmede ölşüni ýatlasak, bu ýerde nähili operatiw işlenýändigi düşünkli bolar.).

G.Berdimuhamedow ýurtda S.Nyýazow döwründe giň ýaýradylan, açyk satylan we toýlaryň,oturyşyklaryň esasy keýpi bolan neşä garşy barlyşyksyz göreşen ilkinji türkmen lideri boldy. Olneşäniň türkmen halkynyň genefonduna howp salýandygyny açyk aýdyp bildi.

Emma hakykatda türkmen halkynyň genefonduna, döwlet bolup ýaşamagyna esasy howp salýan zatneşe däldi, döwlet derejesinde goldanýan korrupsiýady. Neşe bolsa, şol belanyň, ýuwdarhakorrupsiýanyň bir bölegidi. Belki, Berdimuhamedow muny bilýänem däldir, ýa-da bilmedikbolýandyr.

Çaklama teoriýalarynyň tarapdarlarynyň aýtmaklaryna görä, Berdimuhamedow neşä garşy göreşihem diňe propganda üçin, öz hojaýynlarynyň beren buýrugy esasynda yglan etdi.

Dildüwşik teoriýasyna ynanýanlar Berdimuhamedow häzirki çäklendirilen, kelte gaýdýan anti-korrupsiýa göçümini hem diňe sahnanyň arkasyndaky agalarynyň buýrugy bilen etdi diýýärler.

Olaryň ynanjyna görä, şeýle bolmasa, köçe süpürijilerden, çagalar bagynyň terbiýeçilerinden

Page 17: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

başlap, wise-premýerlere çenli öz içine alan korrupsiýa barada metbugatda diňe prezident ygtyýarberende gysagaça maglumat berlip, galan wagt dymylmazdy.

Türkmenistanda metbugat hakynada täze, döwrebap kanunyň kabul edilendigi, metbugatda senzuraýol berilmeýändigi habar berildi. Emma iş ýüzünde metbugat öňküliginde, diňe ýalanpropagandanyň guraly bolup galdy; onda türkmen jemgyýetinde kök uran sosial keseller,korrupsiýa, döwlet derejesindäki ýalançylyk, bassyr-ýussur edilýän galplyklar, ogurlyklar baradaçuňňur analize, her taraply pikir alyşma hiç hili ýol berilmeýär.

Has dogrusy, bu prezident derejesinde ýa-da onuň bar diýilýän gizlin hojaýynlary derejesindeçözülýän mesele hasaplanýar. Ýagny prezident metbugatdan “altyn asyr” ideologiýasynyňdowamyny, “berkararlyk we bagtyýarlyk” ideologiýasyny, özüni öwmegi talap edýär, tankydy,problema gozgaýan, derňew žurnalizmine degişli çynçyl makalalary gadagan edýär. Şu ýagdaý hemkorrupsiýanyň öňünde ýaşyl çyra ýakýar.

S.Nyýazowň ýurdy ýekemen dolandyran döwründe parahorluk biraz gizlindi, adamlar birazçekinýärdi. Emma G.Berdimuhamedow döwründe bu durmuş ýörelgesine, ýaşajak bolsaň hökmanedäýmeli bir zada öwrüldi we adamlar çekinmelerini, ikirjiňlenmelerini örän azaltdylar.

Ýene bir tapawut, S.Nyýazow döwründe onuň kesilmän efire berilýän gürrüňlerinde käte ulyhakykatyň hem üsti açylardy. Mysal üçin ol bir gezek teleýaýlymda berlen çykyşynda “Ýokarda birialýan bolsa, aşakdakylar arkaýyn alýar, ýokardaky almasa, aşakdaky almaga gorkar“ diýipdi.

Emma şol döwürde diňe baş prokuror G.Atajanowanyň tassyklamagynda teleýaýlymda ile ýaýylanfaktlar hem, derňelse, türkmen hökümetiniň uly wezipeli adamlarynyň aglaba köplüginiň doýmaz-dolmaz parahor, ahlaksyz aýalbaz, messepsiz neşekeş bolup çykjagyny görkezýärdi.

TDH-niň 20-nji sentýabrda geçirilen hökümet maslahatyndan taýýarlan ýüzleý, köp detalyaçmakdan saklanan hasabaty bu ýagdaýyň şindem üýtgemändigini aýan etdi:

“Aşgabat şäheriniň prokurory wezipesinde işlän M. Garaýew 1993-nji ýylyň fewral aýyndan 2013-nji ýylyň awgust aýy aralygynda prokuratura edaralarynda dürli ýolbaşçy wezipelerde işläp,wezipeli adam bolup, öz gulluk ygtyýarlyklaryndan şahsy maksatlary üçin hyýanatçylyklypeýdalanypdyr.

Barlagyň netijesinde Türkmenistanyň kanunlarynyň gödek bozulandygyny, şol sanda paraalnandygyny, has oňaýly we otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan ýaşaýyş jaýynyňedinilendigini we gymmat bahaly awtoulaglaryň birnäçesiniň satyn alnandygyny görkezýänýagdaýlar ýüze çykaryldy. Şol sanda köp aýallylygy tassyklaýan ýagdaý äşgär edildi. Neşeserişdeleriniň ulanylmagy ýüze çykarylan düzgün bozmalaryň hatarynda görkezildi.”

G.Berdimuhamedow prezidentliginiň ilkinji ýyllarynda kanun goraýjylara hiç kimiň, hatdaprezidentiň aýal doganlarynyň, ýegenleriniň hem kanundan ýokarda bolmaly däldigini ýatladypdy.

Emma il içindäki hakykat prezidentiň aýal doganlarynyň, ýegenleriniň, A.Dadaýew ýaly ýakyndostlarynyň, ýokary wezipeli adamlaryň has artykmaç hukuklardan peýdalanýandygyny, olaragezek gelende kanun maddalarynyň diňe bir taraply işleýändigini görkezýär.

Bu ýagdaýy Aşgabat şäheriniň ozalky prokurory M.Garaýewe garşy açylan jenaýat işiniň deslapkyderňewleri hem tassyk edýär:

“…barlagyň barşynda daşary ýurt pullary görnüşinde örän köp pul (1 mln. 533 müň 500 amerikandollary), altyndan we kümüşden edilen gadymy, gymmat bahaly we 157 müň amerikan dollarynabarabar bahaly şaý-sepler ýüze çykaryldy. Şeýle hem M.Garaýewe Aşgabat şäheriniň BitarapTürkmenistan şaýolunyň ugrunda ýerleşýän has oňaýly we otaglarynyň ýerleşdirilişigowulandyrylan 160-njy jaýdaky 70-nji oý, şeýle hem “BMW-X-5” we “Toýota Korolla” kysymlyawtoulaglar gozgalmasyz edildi” diýip, TDH ýazýar.

Türkmenistanyň baş prokurorynyň aýtmagyna görä, bu “düzgün bozmalar ejir çekenleriň weşaýatlaryň görkezmeleri bilen dolulygyna tassyklanypdyr”. Şeýle-de ol M.Garaýewiň “özüne

Page 18: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

bildirilen günäni doly boýun alyp, görkezme hem berendigini” aýdýar. Bu “boýun aldyrma”Nyýazow döwründe türmä basylan, bikanun gazanan emläkleri konfiskasiýa edilen öňki resmileriňhemmesiniň diýen ýaly geçen ýoludy.

Türkmen prezidentinň geçirdýän köpçülikleýin çärelerinden, bagtlylygy, işjeňligi görkezmägegönükdirilen ýasama toý-baýramlardan, konfernsiýalardan bizar bolan arassa adamlar, hemişe dilealmasalar-da, ýurtda bir gün korrupsiýa garşy göreşiň yglan edilmegine sabyrsyzlyk bilengaraşýardylar.

Şu nukdaý nazardan, prezidentiň birden diýen ýaly başlan anti-korrupsiýa kampaniýasy gowytäzelik. Ýöne munuň dowamly, yzygiderli göreş boljagyna, ýurtdaky arassalyk, düzüwlikkampaniýasyna öwrüljegine hiç kim ynanmýar.

Ýogsa bu ýerde daýhanlaryň, ýönekeý işçileriň garyplykda ýaşamagynyň sepäplerini(“Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginiň başlygynyň ýardam bermegi bilen ýol berlendüzgünbozmalar, “Türkmenpagta” döwlet konserniniň ýolbaşçysynyň hem-de Aşgabat şäheriniňhäkiminiň orunbasarynyň ýardam bermeginde eden jenaýatçylykly hereketi, “M.Garaýew Daşoguzwelaýatynyň prokurory wezipesinde işlän döwründe Daşoguz welaýatynyň Gubadag weS.A.Nyýazow adyndaky etraplarynyň Ak altyn söwda-pagta arassalaýjy kärhanasynyň işgärlerindenumumylykda 25 müň amerikan dollaryny para alypdyr”), paýtagt şäheriň prokurory ýaly wezipäýetmek üçin nirelerden we näçe para alyp başlamalydygyny yzarlap bolýan, oturyp birnäçe tomlukroman ýazyp boljak material bar.

Eger G.Berdimuhamedow hakyky ýazyjy bolsa, elinde material bar, başga işini goýup, şu baradaýazmaly. Eger-de prezident okyjylar özüniň çagalyk ýatlamalaryna has sabyrsyz garaşýandyr öýtse,ýurtda işsiz oturan ýüzläp ýazyjy bar, jenap Garaýewiň Aşagbadyň baş prokurory wezipesine çenligeçen gara ýoluny yzarlaýan gyzykly roman ýazdyrsa, nähili peýdaly bolardy.

Emma onuň beýle haýyr işi etjegine hiç kim ynanmýar, bu halkyň öz prezidentiniň aýdýansözlerindän däl, edýän hereketlerinden çykarýan gynançly netijesi. Bu S.Nyýazow döwründe-deşeýle bolupdy. “Baky beýik” Nyýazow Rejep Saparow, Ýolly Gurbanmyradow, GurbanbibiAtajanowa ýaly öz sag gollaryny “kesende”, il içindäki aga-gara düşünýän adamlar “olar seniňoýnaýan gara oýnuň atlary, pilleri we perzileri ahyryn, sen olary aýryp, täze pyýadalary ýokaykçykararsyň, soň olary hem hapa çümdürip zyňarsyň, başga zat etmersiň, biz bu oýna belet, çaga ýasamsyk däl” diýýärdiler.

Wise-premýerler Muhammedow, Ýegeleýew barada aýdylan, emma köpüsi ýaşyrylan zatlardan çentutsaň, G.Berdimuhamedow Nyýazowyň “ýoluny” dogrudanam dowam etdirýär. Bu ýol prezidentiňpermanlary bilen täze işe bellenen adamlara bikanun baýamaga uly mümkinçilik döredýär, halkawelin gymmat düşýär.

Ýöne ýene bir hakykaty aýtmaly, garyp halk parahor emeldarlar işden aýrylyp, türmä basylsa,gazanan bikanun baýlygyny ýitirse, birazajygam bolsa begenýär. Emma adamlar ýurtda ilbetbagtlygyna getirýän korrupsiýanyň sütünleri bolan resmiler, Ministrler kabinetiniň başlygynyňorunbasary, Türkmenistanyň prezidentiniň diwanynyň we Ministrler kabinetiniň iş dolandyryjysyH.Muhammedow ýaly “başga işe geçip” aman galsa, wise-premýer A.Ýegeleýew ýaly aýby dolyaýdylman goýberilse, gaty gynanýar we döwlete bolanja ynamyny hem ýitirýär.

Babaraply Arkadagyň ýalançy teatry (08.12.2013)

Türkmenistanda Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda ýene-de ýüzlerçe (630) tussagyň günäsiniňgeçilendigi habar berildi. Prezident G.Berdimuhamedow kanun goraýjy guramalaryňýolbaşçylaryna günäsine düşünen we toba eden adamlaryň baýramçylyk günlerini öz maşgalasynyňarasynda geçirmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Mundan başga, prezident ýerli ýolbaşçylara türmeden çykan adamlaryň iş bilen üpjün edilmegi,

Page 19: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

olaryň gaýtadan jemgyýetiň doly hukukly agzasy bolmagyna kömek berilmegi barada hem tabşyrykberdi. Ol indi şeýle tabşyryklary her baýramçylykdan öň, her gezek ýüzlerçe adam tussaglykdanboşadylanda berýär. Emma olar näderejede ýerine ýetirilýär, bu belli däl. Sebäbi Türkmenistanda,resmi sanlar çap edilmese-de, işsizlik ýokary bolmagynda galýar (Hut şu işsizlik hem ýurtda jenaýatedýänleriň köpelmegine, türmeleriň her näçe günä geçilse-de doly saklanmagyna sebäp bolýar.).

Türmeden çykanlar, ýagny ady “gara” adamlar däl, mekdebi, okuw jaýlaryny tamamlan, ýa-da özugrundan hünärli adamlar hem gowy aýlykly iş tapmakda uly kösençlik çekýärler. Iň ýamany bolsa,haýsy işe, hatda sübsegärlige girjek bolsaň hem para bermeli. Para bermek we almak, iň ýokaryderejelere çenli, kadaly bir zada öwrülen hem bolsa, hatda bu ýagdaý prezidentiň käbir kararlaryesasynda tassyk edilýän hem bolsa, resmi metbugat bu meseläni diňe bir ýagdaýda, golaýda mugtbenzin galplygynda tutulanlaryň propaganda üçin ulanylyşy ýaly matlaply ýagdaýlarda, birtaraplyşertlerde gozgaýar. Şol bir wagtda il içinde prezident maşagalasynyň “biznesi” hakynda barha kängürrüň edilýär.

Türkmenistanda giň ýaýran işsizligiň bir sebäbi ýurtda çuň ornaşan hökümet (prezident weministrler, häkimler, kanun goraýjylar) korrupsiýasy, işleriň, gurluşyklaryň indi iki onýyllyk bäriesasan daşary ýurtly işçilere berilýändigi bilen düşündirilse, ikinji sebäbi oba hojalygynyň tasgulçulyk zähmetine öwrülmegi, ozalky kolhoz-sowhozlaryň emläginiň talanmagy, ýer-suwmeselesindäki eden-etdilikler bilen bagly hasaplanýar.

Üstesine, ýurtda bazar ykdysadyýetine geçmek hem haýal barýar, häkimiýetler halk hojalygynyň tasähli pudagyny, bazarlary, söwdany öz kontrolluklarynda saklamaga çalyşýarlar, hususyýetçilikhökümet korrupsiýasy zerarly giňäp we çuňlaşyp bilmeýär.

Türkmenistanyň dünýäde iň bir repressiw ýurtlaryň biri hasaplanmagy täzelik däl. Halkara hukukguramlary her ýyl, dürli sebäpler, hususan-da 10-njy dekabrda bellenýän Halkara Adam hukuklarygüni mynasybetli resmi Aşgabady öz boýun alan hukuk borçlaryny ýerine ýetirmäge çagyrýarlar.Mysal üçin, golaýda, ÝHHG-nyň Warşawada geçen ýyllyk adam hukuklary konferensiýasynyňgapdalynda dünýäniň 54 jemgyýetçilik guramasy toplanyp, “Olary diri görkez” diýen kampaniýabaşlady. Bu guramlar 11 ýyl ozal prezident S.Nyýazowyň janyna kast etmekde günäli bilnip,türkmen türmelerine basylan we şondan bäri hiç bir habar eşidilmedik adamlaryň soňky ykbalynyňbelli edilmegini gazanjak bolýar.

Gynançly ýeri, türkmen türmesinde dereksiz ýitenler diňe 25-nji noýabrçylar däl. 2008-nji ýyldaNorwegiýadan yzyna, watanyna dolanan türkmen dissidenti Gulgeldi Annanyýazow hem türkmentürmesinde dereksiz ýitenleriň biri. Ol Norwegiýadan dolanyp geleninden soň, Aşgabatdaky öýündetussag edilip, ýapyk sudda döwlet serhedini bozmakda aýyplanýar we 11 ýyl türme tussaglygynahöküm edilýär. Şondan bäri ony ne gören bar, ne-de eşiden.

BMG-niň eden-etdilikli tussag etmeler boýunça iş topary syýasy aktiwist Gulgeldi Annanyýazowyňbikanun, halkara kanunçylygyny bozmak esasynda tussagda saklanýandygyny, onuň parahat syýasyaktiwliginiň halkara kanunlary tarapyndan goralýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň hökümetinidissidenti haýal etmän azatlyga goýbermäge hem-de oňa kompensasiýa tölemäge çagyrýar.

Emma Türkmenistan, döwlet eýeçiligindäki mediasynda halkara borçlaryny gyşarnyksyz ýerineýetirýändigini tekrarlasa-da, bu hili çagyryşlary, asla eşitmeýän ýaly, gulagynyň duşundan geçirýär.

Şol bir wagtda Türkmenistan özüni köppartiýaly, azat we adalatly saýlawlary geçirýän ýurthökmünde görkezmäge çalyşýar. Emma bu juda ýasama hem gülkünç görünýär. Sebäbi ikinjisyýasy partiýa diýilýän Senagatçylar we telekeçiler partiýasy prezidentiň görkezmesi esasynda,onuň hususy biznes işlerini ýöredýän adam diýip bilinýän Aleksandr Dadaýewiň praktikiýolbaşçylygynda döredildi.

Ýurtda ilkinji hususy gazet diýilýän “Rysgal” gazeti hem şeýle ýagdaýda, prezidentiň ýakyndostunyň we iş şäriginiň kontrollygynda döredildi we şunuň bilen adamlaryň metbugat hakyndakytäze kanunyň türkmen žurnalsitlerine berýän kanun, hukuk, azatlyk, senzuradan boşamak

Page 20: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

mümkiçiliklerinden peýdalanmak umytlary ýene bir gezek puja çykaryldy.

Türkmensitanda soňky on ýylda kanunlaryň halkara standartlarynda kämilleşdirilýändigi aýdylýar,emma ol kanunlaryň işlejegine adamlar ynanmýar. Sebäbi ýurtda her bir wezipeli adam, bikanunbaýlyk toplan gatlak kanundan ýokarda durýar we sudlar garaşsyz däl, metbugat azatlygy, sözazatlygy düýpden inkär edilýär, adamlaryň barara, arz edere hiç bir ýeri ýok

Emma türkmen hökümeti gözboýagçylyk, halkara jemgyýetçiliginiň gözüne çöp atmak,Türkmenistany asuda we abadan, hiç bir problemasyz, demokratik, hukuk döwleti edip görkezmekugrundaky nalajedeýin we gözgyny synanyşyklaryny dowam etdirýär.

Aýdaly, 15-nji dekabra bellenen parlament saýlawlarynda kandidatlyk ugrunda bäsleşjek 283dalaşgäriň arasynda ýekeje-de oppozision pikirli adam ýok. Aslynda adamlar, halk köpçüligi indiýurtda soňky 20 ýylda toplanan sosial, syýasy, ykdysady meseleleri gozgap, halk bähbitleriniň,saýlawçylaryň isleg-arzuwlarynyň goragynda durup, parlamentiň sessiýalarynda öz sözüni aýtjak,ýerine ýetiriji hökümetiň, prezidentiň öňünde mesele goýjak deputatlaryň bolup biljegine hemynanmaýarlar. Bu ýagdaý ilat arasynda saýlawlara, syýasata, jemgyýetde bolýan zatlara bolangyzyklanmany sowet ýyllaryndakydan hem pes derejelere düşürdi.

Hawa, Türkmenistan sanlyja günden ýene bir Bitaraplyk baýramyny bellär. Emma adamlar bubaýramda şatlanarmy? Bu soraga “hawa” diýip jogap bermek kyn. Sebäbi adamlarbaýramçylykdan, dabaradan we çärelerden ýadadylar. Adamlar, hemişe açyk bolmasalar-da,ýasama, ýalan şatlyk-şowhundan, galp dabaralardan halys ýadandyklaryny, dogrusy bizarbolandyklaryny aýdýarlar. Emma hökümet, prezident we onuň hakyna tutulan ideologlary ýalansahnany bezemegi, ulaltmagy, oňa mümkin boldugyça kän ähmiýet bermegi, türkmen döwletliliginisyýasy-ykdysady çeperhöwesjeňlik bilen gülkä öwürmegi dowam erdirýärler.

Netijede, Türkmenistanda dünýäde görülmedik Ýalançylyk teatry döredildi, onuň baş artisti bolsaTürkmenbaşynyň ornuny alan babaraply Arkadag. Golaýda 22 ýaşyny bellän Ýalançylyk teatrynyňsahnasynda döwlet ideologlarynyň tabşyrygy esasynda geýnen mejbury artistler, saýlanyp alnanraýatlar, bellenen deputatlar, birki ýyldan parahorlukda aýyplanjak eli galamly ministrler wehäkimler, don-telpekli ýaşulular, milli lybasly gyzlar, tahýaly we ak köýnekli oglanlar “çykyşedýärler”.

Emma ol sahnada hakyky halk ýok; soň türmä basylýan ozalky resmiler, garyp-gasar ýaşulular,garry eneler, işsiz we okuwsyz galýan oglan-gyzlar, türmä ýa dälihana basylýan, zor bilendymdyrylýan dissidentler ýok; daşary ýurtlara gidýän we şol ýerden yzyna gaýtmajak boluppasportlaryny ýyrtýan ýigitler, ýa bolmasa daşary ýurtlara söwda etmäge gidip, ten satýan zenanlarhem ýok; bu sahnada öz bolşy ýaly görkezilýän janly, kynçylykly we prezidentden başlap sübsegäreçenli hemmeler üçin gorkunç, azat däl durmuş ýok. Türkmen ideologlary ol durmuş hakykatyny,halk problemalaryny şeýle ýasama sahna, Aşgabatda salnan beýik jaýlar we giň ýollar bilen ýapyp,dünýä görkezmejek bolýarlar. Emma bu Günüň öňüni etek bilen ýapjak bolandan enaýygörünmeýär.

Ata çykan mejlishalar (28.12.2013)

Türkmenistan, eger islese, hökümet derejesinde mejlis, maslahat, ýygnak, çäre, baýramçylyk,şowhun-dabara geçirmekde hem Ginnesiň rekordlar kitabyna girip bilerdi. Obrazly aýtmaly bolsa,G.Berdimihamedowyň häkimiýete gelmegi, ata çykmagy mejlisleriň, boş dabara-şowhunyň, ýalanbagtyýarlygyň ata çykmagy boldy.

2013-nji ýylda Türkmenistanda Ministrler kabinetiniň 48 mejlisi, dürli meselelere bagyşlanan 16maslahat, wideo-şekilli iş maslahatlarynyň 41-si, döwlet howpsuzlyk geňeşleriniň 14-si geçirildi.TDH bu geçirilen mejlislerdir maslahatlarda syýasy, ykdysady we sosial meselelere seredilendigini

Page 21: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

belleýär.

Eger bir ýylda 365 ýa 364 gün bar diýsek, Türkmenistanda 2013-nji ýylda 119 gün prezidentderejesindäki ýygnak bilen geçirilipdir (bu ýygnaklaryň ýerli derejelerde gaýtalanmasy hem nazaraalynmaly!). Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda prezidentiň geçirýän ýygnaklaryna ýurtderejesindeki ýolbaşçy işgärleriň hem uly bölegi gatnaşýar. Diýmek, prezident bilen bile şolýolbaşçylar hem gününi ýygnakda, öz gönüden-göni ýolbaşçylyk etmeli pudagyndan üzňelikdegeçirýär.

Eger-de TDH-nyň berýän maglumatlaryndan çen tutulsa, Ministrler kabinetiniň mejlislerinde wewideo-şekilli iş maslahatlarynda, döwlet howpsuzlyk geňeşiniň ýygnaklarynda prezident özministrlerinden we beýleki pudak ýolbaşçylaryndan edilen işler, berlen anyk tabşyryklar boýunçahasabat soraýar, soň ol berlen hasabatlar boýunça bellik edýär we goşmaça tabşyryk berýär. Käteprezident ministrleri we beýleki pudak ýolbaşçylaryny berk tankyt edýär, käbir ýolbaşçylary işdenaýyrýar, käbirlerine berk ýa ýumşak käýinç berýär.

Ýöne TDH bu mejlislerde, maslahatlarda bolýan anyk zatlary, edilýän anyk gürrüňleri berksenzuradan geçirilen, ýylmanan we owadanlanan görnüşde, şol bir galypda ile ýetirýär (ýa-da olardahiç hili üýtgeşiklik bolmaýar). Olar, diňe geçýän seneleri, günleri diýmeseň, köplenç bir-biriniňgaýtalanmasy, şol bir zatlaryň ýanjalmasy, tekrarlanmasy bolup çykýar. Mundan başga, olardaulanylýan sözler, söz düzümleri, jümleler hem şol bir galyp, bir-birinden göçürme bolup çykýar wekäte bu habarlary taýýarlaýan adam ýa adamlar hakykatda ýygnaga, mejlise gatnaşman, ozalkyýazylan habarlary çala üýtgedip çap edýän ýaly diýen pikirler hem döreýär.

Aýdaly, adatça, mejlisi ýa maslahaty prezident adat bolan giriş, açyş sözleri bilen açýar. Onuň şolaçyş sözi efirde, telewideniýede hem eşitdirilýär. Emma ol açyş sözleri köplenç umumy, şol birwagtda ozalky geçirilen mejlislerdäki açyş sözleriniň sözme-söz gaýtalanmasy bolýar. Ýagny buýerde mejlisiň ýa iş maslahatynyň hakykatda näme üçin, nähili anyk meselä bagyşlanypgeçirilýändigi, oňa nähili zerurlygyň bolandygy aýdylmaýar.

Eger ozalky prezident S.Nyýazowyň geçiren ýygnaklary bilen deňeşdirseň, häzirki mejlisler judaumumy, mazmun taýdan garyp we tomaşaçy, diňleýji üçin örän gyzyksyz diýip aýdyp bolar.Türkmenbaşynyň ýygnaklary propaganda toruna düşmäge taýýar sada adamlary hakykatdan hemjadylap bilýärdi, emma Arkadagyň ýygnaklary hatda propaganda, döwlet ýalançylygyna, hökümetaldawyna, resmi ýalana meýilli, ony sorag astyna almaga het edip bilmejek adamlary hem özüneçekip bilmeýän ýaly görünýär (Ertir.comda Türkmenbaşa ‘mähriban atam’ diýýän 30 ýaşly ýaşlarnäçe diýseň tapylýar, emma Arkadag propagandasy beýle miwe bererden daş!).

Milli telewideniýäniň gepleşikleriniň, hususan-da resmi propagandanyň il içindäki meşhurlygybarada ýönekeý pikir soraşlyk geçirilse, Türkmenbaşy we Arkadag propagandalarynyň il aňynaýetirýän täsiri barada has anyk gürrüň hem edip bolardy. Emma Türkmenistanda beýle pikirsoraýyşlary geçirip bolmaýar, diýmek, hakykat islenmeýär.

Nasistik Germanaiýada propagandanyň atasy bolan Jozef Gebbels ‘eger ullakan ýalan sözleseň weony ýeterlik derejede gaýtalasaň, adamlar ahyrynda oňa ynanar’ diýipdir. Emma Türkmenistandagaýtalanýan uly ýalan, Arkadagyň ynandyrjak bolýan ‘üstünlikleri’ we ‘bagtyýarlygy’ adamlaryahyrynda özüne ynandyrar diýip boljak däl. Sebäbi, ýurtdaky problemalar, durmuş-ýaşaýyşaladalary, baýlar bilen garyplaryň arasynyň barha giň açylmagy adamlary, isleseler-islemeseler,pikirlenmeli edýär. Emma hökümet bu prosese üns bermän, şol bir ösüş sanlaryny gaýtalamagydowam etdirýär.

Mysal üçin, Ministrler kabinetiniň 2013-nji ýylda geçirilen mejlisleriniň, gör, näçesinde uly ösüşsanlary getirildi, emma şol diýilýän ‘ösüşler’ adamlaryň maşgala býujetine nähili täsir ýetirdi, bubarada aýdylmýar. Ýa-da ýurtda milliardlap dollar harçlanyp gurulýan gurluşyklar näçe adam üçiniş orny boldy we ýurtdaky işsizlik näderejede çözüldi, geljekki planlaşdyrylan proýektler bumeselede nähili üýtgeşme döretjek, bu barada hem aýdylmýar.

Page 22: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

Bu inkär edip bolmajak fakt, Türkmenistandan on müňlerçe adam daşary ýurtlara gidip işleýär,okaýar, emma döwlet, hökümet şol adamlaryň ýurda gelmegi, türkmen ykdysadyýeti üçin işlemegiüçin anyk teklipleri orta atyp bilmeýär. Eger Ministrler kabinetinde ýurtdaky syýasy-ykdysady,sosial meseleler barada hakykatdan hem gürrüň edilýän bolsa, şu hili çynlakaý we gyssagly çözgüttalap edýän meseleler hem ara alnyp maslahatlaşylmaly ýaly.

Türkmenistanda her baýramçylyga gabat ýüzlerçe tussag türmeden boşadylýar. Ozaly şol tussaglarnädip jenaýata baş goşdy? Bu barada hem Ministrler kabinetinde gürrüň edilmeýär. EmmaMinistrler kabinetinde şol möhletinden öň türmeden boşadylan tussaglary işe ýerleşdirmek baradawelin gürrüň edilýär. Emma ol tabşyrygy ýerine ýetirmek mümkinmi? Eger ýurtda iş ýerleri ýeterlikbolmasa, işe girjeklerden müňläp dollar soralýan bolsa, türmeden çykan tussaglar işe ýerleşipbilermi?

Aslynda, kanun, sud, prokuratura, polisiýa sistemasynda giň ýaýran parahorluk barada hem, beýlekikorrupsiýa pudaklary barada hem Ministrler kabinetinde anyk gürrüň edilmeýär.

Doly döwlet eýeçiliigndäki habar serişdeleriniň ‘bedew bady bilen öňe barýan ýurt’ hökmündewasp edýändigine garamazdan, ýurtda syýasy-ykdysady ýa sosial özgerişlikler az, oňa derek biradamyň hökmürowanlygy, has dogrusy mejlisleriň we baýramçylyk çäreleriniň hökmürowanlygydowam edýär. Bu ýagdaý gelýän 2014-nji ýylda hem dowam eder.

Daňatar Agöýliýew

Haryň işi (21.09.2012)Bolan waka

Dogrusy, halys ýadadym. Ýeri, şu täze kitaplyhabary eşitmesem, bilmesem bolmadymy. Şonyeşitdimem, öňki-soňky ýadawlyklaryň hemmesiüstüme topulan ýaly boldy. Düşnükli bolar ýaly,birazajyk yza çekileýin.

Men işsiz, kitaplary çap edilmeýän ýazyjy. Hasanygy, ozal ýazyjydym. Ýa bolmasa, özümeýazyjydyryn öýderdim. Seýregem bolsa,kitaplarym, hekaýalarym çap edilerdi. Makala-

beýleki ýazyp, döwrüň sesine özümçe ses goşardym. Ýöne birden: “Senden ýazyjam bolmaz,žurnalistem, göteril” diýdiler. Nämemiş, men beýik serdaryň öňden görüji we uzak-uzak asyrlarynazarlaýan aýdyň hem parasatly syýasatyna gowy düşünmeýärmişim.

“Bolýa-da” diýdim. Başga alaç hem ýokdy. “Bolýa” diýip, sag bol aýdyp gaýtmasaň, ertir öýüňdenbir ýerlerik alyp gidip, gowja “akyl” bermekleri hem daş däldi. “Bolýa” diýmän, akyl jaýynasalnyp, akyllanyp çykan ýa daşary ýurtlara gaçyp gidip, ýat illerde sergezdan bolup ýörenýazyjylaryň gününe düşmekden hudaý saklasyn! Bu meniň bäş wagtyna edýän dilegim.

Hawa, ýadadym. Ýazaýyn diýsem, galamym ýöränok. Okaýyn diýsem, ne gazet bar, ne žurnal.Derdiňi ýa ýagdaýyňy aýdara hem, çynymy aýtsam, aýalyňdan başga adam ýok. Hiç kime syrynanar ýaly bolmady. Aýdan sözüňi üýtgedip, üstüne bir zatlar goşup, bir ýerlere ýetirmegi pişeedinip ýörenem köpelmese, azalmaýan ýaly. Aýal görgülä-de hemme zady aýdyp, kellesini agyrdypoturasyň gelenok. Ýöne şonda-da, jan durmazlyk edip, şu gün irden: “Okara zadam ýog-aý” diýip,çaý başynda içki pikirimi daşyma çykaranymy duýman galdym.

“Hana, prezidentiň kakasy hakda gyzykly kitap çykypdyr, oka şony – diýip, aýalym ajy ýylgyrdy. –

Page 23: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

Syýasy düşünjäň össe, belki, saňa-da bir işjagaz bererler.”

Aýalymyň “täze kitap” diýýäni prezidentiň kakasy Mälikguly Berdimuhammedowyň doglangününiň 80 ýyllygyna bagyşlanyp, Türkmenistanyň Döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çykarylan“Watanyň wepaly ogly. Mälikguly aganyň tutuş ömrüniň işi” atly kitap eken.

Internete girip, türkmen hökümetiniň resmi sahypasyndan Magtymguly adyndaky Türkmen döwletuniwersitetinde täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasynyň bolandygyny bildim. Türkmen we rusdillerinde çykarylan kitaby Türkmenistanyň prezidentiniň Arhiw gaznasynyň hünärmenleri çapataýýarlapdyr. Bu prezidentiň kakasy hakdaky kitap prezident tarapayndan döwletiň hasabynaçykaryldy diýildigi bolýar. Emma munuň bilen hiç kimiň işi ýok, bolubam bilmez. Sebäbi bizprezidente çäksiz hökümdar diýip düşünýäris, ýurt onuň mellegi, halkyň puly we maly onuň özygtyýarynda, näme etse. Nirä sowsa, diňe öz işi, ondan hasabat sorajak bolmaz. Hasabat soramalydiýenler, ýatlatmaň, nä günlere düşdi…

“Täze prezident okalýan kitaplary çykaryň” diýdi, indi gowy kitaplar çykyp başlar” diýýädiň, şogowy kitaplaryň biri bolmasyn birden, git-de al, bizem okaly” diýip, aýalym meniň pikire batanymygörüp, ýene gep atdy. Men sesimi çykarman, çilimimi alyp, daş çykdym.

“Ýene “Ylham” seýilgähine gitjekmi? – diýip, aýalym yzymdan gygyrdy. – O taýda çilim çekip,tutulaýmaweri birden…”

Çilim otlandym. “Çilimiňi goý” diýýärler. Aýalymdan soň bar mydarym şu, tüssesine siňip,siňirden, nerwden saplanýan ýaly bolýaryn.

Aýalym bilýän eken. Bir görsem, nädip munça ýol geçipdirin, “Ylham” seýilgähine gelipdirin.Ýazyjy-şahyrlaryň hatara dikilen heýkellerini synlap, pessaýja ädimläp, “Baky uka gitsem birgazaply gyş, Seň goýnuňda ýatmak miýesser etsin” diýip, Gurbannazar neressäniň setirlerinigaýtalap barşyma, her heýkele aýratyn baş atyp, aýratyn salam berdim. “Hudaýa şükür, şu taýykgelme diýenoklar” diýip, heýkeller bilen salam-helikden soň, hudaýyň beren şojagaz bagtyna hemşükür etdim. Şükür etmez ýalymy diý-dä!

Aň, akyl ýadawlygyndan beden ýadawlygy has gowy. Beden ýadasa, ýatyp, dynç alyp turup bolýar.Akyl ýadawlygy, aň argynlygy adamy däli edýär. Kelle ýadasa, gözüňe çiş kakylan ýaly, ýatypbolanok. Ýöne şu ýerde biraz gezim etsem, birhili, ýüregime rahatlyk gelýän ýaly bolýar.

Gezim edip, ahyry bir ýerde dyz epdim. Oturanymdanam, birhili, gözüm ýumlup barýan ýalyboldum.

“Bu kärdeşimiz-ä ýene biziň ýanymyzda ymyzgandy – diýip, golaýdaky heýkelleriň biri dillendi. –Ýene bir zad-a bimaza edýär, ýogsa ýüzi beýle ýadaw görünmezdi.”

“Prezidentiň kakasy hakynda kitap çykypdyr, Türkmen döwlet uniwersitetinde we beýleki ýerlerdetanyşdyrylyşy boldy. Şo habardan kejigip geldi öýdýän” diýip, heýkelleriň ikinji biri gürrüňegoşuldy.

“Näme? Prezidentiň kakasy hakda kitap çykypdyr? – Aňyrrakdaky heýkelleriň biri sesini süýkdüripsorady. – “O göle boşansa, mundan beter” diýleni bold-ow. Utananokmykar-aý? Ozalky bendäniňmasgara bolup gidenini bilip-görüp durlar-a!”

“Utanylýan bolsa, beýle zatlar bolmzdy, diýmek utanmaýan bolmalylar.” Ýene bir heýkel gürrüňegoşuldy.

“Ozal atasy hakynda kitap çykarypmydy şu? – diýip, biri sorady. – Ene-atasy bilen yhlasly boljakbujagaz oglan onda…”

“Hawa, şo diýeniň. – Ilki gürlän heýkel kinaýaly gepledi. – Bu kitap “Türkmenistanyň PrezidentiGurbanguly Berdimuhamedow öz ene-atasy hakynda” diýen bölüm bilen açylýar.”

Men hem gürrüňe goşulyp, türkmen hökümetiniň “Altyn Asyr” internet sahypasyndan okanzatlarymy gürrüň berjek boldum, emma başarmadym. Birhili, dilimden bir zat asylan ýaly,

Page 24: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

ýuwdundym oturdym. Ýogsa, ol kitabyň “tanyşdyrylyş dabarasyna hökümet agzalary, parlamentiňdeputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, belli “alymlar wesyýasatşynaslar”, medeniýet işgärleri, žurnalistler, şeýle hem paýtagtymyzdaky ýokary okuwmekdepleriniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar” diýip, okumyşlygymy görkezip aljakdym.

Heýkelleriň biri meniň aýtjak sözümi agzymdan alyp diýen ýaly gürledi: “Tanyşdyrylyşdabarasynda çykyş edenler “bu kitap uly terbiýeçilik ähmiýetine eýe” diýýärler. Ilkinji nobatda hemtürkmenistanlylaryň ýaş nesli üçin ägirt uly ähmiýete eýemişin…”

“Diýýän bolsalar, dogrudyr – diýip, aňyrrakdan bir heýkel gülüp gürledi. – Ozalky prezidentiňkitaplaryny-da, onuň ene-atasyny-da ýerde-gökde goýmaýardyler. Emma indi olary ýatlaýan ýok.”

Men ýene gürrüňe goşuljak boldum. Emma ýene dilimden daş asylan ýaly boldy durdy. Onsoň,bolmanda kimiň gepleýänini bir görüp bilmezmikäm diýip, gözlerimi açjak boldum, olaramaçylmady.

“Täze kitap prezidentiň “Men özüme berlen terbiýe, edep-ekram üçin ene-atama minnetdardyryn”diýen sözleri bilen açylýarmyş” diýip, heýkelleriň biri meniň edil ýanjagazymdan seslendi.

“Terbiýe bolaýşyny! – diýip, beýle gapdalymdan henize çenli gürlemedik, gaharly bir heýkelseslendi. – Terbiýe berlen bolsa, edep-ekramyň bolsa, beýle ýeňil, beýle oýnatgy, beýle göterimbolmazdyň-a, oglan! Il bende öňkä “ýetim, ene-ata terbiýesini görmedik” diýýärdi. Senden ene-ataterbiýesini gören adamyň etjek zatlaryna, asyllylyga, agraslyga, il-günüňe wepalylyga garaşylýardy.Emma sen nätdiň?”

“Täze kitabyň ady “Watanyň wepaly ogly” diýýäler, Mälikguly näme wepalylyk etdikä watana?” –Bu heýkeliň sesi hem meniň golaýymdan eşidildi.

“Beh, siz bu gün gürrüňi çynyrgatjak ýaly-la – diýip, aňyrrakdan bir heýkel seslendi. – Eý, gyrak-çetdäkiler, geliň bärik, masalahat bar!”

Bu çakylykdan soň, aýak seslerinden heýkelleriň hemmesiniň birden bärligine, meniň oturan ýerimetarap ýönelenini bilip, çaga ýaly, el çarpasym geldi. Ýöne elimem diýen etmedi. Emma kellämwelin, edil daňdanyň ümsümligindäki sagat ýaly, şat-şat edip, barha gowy hem dury işleýärdi.

“Ölüler ozdurdy!” diýip, ýazyjy kärdeşlerimiň biriniň “Ylham” seýilgähi açylanda aýdan sözleriniýatladym. Ol şonda indi sylanýan, kitaplary çap edilýän ýazyjy-şahyr bolmak üçin öli bolmalydiýipdi. Dirilere beýle hormat öňräkden bäri ýokdy.

“Ine, geldik, ýene näme gep tapdyňyz?– diýip, has çetden gelen heýkel bolsa gerek, haşlap gürledi.- Ölemizsoňam arkaýyn dynç almak ýok öýdýän bize?”

“Mälikguly hakda kitap çykypdyr, şony maslahatlaşjak bolýas” diýip, heýkelleri bärik çagyranheýkel düşündiriş berdi.

“Kimmiş-aý ol, ozal eşiden adymyz däl-le” diýip, has çetden gelen nägile heýkel sorady.

“Gurbangulynyň kakasy! Oba mekdebiniň mugallymçylygyndan serkerdelik derejesine çenli ulyhem şöhratly ýol geçipmişin. Uruş ýyllarynda goşgam ýazypmyş diýýärler. – Bir heýkel gülüpgürledi. – Şu irkilip oturan kärdeşimiz bir gezek onuň goşgusy barada makala çap edilen gazetligelip, şu oturan ýerinde hapa-hapa sögünipdi. Şondan ýadymda galypdyr.”

“O kitaby okajak bolarmyka onsoň? Gurbangulynyň öz kitaplarynam-a okaýan ýok – diýip, birheýkel kikirdäp güldi. – Öňki prezident sürüjilik şahadatnama aljagam “Ruhnamadan” ekzamentabşyrmaly edip, zordan okadardy kitabyny. Bu beýle zorluk edenok bolsa-da…”

“Bu çäre zorlugyny edýär, uly ýa kiçi diýmän, daňdandan geçjek ýoluna çykardyp, hajathana-dagoýbertmän, adamlary depeleýär.” – Bu gaharly ses meniň edil alkymymdan eşidildi.

“Beh, bu milletiň öňki prezidentiň kitabyndan halys bolany azmydyka? –diýip, şu wagta çenligürlemedik ýene bir heýkel gürrüňe goşuldy. – Kitap çyn kitap bolmasa, ondan abraý däl,

Page 25: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

biabraýlyk gelýänini bilenoklarmyka?”

“Olar kitaby biabraýlyklaryny ýapmak üçin ýazýarlar. – Bu-da täze gürrüňe goşulýan heýkeliňsesidi. – Has dogrusy, olar kitap ýazdyryp, il içindäki janagyryly gürrüňleri başga ýana sowjakbolýarlar. Il içinde prezidentiň ministr mahaly eden işleri, häzirki gol çekýän biznes şertnamalarybarada-da, onuň kakasy Mälikguly aganyň “biznesi” barada-da gowy gürrüň ýok…”

“Kitap ýazýan, il içinde azda-kande sylagy bar ýazyjy-şahyrlar-a gadagan, prezident bolanamýazyjy bolýar, beýle-de bir soňy gelmez wejeralyk bolarmy?” – Ýene bir heýkel gürrüňe goşuldy.Men, dogrusy, merhum ýazyjy-şahyrlaryň bu aktiwligine haýran galýardym.

“Bolar, “türkmen bahary” gelmese, bu wejeralygyň soňy gelmez” diýip, uzakdan gelen gaharlyheýkel dişini gyjap gürledi.

‘Türkmen bahary” gelmez bu milletde, “meni urany hudaý ursun” diýip, bar zady Alla tabşyrypoturan nalajedeýin adamlarymyz bar biziň.” – Bu meniň aýtjak bolan zadymdy, emma aýdypbilmedim.

“Öňki prezident kitap okar ýaly etmedi adamlary. Ýöne onuň “Ruhnamasyndan” daşary ýurtlaryňogry biznesmenleri gönenmek-gönendi. Baý, başga dillere terjime eden bolup, oýun oýnadylar-a!”

“Ol oýun entegem dowam edýär, indi olar Gurbanguly ussadyň kitaplaryny terjime edýärler.” –Men heýkelleriň birden, çalt-çaltdan, gaharly hüňürdeşip, gygyryşyp başlanyny eşidip, gorkupbaşladym.

“Il aglak bolsa, doňuz depä çykar” diýipdirler. Ite-de uýat ýagşy. Ýüzüne diýilmese, bilinmeýändiröýdýärmikä? Türkmenem çöregi agzyndan iýýär-ä!”

“Olar utanmaz, pälindenem gaýtmaz. Sebäbi olar adamlary gorkuzýandyrys, oýnaýandyrysöýdýärler.”

“Gorkuzma-da bar, oýnama-da. Wezipe berip, aýryp, ýene bir tapgyryna wezipe berip, ýene aýryp,öňki prezident milleti gara ýer etmegiň “beýik” nusgalaryny galdyryp gitdi yzynda. Indi bu-da şoloýny oýnaýar.”

“Wezipe berlenem köplenç azýar, ogurlyk edýär, sebäbi göreldesi şeýle. “Balyk başyndan porsar”diýipdirler.”

“Bu gürrüňlerden netije ýok, bizi bu ýere näme üçin çagyrdyňyz, zeýrenişmek üçinmi? – diýip,çetden gelen gaharly heýkel sorady. – Eger şeýle bolsa, dargalyň!”

“Zeýrenmän, başga elimizden geljek zat barmy? Diri ýazyjylar hiç zat edip bilenok, biz-ä bir öli…“Oli arslandan diri syçan” diýmänmidirler?”

“Dirileri mal-dünýe bilen satyn alýarlar, biri-birine garşy goýýarlar, ogul-gyzlaryny, garyndaşlarynygorkuzýarlar, işden kowýarlar, türmä basýarlar, horlaýarlar, bize o zatlary edip biljek däller, bizüýşüp, näme-de bolsa bir zat etmeli!”

“Ýuwaş, hana, ýene iki sany diri ýazyjy gelýär” diýip, heýkelleriň biri duýdurdy. Birsellemümsümlik boldy. Men “ol gelýän ýazyjylar kimkä, meni görmeseler ýagşy” diýip, öz ýanymdanünjä galdym.

“Gorkup oturma, bular ýaş ýazyjylar, seni tananoklar, seniň kitaplaryň çap edilýän wagty kiçijikçagadylar” diýip, heýkelleriň biri eglip, gulagyma pyşyrdady.

Onýança gelýär diýilýän iki ýazyjynyň aýak sesleri golaýlady. Olar hem öz aralarynda täze çykankitap hakynda gürrüň edýärdiler.

“Bu edilýän gürrüňlere uly adam-a däl, çaga-da ynanmaz – diýip, olaryň biri inçejik ses bilenjibrindi. – Mälikguly aga türkmen halkynyň ägirt uly sylagyna eýe bolanmyş, ýaşlar üçin mynasypgöreldemiş. Millet indi “öňki ýer yrananda ýeke galan gowy eken, bular bir topar, doýmaz-dolmaz,iň açgözi hem atalary, ozal milisige bolup, alan para-peşgeşlerini az görýär, gabryna äkitjekmikä

Page 26: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

munça mal-dünýäni” diýýärler.”

“Ýuwaşrak-how, biri irkilip otyr bärde, daýylaryň şugulçysy bolaýmasyn birden, bagtymyzy ýatyrar– diýip, ikinji ýazyjy pyşyrdap gürledi. – Hemme ýerde şugulçylary barmyş, “adamlary biri-birineçatyp goýduk” diýip öwünýämişler.”

“Gorky ede-ede, ryswamyz çykdy” diýleni boldy biziňkem. Şu taýda, şu mukaddes ýerde-deýüregimdäkini aýdyp bilmenmi men? – Inçejik sesli ýazyjy pyşyrda pyşyrdy bilen jogap berdi. –Başga biriniň ýanynda däl, seň ýanyňda dökýän-ä içimi men?”

“Bilýän, onda-da seresap bolaly, “Tamda gulak bar” diýipdirler. Yzymyza, gelen obamyza iberseler,bir-birimizi görmekden geçen, eklenjek bolup, sygyr ýatak artyp, gamyş ýygyp geçmeli bolarys.Bujagaz günümizi bir ýitirmejek bolaly diýýän men…”

Diri ýazyjylar geçip gitdiler. Men olaryň barha daşlaşýan aýak seslerine, hümürdilerine gulak geripoturyşyma heýkelleriň biriniň gaharly: “Bu bedibagtlaň bolup ýörşüni, özlerine ýazyjam diýýäler”diýen sözlerine tisginip gitdim.

“Olar diri adamlar, gün-güzeran üçin näme etdirmezler? Dirä däl, ölä gynanmaly boldy, bizemmasgara edýärler indi” diýip, beýleki bir heýkel oňa jogap gaýtardy.

“Bize edilýän, edip boljak zat ýok, biz öz döwrümizde ýazjagymyzy ýazyp, diýjegimizi diýipýaşadyk. Bularyň masgaraçylygy bize sürtseňem ýokmaz” diýip, öz sözüne garşy çykylanynyhalamadyk heýkel gatyrganjak ýaly etdi.

“Bizi şu taýda hatarlap goýup, sylan bolýarlar, emma olar biziň ömür beren senedimizi, şygyr-kyssany sylamadylar, diri ýazyjylaryň depesinden basdylar. Bu bizi masgara etmek däl-de, nämebolýar. Olar bizi öz senedimiziň, sözümiziň garşysyna ulanýarlar!”

Bu sözlerden soň ara agyr dymyşlyk düşdi. Men bir ýerlerden barha güýçlenýän söweşdeprekleriniň sesini eşiden ýaly boldum. Onýança belent ses bilen okalýan goşgy setirleri ýaňlandy:

“Jahan giňdir, melamat kän,

Arada köýdi şirin jan,

Üstümuzde rehimsiz han,

Bil ahyr urmaly boldy” diýip, aňyrrakdan bir heýkel seslendi. Men ony okan bendinden bada-battanadym.

“Magtymguly, aýama jan,

Biliň guşa, geý gazap don,

Hetden aşdy bu zalym han,

Ahyr tor gurmaly boldy” diýip, men ol goşgynyň soňky bendini serimde aýladym.

Bolsa-da, Magtymgulydan ýadymda galan setirler bar ekeni entäk.

“Besdir, diriler türkmen baharyna başlap bilmese, biz başlalyň! – Bu ses meniň oturan ýerimiň edilalkymyndan eşidildi. – Ýogsa erteki gün, dünýäsini başgalasa, “beýik şahyr” diýip, Mälikgulymilisgäni hem biziň aramyza getirip oturdarlar.”

“Näme, öňki prezidentiň urşa baryp ýa barman atsyz-sorsuz ýiten kakasy ýurduň birinji gahrymanybolanda, bu prezidentiň milisge kakasy beýik şahyr bolup bilmezmi? Gaty bolar. Onda-da ol buseýilgähiň iň gelim-gidimli, iň köp gül goýulýan heýkeli bolar. Ölerine garaşman, dirikä heýkeldikmekleri hem ahmal şoňa!”

Bu sözler ozalam köräp duran közüň üstüne nebit sepilen ýaly etdi.

“Şo diýeniň-ä bolmaz-how!” diýip, gaharly heýkel gazaba münüp gygyrdy. Beýleki heýkeller hem

Page 27: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

bu heýkele ses goşup, aýaklaryny ýere gaty-gaty urup, “Şo diýeniň-ä bolmaz-how!”, “Şo diýeniň-äbolmaz-how!” diýip gygyrmaga başladylar.

Bu gykylyga asman hem ses goşdy, gök gübürdäp, gumrynyň ýumurtgasy ýaly iri-iri damjalar pat-pat edip, bir eýlämde, bir beýlämde ýere gaçmaga durdy. Şol aralykda-da “Oguzkent” köşklertoplumyna tarap ýöriş başlandy.

“Tur-aýt senem, ýör, bize goşul!” diýip, gapdalymdan geçip barýan heýkelleriň biri meni elindäkihasasy bilen dürtdi welin, dünýä ýagtylyp gitdi. Men ilki näme bolanyna düşünmedim, ýöne soňprezident köşgüne tarap sürlenişip barýan gaharly heýkelleriň arasynda arsyz adam, hakyky ýazyjyýaly, epeň-epeň ädimläp barşyma başym gök diredi.

“Ahyry adam sanyna goşuldym-ow – diýip, içimden monça bolup pikir etdim. –Dirileriň içinde hiçkimdim, emma ölüleriň içinde mertebeli boldum, “ýör, bize goşul!” diýdiler.

Ýöne meniň bu begenjim uzaga çekmedi. Öňden eli rezin dürreli, kellelerine demir kaska geýenpolisiýa ordasy göründi. Ak at münüp, aldajy ordanyň öňüni çekip gelýän Mälikguly serkerde bolsa,ses gataldýany agzyna golaýladyp, “Gaýdyň, öýli-öýüňize dargaň!” diýip, gazaply buýruk berýärdi.

Meniň aýaklarym titräp, dyzymdan ysgyn gaçyp başlady. Emma heýkelleriň göwni bir ýalydy. Aslaolar öňde biri bardyr, bir zat diýýändir hem öýtmän, aýaklaryny batly urup, ýer sarsdyrypbarýardylar.

Men gözüm bilen gözläp tapyp, bar güýjüm bilen Magtymgulynyň ýanyna ylgadym. Ol meniň akatly Mälikguly serkerdä gorkuly seredýänimi görüp, gaharly pyşyrdady:

“Haryň işi hardyr, dostlar,

Müň magtasaň, atça bolmaz.

Bedasyla emel ýetse,

Biliň, asylzadça bolmaz…”

Bu sözleri Mälikguly serkerde hem eşitdi gerek, ol: “Atyň, gaýgyrmaň, ot açyň!” diýip, polosiýaordasyna buýruk berdi.

Men Kalaşnikow awtomatlaryndan çagba ýaly ýagdyrylýan oklardan bukulyp, Magtymgulynyňarkasyna duwlandym. Oklar meniň hem sagymdan, hem solumdan, hem depämden şuwlapgeçýärdi, emma heýkellere hiç kär etmeýärdi. Men muňa begendim, emma içimden “birdenheýkelleriň üstüne tank sürseler, ýa ýokardan topa tutsalar näderin?” diýip, ünji etdim.

“Gorkma namartlaryň köp diýip sanyndan!” diýip, Magtymgulynyň pyşyrdysy eşidilen ýaly boldy.Onýança bir ýerden gyr at münen Seýitnazar Seýdi çykdy.

“Watan üçin çykdym gyr at üstüne,

Tä janym çykynça dönmenem, begler!

Dikdir serim, düşmen duşman astyna,

Sil deý aksa, gandan ganmanam, begler!”

“Öli turup, dirilere ýapyşar” diýip, ýene Magtymguly pyşyrdan ýaly boldy.

Men gorkymy basmak üçin Seýdiniň sesine ses goşmaga çalyşdym:

“Ilim üçin şirin jandan geçer men,

Düldül münüp, ganat baglap uçar men,

Namart dälem, hakdan kasam içer men,

Ýanyp duran nar men, sönmenem, begler!”

Edil şu ýerde-de biri çirkin ses bilen gulagyma gygyran ýaly boldy. Tisginip oýandym. Görsem, biri

Page 28: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

öňümde ýüzüme dikanlap dur. Men ilki oňa Mälikguly serkerdedir öýtdüm. Emma ol otuz, otuz bäşýaşlaryndaky agajet ýigitdi, segsen ýaşan Mälikguly aga meňzeýän ýeri ýokdy.

“Agam, “nar men, sönmenem” diýip, bu ýerde gohlap oturmasaň bolmadymy?”

Men birbada näme diýjegimi bilmedim. Aljyranymy görüp, üstüme abanyp duran ýigit hasamezberlenen ýaly etdi:

“Hany, şahsyýetiň baradaky dokumentiňi görkez, bolup ýörşüň idili adama meňzänok seň?”

Men ätiýaç üçin ýanyma göterýän sürüjilik şahadatnamamy jübimden çykaryp, oňa uzatdym.

“Hany, pasportuň ýokmy?” Nirede işleýäň?”

“Pasportum öýde. Edil häzir işlämok. Kitap ýazýan…”

“Bu taýda näme işleýäň onda? Kitap öýüňde oturyp, ýa bolmasa Awaza ýaly ýere gidip,arkaýynlykda ýazylmazmy?” – Ol hemleli gürledi.

“Ýazyp ýadadym-da, halypalardan ylham alaýyn diýip geldim, birden oturan ýerimdeymyzganaýypdyryn.”

“Kitap ýazýan diýýäň welin, men bu hili atly ýazyjyny bilemok-la, ýalan sözleýän bolaýma?”

“Soňky ýigrimi ýylda kitabym çykmady, şondan bilýän dälsiň. Ýöne birki ýyldan çykar, täzeprezidentimiz okalýan kitaplary çap ediň diýýär indi” diýip, men ýagdaýy düzetmäge çalyşdym.Emma bu tersine boldy.

“He-he, mundan çykdyň-ow, sen döwletiň syýasatyny goldamaýan gedemje ýazyjylardan bolmaly.Şuňa meňzeş bir bolgusyzyň üstünden gelenimi ilki görenimdenem aňdym-la. Ýör, edara gideli, şolýerde arkaýynlykda gürleşeris seň bilen.” – Ol meniň ezenegimden tutup, öňüne salyp, idirdikledipugrady.

Men zordan: “Sen kim, meni nirä alyp barýaň?” diýip sorap bildim.

“Men Milli howpsuzlyk ministrliginden, seň ýaly akylsyzlary akylyna aýlamak bilen meşgulbolýan. Sen maňa uklap oturan ýeriňden näme diýip gygyranyňy aýtjakmy ýa ýok? Eger aýtmasaň,akyl jaýynyň ýerzeminindäki ýeke adamlyk kameralaryň birinde çüýremeli bolarsyň! ”

Men “ýazyjy, kitap ýazýan” diýip, dilimden bela galanyma diňe şundan soň düşündim. “Nämeetmeli?” Bir kärdeşimiň “daýylara gorkýanyňy bildirseň, barha beter üstüňe dyzarlar, deň durupgürleşseň, yza teserler” diýeni ýadyma düşüp, daýawrak deprenip görmegi ýüregine düwdüm.

“Nätdiň-aý muny, ýerzeminde çüýreder ýaly, men serhet aşyp, tirýek getiripmidirin, ministr ýahäkim bolup, petde-petde para alypmydyryn?”

Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgäri bu söze bir üşeriljek ýaly etdi, emma ýakamy goýbermedi:

“Onda gykylygyň nämedi, näme diýip gygyrýardyň? Men deňiňden geçibem gitdim, emma onädimden yzyma dolanyp geldim. Sen, birhili, hökümete garşy bir zatlar aýdýan ýalydyň?”

“Hökümete garşy zat aýdyp, men näme dälimi? Bar-bar, şu hökümetden bar, ýazyjy-şahyrlaraşeýdip, hatarlap heýkel dikýän hökümet barmy başga? Men näme üçin oňa garşy bolaýyn?”

“Sag bolsaň, şäheriň ortarasynda “namart dälem, hakdan kasam içer men” diýip, ala-gykylyk edipoturmaň näme?” – Howpsuzlyk işgäri hem kem oturmady.

Men onuň adyny soradym, emma ol adyny aýtmady. Men gatyrganmamyň peýdasynyň azdygynygörüp, oňa höre-köşe hem edip gördüm. “Ataň ýaly adamy beýdip horlap ýörmän, “indikiňe bekbol” diýip, abaý-syýasat bilen kowup goýberseň bolmaýamy?” diýip, ýalan hoşamaýlyk hem etdim.Emma ne gatyrganmamdan, ne ýalbaranymdan peýda boldy.

Ahyrynda onuň edarasyna, Milli howpsuzlyk ministrliginiň jaýyna gelip ýetdik. Ol meni kabinetinesalyp, gapynyň agzyndaky oturgyçda oturtdy-da, ýerine geçip, ilki bir kärdeşine, ondan soň

Page 29: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

aýalyna, soň ýene birine jaň etdi. Onuň bolup oturşy, edýän gürrüňleri meniň bardygymy bireýýämýatdan çykarana çalym edýärdi. Ýöne ahyry telefon gürrüňleri kiparlady. Ýadan bolarly, ol ýerindenturup, ilki gerindi, soň agzyny giň açyp pallady. Şondan soň äpişgäniň öňündäki elektirk kitirisuwdan dolduryp, çaý oturdyndy. Men agzymyň kepäp gidenini şu ýerde bilip galdym. Ol meniňýuwdunanymy görüp, içýakgyç ýylgyrdy:

“Gultunybam oturma, bu çaý seniň üçin däl, meniň üçin.”

“Bir käse çaý berseň-ä gözüme degerdi, inim, beýle rehimsiz bolma-da?! – diýip, men onyýumşatmaga synandym. – Uly ýerlerde işleýän ýigitler ula-kiçä sylanyşykly bolýa diýipeşidýärdik…”

“Sylanyşyk iki taraplaýyn bolmaly, agam! – Ol maňa duşaly bäri birinji gezek “agam” diýipýüzlendi. – Bir käse çaýyň gürrüňi ýok, ýöne sen näme diýip gykylyklap oturanyňy düşündir.”

Men onuň aňsat ýakamy goýbermejegine düşünip, ilki bir gören düýşümi gürrüň bereýinem diýdim.Ýöne beýtsem, has bulaşjagymy pikir edip, oturan ýerimden başga bir hekaýa tosladym:

“Düýşümde heýkeller menden ekzamen alýarmyka diýýän. Ýeke-ýekeden gelip: “Meniň goşgymybilýäňmi-de, meňkini bilýäňmi?” diýip, üstüme abanyp durlar. Menem “bilýän” diýip, hersindenýadyma düşen setirleri sanap berdim.”

“Nar men, sönmenem” diýen setirler kimiňkidi?”

“Seýdiniňki, Seýitnazar Seýdi, watançy şahyr!”

“Onda şu taýyk hemme bolan zady ýaz, gaýdyp beýle düýş görmejegiňe-de söz ber – diýip, kabineteýesi meniň öňümde bir tagta kagyz bilen ruçka goýdy. Men ilki ol oýun edýändir öýtdüm, emmaýüzünde-gözünde oýun alamatyny görmän, derrew diýlenini etdim. Ol meniň düşündirişimi okap,öňküsindenem çynlakaý keşbe girdi. – Gaýdyp “Ylham” seýilgähinde görünme. Birden daşaryýurtly myhmanlar barka irkilip, ekzamen tabşyrsaň, bütin ýurdumyzy masgara edersiň,düşündiňmi?”

Men “düşündim” diýen manyda baş atdym. Ol ýerinden agraslyk bilen turup, maňa kellesi bilen“öňe düş” yşaratyny etdi. Men Milli howpsuzlyk ministrliginiň jaýyndan çykyp,esli ýere barýançamyzyma gaňrylyp seretmäge milt etmedim. Iň ýamany, şondan soň “Ylham” seýilgähini hakydadepderimden ymykly öçürmeli boldum.

Iň möhüm hadysyň teswiri (19.07.2014)

Goçnazar aga ýaşy segsenden geçip, aýaklary ýöremekden galandan soň, ogul-gyzlaryna,agtyklaryna nesihat bermegi pişe edindi.

Ol nesihatlar esasan durmuşda özüň bolup ýaşamak, özüňe dürs bolmak, aldawa düşmezlik,wagtlaýyn, geçegçi duýgulardan saklanmak baradady. Ol köplenç şol bir zatlary, göräýmäge örändüşnükli, aýdylmanda-da bilinmeli ýönekeý zatlary gaýtalaýardy.

Gojanyň hemişe ogullaryna, agtyklaryna nesihat berip, beren nesihatyny hem depdere ýazdyrypoturanyny gören Berdi molla oňa “Näme, pygamber bolaryn öýdýäňmi, yzymda hadys galsyndiýýäňmi” diýip, käýinjek hem boldy.

Emma goja nesihatyny goýmady. “Soň nesihat berip oturan ataňyzy gündiz eliňiz çyralygözleseňizem tapmarsyňyz” diýdi. Käýinen molla gahar edip, nesihat depderiniň daşyna “Hadyslarwe teswir” diýen sözleri hem ýazmagy sorady.

Elbetde, ene-atanyň belli gadyry ýok, onda-da garran çaglarynda. Ogul-gyzlary gojanyň göwnüniýykman, onuň bar nesihatyny, öz sözleri bilen aýtsak, ‘düşündiriş-teswiri’ bilen ýazyp aldylar.Emma ol bir hadysynyň – okamak, hakyky çuň bilim almak baradaky nesihatynyň düşündiriş-

Page 30: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

teswirini soňky güne goýýandygyny, galan nesihatlaryň şol nesihata taýýarlykdygyny aýdyp, şolnesihatyň sebäbine bütin çuňlugy we dolulygy bilen düşünmegiň milli namys meselesidigini öwran-öwran ýatladýardy.

Ezraýyl garry adamyň janyny almazdan öň, adatça, biraz öňünden duýduryş berermişin: “o dünýäýolagçylyga taýyn bol, yzyňda galýanlar bilen hoşlaş, aýtjak zadyňy aýt, soň ‘gyssanmaç alypgaýtdyň’ diýip igenme” diýermişin.

Günleriň bir güni Goçnazar aga-da şeýle diuýduryş berlen ýaly boldy: ol uly ogly Haknazardanýanragynda bolmagyny haýyş etdi.

Gojanyň ukusy azdy, emma ol şol gije çaga ýaly ir ýatdy. Haknazar onuň assaja dem alyp ýatyşynysynlap, gapdalynda ýazylan düşekde, “Hadyslar we teswiri” okap, ýatman oturjak boldy, emmabirazdan uklap galdy.

Daňdanlar, biri yralan ýaly, Haknazar tisginip oýandy. Görse, kakasy oýa ýatyr, ýüzi bolsaöňkülerindenem nurana, has ýagtylan ýaly, özem bir zat aýtjak bolýana meňzeýär.

Ol çalasyn ýerinden turup, “Kaka, salawmaleýkim!” diýdi.

“Aleýkimessalam, oglum… Oýanjagyňy bilýärdim…” Goja soňky güýjüni jemleýän ýaly, her sözebasym berip, çalajadan gürrüňe başlady. “Depderi al-da ýaz… Okamak, hakyky bilim almakbaradaky hadysyň düşündiriş-teswiri… Pygamberimiz ylym talabynda bolmagy nesihat edipdir,emma biz ol nesihaty tutmadyk, hemme zady döwrüň üstüne atdyk…”

Haknazar kakasynyň gözlerine ýaş inenini görüp, bozuljak boldy. Goçnazar aga ony görmän, başgabir ýere, uzaklara seredip gürleýärdi:

“Agtyklar bilsinler, bu zamanda hakyky bilim almak iň uly halallykdyr! Eger hakyky bilimalmasalar, wagtlaryny bihuda geçirseler, düşünsinler, bu diňe dirilik ýa ölüm meselesi däldir, millinamys meselesidir!.. Munuň sebäbini gysga, bir sözlemde düşündireýin… Ýönekeý raýat bolupötseň, bisowat, nadan bolsaňam aýby ýok… Emma nesibedir, biziň neberämizden hem il adamsyçykmagy mümkin… Şonda, “Hormatly Prezidentimiz” ýaly, hem özlerini, hem halky dünýämasgara etmejek bolsalar, hakyky bilim alsynlar, okasynlar, okan zatlaryna düşünsinler!.. Bir özüňi,ene-ataňy masgara etseňem aýyp, emma beýik pursat gelende milletiňi, iliňi-ýurduňy masgaraetmek has uly aýyp… Agtyklar şuňa pugta düşünsinler!..” diýip, goja gözlerini ýumdy.

“Işdäki kemçilikler“ ýa-da çüýrük sistema (şahsy pikir) (18.08.2014)

Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow “Türkmennebitgazgurluşyk“ döwlet konserniniňbaşlygy Amanaly Gurbanowy, “işde goýebren düýpli kemçilikleri üçin“ diýip, işden boşatdy. Onuňýerine, adatda edilişi ýaly, edaranyň başlygynyň şol diýilýän düýpli kemçilikler goýberilenwagtynda işlän ozalky orunbasary Arslan Sopyýew başlyklyga bellenildi.

Eger ýene birnäçe aýdan ýa birnäçe ýyldan Arslan Sopyýew hem “işde goýberen kemçilikleri üçin“diýlip işden aýrylsa, muny hiç kim geň görmez. Sebäbi “Türkmennebitgazgurluşyk“ döwletkonserni 1996-njy ýylda döredileli bäri bu edarada 9 ýolbaşçy çalşyryldy. Geň ýeri, olaryň hemmesi“işde düýpli kemçilik goýberdi“ we wezipe borçlaryny ýerine ýetirip bilmändi.

Elbetde, bu diňe “Türkmennebitgazgurluşyk“ döwlet konsernine mahsus ýagdaý däl, ýurtdaky biredaranyň ýolbaşçysyndan başga ähli ýolbaşça degişli ýagdaý.

Resmi maglumatlardan tassyk bolmagyna görä, Türkmenistanda uly derejeli ýolbaşçylary işebelleýän we işden aýyrýan, olaryň işde kemçilik goýberendgigini aýdýan we anyk näme kemçilikgoýberendigini gizleýän bir adam bar. Ol adam prezident we Ministrler kabinetiniň başlygy, şol birwagtda ol işe bellän adamlarynyň goýberen kemçilikleri we öz kadr syýasatyndaky ýalňyşlar baradaMejlise, parlamente, halka hasabat bermeýär.

Page 31: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

Eger döwlet eýeçiligindäki mediada aýdylaýn zatlara ynansaň, Türkmenistanda bir adamdan,prezidentden başga hemmeler işinde düýpli kemçilik goýberýär, emma prezident hiç bir kemçilikgoýbermeýär, oňa gahrymanlyk bermeli, heýkel dikmeli, el çarpmaly…

Metbugatda aýdylýan zatlar Türkmenistanyň demokratiýa, hukuk döwleti däl-de, bir adamtarapyndan dolandyrylýan, bir adamyň hudaýlaşdyrylýan, beýleki adamlaryň gul ýagdaýyndasaklanylaýn diktator döwletidigini, ol döwletde bir adamdan başga adamyň prezidente tabynbolmakdan başga ygtyýarynyň ýokdugyny tassyklaýar.

Bu ýagdaý soňky kadr çalşygy baradaky habarda hem tassyk bolýar. Mysal üçin, BerdimuhamedowA.Gurbanowy işden boşatmak baradaky kararyň gapdalyndan “Türkmennebitgazgurluşyk“ döwletkonserniniň türk kampaniýasy “Polimeks“ bilen goşmaça kontrakt baglaşmagyny buýurdy. Budiýmek bu konserniň başlygynda hiç bir ygtyýaryň ýokdugyny, ýa-da onuň juda çäklijeygtyýarynyň bardgygny görkezýär.

“Polimeks“ Türkmenistanda millardlarça dollara durýan gurluşyk işlerini alyp barýar we olgurluşyklarda döwlet, halk serişdeleriniň ummasyz uly möçberde bisarpa, eýeçiliksizsowrulýandygy, onuň bilen baglaşylýan şertnamalaryň türkmen halkyna juda gymmat düşýändigiçak edilýär. Emma “Polimeks“ bilen şertnama baglaşmagyň baş inisiatory bolanG.Berdimuhamedow, metbugat hakyndaky täze kanunda senzura ýol berilmeýändiginegaramdazdan, bu gurluşyklardaky baha çişirmeleri barada, umuman olaryň gerekdigi ýa däldigibarada metbugatda açyk pikir alyşma guralmagyna ýol bermeýär.

Aýdaly, prezident Berdimuhamedowyň “Türkmennebitgazgurluşyk“ döwlet konsernine berentabşyrygy esasynda “Awazada“ gurulmaly sport toplumy häzir türkmen halkyna näderejede zerurwe ol haçan özüni ödejek? Galyberse, bu toplum ýurda öz bahasyndan näçe esse gymmat düşjek?Eger ol pullary hakyky iş ýerlerini döretmäge, ýa-da jaýsyzlara arzan, amatly jaý salmaga, ýollarydüzetmäge, suw, gaz turbalaryny, elektrik liniýalaryny çekmäge sarp etseler, adamlar üçin nähilipeýda boljak? Arman, gorky astynda ýaşaýan adamlar bu soraglary içinden berse-de, daşyndanberip bilmeýär.

Emma paradoks başga zatda: Türkmen döwlet habarlar gullugy işde goýberen kemçilikleri üçinişden aýrylýan, käýinç ýa-da berk käýinç alýan resmiler barada yzygiderli habar berýär, şol birwagtda-da şol kemçilik goýberýän resmileri işe bellän, ýagny kadr syýasatynda yzygiderli düýpliýalňyşlyga ýol berýän prezidenti öwmegini dowam etdirýär. Emma bazar ykdysadyýetinde, iňbolmanda öý hyzmatçysy, çaga enekesi işe alynjak bolsa-da, ol işgäri tapan, onuň bilen gürleşen weoňa kepil geçen adam ýa resmi jogapkär bolýar. Eger bir adam ýa resmi iş başarmajak adamy işealsa, ýa ony işe almagy maslahat berse, ýöne onuň işe hödürlän adamy iş başarmasa, soň şoladamyň işe hödürlän adamy işe alynmaýar, ýagny oňa ynanylmaýar.

Meniň pikirimçe, türkmen halky 1990-njy ýyllardan soň uly we orta derejedäki ýolbaşçylary seçipalmak, işe bellemek, terbiýelemek işini diňe bir adama, prezidente ynanyp, uly ýalňyşlyk goýberdiwe şol ýalňyşlyk häzirem dowam edýär. Eger biz şu ýalňyşlygy boýun alyp, ýurtda prezidentdolandyryşyny ýatyrmak, parlament dolandyryşyna geçmek we söz, metbugat azatlygyna, kanunyňişlemegine ýol açmak barada hereket etmesek, bu käýinçleriň, zeýrençleriň, “işde düýpli kemçilik’goýbermeleriň we diktaturanyň, halk köpçüliginiň talanmagynyň we horlanmagynyň soňy gelmez.

Şonuň üçin biz halk bolup, köpçülik bolup, özümiziň garyp, çagalarymyzyň sowatsyz we nadangalmazlygy üçin bir hakykaty aýtmaly: Türkmenistandaky kemçilikler ozaly bilen awtoritarýolbaşçydan, diýdimzor sistemadan başlanýar. Diýmek, Türkmenistanda prezidentiň resmilerekäýinç bermegi, olary işden aýyrmagy we täzesini bellemegi bilen, şu wagta çenli bolşy ýaly, hiçzat üýtgemez, üýtgeşiklik, reforma sistemany çalyşmakdan geler.

Page 32: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

“Arkadagyň” çäre çukury (16.10.2014)

Dynç günüdi. Gapy kakyldy. Aýalym gapyny açdy. Goňşy gelniň naýynjar sesi eşidildi: “Enegüleje, men repetisiýa gitmeli, barmasam işden kowarlar, adamymam işde, ýene senden haýyşetmesem bolmady. Garaşsyzlyk baýramy geçýänçä gün berjek däller bize…”

Aýalym onuň iki çagasynam alyp galdy. Men beýleki otagdan çykyp, biri 2, beýleki 3 ýaşyndaky ikiçaga lak atan boldum: “Heý, çäregulylar, ýene geldiňizmi?”

Aýalym öz ýanyndan eşidiler-eşidilmez hüňürdedi: “Ulam çäreguly boldy, kiçem, bu nämäň görgüsiboldugyka, allam? Bu millet ýertitreme gördi, gerre gyrgynçylygyny gördi, indem “çäre” diýipgyrjaklar muny! Gyz-gelinler dat edýär, birinde ak geýmeli, beýlekisinde ýaşyl, aýlyklary çäreköýnegine, donuna-beýlekisine gidýär. Ne işleýäne gün bar, ne okaýana. Beýle-de halka kast etmekboljak eken…”

Men ýene yza, öz otagyma çekildim we soňky ýyllarda esasy gaçybatalgama öwrülen düşegegyşardym. Her näçe pikir etmejek bolsamam, aýalymyň ‘halka kast etmek’ diýen sözleri beýnimiňbir ýerine ýapyşyp, gurçuk ýaly, hiç aýrylmady.

Dogrudanam, beýle-de halka kast etmek boljak eken! Hökümetde işleýäne-de, hususyýetçilikdegymyldajak bolýana-da çäreden, hökümet kemsitmesinden dynuw ýok. Kimi gürletseň, çäredenzeýrenýär. Arada bir obadaşym “Şeýle garaşsyzlykdan ömür orsuň koloniýasy bolup galanbolsagam gowy bolardy” diýdi. O görgüli obadan şähere, bir günlük repetisiýa çagyrylypdyr. Emmagelenden soň üç gün repetisiýa etmeli diýipdirler. “Men owarram, sizde ýataryn, emmaýanymdakylar kireýine jaý tutmaly boldular” diýýär. Soň ol bir günlük diýip gelen kärdeşleriniňgetiren pullarynyň gutarandygyny, iýere zatlarynyň ýokdugyny aýdyp, bizden karz pul sorady…

Men pikir etmejek bolup, telewizory açdym. Türkmen telewideniýesi “bedew bady bilen öňe barýanýurdy, Arkadagy” öwýärdi, orsa geçirdim, ukrain krizisi, terrorçylar howpy, ebola howpy…Telewizory öçürip, daşaryk gezmäge çykdym.

“Öýe sygamok” diýip, daş işikde gezim edip ýören duldegşir goňşym zeýrendi. “Oglum sürüji,daňdan gidip, agşam 12-lere gelýär. Ne dynç alyş güni bar, ne-de otpuskasy. Diňe başlygyprezidentiň gidýän welaýatyna gitmeli bolsa, birki gün dynç alyp bilýär. Gelnim görgüli bolsa‘çäreden aňkam aşdy’ diýýär. Ilki repetisiýa gatnamaly, soň uzakly gün çärede el galgatmaly. Beýle-de özüni ýigrendiren hökümet boljak eken… Uruş-beýleki bolsa, gorajak ýok şuny. Edeýin diýipedip bolmajak akmaklyk-how şü, neuželi düşünmeýäkä?”

Gürrüňi ulaltmajak bolup: “Düşünýän däldir-dä, düşünse etmezdi” diýdim.

“Hökümetiň başga etmeli işi kän-ä, how! Adamlara iş ýerlerini döretmeli, ykdysadyýeti ösdürmeli,ýaşlary okatmaly, hünärli adamlary köp ýetişdirmeli…”

“Telewizory açsaň, ‘Bilim özgetmesini geçirýäs, ykdysadyýet bedew bady bilen ösýär’ diýýärler-ä!”Men ýene gürrüňi ulaltmajak boldum.

“Bilim özgertmesi bormy, adyny ýazyp bilmeýänler uniwersitete girýär. Soňundanam çärä sürýärler.Bu-da owarram diýseň, hemme ýerde iş bilýäni kowup, para bereni alýarlar, ykdysadyýet ösermi?”Goňşym bu sözleri aýdanda gahardan titräp gitdi.

Men Aşgabadyň merkezinde bir ýerde hökümete garşy gurnalan demonstrasiýany, tribuna çykyp, özpikirini gaty ses bilen aýdyp duran goňşymy göz öňüne getirdim.

“Enegül ‘ýertitreme gördük, gerre gyrgynçylygyny gördük, indem çäre bilen gyrjaklar’ diýýär.Şeýle pikir edýän başga-da känmikä?”

“Kän, gurbanlykda gumly çopandan goýun aldym. Şolam ‘Gurbanguly boş gykylyk bilenproblemalardan ünsi sowjak bolýar, emma problemalar ony ýuwutman goýmaz, ýany bilen bizemýuwdar’ diýdi.

Page 33: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

“Onda näme biz hiç zat etjek bolamzok? Näme üçin biz çagalarymyz bilen Arkadagyň çäreçukurynda gark bolmaly?”

“Sebäbi biz özümiz bir zat etmekden gorkýarys, başga biriniň bir zatlar ederine garaşýarys…”

Iki goňşy, ýüzümize urlan ýaly, birsellem hiç zat geplemedik, soňam sessiz hoşlaşyp, öýli-öýümizegitdik.

“Ýaşulular” – ýüzümiziň garasy, ýöntem ýaşlar – betbagtlygymyz!” (20.10.2014)

Ýene-de “Ýaşulular” maslahaty geçirilýär!

Türkmen telewideniýesine görä, türkmen döwleti “ýaşulular, il-günüň sylagly adamlary bilenmaslahatlaşyp, halk üçin peýdaly çözgütleri” kabul edýär.

Emma ol “sylagly adamlar” XXI asyrda prezident diýip “saýlanan” adamy orta asyrlardaky ýaly“şa” atlandyrýarlar, oňa “şa gadamynyň” mübärek bolmagyny arzuw edýärler, döwlet puluna, halkserişdesine gurlan gurluşyklary onuň halka beren “peşgeşi” atlandyrýarlar, ýurtdaky uly kemçiliklerbarada bolsa dymýarlar…

Şol bir wagtda ýönekeý halk ol “ýaşululardan” öz durmuşlaryny ýeňletjek, aýdaly, ýurtda giňýaýran parahorlugy, häkimiýet korrupsiýasyny, işsizligi, garyp-pukaralygy, sowatsyzlygy azaltjakhiç bir oňyn çözgüde garaşmaýar.

Sebäbi ol “ýaşulular”, S.Nyýazow döwründen gelýän tejribeden belli bolşy ýaly, halk haly baradamesele gozgap bilmezler, tersine, dowam edýän eziji sistemany, diýdimzor prezidenti goldap, oňaalkyş aýdarlar.

Olar muny bile-göre, pursatparazlykdan edýärler, çünki eziji režimiň özlerini maslahat soramagaçagyrmaýandygyny, eýsem edilýän bikanun işlere perde edinmek üçin “sylaýanydyny”, pikiriniaçyk aýtjak adamlaryň öý tussagy ýagdaýynda oturandygyny gowy bilýärler.

“Halal” we “haram” ýaşulular

Türkmen aga “Akyl ýaşda bolmaz, başda bolar” diýipdir. Emma bizde ýaşulularyň kulty uly, olaryňýüzüne gelmek, ýaşuly adam hakynda gaty-gaýrym söz aýtmak uly edepsizlik saýylýar. Ýöne soňkyiki onýyllykda türkmen halkynyň başyna düşen döwlet süteminiň etden ötüp, süňke ornamagyndatürkmen ýaşulularynyň oýnan roly uly boldy.

Netijede, bu ýagdaý halk içinde ýaşuly adamlara bolan garaýşyň hem belli bir derejedeüýtgemegine getirdi. Indi bizde ýaşululary “halal ýaşuly” we “haram ýaşuly” diýen ýaly iki toparabölýärler. Bu agzy dogaly mollalara, iliň toýuna-ýasyna ýaraýan din wekillerine hem degişli.

Mysal üçin, hökümetiň ozalky Halk maslahatyna, häzirki Ýaşulular maslahatyna çagyrylmaýan,Arkadagyň çärelerinden daş durýan ýa-da daş saklanýan, şol bir wagtda dogry sözli, dürs ýaşaýanýaşululara il içinde hakyky hormat goýulýar. Emma bu adamlaryň hökümet propagandasynyňaýrylmaz bölegine öwrülen ýaşululary sylamaýandygyny aňlatmaýar. Adamlar edep saklaýarlar, olhili ýaşulularyň hem ýüzlerine bir zat diýip durmaýarlar.

Bu, birinjiden, öňden gelýän türkmençilik edebi bilen bagly bolsa, ikinjiden, adamlar öz ýaşaýanýurtlarynda hakykatda nähili güzeran aýlamalydygyna gowy düşünýärler. Eger muňa düşünmeseň,çaý-çörek güzerany hem ýetdirmeýär. Biraz gaty gitseň bolsa, işden kowulmak, maşgala agzalaryňbilen ýanalmak, türme, ýurtdan aýrylmak, telewideniýede näletlenmek… bar.

Ýüzügaralyk

Arada obadan gelen garyndaşym “arassaja mollamyz bardy, emma pahyr tarpa-taýyn ýogalaýdy,şondan bäri gaty kösenýäs” diýdi.

Page 34: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

Men oňa ilki düşünmedim: “Garaşsyzlyk ýyllarynda molla gytçylygynyň soňuna çykylmadymynäme?”

“Wah, molla kän-le, emma olaryň dermanyna pul çydadyp bolanok. Ilçilikde bolsa, diňe gurplyadamlaryň hossary däl, garyplaňkam ölýär. Göwnüme bolmasa, soňky ýyllarda ölüm has köpelenýaly özem…”

“Goňşy obalarda arassarak molla ýokmy? Ozallar gowy mollalary başga ýerlerden hem göçüripgetiripdirler…”

“Horazyň sesi hemme ýerde bir çykýar. Töwerekdäki obalarda hem ýagdaý şeýle. Ikinjiden,wahhabi diýibem bir bela bar, olar ata-baba edilýän zatlara garşy…”

Hökümet we intelligentsiýa

Türkmenistanda sagadyňy hökümetiň sagadyna deňlemeseň, ýaşamak kyn. Muny hemmeler,aýratynam intelligentsiýa wekilleri gowy bilýär. Olaryň uly bölegi hökümet propagandasynyňaýrylmaz bölegine, ýokardan çekilýän ýüpe görä tans edýän gurjaklara öwrüldi. Sebäbi olar şonsuzöz eklençlerini, rahat durmuşlaryny göz öňüne getirip bilmeýärler.

Emma az-da bolsa, hakyky intelligent adamlar hem bar. Bu hili adamlar metbugat ýalançylygynyçekip-çydap bilmän, başga zady başarmasalar hem, ynanýanlarynyň ýanynda käýinmän durupbilmeýärler.

Golaýrak goňşym, goja professor hem şol käýinýän adamlaryň biri. Ol şu gün irden duşanda,“Ýaşulular” maslahatyna kakdyryp, “Türkmenabatda ýüzügaralaryň maslahatam-a başlandyr”diýidi.

Men oňa göwünlik berjek bolup: “Aý, ynha basym bilimli, döwrebap ýaşlar ýetişer, ýüzügaralaňmöwriti geçip barýar” diýdim.

“Ýok, beýle arkaýyn bolma!” – diýip, goja professor barmagyny çommaltdy. “Türkmenbaşagöwnümiz ýetenokdy, emma ol yzynda “Arkadagyny” miras galdyrdy. Bu messepsiz ýaşulularyňyzyndan gelýän ýöntem ýaşlar iliň betbagtlygy bolar…”

Türk we türkmen prezidentleriniň “adalaty” (25.11.2014)

Türkiýe respublikasynyň prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Aşgabada prezident hökmünde edenilkinji saparynda Türkmenistanyň adalatsyz hasaplanýan sud sistemasy tarapyndan türmetussaglygyna höküm edilen türk öwretmeni Hajy Hamit Hamdi Poladyň azatlyga çykarylmagysosial ulgamlara girip bilýän türkmenistanlylaryň arasynda dürli pikirleri döretdi.

Hatda olaryň arasynda Ärdogany ‘mužik’ prezident hasaplap, Berdimuhamedowyň hem şeýle‘mužik’, ýagny erkek ýa adalatly bolmagyny arzuw edenler hem boldy.

Elbetde, bu ‘adalatlylyk’ türk prezidentiniň talaby, türkmen prezidentiniň şol talaby ýerine ýetirmegibilen amala aşyryldy. Diýmek, prezident Ärdogan bilen prezident Berdimuhamedow türköwretmenini bilelikde azatlyga çykaryp, bilelikde adalaty amala aşyrdy.

Bu, azat edilen öwretmeniň maşgalasynyň we ýakynlarynyň gözi bilen seretseňem, ýönekeýadamkärçilik nazarýetinden garasaňam gowy, gutlanmaly iş. Sebäbi Hajy Hamit Hamdi Polat,tejribeden we faktlardan belli bolşuna görä, dünýäde iň bir adalatsyz, korrupsiýa çümen sudsistemalarynyň biri tarapyndan tussaglyga höküm edildi. Ol sud edilende aklawçynyň we şaýatlaryňgarşylykly delilleri nazara alynmady. Çünki Türkmenistanda sudlar garaşsyz däl we diňeprokurorlaryň soran ýylyny bermek bilen meşgullanýarlar.

Netijede, türkmen sudýalary indi iki onýyllyga golaý wagt bäri aklaw hökümlerini çykarmazlykugrunda göreşýärler. Prokurorlar bolsa türmä näçe köp adam basyp bilseler, aýyplanýanlara näçeköp ýyl berseler, şonça şat we gurply bolýarlar. Ýurduň prezidenti bolsa, esasan öz adalatsyz

Page 35: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

ýolbaşçylygy netijesinde “jenaýat” eden raýatlaryň “meýletin-mejbury tobasyna” hoş bolup, herbaýramçylykda günä geçip, “adyl şa” oýnuny oýnaýar.

Emma ýurtda “adyl şanyň” günä geçişine düşmek üçin nämeleriň edilýändigi ozaly günäsigeçilenlere we olaryň bergi-borja batýan maşgalalaryna, soň adalat, kanun sistemasynda bikanunbaýaýan resmilere, umuman alnanda bolsa, aňly-düşünjeli adamlaryň hemmesine belli zat.

Gepiň keltesi, Türkmenistanda türmeden çykmak üçin, halk içinde aýdylyşy ýaly, “ýa zer, ýa zor”gerek. Ärdogan türk öwretmenini zor bilen türmeden çykardy, Ärdoganyňky ýaly zory ýoklar bolsabu hili “adalatlylygy” zer bilen gazanmaly.

Türk öwretmeniniň azatlyga çykmagy, aslynda kimem bolsa, türkmen adalat sistemasy tarapyndan,özüni kanun esasynda gorap bilmän türmä basylan adamlaryň, adam zorlan, adam öldüren, ulymukdarda ogurlyk eden bolmasa, ählisiniň azatlyga çykmagy gowy zat, emma adalat däl. Egeradalat boljak bolsa, adalatlylyk kadalary ýerine ýetiriljek bolsa, olar näme üçin adalatsyz türmäbasylypdyr, bu ýerde kim günäkär, ýagny kanun kimler tarapyndan we nähili ýagdaýlardabozulypdyr, bu zatlaryň hemmesi derňelmeli we derňewiň netijesi jemgyýetçilige aýan edilmeli.

Emma bu hili adalat ne prezident Berdimuhamedowa, ne-de prezident Ärdogana gerek. Aslynda buiki prezident, islendik hukuk döwletinde bolmaly bolşy ýaly, öz ýurtlarynda kanunçylygyň berjaýedilmeginiň, hiç kimiň kanundan ýokarda bolmazlygynyň, hemmeleriň kanun öňünde deňbolmagynyň kepilimi?

Eger olaryň prezident bolanlarynda kabul eden kasamlaryna ynansaň, bu şeýle. Emma iş ýüzünde,praktikada muňa şeýle diýip bolarmy?

Dogry, türkmen we türk prezidentleri öz ýakyn töwereklerindäki adamlar, “işewür” ýa “biznesmen”diýilýänler üçin adalatly görnüp biler, sebäbi ol adamlar Türkmenistanda diňe türk gurluşykfirmalary tarapyndan “özleşdirilýän” milliardlap dollardan paý alýarlar. Eger aýdylýan sanlardan,ýagny Türkmenistanda 600-e golaý türk firmasyna iş berilmeginden, olaryň 42 milliard dollarlykkontrakt almagyndan çen tutsaň, bu ýerde türk hökümetiniň, türk halkynyň utuşy we gazanjytürkmen hökümetiniňkiden we halkynyňkydan has uly.

Resmi sanlardan, faktlardan belli bolşy ýaly, türk iş adamlary, türk işçileri Türkmenistanda,korrupsiýa çümen hasaplanýan türkmen resmileri bilen ‘düşünişip’, gowy pul ýasaýarlar, emmaprezident Ärdoganyň türkmenleriň hem Türkiýedäki proýektlerde maýa ýatyrmagy, ol ýerdehammalçylykdan, gara işden başga iş etmegi entek diňe arzuw. Onsoň bu iki ýurduňprezidentleriniň ýa hökümetleriniň arasyndaky iş gatnaşyklaryna, hyzmatdaşlyga deň bähbitli, özarapeýdaly gatnaşyk hökmünde baha berip bolmajagy köre-de aýan bolsa gerek.

Ikinjiden, türk firmalarynyň türkmenistanda gurýan binalarynyň hil taýdan ýaramazdygy, bahataýdan aşa gymmatdygy hakynda hem indi köp ýyl bäri delilli pikirler aýdylýar.

Üçünjiden, türkmen tarapynyň türk firmalaryna gurdurýan gurluşyklary köplenç şu günüň ykdysadyzerurlygy bilen bagly däl-de, esasan türkmen resmileriniň halk puluny çaltrak we uludan sowurmakmaksady bilen bagly. Onsoň bu ýerde ahlak ýa adalat hakynda, ‘beýik türk halkynyň doganlyktürkmen halkyna edýän ýardamy’ barasynda gürrüň etmek kyn.

Aslynda, prezident Ärdogandan ýa prezident Berdimuhamedowdan adalatly häkimlige garaşmakakyllylyk bolmasa gerek.

Türkiýede ýaşaýan we işleýän ýüz müňlerçe türkmenistanly ozalky premýer-ministr, häzirkiprezident Rejep Taýyp Ärdoganyň hökümetiniň töweregindäki korrupsiýa gürrüňlerinden habarly,bu barada metbugatda, internetde hem maglumatlar az däl. Ärdogan ozal ABŞ-da ýaşaýan türkmilletçisi we dinçisi Fethulla Gülen bilen ýaranlykda dünýewilere garşy göreşip, ýurtdaky potensialgarşydaşlarynyň ýüzlerçesini toslama aýyplamalar bilen gözenegiň aňyrsyna taşlady, soň öz aýbyaçylyp başlanda bolsa, Güleni ‘döwletiň içinde döwlet döretmekde’ aýyplady. Ol häkimiýeti bir özelinde jemlemekde we halkyň milli duýgularyny oýnamakda Orsýetiň prezidenti Wladimir Putinbilen deňeşdirilse-de bolman durmaz. Eger Putine daşyndan ‘rus tsary’ diýilýän bolsa, Ärdogana

Page 36: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

bireýýämden bäri ‘täze türk soltany’ hökmünde garaýanlar bar.

Ärdogan bilen Berdimuhamedow öz halklary üçin iş ýerlerini döretmekde meňzeş däl, emmaaýratyn alnan adamlar üçin mümkinçilik döretmekde çalymdaş, ýöne Ärdoganyň has kän adama,şol sanda işçilere-de iş ýerlerini döretmekde netijeli işleýändigini aýtmak bolar. Şol bir wagtda,Ärdogan bilen Berdimuhamedow hökümet üçin kaşaň, gymmat bina gurmakda meňzeş, emma bumeselede türkmen prezidenti öz türk kärdeşini tozana garýar.

Ýöne türkmen prezidenti hökümet ‘duşmanlary’ diýilýänleri basyp saklamakda, ’25-nji sanjar’ işiesasynda uzak möhletli azatlykdan mahrum edilen onlarça adamy türmeden çykarmazlykda, hatda‘olar ölümi ýa diri?’ diýen soraga jogap bermezlikde dümýäde taýsyz hasaplansa, prezidentÄrdogan öz harby garşydaşlaryny hem, gyssaga düşse, türmeden çykarýar…

Türkmen prezidenti metbugaty, sosial ulgamlary kontrollukda saklap, petikläp, milletini çärehalkyna öwürmekde ussat bolsa, türk lideri özünden ozal biraz demokratiýa gören türkleri sosialulgamlardan kesmekde beýle üstünlik gazanyp bilmedi.

Emma türk we türkmen prezidentleri, adalatsyzlykda, korrupsiýa oýunlarynda ‘garyndaş’ hembolsalar, geçen syýasy ýollary taýdan düýpden başga-başga ‘jandarlardyr’. Ärdogan hakykatdanhem halk tarapyndan, halk sesini alyp, syýasy sahna gelmegi başardy we türkçilik duýgularyny,musulmançylyk duýgularyny oýnamakda netijesiz hasaplanyp bilinmez.

Mysal üçin, türk telewideniýesi onuň Aşgabada sapary mahalynda ýerde ýatam kiçijik türk wetürkmen baýdaklaryny ýerden göterişini görkezdi. Şeýle-de ol musulman äleminde palestinalylaryňhak-hukuklarynyň esasy goragçysy bolup görünmäge dalaş edýär, dünýä derejesindäki liderleriňforumlarynda öz pozisiýasyny aýtmakdan çekinmeýär.

Emma Berdimuhamedow beýle forumlarda batyrgaý ýa başgaça pikir aýtmakdan geçen, elineýazylyp berlen teksti ýalňyşman okap bilse kaýyl. Sebäbi ol syýasata mitinglerde halkyň duýgusynyoýnaýan sözler bilen çykyş edip däl-de, häzir türmede oturan ‘dosty’ Ýolly Gurbanmyradowyňkömegi bilen geldi. Has anygy, Berdimuhamedow ilki Ýolly Gurbanmyradowyň dişini bejerip, soňdostlaşan müşderisiniň arkasyndan hökümdar Nyýazowa golaýlap, tanyşlyk esasynda saglykministri boldy.

Eger-de Rejep Taýyp Ärdogany ozal premýer-ministrlige, soň prezidentlige türk halkynyň milliduýgulary oýnalan köplügi saýlan bolsa, Berdimuhamedowy iki gezek hem köşkdäki azlyk‘saýlady’. Sebäbi ol azlyk ýurtda söz, pikir azatlygyny, syýasy-ykdysady azatlygy ýok edip,oppozisiýanyň döremek we işlemek mümkinçiliklerini onlarça ýyl yza süýşürmegi başarydy wehalk köpçüligini mejbury çäreçilere öwürmekde ‘uly üstünlik’ gazandy.

Emma muňa garamazdan, halk içinde, hatda sosial ulgamlara girip, teswir ýazýan türkmenleriňiçinde-de Ärdogany ‘mužik’ prezident hasaplap, Berdimuhamedowyň hem şeýle ‘mužik’, ýagnyerkek ýa adalatly bolmagyny arzuw edýänler bar.

Page 37: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

Wäşi Köşüli

“Gurbangula guwanýan” (24.02.2013)

Men bu sözi kiçi dilden bärde, ýa-da käbir ýazyjy-şahyrlar ýaly,

ýaranjaňlykdan, wezipe, baýrak almak üçin aýdamok, çyn ýürekden

aýdýan.

Aýtmaz ýalymy eýsem? Ol öňki prezidentiň, özüne “Beýik”, “Baky” diýdirip bizar eden diktatoryňýykgynçylykly syýasatyny ýok edip, ýazylganlyk, azatlyk getirdi. Ozal obadan-oba gitjek bolsaň,wiza almaly ýalydy. Otyrdyk öýden çykyp bilmän, titräp, bir zat diýmesinler, tutup türmätaşlamasynlar diýip. Nijeme gül ýüz ýigitler türmede çüýredi öňkiden ýaňa. Indi erkin gezip ýörüs,Garrygala gitseňem, wiza soraýan ýok, Guşga barsaňam. Heý, muň ýaly erkinlik düýşümizegirýämidi şo “Baky beýigiň” zamanynda?

O gün şäheriň eteginde oturýan daşgyn garyndaşym myhmançylyga geldi. “Gurbangula guwanýan,at münşem bir prezidente degýä” diýsem, ýaramady. Ýüzüni-gözüni çytyp, “Şu at agzama, atmünýän agzama meň ýanymda” diýýä. Asyl, görüp otursam, täze gurlan ippodrom sebäpliobalaryny göçürýän ekenler.

Bir wagt barypdym ol oba, baýyrlaryň arasynda, on bäş-ýigrimi sany hütdük jaýdan durýan kiçijikobady-laý, göçürseler göçüripdirler-dä. Üstesine, şol hütdük jaýlarynyň ýerine elitniden jaýamberýämişler. Öňki diktator wagty beýle elpe-şelpelik barmydy? Jaý baryny ýykdyrypdy, gyzyl dälibolup.

Çülide, Pöwrizede ýaşaýan garyndaşlarym nä günler gördi jaýlary ýykylanda. “Bar, gözüňi gyzganbilen süpür diýýädiler” o wagt arz edene. Şonda-da hiç kim zeýrenip bilenokdy. Indi bu prezidentadamkärçilik edýä, “jaýy ýykylýana jaý beriň öňürti” diýýä welin, bular nägile bolan bolýa.Nämemiş, sergin howaly obasyndan aýrylasy gelenokmyş. “Göwnüň ýene näme isleýä, Eýranyňşasy bolmak isläňokmy” diý-dä, walla…

Okuwly, bilimli adamlar akyllyrak bolaýjak ýaly. Ýok, hemmesi beýle däl. Olaryň käbiri has görip,içigara bolýa gaýta. Goňşym mekdepde çaga okadýa, aýalam mollumsumak. Ikisi bile okapmyşmollumçylygy. Jaýyň ýeňsesinde “Türkmenistan” gazetini okap otyryn welin, gülen bolup: “Goňşy,Gurbanguly näme edermenlik edipdir bu gün, näme ýazýalar gazetde?” diýýä. Ýanynda-da aýaly,olam dişini syrtardan bolýa. Ýogsa, Gurbangula ilki guwanmaly şolar, prezident bolup, ilki bilimreformasyna başlady, mollumlaň aýlygyny köpeltdi. Özleri begenip ýördi, ‘kampýuter berýälerçagalara’ diýip. Emma iki gün geçmän, ýaňsylan bolup başlaýarlar. Biziň milleytimiz ugursyzöýdýän, diýmäýin diýsem.

Şuny ýüzüne aýtdym bir gün goňşymyň. Emma ylalaşmady. “Näme jübüsinden çykaryp berdimi olmeň aýlygymy, işläp alýan, Afrikada-da berýärler çagalara kampýuteri” diýýä. ‘Şu sözleriňi öňkiprezident döwründe tapmaly ekeniň-dä’ diýjegem boldum, emma söz zaýalap oturman, turupgaýtdym.

Adamlar pensiýasy kesilende-de gepläp bilenokdy, indi işlemediklerem pensiýa alýa. Gurbangulyjomart bolmasa, bolarmydy şol?

Arada prezidentiň bir ýegeni eýlemiş, beýlemiş diýen gürrüňler ýaýrady. Aý, biriniň restoranynabaryp, bäş-üç müň dollar berip, “bu restoran indi meňki, sen git-de başgasyny gurun” diýýämiş; ýabiriniň ýanynda owadan aýal maşgala görse, “şunuňy maňa goýup git, göwnüm gitdi” diýip, zorbilen alyp galjak bolup durmuş; şoňňalyda biri depesine berip, on ýyl türmä basylypdyr” diýip, herhili gep etdiler.

Men-ä, dogrusy, agzy boş adamlaň gepine gulak gabardyp hem ýöremok. Ýöne samana ot düşenýaly, nirä barsaň hyşy-wyşy. Baryp ýetendir-dä ahyry özüne-de, şo ýegenini obadan çykmaz ýaly

Page 38: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

edäýipdir. Indi ýok, ýatdy bu gürrüňler. Ine, onsoň nädip guwanmajak Gurbangula?

Men ýazyjy-şahyr däl, ýogsam şuň neşekeşligiň garşysyna Görogly ýaly bolup, ýeke ösüniň gylyçsyryp çykyşyna ullakan poema ýa trilogiýa bagyşlardym. Emma talantly şahyr-ýazyjam ýok bolaraçemeli, hiç zat döredip bilmediler. “Ak gül” diýdi, beýleki diýdi, bolgusyz zat ýazýanlary. Ýönehudaý ýazyjylyk talantynam munuň özüne beripdir. Tüweleme, ýazýan kitaplary syýasy guramankadaşary ýurt dillerine terjime edilip, dünýä okyjylaryna ýetip dur. Ilki gönenen hem türkmeniň ot-çöpi, atlary we halylary boldy, dünýä tanatdy goýaýdy kitap ýazyp. Şundan öň, heý, şeýle ussatýazyjy boldumy türkmende?

Öňki pahyram kitap ýazan bordy, terjime-de etdirdi bir ýollar bilen, emma dünýä okyjylary alypgötermedi onuň kitaplaryny. Sebäbi özi ýazanok, diktator bolansoň, ýazdyrýa diýdiler, ogurlaýadiýdiler. Jany bolmaly bu zatlaryň. Ölen adama pylan-pismidan diýip, günä galyp oturmalyň ýöne,ýatan ýeri ýagty bolsun bendäniň…

Gurbangula-da ‘kitaplaryny özi ýazýan däldir’ diýjek bolýanlar bar. Emma men beýledir öýdemok.Ol dissiplinli adam, sport, at münmek, ok atmak, başarmaýan zady ýok. Öňki bende ‘bir çilimdenbeýlekini otlardy, arak-konýakdan gaýtmazdy, ýagly-ýüzliden dykar oturardy’ diýýä tanaýanlar.Ýetmişe-de ýetmedi, köşki-eýwanlary goýup gitdi yzynda. Akyl ýoklugy-da, ýa hudaýa-da gowusygerek.

Arada şäheriň o çetinde oturýan ýegenler toý etdi. Barsam, Londonda okaýan ogullaram gelipdir.Çaý başynda Türkmenistanyň daşary ýurtdaky abraýy barada soraýmanmy? “Aý, daýy,Türkmenistany bilýän ýok, eşidenem gülýä” diýýä. “Näme gülkünç zat barmyş Türkmenistanda?”diýsem, ‘prezident-kloun’ diýýä.

Men-ä, dogrusy, ýegenimem bolsa, şojagazyň bolan bolşuny halamadym. Ýogsam bolmasa,Gurbanguly prezident bolandan soň Londona okamaga gitdi, ozal beýle zat düýşlerine girjekmidi?Onsoňam, men “London” diýip, her gezek basym berip, ýöriteläp dogry aýdýanam welin, “Landan”diýip, her gezek okaýan şäheriniň adyny ýalňyş aýdýa, bolýamyş-da.

Ilçilik, bazara-beýlekä barsaň, garaşmaýan zatlaryň hem bolaýýa. Geçen hepde mal bazarynabardym welin, bir gumly syýasatdan parlan bolup otyr. Ne Obamasyny goýdy, ne-de DeýwidKamerony. Olara näme diýse diýsin, owarram diýsem, Gurbangula-da diýmedik zady galmady-ow.Nämemiş, ýurtda kanun ýokmuş, bir adamyň daşynda aýlanýamyş durmuş.

“Beýle däldir, ak bazaryň ortasynda ýalan sözleme” diýdim. Gaty gyzma adam eken. ‘Meniň ata-babamda ýalan sözlän ýok, sen maňa näme diýýäň?’ diýip, ýakamdan ebşitläp tutdy. Elleri dagy,demir ýaly eken. Wagtynda ýetişip, elinden almadyk bolsalar, dem bermän, birsellemde gök daşedip taşlaýjak.

Töweregindekiler belet eken, gidensoň: “Beýtmeli däldiň, ‘ýalançy’ diýip, iň halamaýan sözüniaýtdyň-da” diýdiler. Dogrusy, ysgynymy aldy ol, esli wagt ýerimden galyp bilmän oturdym. Soňgörsem, balagymam biraz öllän ekenim…

Arkadaga “gorkak” diýdirmen (02.03.2013)

Eger meniň özüme diýseler, boýun alýan, gorkak kemim ýok. Çagakamam gorkakdym, 10-12ýaşlarymda-da garaňkyda daş çykmaly bolsam, gyz doganymy ýanym bilen alyp çykýadym. EmmaArkadaga “gorkak” diýdirmen.

“Şermendäň şaýady ýanda” diýleni. Myhmanyna-da tassykladýa, “Sen näme diýýeň, gorkak dämişo?” diýýä. Olam “Gorkak, biz obada oňa hemme şeý diýýe” diýen bolýa.

Özümdenem bar, elbetde. Hil bir goňşym bar ýaly, “Daşoguzdan dosty gelipdir, myhman bilensalamlaşaýyn” diýip, baran bolýan. Ýeri, bardyň, taň etdiň, gaýdyber-dä geplemän. Ýok,

Page 39: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

başarmadym. “Arkadagyň ediberşini gördüňmi, sekiz çaga dogran onlarça ene gül ýaly jaý alýa birýyldan” diýip, asyl, ýanyp duran oduň üstüne benzin sepäýmenmi. Bäh, laňňa ýerinden galdy-aýt otalyp.

“Sen – diýýä, – şu populist kararyň edil şu wagt orta atylmagynyň sebäbi barada pikir etmediňmi”diýýä. Bularyň pikiriçe, Arkadag şuňňaly zady diňe göz boýamak üçin edýämiş.

“Ýok – diýdim, – gowy iş edilse, men onuň aňyrsyndan çöp gözlämok, “Hiçden giç ýagşy” diýipbegenýän” diýdim. Bu-da üstüne urna boldy.

“Bu karar – diýýä, – Stambul aeroportunda tutulan altyn ýükli uçardan halkyň ünsüni sowmak üçinkabul edildi – diýýä. – “Polimeks” “Türkmenhowaýollarynyň” uçarynda bir tonnadan gowrakaltyny Aşgabada bikanun getirjek bolupdyr – diýýä. –Bu ýerde näme oýunlaryň gopýanyny çen-çaketmeýeňmi?’ diýip, gapdalyndaky myhmanynyň şiwesini garyp gürlän bolýa.

Menem kem oturmadym: “Ýok ,“Güman imandan aýrar” diýipdirler, men ýaman pikir etmeýen bukarar barada, çül-çagaly garyp maşgalalar mugtja jaýly bolsa, ondan uly sogap barmy? Haýsyýurtda beýle zat bar?” diýip, öz üstüne süründim gaýta. “Menem eşitdim Stambulda saklanan altynbarada, haýsy bir uçaryň ýüküne Arkadag jogap bersin?” diýdim. Dogru-da walla, goranmagyňgowy usyly hüjüm etmek diýipdirler.

“Ýok, ol uçar biziňki, altyn Aşgabada getirilýän eken, bir tonna gowrak altyn. Arkadag bilmeýändiröýdýäňmi şony öňünden?” diýip, olam hüjüm etdi onsoň.

“Erol beý aýdypdyr-a, how, günbatar ýurtlary tarapyndan embargo girizilen ýurtlara gurluşykmateriallary üçin bankdan pul geçirip bolanok, şoň üçin ulanjakdyk bi gyzyly” diýip. Mundan beternäme gerek?”

“Hakykat gerek! “Polimeks” bi ýurtdaky garma-gürmelikde milliardlap dollar ýasady, ýeneýasamaly. Munuň üçin oňa Eýrän bilen däl, Arkadag bilen hasaplaşmak gerek. Emma ol Günbatarsanksiýalaryndan sowlup, Eýran bilen hasaplaşmaga altyn getirýädim diýýä. Bi Günbataryň öňündeöz ýüzüňe gara çekmek. Bi Erol beýiň aýtjak zady däl. Emma ol Arkadagdan ünsi sowmak, iýdireneli çapmazlyk üçin öz at-abraýy, şoň bilen bile Türkiýäniň abraýy bilen oýnaýar, düşündiňmi?”Goňşym içýakgyç ýylgyryp, “nätdim?” diýýän ýaly, myhmanynyň ýüzüne gedemsi göz aýlady.

Men sowukganlylygy elden bermän: “Dildüwşik teoriýalaryna ynanamok. Bi gyzyla Arkadagyňdahyly ýok” diýip, goňşymyň özüniňki ýaly, içýakgyç ýylgyrdym.

Mugallym bolup, çagalara sapak berip ýörşüne haýran, argumentime kontr argument tapman,gaharyndan çişip, tas ýarylypdy. O ýanyndaky myhmanam goldan bolýa, dostumyş-da: “Şo çül-çagaly garyplaň jaýsyz galmagyna sebäp bolýan şo “polimeksler” bilen gurulýan gymmat köşkler-dä, agam, birazajyk pikir edeý-dä” diýen bolýa.

Edepsizligem bolsa, myhmana Arakadagyň welaýatlaryň halky üçin gurýan zatlaryny ýatlatmanbilmedim. Bu-da ýene goňşymyň çetine degdi: “Hawa, git-de ilki Babaraby, Arkadagyň obasynygör, soňam Daşogza git-de, şularyň obasyny gör, deňeşdir, haýsy gowy?” diýip, ilki gülen boldy.

Soňam: “Hawa-da, her kimiň köýnegi öz tenine ýakyn, ilki öz obaňy düzetmeli-dä. Hatda bagekmeli bolsa-da, öz obaň töweregine 1.5 million, ýurduň galan bölegine-de 1.5 million düýp nahaloturtmaly, deňlik bolýamy onnoň şü? Ýurduň puly ýurda deň-derman siňdirilmeli dämi? Ýa ol diňebir obaň pulumy?” diýýä.

Şu ýerde gaýdybersemem bolýady, ýöne dil bir öl ýere biten zat, “Gorkak bolsa, alternatiwkandidatly saýlaw geçirmezdi, öňki “saýlaw” sözüni agzatmazdy ahyryn. “Gorkak” diýip, şoňaaýtmaly” diýdim.

Goňşym bu söze ot alyp galdy. Aý, papagyny gysymlap, edil Lenin däldirin öýtmedi özüne: “Onähili alternatiw kandidatly saýlaw? Ynandyňammy şoňa? Ol şonda gorkaklygyň çür depesine

Page 40: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

çykdy. Bütin dünýä görkezdi gorkaklygyny, dünýe-de gördi, sen görmediňmi?” diýip, gözüniçakgyň çüýi ýaly edip, ýüzüme bir çiňerilýär-aý…

“Ýok, men beýle zat görmedim, tersine türkmen batyrlygyny, halk agzybirligini gördüm” diýip,gaharyma menem ýerimden galdym.

“Otur-otur, gyzman gürleşeli, öýde, iki goňşy bolup gürleşmäni öwreneli. Gürlreşmäni bilmän şü

güne düşdi ozalam bi millet” diýen bolýa. Oturdym onsoň. Özi bilen deň bolsaň, çykyp gaýtmaly,

gaýdybam ýüzüni görmeli däl.

“Nämeden gorksun ol, saýlawda halkyň özünden başga söz bermejegini bilip dur-a?” diýip, ýenegürrüňi özüm ugrukdyrdym.

“Hawa, ol şeýle, halk şondan başgany bilenok, syýasy tejribesi hem ýok, özem gorkuzylan, döwletbaşyndaky adamdan başga ses bermäge het etjek az, emma ol şonda-da gorkdy. Halkdan gorkdy,demokratiýadan gorkdy, adalatdan gorkdy. Şondan demokratiýa ýol berenok, şondan halka ýolberenok, şondan metbugat azatlygy ýok, düşündiňmi indi?” diýýä.

“Ýok, düşünmedim – diýdim. – Gorksa, ‘daşary ýurtdaky özüni oppozisiýa hasaplaýanlargelibersinler’ diýmezdi” diýdim.

“Onam gorkup diýdi, Abadanda bolan partlamalardan gyssanjyna, belki-de halkyň ünsüni sowmaküçin, özüni oppozisiýa hasaplaýanlar gelsin diýen boldy, emma sözüniň yzynda durmady. Daşaryýurtdakylary goýberjekmi bi ýurda? Gorkak-züwwetdin-ä, how” diýip, gülen bolýa. Ýanyndakymyhman bolsa: “Daşary ýurtdakylaram şuňňaly bor-da prezident bolsa, ozal wezipeden agzy tagamtapan adamlar olaram” diýýä.

Turup gaýtsam, ýeňlen ýaly boljak. “Ýurdy parahat saklap otyr, uruş-gykylyk ýok, şuň gadyrynybileliň-le, indiki geljek mundan beter bolsa bildikmi?” diýip, köpmanyly gürledim.

“Hawa, Hitrowkada iki sany oglanyň garşysyna ýüzläp soldat, tank sürüldi, iki günläp atyşyk boldy,Abadanda adamlar sowet döwrüniň ok-därisniň astynda galdy diýmesek, uruş ýok. Ýöne adamlarýurtdan gaçýar-ow, gidýär başaran, geljegem däl. Gowulyk, parahatçylyk bolsa, kim ýurtdangitjek?” diýip, olam köpmanyly gürlän bolýa.

“Wäh, şo Hitrowkada bolan atyşygy aýtdaýt, men şuň gorkakdygyny şonda bildim. Bolmasa,şäheriň ortasynda beýdip atyşman, gürleşip hem bordy oglanlar bilen – diýip, myhmanam başynyýaýkan bolýa.

“Şondan soň harbylara orden-medal, jaý, köp pul berip başlady bi, gorkdy” diýip, goňşymArkadagyň harby pudakda eden gowy işlerini hem garalap taşlady. Beýle-de görip, içigara adamboljak eken, bir gowy eden zadyna gowy diý-de aýdaý-da adamyň, walla. Ýok, boljak däl, “bimillete näçe köp jan çekseň, şonça-da özüň hakda kän gybat eşidersiň” diýýädi bir ýaşuly… Beh,kim aýdyp-daýt şunyny? Dogry aýdan eken-ow, bijaý dürs aýdypdyr, onlukdan urupdyr asyl, bäh…

“Ýok, oglanlar, men Arkadaga “gorkak” diýseňiz, siz bilen oňuşmaryn” diýip, ahyry bolmajagynybilip, ýuwaşjadan ýerimden galdym. Agşamam bir çene baryberipdi, ýatmaka barmasam,aýalymdanam ätiýaç edýärdim.

“Wäşi aga, gaty görme, ýöne şol gorkak – diýip, goňşym hikirdäp gülen bolýa. Uly adama,molluma meňzeş däl. ‘Meniňem zat düşündirjek bolýan adamlaryma seret’ diýip, özümden göwnümgeçjek boldy. O bolsa, içimdäki harasatdan habary ýok: “Onda-da baş harp bilen ýazylýan“Gorkak” şol” diýip, gapa ugramda hem awusyny pürkmäni goýanok.

Ýadymda, ol ozal bir gezek ‘türkmen mediasy “hormatlyny”, “prezidenti”, “lideri”, “döwletbaştunanyny” baş harp bilen ýazýa, bi ýalňyş’ diýen bolýady. Indem: “gorkagy” baş harp bilenýazmaly diýýä. Özleri birini kemsitjek bolsa, her zat etjekler, emma biri sylanyp, oňa birki gezek“Hormatly” diýilse, bagyşlap bilenoklar, pes adamlar-ow…

Page 41: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

Arkadag gorkak bolsa, şeýdip at münüp, at çapdyryp bilermi; şeýdip iň gymmat maşynlary satynalyp, göz edip maşyn sürüp bilermi; şeýdip milliardlarça dollarlyk kontraktlara hiç kimden soramangol çekip bilermi; ýurda tonnalap altyn daşadyp bilermi? Gorkak bolsa, Ahmedinejat bilen saçaklygatnaşyp, ondan uçar sowgat alarmy? Men diýen ýurtlaryň wekilleri Ahmedinejat BMG-de çykyşedende, zaldan çykyp gidýär-ä, how… Ol ne “Arap ýazyndan” gorkýar, ne-de “Gyrgyzdemokratiýasyndan”… “Adam hukuklary, metbugat azatlygy, beýleki” diýip, näçe gygyrýalardaşary ýurtlardan, diýýämisiňizem diýenok. Sebäbi gazy bar, gyzyly bar oglanyň! “Gyzyl görse,Hydyr azar” diýlenini bilýär ol. Haýsy ýurduň lideri edip bilýä şeýle oýunlary? Päheý-de welin,diýmäýin diýsem, her kim gürlejek ýene. Özüňiz gorkak, diňe öýde, heleýňiziň ýanynda gürläpbilýäňiz…

Dogrusy, gaharyma degişli edaralara jaň edip, gybatçylaryň temmisini berdireýin diýibem pikiretdim, emma öýe gelemsoň, pikirimi üýtgetmeli boldum. Goňşymyň arkaýynja gürlemeginiň sebäbibardy: aýaly aýalym bilen aralaryndan gysyr çybyn gysylyp geçip bilmeýän jorady. Şeýle bolansoň:“Wah, edäýmeliň-ä belli-le, arman tylym gowşak bolýa-da” diýip, ýatyş otagynyň gapysynda içimigepletdim. Emma bu sözleri içimden däl, daşymdan aýdan ekenim.

“Näme diýdiň?” diýip, aýalym düşekde kitap okap ýatan ýerinden, ýassykdan çala başyny göterip,

hemleli sorady.

Zalymyň gyzy, düşekde, ýatyş köýneginde, saçlaryny çözende hasam owadan görünýä. Gürlänbolşuna seretsene,özüne göwni etýä-dä…

“Ýok-la, biderek zat-la, goňşydyr-da…” diýip, aýtman sypjak boldum. Sebäbi basymrak düşegegeçip, aýalymyň ýanynda gyşarasym, ak gujakda rahat tapasym gelýärdi.

“Ýok, aýtmasaň, hiç zat tama etme” diýip, aýalym gaşyny çytdy. Onsoň aýtmaly boldum.

“Men saňa ‘goňşy bilen jedelleşme, ol köp okaýa, köp bilýä’ diýmedimmi? Arkadagdan habarsyztonnalap gyzyl getirjek bolarmy şo Erol beý bärik?”

“Diýdiň, ýöne Arkadagyň o gyzyldan habary bolsa-da, Eýran bilen hasaplaşjak diýensoň rugsatberendir. “Kyýamat güni goňşudan” diýipdirler. Günbatar Eýrana nähak azar berýä, ýadroprogrammasy bahana, nebite göz gyzdyrýa. Arkadag bolsa…

“Arkadag Eýrana kömek etjek bolmaz, oň bar gaýgysy özüdir.”

“Men başga bir zat eşitdim, ynamdar. Arkadag o gyzyly aýal-gyzlara 8-nji mart sowgadyny bermeküçin getirtjek bolan bolmaly…”

Aýalym bu sözüme jakgyldap güldi. Ýöne “gaharyny aňsatja ýazdym-ow” diýip, pikir etmäge-deýetişmedim. Ýüzüme urlan ýassyk bilen bile daşky otaga atyldym. Sebäbi aýalyma beletdim,ýassykdan soň eline ilen zady zyňyp başlaýardy.

Kiçijik köppartiýalylyk (18.11.2013)

Şu günler, birhili, köçä çyksam, ýöremegiň ýerine uçup barýan ýaly bolýaryn. Birhili, ökjäm ýeredegmeýän ýaly. Ozallar öýden çykyp, işe ugramda, çala büdresem, “aýagyňy döwüp, maýybametjek bu ýollar, seredýänem ýok” diýip, trotuardaky döwük-ýenjiklere gargynyp, işe barýançamhüňürdär barardym. Indi bolsa, ernim bir ýere gelmän, özüm bilmän ýylgyrýaryn.

Ilki munuň sebäbine düşünmedim. Ýöne men bir zada düşünmesem, aňsat çykalgam bar,aýalymdan soraýýaryn. Ol maňa hemme düşünmeýän zadymy aňsatja, ynandyryjy edip düşündiripberýär.

Bu gezegem şeýle boldy: “Şekerim, şu günler, birhili, keýpim kök, bir zada begenýän ýaly, şunuňsebäbini düşündirsene – diýdim. – Oglum boljak ýaly edil, ýa sen göwreli-beýleki bolduňmy ýene?”

Page 42: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

“Ýok, men däl, sen göwreli – diýip, aýalym jakgyldap güldi. – O gün, telewizorda dekabrdaparlament saýlawy boljak, parlamentdäki orunlara bir däl, iki partiýanyň dalaşgärleri gatnaşjakdiýenlerinde, begenjiňden tas oturan ýeriňden böküp turupdyň. Şonda bildim men seň “göwreli”bolanyňy…”

Aýallar synçy bolýar diýilýäni çyn. Men oňa özümiň bu habara begenenimi bildirmejek bolupdym,sebäbi onuň “sada bolýaň-ow, ärmuhammedim” diýip, üstümden güljegini, syýasy düşünjämiňdarlygyny ýaňsa aljagyny bilýärdim.

Aýallar synçy, bu dogry, emma olar köplenç syýasatdaky kiçijik ädimleriň hem uly netijesiniňbardgyna kembaha garaýarlar.

Men işe baryp, kärdeşlerim bilen begenjimi paýlaşjak boldum. Emma ynanyşýanja iki kärdeşimhem, edil aýalym bilen pikirdeş bolmasalar-da, meniň begenjimi paýlaşmadylar. Olaryň biri:“Nobatdaky oýundyr-da, iki partiýa bormy şu ýurtda, entek bir partiýa ýok” diýdi. Men onuň bupikirine beletdim, ol bizdäki öňki partiýany hem “kommunist aždarhanyň taşlan gowy” diýipatlandyrýardy. Onuň pikiriçe, biz aždarhanyň birwagt taşlap giden gowundan gorkup ýörenadamlardyk. Ikinji kärdeşim bolsa, gülüp: “Bä, onda bizde parlamentde gyzyl ýumruk urşy boljak-da basym” diýip, ýaňsylan bolup goýdy.

Men biziň deputatlarymyzyň entek parlamentde beýle jarka-jarka girmejegine, elbetde, düşünýärin.Ýöne bu syýsat, goý, ýasama partiýa bolsun, bizde-de indi iki partiýa bar. “Oýnap ekseň, boýnapbiter” diýipdirler. Birki ýyldan, köppartiýalylygy köpeltmek üçin, üçünji, dördünji ýasama partiýanydörederler. Sebäbi men bilýän, prezidentimiz bir zada düşünse, birde-ikide durmaýar. Mysal üçin, olilki daşary ýurt kompaniýalry bilen köşk, ofis, myhmanhana, elitka jaý, şaýol gurmaga gyzykdy,birde-ikide durdumy?

Stadion meselesinde, her hili del sportlary durmuşymyza ornaşdyrmakda, ylmy konferensiýalarygurnap, daşary ýurtdan adam çagyrmakda, çäre üstüne çäre geçirmekde hem şeýle boldy. Ol hemöňdengörüji, hem praktik adam. Ilki bir zady barlap, synag edip görýär, peýda barmy ýa ýok, barbolsa, işi has giň gerimde dowam etdirýär.

Ozalky prezident beýle däldi, gorkakdy, köppartiýalylyk, adam hukuklary, syýasy tussaglar diýenýaly sözleri eşitse, gyzyl-däli bolýardy. Bu beýle däl, giň. Dogry, howlukmaýan ýaly, emma gördüg-ä, köppartiýalylyk meselesinde, ikinji partiýany döretmek barada buýruk berip, öňküden bir ädimöňe süýşdi. Eger ol “ertir ýene birnäçe partiýa dörediň, kanun öňünde hemmeler deň bolmaly,tankytdan ýokarda adam ýok, meniň aýal doganlarymy hem kanundan ýokarda goýmaň, aga-ak,gara-gara diýiň” diýse, kim oňa ýok diýer? Hiç kim.

Men işden gaýdyşyn pikir-hyýala çümdüm. Ine, täze saýlanan deputatlar Mejlisiň nobatdakysessiýasyny geçirýärler. Olar döwlet bujetini ara alyp maslahatlaşmagy karar edipdirler we busessiýa döwlet baştutanyny hem çagyrypdyrlar.

“Bäh, işe başlap-başlaman Hormatlyny çagyrypdyrlar, howlugaýypdyralr öýdýän” diýdim. Görsem,parlamentiň sessiýasyny açýan, alyp barýan hem Hormatlynyň özi. “Beh, bul-a bolmandyr, daşaryýurtlar ýene tankytlar” diýip, içimden pikir etdim. Emma Hormatly meniň içimden eden pikirimibiljekmi. Ol täze saýlanan deputatlara ýurduň jebisligi, halk agzybirligi, bileje dawalaşman işleşmekwe beýlekiler barada nesihat edip, soňam öz täze ýazan kitabyny sowgat berdi. DeputatlarHormatlynyň sözlän gysga sözüni birnäçe gezek gürrüldili elçarpyşmalar bilen böldüler. Soň olarHormatlydan özlerine sowgat beren kitabyna awtograf ýazyp bermegini, özleri bilen taryh üçinsurata düşmegi haýyş etdiler.

Men bu bolýan zatlary görüp, ýanymda aýalymyň, ynanyşýan işdeş ýoldaşlarymyň ýokdugynabegendim. Öýe barsam, aýalym üstümden güler diýip, awtobus deňimize baranda maşyndandüşmegi unudan boldum. Indi ol soňky duralga baryp, yzyna gelýänçä pikirlenmäge wagt boljakdy.

“Hiç ýurtda-da birden köppartiýalylyk dörän däldir, bu bir proses, ýuwaş-ýuwaş biziňkilerem taryhabaşgarak görünşde girmelidigine düşünerler” diýip, men özüme göwünlik berdim.

Page 43: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

Gowy pikir etmeli, ýagty tarapa seretmeli diýilýäni dogry. Bu pikir meniň dilime gowy sözleri salypberen ýaly boldy. Men “Jübi däl, halk parlamaneti, hakykat mejlisi” diýip, öz ýanymdan süýjipyşyrdadym. Ýoga-beýlekide hem şunuň ýaly usullar ulanylýamyşyn ahyryn…

Awtobus soňky duralga baryp, yzyna öwrülende, meniň pikir-hyýalym öýümiziň ýanyndakyduralgadaky derejesinden has ýokarlaryk galypdy. Ýagny men indi Hormatla el çarpýan däl, ondanher sowlan köpük üçin hasap soraýan deputatlary görýärdim. Olar biri-birine gezek bermän, biriotursa, beýlekisi ör turup, Hormatlyny paýtagtda gurlan gymmatbaha guluşyklar, etrap, welaýatýerlerindäki ýykyk ýollar üçin çüňke gabaýardy.

Dogrusy, hyýalam bolsa, men ilki göz öňümde bolup geçýän zatlardan gorkdum. Hormatly buýagdaýy görüp, köppartiýalylygy ýatyryp, ýene öňki bir partiýaly sistema geçmeli etmese ýagşydiýdim. Emma ol yza gaýtman, her soraga anyk jogap berýärdi we hatda käbir diýilýän zatlarybarlatmagy, eger şeýle faktlar ýüze çykarylsa, bu kontrakta dahylly ministre ýa häkime kanunesasynda çäre görmegi wada berýärdi.

Men awtobusdan ernim bir ýere gelmän ýylgyryp düşdüm. Dogru-da walla, “pozitiw pikirlenmeli,hemme zat gowy bolar” diýip, içimi gepletdim. Gowy pikir etseň, pikiriň hem açylýar.

Aýalym meni görüp: “Henizem Aý gören ýaly bolup ýörmüň?” diýip güldi.

“Şekerim, köne kitaplaryň birinde okapdym: “Arslan çagasyny, enesi ölenem bolsa, güjüktutunmaň, ol birden ulalar we şir bolar” diýip. Biziň köppartiýalylygymyz hem, häzir kiçijigembolsa, birden ulalyp biler!”

“Wah, ulaltjak bolsaň, kän emdirmeli bor ony, öz-özünden ulalmaz” diýip, aýalym uludan dem aldy.

Pozitiw pikir (23.11.2013)

Ozalky Baky beýik prezident ýogalyp, täze Hormatly prezident saýlanandan soň, kän wagt geçmäntürkmen telewideniýesiniň gepleşiklerine tomaşa etmämi bes etdim. Sebäbi täze prezident, birhili,öz roluny ynandyryjy oýnap bilmeýän ýaly göründi.

Prezident diýilse, iki sagatlap ýygnak geçirip, bir özi gürleýän, azgyrylýan, ministrleri garnyna-beýlekiseine at dakyp masgaralaýan adam bolmaly ýaly, men täze prezidentiň az, üstesine özüneynamsyz gürleýşine öwrenişip bilmedim. Ýöne anna güni, Ministrler kabinetiniň ýygnagynygeçirende, öňräk eşiden bir gürrüňim sebäpli, “gel, şuny bir gezek bir ünsli diňläp göreýin-le”diýdim.

O gürrüňi awtobusda, öňümdäki oturyçda oturan iki sany adamdan eşidipdim. Olar tä barjakýerlerine ýetýänçäler prezidentiň gybatyny etdiler, “gürlemäge gezek gelende duran ýeri, ‘hem’bilen ‘ineden’ başga sözi bilýäne meňzänok, ‘munny-mynny’ edip, Hormatly prezident bolaýşyny”diýip, mys-mys güldüler. “Eşidişime görä, oňa ýygnagy açmak we ýapmak, arasynda bir zatlardiýen bolmak üçin gysga tekst ýazyp berýämişler, şony zordan ýat tutýamyş bende, ýene ‘kitapýazýar’ diýip aldan bolýalar” diýip, awtobusdan düşmek üçin ýerinlerinden turanlarynda, olaryň biritöwerekdäkilere hem eşidiler ýaly edip, gaharly aýtdy.

Bu gürrüň meni, näme üçindir, gaty gyzyklandyrdy. Ýogsa ozalam Hormatly prezident hakda herhili gybatlary eşidipdim. Onsoň, “Hemedan daş bolsa, kädi ýakyn” diýipdirler, anna güni (22-njinoýabr), habarlar başlanda diňläp göreýin-le şuny” diýdim.

Diýşim ýalam etdim, habarlar programmasy başlady, menem elime galam bilen depder alyp,telewizoryň öňünde gyşardym. Diýlişi ýaly, diktor hökümetde maslahat geçirilendigini aýtdy, soňHormatly prezidentiň özüniň ýygnagy açyşy eşitdirildi. Şondan soň birsellem ýene diktor gürlediwe Hormatly prezidentiň ýetip gelýän Hasyl toýy barada aýratyn durup geçendigini habar berdi.Şondan soň ýene Hormatly prezidente gezek ýetdi:

“Hormatly Ministrler kabinetiniň agzalary, ine, biziň öňümizde dabaraly, ine, toý-baýramy ýetip

Page 44: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

gelýär, ýagny ýurdumyzda her ýylyň noýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenýän baýram, ýagnyHasyl toýy hem ýetdi – diýip, Hormatly prezident bir sözlemde birnäçe gerekmejek ‘hem’ we ‘ine’ulanyp, sadaja edilip taýýarlanan tekstini ‘ýatdan okamaga’ başlady. – Berkarar döwletimizde Hasyltoýunyň şuň ýaly uly baýram hökmünde hem bellenmegiň örän bir giň many-mazmuny hem bardyr.Bu baýram halkymyzyň bir yhlas bilen zähmet çekip gazanan baýlyklaryna, öndürilen bol hasylynabolan buýsanjyň aýdyň hem beýanydyr. Türkmen daýhanlaň şuň ýaly halal zähmetine döwletderejesinde hem goýulýan belent hem sarpadan hem nyşandyr. Biz ýurdumyzda edil beýlekipudaklar bilen bir hatarda hem oba hojalygyny ösdürmäge aýratyn hem üns berýäris.” Men haýdap,Hormatly prezidentiň gerekmejek ýerlerde ulanan sekiz ‘hemini’ depdere belledim.

“Oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan düýpli özgertmeler, bu kabul edilýän çözgütlerýurdumyzda azyk howpsuzlygyny hasam, ine, berkitmäge, türkmen topragynda öndürilýän ýokaryhilli önümleri daşary ýurtlara ibermäge hem gönükdirilendir. Häzirki döwürde prezidentmaksatnamasyna laýyklykda eziz diýarymyzda ak bugdaýyň, ine, gök-bakja ekinleriň, miweleň weir-iýmişleriň hem bol hasyly ösdürip ýetişdirilýär we ýurdumyzda hem azyk önüminiň bolçulygynyhem döredýäris – diýip, Hormatly prezident aýtdy. – Gallaçy we pagtaçy daýhanlammyzyňgazanýan üstünlikleri hasam hem bizi, ine, guwandyrýar. Olaryň ýadawsyz zähmeti netijesinde şuýyl hem ýurdumyz boýunça galla we pagta taýýarlamak baradaky hem şertnamalaýynborçnamalary, ine, artygy bilen ýerine ýetirildi.” Men haýdap, dört ‘ine’, ýedi ‘hem’ diýip belledim.

“Biz babadaýhanlarymyza netijeli zähmet çekip, toprakdan bol hasyl öndürmekleri we halalzähmeti bilen hem baýamaklary üçinem ähli zerur şertleri hem döredýäris. Ine, muň şeýledigineýokary hilli oba hojalyk tehnikalaryň yzygiderli hem satyn alynmagy, topragyň berkedini artdyrýanminearal dökünler we beýleki hem serişdeler bilen daýhanlaryň ýeňillikli hem bahalardan dolyüpjün edilmegi kärendeçiler bilen tabşyrylan önümler üçin hem hasaplaşyklaryň öz wagtynda hemgeçirilmegi aýdyň hem şaýatlyk edýär – diýip, Hormatly prezident aýtdy. – Oba zähmetkeşleriniňdöwletimiz tarapyndan özleri barada edilýän bu aladalara hem, yzygiderli berilýän hemaýatlarahem, ine, jogap edip, netijeli zähmet çekjekdiklerine, geljekde hem has ýokary hem sepgitlereýetjekdiklerine hem men berk ynanýaryn.” Meniň bu gezekki sanap ýetişenim on iki ‘hem’ boldy.Jemini jemlesem, Hormatly prezident üç-dört minutlyk gysga sözde otuza golaý ‘hem’ ulandy. Egerol ýygnakda öňki Baky beýik prezident ýaly iki sagatlap gürlese, millet ‘hemden’ we ‘ineden’ bizarbolup, däliräp düze çykaýmaly bolardy.

Türkmen telewideniýesi erbet diýip ýördüm, ol Hormatly prezidentiň ýygnaklarda sözleýän uzynsözlerini gysgaldyp, galan ýerlerini öz sözleri bilen, redaktirläp eşitdirip, halk saglygyny goraýaneken. Men indi, anna gününden bäri, türkmen telewideniýesi barada öňki pikirimi üýtgetdim, ýagnypozitiw pikir edip başladym.

Ezilen halkyň arzuwy (18.01.2014)

Adamlar, men şu gün pikir etdim, has dogrusy arzuw-hyýala batdym. Muny begenip aýdýanymyňsebäbi bar: mende uzak wagt bäri beýle ýagdaý bolmandy, ne pikir edipdim, ne arzuw-hyýalabatypdym.

Bilýän, siz eýýäm “Bu bende näme pikir etdikä, nämäniň hyýalyna batdyka?” diýip pikir edensiňiz.Gördüňizmi, meniň pikir etmegim sizi hem pikirlendirdi. Diýmek, meniň pikir etmegimiň özi hempozitiw zat. Bu meniň uzak pikir etmezligimiň, ýagny telewideniýe näme aýtsa, şol aýdylan zatlaryçeýnemän ýuwdup, gurbaga ýuwdan ýylan ýaly, siňdirip bilmän, meýmiräp ýatmagymyň negatiwzat bolandygyny görkezýär.

Hawa, garaşdyryp, siziň gyzyldan gymmatly wagtyňyzy almaýyn, eden pikirimi aýdaýyn.

Men “eger Arkadag her hepde mejlis geçirmese, ýa aýda saglyk ýodasyna çykmasa, tigir sürmese,possujak agtygy bilen at münmese, kakasyny, atasyny hem goşup, ýylda bir ýa iki kitap ýazmasa,

Page 45: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

ýaşlara goşulyp, toý bagşylaryna öýkünip, mejnun bolup aýdym aýtmasa ýa dijeýlik etmese,telewideniýe näme hakynda gürrüň ederdikä?” diýip pikir etdim.

Bu pikiriň yzyndan bolsa, “eger döwlet daýhanlara näme ekmelidigini, haçan ekmelidigini, näçebahadan döwlete tabşyrmalydygyny, maldarlara haçan sygyr sagmalydygyny, çopanlara haçansürini örä çykarmalydygyny, haçanrak suwa ýakmalydygyny aýtmasa, näme bolardyka?” diýipoýlandym.

Ondan soň bolsa, “eger döwlet medeniýet işgärlerini, ýazyjylary, kompozitorlary, hudožnikleri,kinoçylary öz günlerine goýse, senzura duzagyndan boşatsa, näme bolarka?” diýip oýlandym.

Işdä nahar başynda açylýar diýýärler. Daşary ýurt firmalary, türkler, fransuzlar bilen baglaşylýankontraktlar, milliardlap ýele sowrulan dollarlar, işsiz galan, jenaýata baş goşan we türmä düşenadamalr, daşary ýurtlara giden ýaşlar hem göz öňüme geldi, emma olar barada çynlakaý oýlanmagagorkdum…

Pikir etdigimçe pikirim açyldy, “eger döwlet ýaşlary, studentleri, mekdep okuwçylaryny gününegoýsa, interneti petiklemegini, aragatnaşyk serişdeleriniň öňüne böwet basmagy bes etse nämebolarka?” diýip pikirlendim.

Soňundan has gowy pikirler geldi. “Eger döwlet, ‘milli howpsuzlyk’ bahanasy bile adamlary bir-birini satmaga mejbur etmese, edara başlyklary ilki Milli howpsuzlyk komitetiniň agenti bolup, soňprezidente hasabat bermse, öz işini etse, nähili bolardy?” diýip oýlandym.

Şeýdip pikir edip otyrkam golaýdaky çagalar bagyndan şadyýan gülki eşidilen ýaly boldy. Çagalarýasama däl, çyndan şadyýan bolup gülýän ýaly boldy. Bu meniň uzak wagt bäri eşiden gülkim ýaşadyýanlygym däldi.

Golaýyňda çagalar bagy bolsa, ene-atalaryň irden we agşamlyk çagalary bilen edýän gynançlygürrüňlerini, çagalar bilen ene-atalaryň arasynda barýan dartgynly geşleşikleri hem eşitmeli ýadiňlemeli bolýarsyň. Çagalar düşünmeýärler, olara köp zat gerek, iň gerek zat bolsa ene-atalarybilen köpräk bile bolmak. Emma işleýän ene-atalar, çärelere gatnaşmaly bolsa, işden giç çykmalybolsa, ýa wada beren oýunjaklaryny satyn almaga pullary bolmasa, çagalary bilen özlerini aklap,ötünç soraýan ýaly bolup, boýny buruk ýagdaýda gürleşýärler. Ene-atalarynyň boýny buruklugyçagalary sussypes edýär, olaryň ýüzi solýar, gülküleri azalýar…

Bu pikirleniş meni goňşulykda ýaşaýan žurnalist barada hem oýlanmaly etdi. Birhili, ol işe böküp,bökejekläp, aýdyma hiňlenip barýan ýaly göründi. Ozallar “işe gitsem, aýagymadan daş asylan ýaly,bu gün näme ýalan sözlemeli bolaryn’ diýýärin” diýýärdi.

Sowet sosilizminden türkmen kapitalizmine miras galan duldegşir goňşymy göz öňüne getirdim. Ol“türkmene demokratiýa berip bolmaz, söz azatlygy bolmaz, ol tire-taýpa bolup gyrlyşar” diýip,gulagyma gygyran ýaly boldy.

“Bize geçiş döwri gerek, ýuwaş-ýuwaşdan, milli däpler, ýaşulularyň tejribeleri esasynda,howlukman öňe gitmeli” diýip, ol sesine bat beren ýaly boldy.

Bu meniň uzak wagt bäri ejirini çekýän reallygymdy. Ol reallykdan diňe pikir bilen çykyp boljakdäldi. Onsoň men hyýala çümdüm. Dadyma il içinde “satlyk” diýilýän ak sakgally ýaşulular ýetişdi.Olar welaýatlardan üýşüp geldiler-de, köşgüň agzynda durup, hor bolup gygyrdylar: “Biz bizarbolduk, ýaşululara bukulyp, ogurlyk etmegi bes ediň! Bizi masgara etmäňizi goýuň, bu edýänzatlaryňyz biziň bolanja abraýymyzy hem ýere çaldy, bize indi öýümizde, çagalarymyzyň içindehem ynanýan ýok. Halkyň depesinden düşüň, ol şu zatlar ýokka has agzybirdi, has bagtlydy” diýipgygyrdylar.

Hawa, adamlar, meniň başymdan şeýle pikirler gelip geçdi, men şeýle süýji hyýala çümdüm.

Page 46: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

Gurbangulystandaky söhbetdeşlik (03.03.2014)

Hormatly prezidentimiz anna güni öz halkynyň boş duran iş ýerlerine hem işe giripbilmeýändiginden zeýrenmek zeýrendi. Uly wezipeli adamy şeýle çäresiz, ejiz halda görseň, gatygynançly bolýan eken. Dogrusy, bu diňe onuň öz günäsi hem däl. Sebäbi öňki prezident halky işsizgoýup, “garamaýak” galdyrmak üçin kän zähmet çekdi, uly tagallalar etdi.

Ýöne öňki prezident bilen häzirkiniň bir meňzeşligi hem bar, olaryň ikisi hem ministrleri, häkimlerigünäleýär, olara käýinç berýär, gahary gelende işden aýyrýar, emma özlerinde günä görmeýär.Megerem şundan, ýurtda üýtgeýän zat az. Ýagny işsizligem, parahorlugam öňküsi ýaly dowamedýär, belki-de güýçlenýär.

Emma men Hormatly prezidentimiziň, nähilem bollsa, işsizlik hakynada gürrüň edip, ministritankytlap bilenine begendim. Öňki prezident daşary ýurtlara ten satmaga gidýän aýallary meslikdegünäleýärdi, bu prezident indi şol ten satýanlaryň köpelmeginiň sebäbiniň ýurtdaky işsizlik bilenbaglanyşygynyň bardygyna düşünjek bolýar.

Men bu pikirimi goňşularymyň ýanynda hem aýtdym. Olaryň biri güldi-de, “Täze anekdoty,Işsizlikystanmy-Para ilini eşitdiňmi?” diýdi. Men “jyk” etdim.

Ol gülüp, täze anekdot diýýänini gürrüň berdi: “Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiňýurduň adyny üýtgedip, Gazagystany “Gazak eli” diýip atlandyrmaly diýenini eşidip, iki dostTürkmensitany hem ystanlykdan, yzagalak ýurtlaryň arasyndan çykarmak barada maslahat edýämiş.Olaryň biri ozal neşekeş bolup, häzir neşesini goýan, ikinjisi bolsa neşesini goýup, arakhor bolaneken. Olaryň birinjisi: “Türkmenistanyň adyny “Türkmen ili” diýip üýtgetmeli” diýýär. Beýlekisibolsa, “Bu hakykata laýyk gelenok, eger üýtgetjek bolsak, ýa “Işsizlikystan”, ýa-da “Para ili”bolsun diýýär. Ertesi olaryň ikisinem KGB-ä çagyryp, öldir ýaly ýenjipdirler… IndiTürkmenistanyň ady näme bolmaly diýseň, ikisem “Gurbangulystan bolmaly” diýýärmiş.”

Men bu anekdota gülkünç bolmasa-da gülen boldum. Emma ertesi bu gülkim üçin Millihowpsuzlyk ministrligine “söhbetdeşlige” çagyrdylar. Ol ýerde meniň “Gurbangulystan” hakdaanekdot aýdyp, Hormatly prezidentimiziň abraýyna şek ýetirýändigimi aýtdylar. Men aňk-taňkbolup, bu gürrüňi nähili ýagdaýda, kimden eşidendigimi aýdyp berdim, özümiň hiç hili günämiňýokdugyny düşündrimäge çalyşdym.

Bolsa-da, MHM-niň ofiseri aram garaýyşly ýaş ýigit eken. Onuň maňa ilki aýdan zady seresaplylykbarada boldy. “Goňşularyňa, toýda-ýasda häkimiýetleri “batyrgaý” tankyt edýän adamlara känynanma, diňle, içiňden “hä” diý-de oňaý, içiňi dökmekden, öz pikiriňi açyk aýtmakdan saklan”diýdi.

Men biraz arkaýynlanyp, oňa: “Wah, şunça dilime bek boljak bolýan, emma indi halys çydamok,käteler hut ýarylyp barýan, ýurt gözümiziň öňünde dargadylýar, halkymyz durşuna ogry-jümrä,parahor-ýalança öwrülip gitjek” diýdim.

Ol sesini çala eşidiler ýaly edip: “Eşiden görene habar berer etme, ýaşuly, biz hemme zady içindengörüp otyrys – diýdi. – Bärde senden beter ýanýan adamlaram bar, ýöne olar azlyk, wagt gerek,adamlar ýetişmeli, öňki prezident kellesi çala işleýän adam bolsa kowdy ýa parahorluga çümdürdi.”

Men MHM-niň “söhbetdeşliginde” öňki prezident döwründe hem birki gezek bolupdym. O wagthaýbat atýardylar, prezidentiň “özüniň gowudygyny, emma onuň töweregindäkileriň ogrudygyny”aýdýardylar. Indi bolsa onuň adamlary parahorluga çümdürendigini aýdyp otyrlar.

Men içimden pikir öwürdim: “Bular indi şeýdip ikinji prezidentiň şahsyýet kultuny kanunlaşdyrjakbolýarlar öýdýän. Hany, şony öwen bolup göreýin…”

“Hawa, agam, näme pikire çümdüň?” – diýip, MHM-niň ofiseri sorady.

Men: “Ýok-la, pikire çümme nämişlesin, ýöne ýurduň bolup barşy hopukdyrýa-da” diýdim.

“Bu prezident neşekeşligiň öňüni aldy, ýerli-ýerden kömek etsek, işsizligi hem ýok eder” diýip, ol

Page 47: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

köpmanyly gepledi.

“Hä, bu meniň kömekçi, ýagny agent, KGB şugulçysy bolmagymy isleýän ýaly-la” diýip, içimdençak urdum. Emma daşymdan: “Kömek etjek kändir-le, indi daşary ýurtlarda okan ýaşlar kän, dilbilýärler, kompýuter bilýärler, şolary işe çekmeli” diýip, menem at göçümini etdim.

“Onuň dogry, emma daşary ýurtda okanlaryň akyllyraklary bizdäki aýlygy az görýär. Iň esasysy,olar para alyp, ogurlyk edip, gapana düşmäge-de göwünjeň görünmeýär…”

Men MHM-niň ofiseriniň gözüme göni garap aýdan sözlerini kellämde agramlap, dilime gelen ilkisözi aýdyp goýberdim: “Bä, olar kakalarynyň ýalňyşyna düşünädilermikär-aý”?

“Şeýle ýaly…” MHM-niň ofiseri ýüzüni aşak salyp dymdy.

Men: “Hormatly prezidentimiz neşekeşligi ýatyrdy, indi işsizşlik meselesini çözse, parahorlugyazaltsa, okuwa, işe ökdeler seçilip alynsa, ýurt öser – diýip, sagadyma sereden boldum. – Başgagürrüň bolmasa, men gaýdaýsam bolmazmy, agtyklarymy çagalar bagyndan almalydym.”

Ol başyny atdy: “Gaýdaýsaň bolar, ýaşuly… Ýöne häzirlikçe Gurbangulystanda ýaşaýanyňyunutma!”

“Pakyrdawyk masgarabaz patyşa” (28.06.2014)

Öten agşam köçä gezime çykamda goňşym Atda Annaýewiç menden “Sen Daşogza patyşaň doglangününi bellemäge gitmediňmi?” diýip sorady. Men düşünmän: “O nähili patyşaň doglan güni?Daşoguzda medeniýet hepdeligi bellenmeýämi?” diýdim.

Atda aga güldi: “Medeniýet hepdeligi nämişlesin? Medeniýet hepdeligi bolsa, her ýyl ala-böleprezidentiň doglan gününe gabat geçmelimi? Ol şeýdip, her ýyl bir welaýatda öz doglan gününibelledýär. Ozalky patyşa “Baýdak güni” diýip, halky bir gün heläk ederdi, bu tutuş bir hepde heläkedýär. Ölmeseň, her hili masgarabazlyk görjek ekeniň…”

Men öňümizden gelýän Orazmyrat agany görüp, Atda Annaýewiçe “ýuwaş, bu ýene hormatlymyzabir täze at dakaýmasyn” diýdim. Sebabi Orazmyrat aga Hormatly prezidentimizi halaman, oňa herhili at dakmany, oturan-turan ýerinde ýaňsylamany gowy görýärdi.

Emma Orazmyrat aga gelip, Atda Annaýewiçden beterini aýtdy: “Bilýäňizmi, ahyry patyşamyzyňhakyky, doly şapylaşyp duran adyny tapdym, oňa indiden eýläk “Masgarabaz patyşa” diýmeli.Şeýtesek, tüýs ýerine düşjek, sebäbi…”

Atda Annaýewiç onuň sözüni böldi: “Hany, onuň öňki atlaryna näme boldy? “Kserekopiýa” diýdiň,“Boş baklaşka”, “Babarap modeli”, “Modern arhitektor”, “Derman çöpler klassygy”, “Dijeýprezident” diýdiň, olaram-a gowy atlardy?”

“Ol atlar köneldi. Düýn Meret aga bilen metjide namaz okamaga gitdim. Şo ýerde adamlar gürrüňedýär. Ozalky patyşanyň Onjuk Musaýew diýip ýörite tutulan masgarabazy bardy, bu görgülimasgarabaz hem tapynyp bilmedi, ahyry özi masgarabaz bolmaly boldy diýýärler. Men, dogrusy,gaty gynandym. Ozal gaharym gelerdi. Görüp otursam, bu prezident masgarabaz edinmäge kadrtapman, ili güldürmek weizipesini hem öz üstüne almaly bolan eken. “Bolasy Ministrler kabinetindezol-zol ‘kadr ýetişdirmeli’ diýýädi-le” diýip, irden bu gynanjymy aýalym bilenem paýlaşdym.

“Öňki ýüzükli bedibagt gursun, kadrlary pürreläp gitdi, masgarabazam tapylanok indi bu ýurtda”diýip, aýalym hem meniň bu pikirim bilen ylalaşdy. Siz nähili görýäňiz, indiden eýläk şuňa özaramazda “Masgarabaz patyşa” diýsek bolarmy?

Atda Annaýewiç ajy ýylgyryp: “Bolar, ýöne basym bu tapan adyň hem könelmese ýagşy. Häzirinternet asyry, durmuş çalt ösýär” diýdi.

Orazmyrat aga meniň ýüzüme soragly seretdi. Men näme diýjegimi bilmän, “Pakyrdawyk patyşa”

Page 48: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

diýip bir ertekiler kitabam çykypmydy?” diýen boldum.

“Bir kelleden iki kelle” diýleni… He-he… Goý onda şuň ady indi “Pakyrdawyk masgarabazpatyşa” bolsun” diýip, Orazmyrat aga haýdap gelşi ýaly, haýdabam öz ýoluna gitdi.

Ýeke-täk busanjymyz – Çäreler! (10.07.2014)

Aýlanaýyn Ak şäherim Aşgabatdan! Ak mermer paýtagtyma döneýin! Buýsançdan başym gök direýär!

Hormatly prezidentimiz, posalajyk agtygy bilen Akhan münen Arkadagymyz sag bolsun!

Ol bizi Bagtyýarlygyň beýik Türkmen kölüne boýumyz bilen, gaýdyp yzymyza çykmaz ýalybatyrdy.

Bu bagty wasp etmekde arman-ýadaman zähmet çekýän Gözel Şagulyýewa sag bolsun!

Dogry, beýik Arkadaga bu beýik işler aňsat düşmeýär. Ol bizi by bagtyýar berkararlyga ýetirmeküçin Baky Beýik Türkmenbaşynyň kadr çalşyrmak we käýinç bermek ýolundan gyşarman gitmelibolýar.

Mysal üçin, Ak şäherim Aşgabatda edil 7-nji iýulda geçirilen hökümet maslahatyny alyp göreliň. Bumaslahatda Arkadagymyz bir paçka täze ministr belledi. Elbetde, munuň üçin ol bir paçka köneministri işden aýyrdy. Gep-gybat bolmasyn, özünden toslaýar diýmesinler, anyk faktlary getireýin:

Mele Gurbandurdyýew (awtomobil transporty minstri) ozalky orunbasary Maksat Aýdogdyýewbilen çalşyldy; Babamyrat Taganow (ykdysadyýet we ösüş ministri) ozalky işgäri WepaAbdylhekimow bilen çalşyldy; Döwletgeldi Sadykow (maliýe ministri) ozalky orunbasaryMuhammetguly Muhammedow bilen çalşyldy; aprelde medeniýet ministrliginden boşadylan GunçaMämmedowanyň ýerine ozalky orunbasary Annageldi Garajaýew bellenildi; wise-premýerBabanyýaz Italmazow ozalky gurluşyk we arhitektura ministri Batyr Ereşow bilen çalşyldy.

Çalşyldy diýsem, olar bir-biri bilen ýerini çalşandyr öýdäýmäň, bu aşakdakylaryň ýokaryk çekilip,ýokarkylaryň işden boşadylýandygyny, belki-de başga has dar-darty ýere iberilýändigini aňladýar.Ýöne kadadan çykma hem bar: ösdürilen gurluşyk we arhitektura ministriniň ýerine onuň ozalkyorunbasary Gapurberdi Baýramdurdyýew bellenildi.

Saglygy saklaýyş ministrine, Döwlet Sport komitetiniň başlygyna, “Türkmennebitgazgurluşyk”döwlet konserniniň başlygyna käýinç berildi. Elbetde, olar goýberen düýpli kemçiliklerini gysgawagtda düzetmeseler, işden aýrylarlar. Işden aýrylýanlaryň indi 20 ýyl bäri yzy kesilmeýär, buprezidentler (ozal öňki, indi häzirki) tarapyndan görkezilýän kemçilikleriň düzedilmeýändiginiaňladýar.

Muňa-da mysal getireýin: Ynha, şu ýyl welaýatlaryň hiç biri galla planyny doldurmady. ÝogsaArkadagymyz oba daýhanlary üçin hemme şertleri döredýär. Tehnika gerekmi, suw ýa döküngerekmi, näme diýseň berip dur sahawatly Arkadagymyz. Emma daýhanlar ýalta, işlemeýärler.Elbetde, munuň üçinem käýinç berildi.

Hökümet baştutanynyň oba hojalyk işleri boýunça orunbasary Annageldi Ýazmyradowa, Ahalyňhäkimi Mämmetnyýaz Nurmämmedowa, Balkanyň häkimi Bäşimmyrat Hojamämmedowa,Daşogzuň häkimi Esenmyrat Orazgeldiýew, Lebabyň häkimi Muhammet Joraýewe, Marynyňhäkimi Bäşim Annagurbanowa beýik käýinç berildi.

Elbetde, käýinçden soň işden aýrylmak, belki-de türmä-bir ýere taşlanmak, içerki sürgüne

Page 49: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

ugradylmak ýaly zatlar bolýar. Men muny tejribeden aýdýaryn. Garyp millet bu hili ozalkybaşlyklaryň gara günli bolmagyna begenýär hem diýýärler. Olar özaralarynda olara “haramhorlar”diýip, at hem dakypmyşlar.

Dogry, bu ýagdaýyň käbir gynançly taraplary hem bar. Ýagny ministr, häkim bellenenler onlap,ýigrimiläp, otuz-kyrklap çalşyrylyp, käbir hasaplamalara görä, 20 ýyl içinde müňe ýakyn ýokarybilimli adam “brak” edildi. Olar ministr, häkim ýa orunbasar bolup, ýaňybir durmuşyň, mesligiňtagamyny dadyp başlan adamlar. Olaryň aýallary, oýnaşlary, ogul-gyzlary, garyndaşlary hemýaňybir ýaýnap başlaýar welin, birden käýinç, işden aýyrmak diýen ýaly ýürek ýargyç sözlereşidilýär. Bu Türkmenistanyň wezipe basgançagynda ýokaryk dyrmaşan adamlarynyň saglygynaýaramaz täsir edýär diýip, saglyk ekspertleri aýdýarlar.

Ýurtda gizlin, ýagny bikanun ýagdaýda saklanýan syýasy ekspertler bolsa, bu meseläni onlapministri aýryp däl-de, olara derek bir prezidenti işden boşadyp, hakyky saýlaw geçirmek arkalyçözmeli diýýärler. Eger şeýle edilse, ýene gynançly zatlar bolar, ýagny mähriban ArkadagymyzAkhana derek mada eşek münmeli bolar, onuň posalajyk agtygy bolsa pyýada galar. Iň ýamany,prezidentimiziň aýal doganlary, ýegenleri gaty horlanar…

Ýöne bu ýerde begençli bir ýagdaý hem bar: beýik Arkadagymzy ministrler kabinetiniň ýygnagyndamedeni çäreleri geçirmekde uly tejribe toplandygymyzy aýtdy. Galla öndürmekde tejribe toplapbilmesegem, tans etmekde, baýdak galgatmakda tejribe toplapdyrys. Bu hakyky halkdemokratiýasynyň netijesi, bagtyýarlygyň beren miwesi, adamlar!

Beýik Arkadagymyzdan soň, halk hökmünde ýüzümizi ýere salmaly bolmanymyz, utanjagalmanymyz üçin, hökümet başlygynyň medeniýet we köpçülikleýin habar serişdeleri boýunçaorunbasary Maýsa Ýazmuhamedowa sag bolsun! Ol 7-nji iýulda beren hasabatynda şu ýylyň altyaýynda 22 ýarym müňden gowrak medeni-köpçülik çäresiniň geçirilendigini habar berdi. Ýagnybizde her güne 120-den gowrak medeni çäre düşýär. Kadrlar zaýalanýar, adamlaryň öýi ýykylýar,işsizlik, sowatsyzlyk, parahorluk ösýär, ýurt tozýar, ýaşlar ýurtdan gaçýar, dünýä gülki bolduk diýipgynanmaly däl. Begençli zat hem bar, ýagny biz çäre geçirmekde dünýäde birinji barýarys. Munuňüçin ozaly beýik Arkadaga, soň Maýsa gelnejä, (işden kowlanam bolsa, men bir adalatsyzlyketmäýin) şu alty aýdaky çärelere akyl-parasadyny gaýgyrmadyk Bägül gelnejä hem köp sag bolsunaýtmaly.

“Ştangaçy ýazyjy” kim? (20.07.2014)

Men, birhili, durmuşdan yza galýanmy, nämemi?!.

Has dogrusy, soňky internet nesli meni, birhili, oturgyçsyz wokzalda otludan galan ýolgaçy ýaly,garaköseň edýär.

Men ýolda-yzda, toý-tomguda olaryň edýän gürrüňlerine, ulanýan täze söz düzümleriniň hakykymanysyna düşünip bilemok.

Ýogsa, günälerini götermäýin, biraz türkçe garýarlar diýmeseň, gül ýaly türkmençeleri bar…

Arada, awtobusda bazara barýarkam, öň hatarda oturan bir ýaşuly ‘taksiler gymmatlady’ diýipzeýrendi. Dik duran oglanlaryň biri oňa gapdaldan: “11-lik taksä münäýerler, bize-ä şony ulanýas,gaty arzan” diýdi.

Men: “Be, aýdanyň gowy boldy, beýle arzan zat bolsa, bize-de telefon nomerini ber” diýdim welin,ýaňky oglan gülüp, duralgada säginen awtobusdan ylgap düşdi gidiberdi.

Birhili, awtobusdaky ýolagçylaram maňa gynançly seredip, bildirmän ýylgyrýanýaly boldy.

Soň agtyklarymdan soraşdyryp görsem, “11-lik taksi” diýip adamyň iki aýagyna aýdylýan eken.

Ýöne ýaşlar hemme düşünmeýän zadyňy düşündirip hem durmaýar. Garry adama zat düşündirip

Page 50: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

durmaga sabyr-takatlary ýetýän däldir-dä, elbetde.

Mysal üçin, men käbir ýazyjylara näme üçin ‘ştangaçy’ diýýänlerine hiç düşünip bilemok. Dogry,birki ýazyjy bolsa, ‘olar boş wagty sport zalyna baryp ýa öýünde ştanga götermegi hobbi-beýlekiedinendir’ diýip, bu soraga özüň hem jogap tapsa boljak.

Emma soňky döwürde “ştangaçy” diýilýän ýazyjylar juda köpeldi. Onda-da nirde köp ady çykýan,orden-medal alýan, watana eden hyzmaty üçin döwlet tarapyndan juda sylanýan ýazyjylara“ştangaçy” diýýärler.

Ýa döwür, durmuş gaty öňe gitdi, ýa-da biz ýaşulularyň aňkasy aşýar. Şularyň birden-biri bolmasa,bu ýerde uly bir syr bolmaly däl. Ýöne ýaşlaryň dili, birhili, modernleşýär. Muny boýun almaly.Olar, birhili, biziň uzak gürrüň edip aýdan, aňladan zatlarymyzy gysgaça, bir ýa iki sözde aýdýarlar.

Belki-de şondan, olar köne stilde, köp söz ulanýan, galyň kitaplary ýazýan ýazyjylara, agyratletikaçylara deňäp, “ştangaçy” diýýändirler.

Men muny ysyrganyp, student agtygymdan şol sylagly ýazyjylaryň birkisiniň täze kitaplaryhakynda soran boldum. Agtygym elini silkip: “Aý, olar ştangist-laý, ata” diýip, kän gürrüň etmekislemedi.

Umuman, ýaşlar “ştangaçy ýazyjylary” halamaýar, men muňa düşündim. Ýöne ýazyjylyk bilenştangaçylygyň arasynda nähili arabaglanyşyk bardygyna düşünmedim. Iň ýamany, olar zenanýazyjylaryň hem käbirine “ştangaçy” diýýärler.

Hatda bir zenan şahyra ştanga götermekde ýurduň “öňüne adam geçirmeýän çempiony” hemdiýdiler. Ýogsa, saçyny-beýlekisini boýan hem bolsa, ol ýaşy bir çene baran babuşka-laý…

Aýtmaklaryna görä, ol öňki prezidentden hem, häzirki prezidentden hem “ştangaçylara” berilýän iňuly baýraklary ençeme gezek almagy başarypdyr. Zora-zor diýmeli, höwri köp bolsun baýragynyň,göripligimiz ýok bendä…

“Men, dogrusy, ýazyjylaryň arasynda ştanga götermekden ýaryş geçirilip, oňa-da prezidentiňsylagynyň berilýändigini eşitmändirin” diýsem, agtygym: “Ata, sen hemişe piliň gulagyndauklaýaň-da” diýip, kikirdäp gülen bolýar.

Hatda bir gezek oglumdan “ýazyjylara ‘ştangaçy’ diýmekleriniň sebäbi näme?” diýip, gönüläp hemsoradym. Olam ýylgyryp, “agyr zat göterýändirler-de, kaka, başga adamlaryň göterip bilmeýänýüküni daşaýandyrlar-da… Ýazyjylar her milletiň ruhy lokomotiwleri bolýar-a” diýip, ajyýylgyrýar.

“Onda Seýitnazar Seýdem ştangaçy bolýar-da” diýip, men watançy şahyry orta okladym. Bilýärdimdiýsem ýalançy, emma çak edýärdim, ol bu soraga ör-gökden geldi.

“Kaka, aýdýan zadyň näme, ol eline ýarag alyp, ýurt goran şahyr ahyryn! Bu ştangaçylar bolsa,parahat döwürde…” Ol başlan sözlemini gutarman, gaharyna dym-gyzyl bolup, öýden çykyp gitdi.

Hawa, başda hem aýdyşym ýaly, men, birhili, durmuşdan yza galýanmy, nämemi? Dogrudanam,“ştangaçy ýazyjy” diýip kime, nähili ýazyja aýdylýar? Bilýän bolsaňyz, aýtsaňyzlaň?

Ýalançylyk aýlawynyň “ussat halypa çapyksuwary” (15.09.2014)

Ýalňyşmasam, 8-nji sentýabrdy, telewziorda “hormatly prezidentimiziň” nobatdaky wideoşekilli işmaslahatyny geçirendigi habar berildi.

Diktor “maslahatyň gün tertibine ýurdumyzyň welaýatlaryny we paýtagtymyzy durmuş-ykdysadytaýdan ösdürmegiň, milli özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň meseleleri, şeýlehem döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň beýleki möhüm ugurlary girizildi” diýensoň, elime alançaýly käsämi goýup, telewizora gulak gerdim.

Page 51: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimiM.Nurmämmedow çagyryldy. Ýöne häkim eden işleri barada hasabat bermegiň deregine prezidenteýaranjaňlyk etmäge başlady. Ol ilki ony tutuş welaýatyň ilatynyň adyndan “Türkmenistanyň ussathalypa çapyksuwary” diýen hormatly adyň dakylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady, soň onuň“şan-şöhraty äleme dolan milli atçylyk sungatyny dikeltmekde we ösdürmekde, onuň däplerinidowam etdirmekde ägirt uly işleri bitirendigini” aýratyn nygtady.

“Beý-bäh!” diýip, agzymy açanymy, gaçara ýer gözlänimi duýman galdym. Dogrusy, men birkonserwatiw adam. Megerem, bu gylyk kakam pahyrdan geçipdir. O pahyram, öňki prezidentiöwenlerinde, “ýüzüm gyzarýar, bir ýerik gaçyp gidesim gelýär” diýerdi.

Dogrudanam, erkek kişi erkek kişini ýüzüne öwüp dursa, hiç gelşigi ýok. Aýal maşgalany öwseler,onda-da ikiçäklikde ýa goşgy-gazalda öwseler, bu başga gep…

Soň göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Balkan welaýatynyň häkimiB.Hojamämmedow çagyryldy. Diktor bu häkimiňem prezidenti “Türkmenistanyň ussat halypaçapyksuwary” diýen hormatly adyň dakylmagy bilen tüýs ýürekden gutlandygyny we günbatarwelaýatyň ähli ilatynyň adyndan milli Liderimize türkmen halkynyň gadymdan gelýän atçylykdäplerini dikeltmekde we dowam etmekde taýsyz tagallalary üçin çuňňur hoşallyk sözlerini”aýdandygyny habar berdi.

Men ýene-de bir gezek “Bäh!” diýip, gaçara ýer gözledim…

Soň gezek Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýewe ýetdi. Olam welaýatyň ähliýaşaýjylarynyň adyndan “hormatly prezidentimizi” “Türkmenistanyň ussat halypaçapyksuwary” diýen hormatly adyň dakylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady. Diktor onuň “döwletbaştutanymyzyň alyp barýan ägirt uly işleri netijesinde ýurdumyzda gadymdan gözbaş alýan milliatçylyk sungaty we atçylyk sportunyň dürli görnüşleri öz ösüşinde täze itergä eýe boldy”diýendigini hem habar berdi.

“Bäh, ýazyp okaýmasaň, ýatdan aýdyp boljak sözler däl-aý” diýdim. Ýöne meni häkimleriňhemmesiniň şol bir tertipdäki sözlemleri “düzüşi” hem haýran galdyrdy.

Soňra göni aragatnaşyga Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew çagyryldy. Olam “hormatlyprezidentimizi” “Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary” diýen hormatly adyň dakylmagybilen tüýs ýürekden gutlap, welaýatyň ähli ilatynyň adyndan döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk,uzak ömür, eziz Watanymyzyň we türkmen halkynyň bähbidine alyp barýan asylly işlerindeegsilmez gujur-gaýrat we täze üstünlikleri arzuw etdi.

Soň “hormatlyny” Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow “sebitiň ähli ýaşaýjylarynyňadyndan “Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary” diýen hormatly adyň dakylmagy bilentüýs ýürekden gutlady we “döwlet baştutanymyzyň milli atçylyk sungatyny ösdürmäge hem-deonuň şan-şöhratly däpleriniň täze taryhy döwürde dowam etmegine goşan goşandynyň ägirtuludygyny” aýtdy.

Men “bäh-bäh” edip oturmamy goýup, habaryň yzyna gulak asdym.

Gezek Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedowa ýetdi. Onuňam “hormatly prezidentimizi”“ähli aşgabatlylaryň adyndan “Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary” diýen hormatly adyňdakylmagy bilen mähirli gutlandygy” aýdyldy.

“Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň atçylygyny ösdürmek meselelerineyzygiderli üns bermegi netijesinde häzirki döwürde türkmen halkynyň gadymdan gelýän busungatynyň täze belentlige çykdy. Milli Liderimiziň tagallasy bilen, at çapmagyň milli sungatynykämilleşdirmek, atçylyk sportuny höweslendirmek, ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewlerinidünýä ýaýmak boýunça maksada gönükdirilen işler geçirilýär” diýip, telewideniýäniň diktory bugutlagyň yzyny hem şol bir lenç edilen taryp sözleri bilen berçinledi.

“Bäh, şol bir zady gaýtalap oturmakdan ýadanoklarmyka-raý ?” – diýip, içimdäki pikirimi daşyma

Page 52: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

çykardym. Şol wagtam goňşym Atanazar aga gapydan girdi.

“Näme “bäh-bähläp” otyrsyň-ow?” – diýip, ol salam-helikden soň, düşek üstünde jaýlaşyklyýerleşip, kinaýaly sorady.

“Aý, şularyň prezidenti öwmekden ýadamaýyşlaryna geň galýan-laý… Beýle-de bir şöhrat açlygyboljak eken! Adamlar baý ýurtda garyp, millet iş diýip daşary ýurtlara gidýär, bular bolsa atçylykdiýdi, welsepidçilik diýdi, prezidenti öwmäge bir zat toslap tapaýýarlar…”

“Öwmeseň, işden gitmeli, işden gideniň hem owarram, ogurlan zatlaryňy yzyna bermeli, türmägirmeli… Öwmäge zat tapmabilseň, tapma onsoň…” Atanazar aga ajy ýylgyrdy.

“Ah-ow, şo diýilýän hormatly ady döretmek baradaky karara gol çekýän prezidentiň özi, soň onyilki bolup alýan hem özi; häkimler, ministrler bolsa, prezidentiň öz işe belläp, öz işden kowýanadamlary, onsoň öz döreden at-derejesini özi alyp, öz ýaranjaňlaryna öwdürse, boldugymyka?”

“Dagy näme etsin? – Atanazar aga ýene ajy ýylgyrdy. – Ol adamlaryň garypdygyny, gaharlydygynybilýär. Ýanyndakylar öwse, bolmanda adamlar onuň ýalançylyk aýlawynda ýeke däldigini bilerler.Korrupsiýa çümensoň, ýalan öwgüden haraý gözleýändir-dä…”

“Adamalryň gaharlydygyny bilýän bolsa, beýtmesin-dä, milletiň durmuşyny ýeňletjek bolsunda-how” – diýip, men sesimi gataltdym.

“Ol ony başarmaz, ýanyndakylaram başarmaz, olar bir zady – ogurlygy we ýalançylygy öwrendiler,şondan hem çykyp bilenoklar.”

“Onda hormatlymyz ogurlyk we ýalançylyk aýlawynyň ussat halypa çapyksuwary-da, şeý diýjekbolýaňmy?” – diýip, men Atanazar aga gaharly çiňerildim.

“Bolup biler” diýip, ol ýene ajy ýylgyrdy.

Men prezidentimize düşünjek boldum… (06.10.2014)

Hawa, men “Hormatly Prezidentimize” düşünjek boldum. Emma başarmadym.

Oňa metbugatda “Hormatly” diýýärler, “Prezident” sözüni hem baş harp bilen ýazýarlar. Hamala,şeýdilende ol artykmaç hormatly, hakyky baş boljak ýaly. Ýöne men metbugatçylara düşünýärin,olar ýaranjaňlyk edýärler.

Bizde 1991-nji ýyldan bäri ýaranjaňlyk moda, ýagny prezident kürsüsinde oturan adam oýnatgy,näçe götergileseň, näçe ýuwan söz tapyp öwseň, hatda adynyň öňünden “hormatly”, “çuňňurhormatlanýan” diýen ýaly türkmende hiç wagt bolmadyk, rusçadan terjime edilen ýasamagoşundylary goşsaň hem monça bolýar…

Emma men şonda-da prezidente düşünjek boldum. Sebäbi ýaşulular bu prezident ene-ata terbiýesinigören, edil öňki ýaly süwümsiz bolmaz diýdiler. Üstesine, ol wagtynda okap, doktor bolupdyr, akhalat geýip, adamlaryň saglygyna seredipdir. Bu mukaddes iş, ýöne bir ýurda prezident bolmak hemmukaddes iş ahyryn!

Eýsem şeýle mukaddes iş ynanylan adam näme üçin halkyň puluny ýele sowrup, köşk üstüne köşkgurdurýar? Ýa ol “eziz raýatlarynyň” köpüsiniň aç-hordugyny, işsizdigini, ýaşlaryň ýüz müňläpokuwsyz, hünärsiz galyp, ýat illere okuw, iş gözläp gidýändigini, hatda hünärli adamlaryň hembaşarsa ýurtdan gaçmaga, başga ýurtlarda işlemäge çalyşýandygyny bilmeýärmikä?

Ol ozal saglygy saklaýyş ministridi. Şo wagt saglyk pudagy dargadyldy, eli ýeňil wraçlar söwda başurup, ýa başga bir ýurda gidip, raýatlary keselleri bilen ikiçäk “taşladylar”. Indi keselli adamlarEýran, Türkiýe, Hindistan, Russiýa, Taýland… ýaly ýerlere gidip, kesellerini bejerdýärler.

Okuw-bilim sistemasy hem Nyýazow döwründe dargadyldy. Ýaşlar şindem köplenç daşary ýurtlara

Page 53: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

gidip okaýarlar. Ýurt içindäki bilim para-peşgeşiň gara palçygynda bulaşyp ýatyr. Muny bilmeýänýok, ýa prezident bilmeýärmikä?

Eger bilýän bolsa, bu sistemadaky parahorlugy, yzagalaklygy ýazgarjak ýaly. Emma ol bu zatlaryagzanok, asla onuň nämäni agzap, nämäni agzamaýany hem görnenok, eşidilenok. Sebäbitelewideniýe onuň Ministrler kabinetiniň mejlislerinde aýdan sözlerini gysgaldyp, diňe ýygnagyaçýan we ýapýan ýerlerini eşitdirip, soň her annada gaýtalaýan şol bir teswirlerini berýär. Olteswirlerde prezidentiň diňe “toý-dabaralary guramaçylykly geçiriň”, “ekini wagtynda ekiň, hasylywagtynda ýygnaň”, “gurluşyklary wagtynda we ýokary hilli guruň, sagdyn durmuş ýörelgeleriniýaýradyň…” diýen ýaly umumy, lenji çykan tabşyryklary berýändigi aýdylýar.

Telewidenýie ýurtdaky ösüşleri ‘bedew bady’ bilen öwýär, emma hakyna seretseň, öwünmägeýagdaý ýok. Düşen ýagdaýymyza düşünseň, oturyp, hünibirýan ses edip aglamaly. Juda gömükbolmasaň, muňa düşünmez ýaly hem däl, ýagdaý her ädimde göze dürtülip dur. Emma prezidentgaýtarma ýaly bezenip, ýüzüni-gözüni reňkläp, welosiped ýa at münüp, bahasy çişirilen, şol birwagtda hiç zerurlygy ýok köşkleri gurdurmakda ‘bedew badyna’ gaýra dur diýdirýär. Men oňa hernäçe düşünjek bolsamam, hiç düşünip bilemok….

Türkmen döwlet habarlar gullugy golaýda onuň täze Hökümet binasynyň dabaraly açylyşynagatnaşyp, soňam ol köşgi guran fransuz kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşandygyny habarberdi. Dogrymy aýdaýyn, begenmedim, guwanmadym, gorkdum, “Watanyň” diktory ýene birköşgüň gurluşygynyň kontraktyna gol çekdi diýen “şatlykly” habary okar öýtdüm…

Soň TDH “Hormatly Prezidentiň” täze Hökümet binasynda bir günde üç mejlis geçirendigini habarberdi, emma üç mejlisden hem şol öňki gulagy kamata getiren teswirler eşitdirildi.

Men prezidente düşünjek bolýaryn, emma düşünip bilemok. Dogry, ýurtda oppozisiýa ýok, garaşsyzsyýasy partiýalar, erkin pikirlilik ýok, boljagam gümana. Emma bu halys orta asyr patyşalygyna,aňyrsy görünmeýän garaňkylyga, köşk masgarabazlygyna dolanmaly diýildigi däl ahyryn. Ýa olprezident däl-de, köşk mazgarabazymyka?

TDH onuň ol köşkden çykyp, beýleki köşke gidenini habar berýär. Onsoň ýene aýdym-saz,“Arkadagly Aşgabat” we ýene-ýeneler. Ol bu ýalan öwgileriň ýalandygyny bilmeýärmikä? Düýnkigün özem Nyýazowy ýalanjykdan öwüpdi, öldi welin, “it degdi” diýleni boldy ahyryn ol bendä.Öwenleri owarram, elinden başga iş gelmeýänlerem aç ölmeli däl, goý, ýaranjaňlyk edip,ekmeklerini gazansynlar diýsem, il-gün, çagalar, eneler aç-hor, ol bolsa bir öwülse, on öwgi isläp,bir köşk gurulsa, ýene we ýene isläp, gymmat oýunjak alyp, ýene oýunjak diýip aglaýan baý oglyýaly. Ýa bizde prezident şeýle bomalymyka, illerdäki ýaly bolmaly dälmikä?

Men prezidente düşünjek boldum, emma başarmadym. Sebäbi men prezident kanunçylygyň kepili-beýleki bolmaly diýip düşünýärdim, il aladasyny etmeli diýip hasaplaýardym. Emma biziňprezidentimiz diňe oýnaýan ýaly. Ýöne men onuň bizi oýnaýanyna-da, özüni oýnaýanyna-dadüşünip bilmedim…

Gülmelimi ýa aglamaly? (13.01.2015)

Men türkmen propagandasyna “Nalajedeýin propaganda, hiç kimiň ynanjak zady däl, biderek pulharçlaýarlar, wagt ýitirýärler” diýerdim.

Gülmek üçin görmesem, türkmen telegepleşiklerini asla görmezdim. Ors ýa türk telewideniýesineserederdim, goňşularym, tanyş-bilişlerim hem şeýledi.

Ýöne ýalňyşan ýerim, ol telegepleşikleri görýänem az däl eken. Olara ynanýanam bar eken. Barekenem däl, kän eken. Asyl olar bireýýäm biziň durmuşymyzyň reallygyna öwrülen eken.

“Nädip beýle kesgitli pikire gelip bilýäň?” – diýip soramagyňyz mümkin. Aýdaýyn.

Page 54: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

Geçen hepde obada ýaşaýan kursdaşlarymyň biri körpe ogluny öýerýändigini aýdyp, uniwersitetdebile okan ýoldaşlarynyň hemmesini toýa çagyrdy. Beýleki oglanlar, hatda gyzlaryň hem bir toparygeljek diýensoň, menem gidermen boldum.

“Köp wagt bäri Aşgabatdan çykamok, oba adamlary nähili ýaşaýar, 1-nji ýanwarda benzin, dollargymmatlandan soň halkyň oý-pikiri nähili, göreýin, bileýin, bilen bilmedikden ýagşy” diýip, içimigepletdim.

Emma toýa diýip baryp, taksiden düşüp-düşmän urşuň üstünden bardym. Edil köçäniň üstünde, toýbagşylary üçin bezelen teležkanyň taýagatym arkasynda iki sany daýaw ýigit gyzyl ýumruga girip,bir-birini gaýgyrman urýardy. Toý märekesi bolsa, bagşyny-beýlekini taşlap, olaryň daşyna egrilip,it urşuna tomaşa eden ýaly, iki jahylyň bir-birini ýepbekleýşine keýp bilen tomaşa edýärdi.

Onýança bir ýerden toý eýesi, kursdaşym Ýakup ylgap geldi: “Adamlar, beýtmäň-ä, aralaň-a bulary,bir-birini öldürjeg-ä!..”

Emma oňa diýýämisiň diýen bolmady. Men durup bilmän: “Oglanlar, toý ýerinde bolşuňyz nähili,bes ediň!” – diýip, atylyp ara girjek boldum. Emma maňlaýyma degen ýumruk toý balakly syrtymygumly köçä pylçap urmaga mejbur etdi.

Guma bulaşyp ýatan ýerimden, tomaşaçylaryň gykylygynyň arasynda uruşýanlaryň biriniň“Hormatly atamyza dil ýetirerçe kim bolupsyň? Ejeňi s…” diýip sögünýäni gulagyma ildi. Onuňgarşysyndaky hem kem oturmady: “Men seň ejeňi s… Ýok, sekiz ýyldan soňam şo harama“Hormatly atam” diýýän bolsaň, seň ejeňi Türkmenbaşy s… bolmaly!..”

Men girmesiz ýere girjek bolanyma düşünip, emedekläp yza çekildim.

Ýakubyň şol elewräp durşudy. Meniň düşen ýagdaýymdan soň, onuň uruşýan myhmanlarynyaralajak görünmeýärdi. Men ýerimden galyp, üst-başymy kakyşdyrdym-da, toý eýesiniň ýanynabardym. Ol meni gujaklap, çyny bilen ötünç sorady.

“Darykma, ýaş oglanlaryň arasynda bolýan zatdyr” – diýip, men oňa göwünlik berjek boldum.

“Ýakup mollumyň toýunda Türkmenbaşy-Arkadag urşy turdy diýip, agentler eýýäm ümsüm edarajaň edendirler, ertir işden kowulmasam ýagşy” – diýip, kursdaşym aladaly pyşyrdady.

Men näme diýjegimi bilmän, töweregime garanjakladym. Ýetip gelýän taksä, sürüjiniň gapdalyndaýylgyryp oturan balkanly kursdaşym Batyra gözüm düşdi.

“Batyr geldi, şu bir çäresini tapar” diýip, men Ýakubyň gulagyna pyşyrdadym-da, bäş ädimlikdesaklanan taksä tarap ylgadym.

Batyr ýagdaýa iki sözde düşündi-de, “Obamyzda itler urşanda, aýyrjak bolsalar üstüne suwsepýärdiler, maňa bir bedre suw tap” diýdi. Men işikdäki howzuň ýanyna ylgap, derrew bir bedresuw getirdim. Şol bir bedre suwam jahyllaryň gyzgynyny ýatyrdy…

Ýakup bizi kursdaşlary üçin taýýarlan otagyna, beýleki oglan-gyzlaryň iýip-içip oturan giňsaçagynyň başyna eltip, şol ýerden çykmazlygy haýyş etdi. Dogrusy, toýa gelip-gelmän iýenýumrugymdan soň, men ol ýerden çyk diýlende hem çykjak däldim.

Ertesi hoşlaşyp gaýtjak bolamyzda Ýakup şeýle diýdi: “Beýle masgaraçylyga garaşmandym… Meňtoýumda oglumyň klaşdaşlary iki bölündi. Bir tarap Arkadaga sögýär, Türkmenbaşyny öwýär,beýleki tarap olar bir-biriniň dowamy diýýär…”

“Haýsy tarap köplük?” – Men dilime gelen soragy bermän durup bilmedim.

“Arkadaga sögýänler köplük, onuň töwereginiň ogrusy has kän diýýärler. Beýleki tarap azlyk…”

“Dollar bilen benziniň gymmatlamagy täsir edýändir” – diýip, Batyr duýgudaşlyk bildirdi.

“Hawa, Arkadaga esasan şoň üçin sögýärler. ‘Türkmenbaşy garaşsyzlyk alyp berdi, bitaraplyk alypberdi, bir köşk saldyryp çäklendi, bu bolsa milliardlap dollary biderek gurluşyklara berip, ýurdy

Page 55: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

batyrdy’ diýýärler. Beýleki tarap bolsa, ‘Türkmenbaşy hiç zat alyp bermedi, halky neşä hemparahorluga çümdürdi, Arkadagam şonuň dowamy’ diýýär…

Uzakly gijäni kursdaşlar bilen gümür-ýamyr edip geçiremsoň, otla münüp, ýerime geçen badymauklapdyryn. Näçe wagt geçenini bilemok, küpedäki çaga seslerine oýandym.

Garşymda oturan 13-14 ýaşlaryndaky oglanjyk 6-7 we 4-5 ýaşlaryndaky jigileri bilen dawalaşýardy.Men gözümi çala açyp, edil garşymda oýnalýan oýna biygtyýar tomaşa etdim.

“Ýene bolmady, täzeden gaýtalalyň. Men Hormatly Prezident, seni täze wezipä belleýän (ol 6-7ýaşly jigisine ýüzlendi): ‘Täze wezipede nähili işlejegiňiz barada bize aýdyp beriň!’”

“Hormatly Prezidentimiz! Şu gün maňa uly jogapkär wezipä bellediňiz. Siziň janyňyz sag bolsun,görjegiňiz gowy bolsun, mertebäňiz belent bolsun!” – Wezipä bellenen oglanjyk ‘nätdim?’ diýenäheňde onuň ýüzüne jiňkerdi. Hormatly Prezident kanagatlandy öýdýän, “Size-de täze işiňizdeüstünlik arzuw edýärin” diýdi.

Soň ol iň kiçi jigisine ýüzlendi: “Sizem münbere geçiň-de, täze wezipede nähili işlejegiňizi aýdypberiň!”

Kiçijik oglan ör turup, münbere geçenden bolup, ýat tutan sözlerine başlady:

“Hormatly Prezidentimiz, siz maňa uly jogapkärli wezipäni ynandyňyz şu gün. Bu ynamyňyz üçintüýs ýürekden sag bolsun aýtmaga rugsat ediň. Siziň… Siziň ynamyňyzy ödemek üçin ähli ulyp-başarnygymy, tejribämi ulanyp, gijämi gündiz edip, ak ýürekden zähmet çekjekdigime siziynandyrmaga rugsat ediň, Hormatly Prezidentimiz. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak bolsun! Ilbähbitli alyp barýan tutumly işleriňiz rowaç alsyn! Sag boluň, Hormatly Prezidentimiz!”

Men çaganyň jedirdäp aýdan sözlerine çalaja ýylgyrdym. Emma “Hormatly Prezidentiň” rolunyoýnaýan uly dogan ýylgyrman: “Size-de täze işiňizde üstünlik arzuw edýäris” diýdi.

Oýna, kakalary bolarly, kyrk ýaşlaryndaky intelligent adam goşuldy: “nätdi, indi boldumy?Kemçilik ýokmy?”

Oglanlaryň ulujasy “boldy, indi kemçilik ýok” diýen manyda baş atdy.

Oglanlaryň kakasy maňa ýüzlendi: “Agam, siz bitarap tomaşaçy, nähili boldy?”

Men ýaýdandym.

“Hakykaty aýdyň, ýüz görmäň!” – Küpedeşim meniň ikirjiňlenýänimi görüp, ýene bir gezek haýyşetdi.

“Birinjide ‘maňa uly jogapkär wezipä bellediňiz’ diýýär, ‘meni’ bolmaly. Ikinji-de hem bir ýerindesakyndy…”

Oglanlaryň kakasy uly ogluna baş atdy.

“Bilýän, emma Ministrler kabinetiniň mejlisinde, orunbasarlykdan ministrlige geçirilýänler hemişeşeýle gürleýärler” diýip, uly ogul ynamly gepledi.

Oglanlaryň kakasy ýylgyrdy:

“Dogry aýdýar, men ýigrimi ýyl bäri synlaýan, täze wezipä bellenýänler prezidente ‘nähiliişlejeklerini’ düşündirenlerinde hökman ýalňyşýarlar ýa-da ýalňyşan, sakawlan bolýarlar. BuHormatly Prezidentiň öňünde, oňa bolan çuňňur hormatdan aljyramagyň alamaty, ýa-da olar şeýdip,Hormatlydan gorkýandyklaryny görkezjek bolýarlar. Sebäbi Hormatly özünden gorkýanlary gowygörýär, ösdürýär we uzak saklaýar diýýärler. Ýa-da olar öňki orunbasarlaryň ministr bolup, nä günedüşenini bilensoňlar, hakykatdanam aljyraýarlar…”

Men küpedeşimiň ýüzüne ilkinji gezek gönüläp seretdim. Ol ýene ýylgyrdy: “Gülki-laý bu zatlar,ýöne gülkem bolsa çyn, biziň ol çyna uýgunlaşmakdan başga alajymyz ýok…” Soň ol ogullarynaýüzlendi: “Eý, başga oýun oýnaň indi!”

Page 56: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

Uly ogul täze rollary paýlamaga başlady. Onuň özi polisiýa ofiseri boldy, 6-7 ýaşly oglana sürüjilik,körpejä bolsa üstünden maşyn geçen pyýadanyň roly ýetdi. Ol derrew özüni pola taşlady-da, serlipýatdy.

“Eý, haýwan, bu çagany nädäýdiň?” – diýip, ofiser sürüjä ýüzlendi.

“Aý, agam, özi maşynyň aşagyna girdi-dä, men näme edeýin?”

“Oh-ow, bu pyýada geçelgede ýatyr-a, sen durmalydyň ahyryn!”

“Agam, düşünişeli!? Gaýrat et-de gözüňi ýum, gadyryňy bilerin…”

“Maşyn däl, eşek münmeli sen, haýwanyň biri diýse! Gözüňi türmede açdyryn seň!”

“Beýtme, meni türmä ibereniň bilen, ölen direlip gelmez, üç sany garagöz çagam bar. Türmedençykmak üçin öýümi, maşynymy satmaly bolaryn, bergä bataryn. Gaýrat et, gözüňi ýum, agam!”

“Ýeri bolýar, ýöne gözümi ýumanym üçin näçe berjek?..”

Oglanlaryň kakasy güldi-de, meniň ýüzüme seredip, “Gül agam, gülkä gülmeseň, göwni galar”diýdi.

Bikanun düýş (20.01.2015)

Bu bir düýş. Bilmedim nämesinden, adam pahyr düýşüni gürrüň berýär. Menem ony aýalymagürrüň berdim. Aýalym güldi-de: “munyň bikanun düýş, menden başga hiç kime gürrüň berme”diýdi.

Dogrusy, men internetde bikanun hasaplanýan, ýagny “bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyz” ýa-da “Gahryman Arkadag” barada ýakymsyz pikir döredýän maglumatlara “bikanun” diýilýändiginieşidipdim. Aýalym indi şeýle “bikanun maglumatlara” garşy jemgyýetçilik birleşikleriniň kömek-ýardamy bilen berk göreşiljekdigini hem aýdypdy. Emma düýşümiň bikanun boljagyny ilkinji gezekeşidýärdim.

Her niçigem bolsa, men bu düýşimi internetde ýaýratmak kararyna geldim.

Düýşümde men garryja adam, eli hasalyja goja bolup, entejik aýak üstündekäm ýaşlyk ýyllarymyňgeçen ýerlerine aýlanmakçy bolýaryn. Emma okan uniwersitetimiň ýanyna barjak bolsamam, IkinjiJahan urşunda wepat bolanlaryň hormatyna ýakylan Baky oda baş egjek bolsamam, BeýikMagtymgulynyň heýkeline zyýarat etjek bolsamam, oglanlar bilen kän arpa suwuny içen ýerime –Birinji parka, ejem pahyra özbek kişmişi bilen ýumşajyk bulka satyn alan ýerlerime – Ors hem Tekebazarlaryna, ozalky Oba hojalyk institutynyň ýanyndaky Kupalka barjak bolsamam, hatda Köşiniňbaýyrlarynda jaýlanan professorlarymyň mazarlaryna zyýarat edip, olara beren sapaklary üçin ýenebir gezek sagbol aýtjak bolsamam bolanok, öňümi gara dag alýar.

“Bu dag ozal ýokdy-la” diýýärin. Onuň nireden we nädip peýda bolanyny sorajak bolup, çöňňelengözlerimi çerreldip, äýnejigimi dakynyp-aýryp, töwerekden adam gözleýärin.

Ahyry bir adam göründi. Özem maňa tarap gelýän ýaly. Men güýjümi aýaýyn, bu dagyň daşyndanaýlanyp, barjak ýerlerimiň hemmesine aýlanjak bolsam, kuwwatym ýetmez diýip, garaşmagy makulbildim.

Ol adam golaýyma gelip, maňa adymy tutup salam berdi. Emma men ony tanap bilmedim. Ol güldi:“Eýýäm ýadyňdan çykaraýdyňmy, men siziň işleýän ýeriňize baryp, mukaddes “Ruhnamadan”leksiýa beripdim. Şonda siziň ýatkeşligiňize haýran galypdym.”

“Ýaş gitdi, huş gitdi” diýipdirler, aýyplaşma” diýdim. Ol ýene güldi: “Gijäniň bimahal çagy buýerlerde näme işläp ýörsüň?” diýdi. Men oňa ýaşlykda kaňkan ýerlerime ýene bir gezek aýlanmakhyýalymy, emma gara dagyň ýolumy baglanyny gürrüň berdim. “Bu dag nireden geldi, ozal beýle

Page 57: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

zat ýokdy-la? diýdim. Ol ýene güldi: “Arkadag dagy” diýerler muňa, seret, dik depesindäki akatlyny görýäňmi?”

Men äýnejigimi dakynyp, onuň eli bilen görkezen ýerine çiňerilip seretdim. Dogrudanam, dagyňçür başynda ak at salgymlap görünýärdi.

“Ol atyň üstünde boýdan başyna ak geýnen, başy ak telpekli Arkadag otyr…”

“Egninde akja kepderem barmy?” diýip, men kelläme gelen soragyň dilimden sypanyny duýmangaldym.

Ol adam ýene güldi: “Hawa, bar, o bolmasa bolarmy?..

“Saragt halypaň ýasan heýkelidir onda” diýip, men ýene söz goşdum.“Hawa, ýöne dagyň käbir görnükli ýerlerinde Gözel enäniň Arkadag hakyndaky odalaryndan alnanaltyna gaplaýmaly setirler hem oýulyp ýazylan…” Ol adam ýene güldi.

Men onuň bu günler näme iş edýändigini soradym. Ol gülüp: “Indi mukaddes “Ruhnamanyň” ýerinibeýik “Arkadag dagy” aldy, şondan leksiýa berýän” diýdi.

“Oňňaly bolsa, maňa gysgaça düşündirip bilmezmiň, bu dagyň beýikligi nämede?”

Ol adam ak köýnegiň üstünden geýen gara penjeginiň ýakasyny, gijäniň garaňkysynda hemlowurdap duran zerli galstugyny düzedip, çynlakaý keşbe girdi: “Arkdag dagynyň beýikligimi? Olbu dagy öz paýhasyndan, ýöne daşynda jebisleşen agzybir halkyň tagallasy bilen gurdy. Ony ulus ilgoldady, ýaşuly-ýaşkiçi, hemmeler, çäre üstüne çäre geçirip, arkasynda berk durdylar. Iki-ýekebozgak tapylyp, bu dagy “Arkadagyň Paradagy” diýip hem atlandyrjak boldular. Nämemiş, ‘biziňýurdumyz dünýäniň korrupsiýa sanawynda iň erbet ýerlerdemiş-pylan… Kazyýet-polis-gümrükboýdan-başa para ýatanmyş… Çagalar bagyndan başlap, iň ýokary döwlet edaralaryna çenli parabilen işleýämiş-beýleki, “kireýsiz kilim kakýan ýok”, bazar ykdysady diýlende hem beýle bolmalydäl, milletiň togsan göterimi gedaý galdy’ diýjek boldular. Emma Arkadag bu zatlara başgaldyrmady.”

“Bä, beýle zatlar aýdylýan bolsa, dissident-beýlekem bolupdyr-da onda biziň ýurdumyzda?”

“Ýok, biziň ýurdumyzda olara “dissident” däl, “däli” diýilýär. Arkadag döwründe taýýarlanansözlükde hem ol şeýle alyndy.

“Wä, onda olary, Annasoltan pahyr ýaly, dälihanada ölmeli etdilermi?”

“Ýok, olar Arkadag dagynyň astynda galdy… Siňe seretseň, gulagyňy ýaplap, içini diňleseň, budagyň özi hemme zady gürrüň berer. Seret, dagyň köp ýerinde adam kellesine çalymdaş şekillerbardyr, olaryň ýüzüne siňe seretseň, bu dagyň dikelmegi üçin jan çeken raýatlary ýeke-ýeketanabam bolýar…” Ol adam ýene güldi, ýöne özüniň häzir mugt leksiýa bermäge wagtynyňýokdugyny, irden Medeniýet uniwersitetinde sapagynyň bardygyny aýdyp, ýoluna gitdi.

Men daga golaý baryp, onuň kelle-kelle bolup görünýän gyýçak diwarlaryna siňe seretdim.Dogrudanam, ol ýerlerde soňky ýyllarda hökümetden orden-medal, sylag alan, çärelerde hasaktiwlik görkezen tanyş-bilişlerimiň ýüz keşbine çalymdaşlyk gaty kändi.

Şol wagtam aşakdan bir iňňildi gelen ýaly boldy. Eglip seretsem, dagyň düýbinde kellä çalymdaşbir daşyň agyz ýeri gymyldaýan ýaly. Men aşak oturyp, ol daşy elim bilen sypaladym welin, elimeöl degen ýaly boldy.

“Men dissidentem däl, dälem, watansöýer” diýip, elimiň aşagyndaky daş-kelle pyşyrdady. “Ýaňkygülek professoryň sözüne ynanma, Paradagyny tutuş halk bileleşip gurmady, emma garşy duranlarydagyň aşagyna basdylar. “Basmaçy, baý-kulak” diýip, bir basdylar, “halk duşmany” diýip iki…Ýene iki ýyldan Moskwa propagandasy 100 ýaşaýar… Bu Arkadagyň akyly çatjak zat däl, ol diňezynjyryň bir halkasy…”

Men oturan ýerimiň hem öljerip barýanyny duýup, ýerimden galjak boldum.

Page 58: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

“Otur, ol öl meň gözýaşym, Arkadagyň Paradagyna düşek bolanymyň üstesine, ulus ile töhmetatylyşyny eşitsem, gözümiň ýaşyny saklap bilemok…”

Şol wagtam hälki gülek professor yzyna dolanyp geldi: “Agam, bir zat ýatdan çykypdyr,‘Arkadagyň Paradagy’ beýleki diýýänlerem bardyr, şolar ýala duşsaň, ýörite gulluklara habarbermelidir, soň aýtmady diýme.”

Elimiň aşagyndaky kelläniň horkuldap aglap başlanyny eşidip, men onuň agzyna aýamy basdym.Ýöne gülek professoryň eýýäm gidenini görüp, aýamy aýyrdym.

“Bagyşla, gülek professor eşitmesin diýip etdim” diýip, men daş-kelleden ötünç soradym.

“Bilýän, ýöne bu gürrüňleri diňläsi gelmeýän ruhnama neslinden bolsaň, göni aýt, olar ikisözlemden artyk okap bilmeýän, üç sözlemden artyk pikire sabyr-kanagaty ýetmeýän adamlar.Arkadagam şolardan. Olar öň sowet propagandasy, soň “Ruhnama” bilen saňsar edilen adamlar.Olar diňe ýalan sözlemelidir, para berip we para alyp ýaşamalydyr öýdýärler… Şu Paradagydöretmekde esasy kömek edenem şol adamlar, olar göhert düýe bolup, gowy adamlaryň üstüneçökdüler. Köp adam ýurtdan gaçdy. Şindem başaran gaçýar ýa çagasyny gaçyrýar. Milletidargatdylar, çüpretdiler…”

“Ýok, men olardan däl” diýdim. Emma şobada agtyklary çagalar bagyna ýerleşdirmek üçin paraberenim, obadan gelen inimi uniwersitete ýerleşdirmek üçin bar-ýogumy eçilenim… ýadyma düşdi.“Ýadymda, parahorluk 70-nji ýyllarda möwç alyp başlapdy, gowy okuwa girjek bolsaň, köp parabermelidi…”

“Ýok, parahorluk 30-njy ýyllarda, orta daýhanlaryň ýerini, malyny alyp, kolhoz guranlarynda möwçalyp başlady. Puly bolanlar 41-nji ýylda uruşdan galyp, urşa gidenleriň owadanrak gyzy, aýalybolsa, gapanyna düşürjek bolup, nämeler etmedi?”

“Hawa, bu barada kitaplarda-da ýazylypdy…”

O kitaplarda ýarym hakykat ýazylypdy” diýip, daş-kelle gaharly pyşyrdady. “Ýarym hakykatadamlara gowulyk getirmeýär, ol propagandany ynandyryjylykly edýär. Diýmek, ýarym hakykatýalana gulluk edýär. Doly hakykat partiýanyň syýasatynyň çüýrükligidi! Ol çüýrükligi ‘iki-ýekespekulýant bar’ diýip aklýardylar. Soň baş ogry prezident boldy, emma diňe häkimler, ministrlergaralandy. Bu şu wagtam dowam edýär…”

Men golaýlap gelýän aýak seslerini eşidip, başymy galdyrym.

“Gaçjak bolma, gybatyňyz ýazgy edildi” diýip, golaýlap gelýän adamlaryň biri eşidiler ýaly edipgygyrdy.

“Işim gaýtdy” diýip, daş-kelle uludan dem alan ýaly boldy. Men ýerimden turup, beýlerägeçekildim.

Ýetip gelenleriň iň keltejigi ýolbaşçy eken, ol gaharly: “Ýaşulyny aýryň” diýdi. Buýruga mähetdel,meni ezenegimden tutup, beýleräge süýrediler. Soň ýantorbalaryndan çekiç çykaryp, daş-kellänitike-tike bolýança çekiçlediler.

Men “indi näme bolarka?” diýip, gözümi ýumup garaşdym. Ahyry olar işlerini gutaryp, meniňýanyma geldiler.

“Dökümendiň barmy, ýaşulişka?”

Men jübimi sermäp, mydama ýanyma göterýän pasportymy soran adamyň eline berdim. Ol adymy,pamiliýamy görüp, ýanyndakylara “kompýuterde barmy, ozal gybat üçin duýduryş alypdyrmy,barlaň” diýip, görkezme berdi. Hernä, bellige düşmän ekenim. Şu sebäpden maňa, birinjigezeklikçe, “otly syýahatyny” ýazmak bilen çäkleneli diýdiler.

Otly syýahaty, men ýaly, birinji gezek gybata goşulanlara we daşary ýurtdan gelenlere berilýäneken. Emma daşary ýurtdan gelenler has rahat otluda syýahat edýän ekenler. Men ilki ýalňyşyp,

Page 59: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

daşary ýurtlularyň otlusyna mündüm. Daşary ýurtdan gelen myhmanlar Arkadagyň ak atyňüstündäki heýkeliniň suwenirini, sowadyja ýelmelýän suwenirjigini we döşe dakylýan nyşanynyhem satyn alypdyrlar. Aýallaryň käbiri bolsa, Arkadag suratly torbalary hem satyn alypdyrlar…Ýöne gözegçiler meni derrew tanadylar-da, özüm ýalylaryň otlusyna mündürdiler.

Otly Arkadag dagynyň daşyndan aýlanýan eken. Birinji stansiýada çagalar “Arkadag” aýdymynyaýdýardylar, ikinjide şahyrlar goşgy okaýardylar, üçünjide gyzlar tans edýärdi, dördünjide alymlarylmy konferensiýa geçirýärdi…

Arman men düýşümiň şu ýerinde oýandym.

Akçylaryň gara oýny (06.02.2015)

Dogrymy aýtjak, 2014-njiden 2015-nji ýyla geçip, bir aýda aňkam aşdy. Näme üçin diýseň, ilkidollaryň, soň benziniň gymmatlanyny eşidip, ilki gulagyma, soň gözlerimiň görýän zatlarynaynanyp bilmedim.

“Ah-ow, biz bagtyýar eýýamda, berkarar döwletde ýaşaýardyg-a?” – diýip, aýalymdan soraýynamdiýdim, emma güler öýdüp gorkdum. Sebäbi ol meniň telewideniýede ýurtda edilýän beýik işlerbarada aýdylýan sözleri aňalyp diňleýşime ozalam gülüp ýördi.

Onsoň adam üçindigini aýdýan döwletimden her näçe nägile, öýkeli bolsamam, aýalymyň ýanyndabildirmejek boldum, hüňürdesemem özbaşyma, adam ýokka hüňürdedim.

“Ýeri, dollar düşnükli diýeli, bizde önenok, Amerikada ýasalýar, üstesine, baýlara, biznesmenleregerekli zat, ony gymmatladyp bilerler. Emma benzini beýle gymmatlatmak bolmaz-a, ol özümizdeönýär-ä, biz bir nebit-gazly, az ilatly ýurd-a?” diýip, pikir etmejek bolsamam pikir etdim, kelledöwdüm, oýlandym, emma bolýan zatlardan, birje aý içinde bolan agdar-düňderlikden hiç başçykaryp bilmedim.

Pikir edenim owarram diýsem, täze ýyldan soň iki hepde geçip-geçmän, benzin atly, men pyýadabolup başladym. Sebäbi öňküje alýan benzinimi almak üçin öňküje sowýan pulumdam has kän pulgerekdi, aýalymyň, agtyklarymyň bolsa, maşynly gitjek ýeri, bazardan pul berip almaly zatlaryköpelmese, azalanokdy.

Diňe men däl, ähli kişi dowla düşdi, adamlar gün-günden aýagy bişen ýaly boldular, dollar satylýanýerlerde uzyn nobatlar döredi.

Bu-da owarram diýsem, “gara maşynlary tehniki gözegçilikden geçirjek dälmişler, şäherde sürmesizetjekmişler” diýen ýene bir şumluk tapyldy. Betbagtlygmy görä, maşynjygym garady.

Men ýene başga çykalga tapman, TDH-ny, Türkmen döwlet habarlar gullugynyň habarlaryny ünslidiňläp başladym, prezidentiň aýdan sözlerini sypdyrmadym.

Bir görseň, onuň aýdýan sözlerinde çuň many bardy, ýagny ol dünýä bazarlarynda nebit-gazyňbahasynyň aşak gaçýandygyny, bu ýagdaýyň dünýä ykdysadyýetiniň aýrylmaz bir bölegi bolupduran türkmen ykdysadyýetine hem göni täsir ýetirýändigini aýdýardy. Şu sepäpden men onuňmanadyň hümmetini aşakladyp, benzini, beýleki harytlary gymmatlatmasyny bagyşladym ýa-dabagyşlamaga taýyn boldum.

“Nätsin, görgüli Arkadag, gije-gündiz diýmän halky üçin arhitektorlyk etdi, köşk gurdy, stadiongurýar gelenler haýran galar ýaly, emma ahyrynda global problemalar eýgertmedi” diýdim.

Aýalym, dogry, ýene maňa güldi. Aýal adam, jedelleşibem bolanok, üstesine alan bilimem hasap-hesibe degişli, meniňki ýaly taryh-maryh däl…

“Seret, seret, bulaň akmakdyny!” – diýip, ol anna güni agşam telewizor görüp otyrkak jakgyldapgüldi. Men näme bolanyna düşünmedim. Prezident pahyr, mejlis geçirip, halk aladasyny gerdenine

Page 60: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

alyp, milli ykdysadyýeti halas etmek üçin görülmeli zerur çäreler barada tabşyryk berýärdi. Aýalymmeniň düşünmeýändigimi görüp, gaharlanjak boldy:

“Sen, ýokary bilimli adam, sered-ä, prezident dünýädäki nebit-gaz gymmatlamasy biziňykdysadyýetimizie täsir etdi diýýär, orunbasary bolsa ykdysadyýetimiz geçen ýylyň degişlidöwrüne garanda pylança prosent ösdi diýýär. Eger ösen bolsa, bu masgaraçylygyňyz näme?Hökümet bolan bolup otyrlar, bir-biriniň diýýän zadyna düşünenoklar…”

Men gözümi tegeledim oturdym. Näme diýeýin, prezident düşünmese, wise-premýer düşünmese,ýurtda on müňläp okadylan, ýokary bilim berlen ykdysatçylar düşünmese ýa sesini çykarmasa, mennäme diýip bilerin.

Aýalym irden berk tabşyryk berdi: elde bar-ýogumyzy dollara çalşaly, ýogsa gedaý galarys. Aýalyňaýtsa, sorag berip bolýarmy, irden nobata durmaga gitdim. Barsam, maşyn goýulýan ýerde polisiýaişgäri dur.

“Agam, maşynjygyňam-a gara eken” diýip, ýylgyrýar.

“Bolanda näme? Maşynyň reňki bilen näme işiň bar?” – diýip, men gaharlanjak boldum. Emma olgorkanymy bildi.

“Häzirlikçe zat diýmeris, emma birki aýdan içki geýim-eşikleriňize çenli ak geýmeli bolarsyňyz,geýmänem görüň” diýdi.

“Adamlaryň maşynynyň reňkinden, içki eşiginden başga işiňizi gutardyňyzmy?”

“Bize diýme, balagyňyzy çykardyp, türsügiňizi barlajak milli howpsuzlyk ofiserlerine aýt ony!” –diýip, polisiýa işgäri arkan gaýşyp güldi. “Bu jogapkärli işi bize däl, şolara ynanjaklarmyş…”

Men bu gepe ynanmadym. Emma dollar çalşyp gelip, gülümsiräp aýalyma aýtdym welin, olynandy: “Gülen bolma, akçylar reallykdan ünsi sowmak üçin her zat eder” diýdi.

Gymmat düşen negatiw düýş (16.03.2015)

Soňky döwürde düýş görmän, gara basman, guzy ýaly myrlap ýatyp, her gün irden çaga ýalyýylgyryp oýanmam bardy. Emma mitingler we demonstrasiýalar hakynda kanun çap edilenindensoň her gije diýen ýaly düýş görmäge başladym.

Dogrusy, başda düýşlerim erbedem däldi. Olaryň birinde ir sagat 7-den agşam sagat 10-a çenliaralykda Prezident köşgünden 200 metr uzaklykda, ýeke adamyň protestine çykýaryn. Arkamda,döşümde “Arkadag ogrybaşy, ýurdy gurluşyk bilen batyrdy!” diýen ýazgy bar.

Durun. Ýanyma gelýän, “Edýäniň näme?” diýýän ýok.

“Beh, kanun dogrudanam işleýär-ow, indi bizde-de kanun esasynda bir zatlar edip boljag-ow” diýip,umytly pikir edýärin. Emma içimde bükgüldi bar: “Öýe gaýdyşyn, ýolda güpbasdy edip, KGB-äňpodwalyna salyp, it ýenjen ýaly ýençseler gerek…”

Emma gaýdyşyn hem ýanyma gelen bolmady. Men bu ýagdaýdan ruhlanyp, ertesem ýeke adamlykproteste çykdym. Bu gezek Ministrler kabinetiniň täze binasynyň 200 metrliginde durdum.Arkamda ýene şol ýazgy. Emma indi ýazgylary daşdan hem görner ýaly edip, uly we gara harplarbilen ýazdym. Ýene towugyma tok diýen bolmady. Emma meni goldan ýa duýgudaşlyk bildirenhem tapylmady. “Adamlar täze kanuny bilenoklar öýdän, aý, bizde kanun okaýan barmy?” diýip,içimden hüňürdedim.

Bir gün arakesme alyp, ýene proteste çykdym. Bu gezek Daşary işler ministrliginiň ofisiniň 200metrliginde durdum. Arkamda, döşümde bolsa “Mitingler, demonstrasiýalar kanunyny okaň, olbiziň gurluşyk ogurlygyna garşy çykmak hukuklarymyzy kepillendirýär” diýen ýazgy bardy. Ýeneýanyma gelen bolmady. “Bolýar, gelmäň, goldamaň, emma tutup, dälihana ýa KGB-ä salmasaňyz

Page 61: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

bolýar” diýip, içimden heşelle kakdym. Emma ir begenen ekenim.

Ertesi Mejlisiň binasynyň 200 metr uzaklygynda durdum. Arkamda “Aşgabada çyrşalan akmermerlere berlen puly obalara arassa suw çekmäge beren bolsalar, köp çaga halas bolardy, mermergowumy ýa çagalaryň saglygy?” diýip ýazdym.

Ýene zat diýen bolmady. Emma öýe gelip, agşam täzelikleri diňlejek bolsam, TW-de meniň biradamlyk protest geçiren ýerlerimde guralan köpçülikleýin demonstrasiýalary göni efirde alypgörkezip durlar. Prezident köşgüniň ýanynda ak sakgally, dürli welaýatlardan getirilen ýaşulularmiting geçirse, Ministrler kabinetiniň ýanynda intelligetsiýa wekilleri, ýazyjylar, artistler mitinggeçirip, Arkadaga alkyş aýdýar. Daşary işler ministrliginiň ýanynda bolsa, studentler, ak keteniköýnek geýen gyzlar bilen gara balakly oglanlar Arkadaga “ýokary bilim almak üçin döredenajaýyp mümkinçiligi” üçin alkyş aýdýarlar.

Men adalatsyzlykdan zeýrenjek bolup, aýalymy gözledim, emma öýde ne aýalym, ne başga biritapyldy. Onsoň ýene öz-özüme hüňürdedim: “Metbugat kanuny işlänok… Mitingler kanunynyň birözüniň işlemeginden peýda ýok…”

Ertesi mejlisiň binasynyň ýanyna proteste çykdym. Arkamda we döşümde şeýle ýazgy bardy:“Metbugat kanyny Mitingler kanuny bilen deň işlemeli, biri işläp, beýlekisi işlemese, ne adalatbolar, ne demokratiýa!”

Agşam 10-da öýe gelsem, TW-de ýurduň at-derejeli žurnalistleriniň, ýazyjylarynyň gatnaşmagyndasöhbetdeşlik görkezilip dur. Gepleşige çagyrylan adamlar gezek-gezegine, käte bir-birleriniň sözünibölüp, Arkadagyň gol çeken Metbugat kanunynyň dünýä üçin nusga alarlyk kanundygy, bizde söz,metbugat azatlygy üçin ähli şertleriň döredilendigi, senzura düýpden ýol berilmeýändigi hakyndajoşup-şoşup gürrüň edýärler.

Ýene saçlarymy penjeläp, agyryma çydaman iňledim. Ýöne bu iňňildi aýalymyň gaharlyhüňürdisiniň aşagynda “syrtyny gysmaly” boldy. Men ýalpa gözümi açdym.

“Ýene düýş gördüňmi?” – Aýalym gaharly sorady.

“Hawa, ýeke adamlyk proteste çykýamyşym, zat diýenokmyşlar…”

“Besdir, men ýatjak” diýip, aýalym aňrysyna öwrüldi.

Ertesi ir sagat 10-larda, gapynyň jaňynyň sesine oýandym. Gapyny açsam, obadaky ýegenimAlymerdan gelipdir. “Ahyry düýşümi gürrüň berer ýaly adam tapyldy” diýip, içimden begendim.

Alymerdan elindäki kagyz paketi iç işikde goýup, iki elini uzadyp, edepli salamlaşyp, mellegindebiten käşirden palawlyk getirendigini, hemem bir kiçijik haýyşynyň bardygyny aýtdy.

Men “kiçijik haýyş” diýlen sözi eşidip, gözümi tegelänimi duýman galdym. Sebäbi garyndaşlar“kiçijik haýyş” diýip, hemişe karz pul dileýärdiler.

Alymerdan çaý başynda 2016-njy ýylda obalarynda 150 orunlyk çagalar bagynyň guruljagyny, gyzyÄşäni şol çagalar bagyna terbiýeçi edip işe ýerleşdirmek isleýndigini gürrüň berdi.

Men onuň bu niýetini oňladym, emma indiki ýyl guruljak çagalar bagyndaky terbiýeçilik üçin şuwagtdan para bermek, ýagny Äşäniň geljekki işine alaja dakyp goýmak pikirini welin oňlamadym.Sebäbi bu alaja diňe Alymerdana däl, maňa-da gymmat düşjekdi, ol menden azyndan $300soraýardy.

“Ýegen, ynhajykka Mitingler kanuny çap edildi, indiki ýyla çenli nä pelek, bu parahorluk dowametmez, biri dur diýmeli bolar, etme şul işi” diýip, oňa düýşümde mitinge çykyşymy gürrüň bermägebaşladym. Alymerdan menden pul bolmajagyny bilip, sowuk-sala hoşlaşyp, gitmek bilen boldy.

“Wäh, ýegeniň göwnüne degdim-ow” diýip, gynanyp otyrkam ýene gapy kakyldy. Açsam, işikdebir daýaw pyýada dur. Ol meniň adymy tutup, salam berdi. Men salam aldym-da: “Inim,tanamadym-la?” diýdim.

Page 62: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

“Häzir tanarsyň…” Ol jübüsinden Milli howpsuzlyk ministrliginiň şahadatnamasyny çykaryp,gözümiň öňüne tutdy. Men gapynyň agzyndan yza çekilip, oňa içeri girmegi mürehet etdim.

“Ýaňyja habar geldi, siz ýegeniňiz Alymerdan bilen häkimiýetlere garşy mitinge çykmak baradagürrüň edipsiňiz…” Milli howpsuzlyk ofiseri aýakgaby bilen töre geçip barşyna ýuwaşjadan sözebaşlady.

“Ýalan, men oňa diňe Mitingler kanuny çykandan soň gören düýşümi gürrüň berdim…”

Ofiser jübüsinden telefonyny çykaryp, özüne iberilen hatlaryň birini açdy: “Taksisleriň arasyndaişleýän agentimiziň beren maglumatyna görä, siz täze kanun barada negatiw düýş görüp, onamobadan gelen sada adamyň ýanynda gürrüň edip, bagtyýarlyk eýýamymyza şek ýetirjekbolupsyňyz…”

MHM-niň nähili işleýänini bilemsoň, gürrüňiň syrygýan ugruny aňyp, wagtynda öňüniböwetlemegiň aladasyny etdim.

“Inim, men bir ýaşuly adam, düýşüňi gürrüň berdiň diýip, podwala süýräp ýörjekmi indi?”

“Podwala süýremek barada gürrüň gidenok, agam! Emma siz ýaşlara watançylyk terbiýesinibermeli halyňyza, obadan gelen sada adamy ýoldan çykarjak bolsaňyz, biz muňa ýol beripbilmeris.”

“Bolýa, men indi negatiw düýş görmezlige, gören düýşümi hem gürrüň bermezlige HormatlyPrezidentimiziň “Döwlet guşy” kitabyndan ant içýän… Boldumy indi, gürrüňi gutaryp bilerismi?”

“Ýok, meniň başga pikirim bar: Sizi gözegçilige alyp, söhbetdeşlik geçirilýän adamlaryň sanawynagoşmaly. Gaýgy etmäň, özüm wagt-wagt gelip, siziň bilen söhbetdeş bolup, sözüňizde durşuňyzy,pikiriňizde bolýan pozitiw özgermeleri barlap duraryn. Bu inçe iş, adam ýalňyş pikir etse, ýalňyşhereket hem edip biler, ýagny biziň hereketlerimiz edýän pikirimizden, arzuwlarymyzdan, görýändüýşlerimizden gelip çykýar…”

“Inim, näme alsaň al-da, meni şol sanawa goşmasana, aýalym bilse, etimi iýer” diýip, men türkmenhäkimiýetleri bilen gürleşmegiň iň netijeli usulyna geçdim.

“Ine, munyň başga gep…” Ol ýylgyryp, jaýyň içine aýlanmaga başlady. “Kitabyň kän eken,köpüsem orça. Emma “Ruhnama” ýok, “Döwlet guşy” ýok… Bu gowy däl… Güýje girmedikkanun hakynda öňünden negatiw düýş görmegiň hem sebäbi şunda!” Soň ol äpişgäniň öňüne baryp,aşakdaky maşynlara göz aýlady. “Bu maşynlaryň haýsysy seňki?”

Men onuň ýanyna baryp, köneje sary “Žigulä” elimi uzatdym. Ol ajy ýylgyrdy. “Seret, gapdalyndaduran “BMW” maşyna, men şonuň eýesiniň hem öýüne baryp gördüm, ors mekdebini gutaranoglan, emma öýünde “Ruhnama” bar, prezidentleriň portretleri bar. Diýmek, ol saňa görä praktikipikirlenýär. Sen bolsa, kitaplaryňdan görnüşine görä, idealistik pikirli adam, ýagny ýerli däpleredüşünmeýärsiň…”

“Ýok, menem ýerli däplere düşünýän, oňşarys, meni şo sanawa goşma, näme diýseň, şol bolar.”

“Aý, agam, diýeniň bilen bolýan zat däl ol, öýüňe seret, towuga ýükläýmeli goşuň bär. Men saňagözümi ýumup, işimi ýitireýinmi? Başlyklaram bar, olara-da emläp durmaly…” Ol baryp, ýatyşotagymdaky şifoneri açdy: “Ehe, täzeje penjek-balak, köýnejikler, köwüş…”

“Çagalar doglan günüme sowgat etdiler, entek bir gezegem geýemok…”

“Geýmäniň gowy-da…” Ol täze penjek-balagy, köýnekleri, täze köwşümi aldy-da, aşakda duranpaketiň içine saldy. “Ýene näme bar?”

Men töweregime göz aýladym. “Halylaryň gaty könelipdir…” Ol iş stolumyň üstünde duran goşarsagady görüp, süýji ýylgyrdy: “Sagadam doglan günüňe berdilermi? Täzeje ýaly-la?”

“Ýok, bäş-alty ýyl bolandyr, Stambula gidemde alypdym…”

Page 63: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

Ol sagadam jübüsine atdy: “Bolýa onda, praktiki pikirlen, agam, başyňa bela gelmejek ýerini bil,biz saňa ýamanlyk islämizok.” Ol gapynyň agzyna baryp, meniň bilen elleşip hoşlaşdy. Şol wagtamiç işikde duran paketi görüp, “Bu näme?” diýip sorady.

“Käşir-laý” diýip, gysgançja seslendim. Emma bu kömek etmedi, ol käşirli paketem aldy: “Aýalympalaw bişirjek, agşam käşir getir diýipdi, gowy bolaýdy, he-he…”

Men içimden: “Wah, Alymerdana $300 beren bolsam, arzanrak düşerdi” diýdim.

Guly edebiýatynyň bedew bady (13.05.2015)

Buşluk adamlar, Guly edebiýatynyň ýene bir beýik eseri bedew bady bilen okyjylar meýdançasynaatylyp çykdy! Bagyşlaň, men köne türkmençe bilen TDH-nyň döreden täze türkmençesini birazgaryşdyrýaryn. Häzirki ýagdaýda bolsa, begenjimden hasam bulaşdyrýan bolmagym mümkin.Meniň begenjim, elbetde, TDH-nyň täze habary - “Türkmenistan – abadançylygyň we rowaçlygyňýurdy” diýen täze kitabyň dünýä inmegi bilen bagly. Mälim bolşy ýaly, bu kitap türkmen, iňlis werus dillerinde neşir edildi.

TDH bu habar bilen baglylykda Guly edebiýatynyň beýik nusgalyk eserleriniň ýene käbirini -“Bagtyýarlyk—saglykdan başlanýar”, “Bilim—bagtyýarlyk, ruhubelentlik, rowaçlyk”, “Suw-ýaşaýşyň we bolçulygyň çeşmesi” atly bestseller bolan kitaplary hem agzaýar. Emma meniň TDH-dan uly nägileligim bar – bu habar agentligi şeýle ajaýyp kitaplara dünýä derejesinde baha bermekbarada, näme üçindir, gürrüň etmeýär. Eger şeýle gürrüň edilmejek bolsa, olary iňlis, rus dillerindeçykarmagyň manysy näme?

Ýeri bolýar, men TDH bilen deň bolmaýyn, emma başga bir zady – Guly edebiýaty barada şu wagtaçenli aýdylman gelýän hakykaty we oňa hakykatda berilmeli baha baradaky pikirimi aýtmagyşundan gijä goýup biljek däl.

Eýsem Guly edebiýaty ýa-da türkmen edebiýatynyň Guly akymy näme we Gurbanguly Mälikgulyoglunyň dünýäniň üç dilinde birden çykýan kitaplary bu akyma nädip bedew badyny berýär?

Bilmeýänler bilsinler, Guly edebiýaty Ikinji Jahan urşy ýyllarynda Gökdepäniň Babarap obasyndadöredi we 2007-nji ýyldan soň bat alyp başlady. Türkmen edebiýatynyň bu ýaş akymynyň düýbünitutan Mälikguly şahyr Berdimuhammedow. Ol şol gazaply ýyllarda, nemes faşistlerinden çekinmän,ýetginjek halyna goşgy ýazyp, tutuş halky beýik ýeňşe ruhlandyrypdyr.

Beýik Mälikguly şahyryň kesbi garaşsyzlyk ýyllarynda Şaguly aganyň gyzy Gözel, Rejep aganyňogly Nobatguly, Anna aganyň ogly Orazguly… ýaly şahyr-ýazyjylar tarapyndan alnyp göterildi.

Emma edebiýatçylar, ýalňyşmasam, türkmen göripligine erklerini aldyryp, Guly edebiýatynyň ýetenbeýik derejeleri barada ýazmaly bolanlarynda, näme üçindir, galamlaryny haýalladýarlar. Ýa olar buedebiýatyň çuňňur many-mazmunyna we dünýäni özgerdiji beýik filosofiýasynadüşünmeýärmikäler, ony açyp görkezmäge talantlary ýetmeýärmikä? Eger ýatlatsak, birazajyk öňolar “şa şahyr” diýip, ýaş şahyr Saparmyrat Nyýazowy ýerde-gökde goýmandylar…

Men şu gün Guly edebiýaty meselesindäki adalatsyzlygy aradan aýryp, bu ýerdäki gowuzlygydoldurmak, guly şahyrlarymyzyň edebiýat äleminde edýän pidakärliklerini gysgaça-da bolsa belläpgeçmek isleýärin.

Hawa, türkmen edebiýatynyň Guly akymy ýa-da gysgaça – Guly edebiýaty gabanjaň şahyrSaparmyrat Nyýazow ýogalandan soň, gaýtadan ösüp başlady. Sebäbi guly edebiýatyna täze birparlak ýyldyz, köptaraply talant – Gurbanguly Mälikguly ogly gelip goşuldy.

Gurbangulynyň köpgyraň talanty barada aýdyp oturmak hem artykmaç, ol Türkmenistanyň Halkatşynasy, iň mergen atyjy, ussat dijeý, bäş barmagyndan em dökülýän eli ýeňil lukman we maşynda-welosipetde, uçarda-gämide ýaryşmaly bolsa, öňüne adam däl, perişdeleri hem geçirmeýär.

Page 64: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

Gurbangulynyň talanty daşary ýurtlarda hem giňden ykrar edildi. Emma men bularyň hemmesiniýazjak bolsam, aýlap wagt gerek. Ondan ötrin, men diňe onuň Guly edebiýatyndaky hyzmatlary,hususan-da türkmen kitaplaryny dünýä halklaryna ýetirmekde getiren bedew bady barada aýdypgeçmekçi.

Dogry, gabanjaň ýaş şahyr Saparmyrat Nyýazowyň eserleri hem dünýäniň kyrkdan gowrak dilineterjime edildi. Emma ol terjimeler esasan tanyşlyk, Ahmet Çalyk ýaly amatly kontrakt aljak bolýanhilegär iş adamlarynyň kömegi bilen edildi. Emma Gurbanguly ondan bedew bady bilen öňesaýlandy. Ol hakyky talanty bilen üstünlik gazanýar. Halala halal diýmeli, adamlar!

Gurbangulynyň eserleri, TDH-nyň berýän maglumatlaryna görä, dünýä okyjylaryny çuňňurmazmuny bilen dyza çökerýär. Häzir Pekin we Şanhaý ýaly uly şäherlerde Konfusini bir gyrataşlap, esasan Gurbangulyny okamaga başlapdyrlar. Muny meniň hytaýly tanyşlarym hemtassyklady.

Guly edebiýatynyň esasy güýji, Mälikguly halypdan başlangyç alşy ýaly, kyn günlerde halky ýeňşeruhlandyrmak aýratynlygynda. Has dogrusy, Guly edebiýatynyň jadysy güýçli, bir guly kitabynyokan soň başga kitap okamak islemeýär!

Mälim bolşy ýaly, türkmen halky indi 23 ýyl bäri kyn günleri – ösen sosializmden çüýreýänkapitalizme geçiş döwrüni başdan geçirýär. Geçiş döwründe-de näme, her hili kynçylyklar bolýar,käbirleri halky talap, baý bolýar, köp adam işini ýitirýär, garyp düşýär, tozýar. Soňky 23 ýyldatürkmen baýlyklarynyň hasabyna Türkiýede, Fransiýada, Germaniýada, Orsýetde we Ukrainada…köp adam millioner, milliarder boldy diýip gybat edýärler, şol bir wagtda biziň halkymyz esasangedaý galanmyşyn. Emma Guly edebiýaty halky geljekki ösüşlere ruhlandyrmak maksadyndan uguralýar we geçiş döwründe bolýan ownuk-uşak kemçiliklere üns bermän, gazanylan beýiküstünlikleri, mysal üçin, Aşgabatda gurlan köşkleri, fontanlary wasp edýär. Sebäbi halkakemçilikleri aýtsaň, ol ruhdan düşýär, sebäbi halk göwni gyz göwni ýaly näzik bolýar. Emma halkadiňe üstünlikleri aýtsaň, ol ruhlanýar. Juda bolmasa, halkyň halysyny, atyny, itini, tahýasyny wetelpegini öw, ol ýyrş-ýyrş eder. Ine, halaýyk, Guly edebiýatynyň esasy many-mazmuny ýa mantygyşu ýerde.

Mälikguly şahyryň esaslandyran Guly edebiýatynyň düýbünde ýatan pelsepe wagtyň synagyndangeçen tejribe diýsek, ulaltma bolmaz. Mysal üçin, nemes faşistlerine garşy uruş ýyllarynda hemazgynlyk edýän başlyklar, iliň namysyna tokunýan iki-ýeke mesler bolupdy, emma olary wagtyňsuduna goýupdylar. Häzirem şeýtmeli, eger pursatdan, halkyň aljyraňňylygyndan peýdalanyp,häkimýiet gatlaklaryna sümüp girip, halky talaýan, onuň namysyna tokunýan adamlar bar bolsa,olara häzir wagt ýitirmeli däl, esasy ösüşleri öwmeli.

Gönüläp aýtsak, guly edebýatynda problemalary inkär etmeli, hemme zat gowy we şol gowy zatlarymundan beýläk hem gowulandyrmak ugrunda gije-gündiz tagalla edilýär diýip ýazmaly.

Dogry, ýaş şahyr Saparmyrat Nyýazowyň döwründe türkmen edebiýatynda Ştangaçylar akymy hemdöredi. Ol akymda hem esasan üstünlikleri wasp edýärdiler. Emma olar bir kemçilik goýberdiler,özara basdaşlykdan, baýrak-wezipe üstünde oňuşman, bir-biri hakynda gybat ýaýradyp, garasanawy uzaltdylar we netijede özleri hem köplenç zenzura toruna düşdi. Eger obrazly aýtsak,emelsiz balykçy deňze tory zyňar, balyk tutjak bolup, emma tory öz başyndan iler, biziň ştangaçylaredebiýatymyzyň agzalarynyň hem ykbaly şeýle boldy.

Mundanam başga, ştangaçylar juda köp boldy we esasan bir-birlerini gaýtalamak, ozalky odalarynyçala üýtgedip çap etmek, özlerinden ogurlamak bilen meşgul boldular.

Haçanda baky beýik prezident dünýäsini täzelände, täze beýik prezident üçin has talantlyştangaçylar gerek boldy. Emma olar öňki prezident döwründe agyr-agyr ştangalary göterip, halysbolupdylar we täze beýigiň goýan artyk agramyny göterip bilmediler.

Şeýdip, türkmen edebiýatynyň Ştangaçylar akymy çalajan ýagdaýa düşdi. Ikinji tarapdan, onuň birtopar funksiýasy Guly edebiýaty tarapyndan, başgarak görnüşde dowam etdirilýär. Şonuň bilen bir

Page 65: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

wagtda, ştangaçylaryň köpelip masgara bolşuny ýatda saklap, Guly edebiýatynyň wekillerinisanlyja möçberde saklamak barada assyrynlyk bilen çäre görülýär.

Guly edebiýaty barada gürrüň edilende, wagt çäkli hem bolsa, bu akymyň häzire çenli dünýämedeniýetiniň altyn hazynasyna goşan iki beýik eserleri hakynda aýdyp geçmek zerur: Olaryňbirinjisi Gurbanguly Mälikguly oglunyň Mälikguly şahyryň uruş ýyllaryna gabat gelen ýaşlygynabagyşlan “Döwlet guşy” romany; ikinjisi Şaguly gyzy Gözeliň “Ak güller” poemasy.

“Ak güller” poemasynyň esasy beýikligi nämeden ybarat? Ol garalyga, durmuşdaky gara pikirlere,gara niýetlere garşy barlyşyksyz göreş yglan edilip ýazylan eserdir. Onda sosialstik realizmiňçäkliliklerinden çykyp, kapitalistik realizmiň aýlawly ýollary ulanylypdyr, ýagny ýurduň geljeginegara kölege salan döwlet korrupsuýasyna garşy ak gülleriň simwoliki göreşi yglan edilipdir. Bueserde ullakan ironiýa bar, ýany halk geljegine gara kölege salýan korrupsiýanyň başynda duranadamyň ýoluna ak güller seçilip, ahyrynda ol ak gülleriň täsiri bilen aklyk tarapyna geçmeli.

Gynançly ýeri, türkmen edebiýatçylary bu eserleriň beýikligini, esasy many-mazmunynywatançylyk ruhunda terbiýelenýän ýaşlarymyza doly açyp görkezip bilmediler ýa-da açypgörkezmek islemediler. Näme üçin, göriplikden, elbetde! Emma men görip däl we bu eserleriňbeýik mazmunyny, ýurt içinde senzura etseler-de, daşary ýurtda aýtmak kararyna geldim.

Eger Gurbanguly Mälikguly oglunyň “Döwlet guşy” romanynyň belentligine gelsek, bu romanGuly edebiýatynyň, ýagny türkmen edebiýatynda dörän täze akymyň gözbaşynda duran Mälikgulyşahyryň ýetginjek ýyllaryndan bäri alyp baran ruhy göreşiniň jemlerini açyp görkezýändigi üçindünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna girdi.

Mälikguly şahyryň gazaply uruş ýyllarynda, doly ýaly ýagýan gülleleriň, top oklarynyň astynda başgaldyran talanty Gurbangulynyň ýazan ajaýyp romanyna cenli uzak ýyllar görmezlige salyndy. Buýerde esasy bellenmeli zat, şu geçen taryhy döwürde okuw kitaplaryna girizilen ýazyjylar –Nurmyrat Saryhanow, Hajy Ysmaýylow, Agahan Durdyýew ýaly edebiýat wekilleri wagtyňsynagyndan geçmediler. Sebäbi olar edebiýatyň ösüp gelýän Guly akymyndan üzňedi, sosialistikrealizm diýip, öz ynanmaýan zatlaryna baş atyp, salgyma çapýardylar. Emma Mälikguly realistdi,şu sebäpden onuň edebi ýoly tutuş maşgalanyň başyna, daýydan başlap ýegenlere çenli, olaryňtöwerek-daşyna çenli “Döwlet guşuny” gondurdy, Gurbangulyny Guly edebiýatynyň dünýäderejesinde ykrar edilen lideri etdi.

Emma bu ýerde ýene bir edilmeli möhüm iş bar we men bu makalany şu işe giriş üçin ýazýaryndiýsem-de bolar. Dünýäde edebiýat boýunça berilýän iň uly baýrak bolan Nobel baýragyny Gulyedebiýatynyň wekillerine bermek üçin hem wagt ýetdi. Emma bu baýragyň hem käte syýasysebäpler esasynda, adalatsyzlyk edilip, berilmeli däl ýazyjy-şahyrlara berilýän halatlary bar diýip,günbatar metbugatynda ýazýarlar. Şu sebäpden bu baýragy bermek hukugyny juda bolmanda birýyl, skandinaw ýurtlaryndan aýryp, adalatyň gadymlardan bäri sallançagy bolan Türküstana, Gulyedebiýatynyň baş şäheri Aşgabada geçirmekligi teklip edýärin. Belki, şonda taryhy adalat dikeldilerwe Gurbanguly Nobel baýragyna hakyky bolmalysy ýaly mynasyp bolar.

Bellik: Magtymguly şahyr türkmen edebiýatynyň Guly akymyna girmeýär, sebäbi ol pessimist-terkidünýä bolupdyr. “Orramsydan bolan haramhor begler” diýip, poeziýanyň etikasyna sygmaýangödek sözleri ulanyp, şygyr medeniýetiniň derejesini pese gaçyrypdyr.

Page 66: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

Aşgabatly edebiýatçy

Dyza çökmedik şahyr (30.11.2012)

“Men nädogrulyklar hakda ýazman diýip, barybir,hiç kimiň öňünde dyza çöküp ýalbarmaryn.” Busözler Annasoltan Kekilowanyň ömrüniň soňkyaýlarynda ýazan hatlaryndan alyndy.

Eger Türkmenistan 1991-nji ýyldan soňtürkmenistanlylar üçin azat-erkin ýurt bolan bolsady,Annasoltanyň ömri we döredijiligi, şol sanda“Gargalar” goşgusy mekdep programmasynahökman girizilerdi. Ol bu goşguda azaşan halkyň,

totalitar režime ýesir düşürilen we şol ýesirlikde saklanýan adamlaryň ýagdaýyny ussatlyk bilensuratlandyryp, şeýle ýazypdy:

“Azaşýan ýol tapman doňak tokaýda,

Dodaklarym kepäp, ýalaýan gary.

Ýüregim gananok, ýene men teşne,

Gaýyp ýör depämde gara gargalar,

Soraýan olardan:

- Nirede çeşme?!

Gargalar gygyrýar:

“Gak, gak-da, gak-gak”.

Göwnüme bolmasa, diýýärler olar,

Gözleme gyz, bu tokaýda çeşme ýok”.

Ol gargalardan özüni tokaýdan ugratmagy soraýar. Şahyryň bu uly, tukat tokaýda, dury çeşmäňsowuk suwuny küýsän kalbynda ýene we ýene lowlap ot ýanýar. Bu tokaý äpet SSSR-di. Onuňgargalar diýýäni bolsa, belki-de, kömek sorap, adalat gözläp hat ýazan adamlarydy, ýokardakylardy.

Soň ol şeýle netijä geldi:

“Olar baha kesýär enelerine,

Olar baha kesýär ene ýerine,

Olar baha kesýär öz-özlerine,

Olar möhür basýar öz ýüzlerine…”

Annasoltan Kekilowanyň “Gargalar” goşgusy maňa köplenç, nämedendir, başga bir şahyryň, G.Ezizowyň “Gar” atly goşgusyny ýatladýar. Belki, G.Ezizow Annasoltanyň “Gargalar” goşgusynyokandyr, bilýändir, ýöne ol, şahyr hökmünde öz döwürdeşleriniň ählisinden aňryk, çuňluga gidenhem bolsa, Annasoltanyň gören gargalaryny görmezlige salyp, meselä başgarak tarapdançemeleşmegi makul bilipdir. Onuň gargalary gara gargaýar hem biz gonsak, gar garalar diýip pikiredýär we doňup galýar…

Bu belli, sowet režimi Annasoltanyň Ezop dilini, öwrümi saýlap alman, gönümelligi saýlapalmagyny hem öz pikirlerini açyk aýtmagyny hiç bir halatda bagyşlap biljek däldi, ýöne ony şondansoňky türkmen režimi hem, hatda “bagtyýarlyk” döwri hem bagyşlamady.

“Aklym diýýär maňa: – Samsyjak gözel,

Page 67: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

Gör, ömrüňden hoşal ahyr Aý-Günem,

Kaýyl bol-da bu durmuşyň emrine,

Bolşuna göräräk ýaşaber senem.

Ýürek diýýär: – Bolmasady hyjuwlar,

Onda kyn düşmezdi beýdip gün görmek.

Bolmaz ahyr hak aýdymlaň deregne

Agzyňa gelenin şagladyp ýörmek.”

Sada, ýöne şol döwür hem, soňra garaşsyzlyk, “altyn asyr”, “bagtyýarlyk” döwürlerinde hemköpleriň edenini, ýagny bolşuna görä ýaşamagy, “diý” diýlenini diýmegi we baýrak almagy,“agzyna geleni şaglatmagy” saýlap alanlar köp bolupdy. Annasoltanyň “günäsi” hem beýikligi şolýoldan, şol talapdan ýüz öwürmegidi. Ol, pelsepe dili bilen aýtsak, inkär edilmegi inkär edip beýikbolupdy, tussag edilip, azat galypdy we öldürilip diri galmagyň, il hakydasynda saklanmagyň, iliçindäki aňly, üşükli adamlara mertlik çelgisi bolmagyň hötedisnden gelipdi.

Ol: “Göýä bir gyş güni açylan gül dek, Aňzak bilen göreş etdim, açyldym” diýip ýazypdy.

Edebiýatçy M.Mämmetgurbanowyň ýazmagyna görä, Annasoltany ilki Köşüdäki keselhanadasaklapdyrlar. Soňra ony Aşgabatdaky, Gökdepedäki, Daşhowuzdaky, hatda Moskwadakykeselhanalara hem iberipdirler. Aýdylmagyna görä, Moskwadaky keselhana iberilmegini onuň özitalap edipdir, şol ýerde özüne goýlan ýalňyş diagnozyň aýrylmagyna kömek ediler diýen tamasy bareken. Emma Moskwa onuň derdini has agyrlaşdyrypdyr. Has anygy, türkmen şahyrynyň syýasatbilen bagly pikirleriniň şol döwrüň ideologiýasyna o diýen gabat gelmezligi, şonuň bilen bir wagtdaMoskwa tarapyndan asla makullanyp bilinmejek hereketleri onuň tä ölýänçä hasshanadasaklanmagyna getiripdir. Has anygy, bütin dünýä haýbat atyp oturan ýadro ýaragly köşüli şahyrgelniň aýdan we aýtjak sözlerinden gorkupdyr. Şol gorky sebäpli hem olar ony 12 ýylda “bejerjek”bolupdyrlar, emma olara şahyry ähli sowet adamlarynyň barýan” bagtyýarlyk” ýoluna gaýtadan“salmak” başartmandyr.

Annasoltan soňky demine çenli göreşipdir, ýazypdyr. Onuň ejesi Ogulgerek daýza käte gijelerinihassahananyň demir gözenekli äpişgesiniň aňyrsynda, gyzynyň gapdalynda geçiripdir. Ýöne ene buhasrata, sag çagasynyň, “daglarbaşy” diýip söýen körpe gyzynyň hakykaty ýazany üçin “däli”edilmegine uzak çydaman, arman bilen dünýeden ötüpdir.

Emma Annasoltan, adamlar biri-birine nähili biparh bolsa-da, döwlet özüni şeýle jebri-jepa sezewaretse-de, watanyna, ýurduna bolan söýgüsini hakykata bolan söýgüsi ýaly belent tutupdyr:

“Maýsa kösüklände gülli sährada,

günden sorasynlar meniň derdimi.

Haýsy ýerde, nirelerde bolsam-da,

Ruhum bilen söýýändirin ýurdumy.”

Käte şahyrlary aşa idealist, ýerden aýagyny üzen, durmuşa düşünmeýän adam hasaplaýarlar. Emmabu juda beýle hem däl. Olar öz ýagdaýlaryny hem, durmuşy hem bilýärler:

“Alaç ýok. Dünýäniň gurluşy şeýle,

Bar durmuşa her kimiň öz hyýaly.

Kim watanyn söýýär, söýýär bilbili,

Kim bolsa jan berýär gujaklap puly.”

Beýik şahyrlar hut şu pully ýoldan gidip bilmeýändikleri üçin, kgbçileriň dili bilen aýdylanda“düzelmeýändikleri”, “toba etmeýändikleri” üçin jezalandyrylýarlar, olaryň pitnesi şu pul ýoluna,

Page 68: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

her kemsitmä kaýyllyk we gulçulyk ýoluna garşy durmakdan başlanýar:

“Sen hiç kime namysyňy satmadyň,

Muny päklik hasapladyň özüňe.

Wyždan kemsidilýän şeýle mekanda

Gör, näme getirdi bu päklik saňa…”

Bu setirler beýik Magtymgulynyň “Bizara gelip men beýle diýardan, Jür bolup men başym alypgitmäge” diýen sözlerini ýatladýar.

Sowet režiminden sag-aman gutulan bolsa, türkmen halkynyň ilkinji dissident şahyrasy AnnasoltanKekilowa şu günler 70 ýaşyny toýlardy.

Ol 1942-nji ýylyň 30-njy noýabrynda, Aşgabadyň etegindeki Köşi obasynda, şahyrlar Aman weŞaly Kekilowlaryň iň uly dogany Seýidiň maşgalasynda dünýä inipdir. Ýöne Annasoltanyň ykbalyne uly alym bolan Aman kakasynyňka, ne-de uruşda wepat bolan Şaly kakasynyňka meňzäpdir.

Annasoltan 1971-nji ýylda, 29 ýaşynda, zor bilen dälihana ýerleşdirilýär. Ol şol ýerde, dürlihassahanalarda öňli-soňly 12 ýyl saklanyp, 1983-nji ýylyň 19-njy iýunynda azat edilýär, ýagny şolgün onuň jesedini garyndaşlaryna berýärler.

Ol şondan öň ejesi Ogulgerek daýzanyň “Daglarbaşy” diýip söýen gyzydy; 19 ýaşynda durmuşaçykypdy, 20 ýaşynda ogly bolupdy; Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasyfakultetini gutaryp, ilki mekdepde, soň “Mydam taýýar” gazetinde işläpdi; “Gara saçlarym” (1968),“Zenanlar” (1971) atly goşgular kitaplary çykypdy; sözlerine birnäçe aýdym döredilipdi, terjimeedilen goşgulary rus dilindäki ýygyndylara girizilipdi…

Soňky 20 ýylda Türkmenistandan kän adam daşary ýurtlara ýaşamaga gitdi, olaryň arasynda döwletişlerinde işlän adamlar hem, olaryň çagalary hem bar. Hatda daşary ýurtlarda emläk satyn alan weyzyna arkaýyn gelip-gidp ýören türkmenler hem az däl. Emma Annasoltan diňe Angliýa gitmekisländigi, şol ýurduň Moskwadaky ilçihanasyna arza bilen ýüz tutandygy üçin ilki göz astynaalyndy, soň dälihana gabaldy.

Dogrusy, onuň bar “günäsi” Angliýa gitmek islemeginde hem däldi. 1990-njy ýyllaryň başyndajemgyýetçilige elýeterli bolan maglumatlardan, hususan-da Annasoltanyň “keseliniň taryhyndan”belli bolşuna görä, ol respublikanyň ýolbaşçylaryny tankytlapdyr.

Şahyr Kerim Gurbannepesowda , ýalňyşmasam, “Aýal diýilýän zat ýerdäki taňry” diýen setir bar.Annasoltan bolsa, “Biz gyrnak” diýip, türkmen aýallaryna degişli başga hakykaty aýdypdy:

“Biz gyrnak,

Bilýäris gyrnaklygmyzy,

Şoň üçin dört ýere bölýäs ýüregmiz.

Ine, ýüregmiziň bir böleginde

Gussaly ýaşlygmyz hem ajal ýatyr.

Gün gerekmi?! –

Tümlük?

Isläniň saýla!

Çözmesi kyn. Elhenç…

Şu jedel ýatyr.

Ýüregmiziň beýleki bir bölegi

Page 69: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

Eýlenipdir sowuk garaýyşlara.

Zynjyrsyz baglanan

El-aýaklarmyz –

Ýan bermelimişin,

Gara gyşlara.

Üçünji bölegi ýüreklermiziň

Tutuşlygna eýlenipdir hyjuwa.

Bu ýerde ýigrenç bar gyrnaklygmyza,

“Baky” berilipmi gyrnaklyk bize?!

Ine, ýüregmiziň soňky bölegi,

Bu ýerde näm bolýar?!

Semiz jenaplar…

Dar kabinetlerde möhür basýarlar,

Basgylap iň oňat aýdymlarmyza,

Gyrnaklygmyz bilen,

Baha kesýärler…”

Aýal-gyzlara erkekler bilen berlen deňligiň gije-gündiz wasp edilýän ýurdunda Annasoltana çenlihiç bir şahyr beýle goşgy ýazmandy. Onuň radioda okan käbir goşgularynda “syýasy yrgalyga” ýolberenligi üçin söhbetdeşlige çagyrylp başlanmagy şu ýüreklilik, şu batyrgaýlyk, şu dogruçyllyk wegönümellik bilen baglydy. Ol dünýäde iň bagtly durmuş şertlerini döretdim diýip öwünýän döwletiňöňünde, onuň öňe sürýän, beýlekileriň boýnuna zor bilen dakýan hakykatyna ters gelýän hakykatyaýdýardy.

Ol diňe goşgy ýazmak bilen hem oňmandyr, respublikada aýal-gyzlara nädogry çemeleşilýändigibarada Kompartiýanyň XXIV gurultaýyna arza hem ýazypdyr. Elebetde, diýdimzor partiýa onuňarzalarynda aýdylýan kemçilikleri düzedip ýa boýun alyp biljek däldi, onsoň bu arzalary ýazýany“düzetmelidi”. Bu hili “düzedişiň” barlagdan geçen usullarynyň biri bolsa, türmeden başga, ruhyhassahana gabamakdy. Bu başgaça pikiri, umumy kabul edilen hakykatdan başga hakykaty öňesürýän adamyň pikirlerine il içinde şübhe döretmekde iň netijeli usul hasaplanýardy. Megeremşondan, il içinde Annasoltanyň “däliligi” barada döwlet ýalanynyň kerebinden boşanyp bilmänýören adamlar şindem bar.

Saklanyp galan dokumentler häkimiýetleriň ony hakaykatda däli hasaplamandygyny görkezýär.Mälim bolşy ýaly, ruhy hassalykdan ejir çekýär diýip bilinýän adam jenaýat jogapkärçiligineçekilmeýär. Edebiýatçy M. Mämmetgurbanowyň maglumatlaryna görä, ol 1975-nji ýylda, dälihanagabalandan birnäçe ýyl soň, SSSR Jenaýat kodeksiniň 206-njy maddasynyň 2-nji bolüminiň 7-njipunkty esasynda jenaýat jogapkärçiligine çekilipdir. Emma onuň türmä geçirilendigi barada hiç birmaglumat ýok. Tersine, wraçlaryň esasy aladasy, belki-de ýokardan berlen buýruk esasynda,Annasoltany Kompartiýa, respublikanyň ýolbaşçylary barada aýdýan zatlaryndan dändirmek, bupikirleriň “näsagyň” ruhy hassalygy sebäpli dörändigini onuň özüne tassyklatmak bolupdyr. Onsoň,eger kemçilikleri tankytlamasa, bu onuň saglygynyň gowulaşandygynyň alamaty “hasaplanypdyr”.

Annasoltan “Jebir gördüm bu diwardan aňyrda//Zulum gördüm bu diwardan aňyrda” diýipýazypdyr.

Page 70: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

Bu oňa pikirinden, pozisiýasyndan dänmegi, “başgalar ýaly bolmagy” üçin yzygyderli basyşedilendigini görkezýär. Ol aşakdaky goşgusynda, megerem, şu basyşlara jogap bermäge çalşypdyr:

“Söýemok men bu jahanda,

Ýaranjaklap gün görmäni.

Ýagşy görýän beýle günden,

Öz ajalma jan bermäni.

Niçik bolar şemal ýaly,

Çar tarapa öwsüp dursam?

Ýan bermeli bolar onda,

Garşymda gaý-tupan görsem.

Dönmerin öz pikirimden

Atsalar-da ýanar oda.

Ömrüm boýy hyzmat etjek

“Ynsan” diýlen belent ada!”

Ýöne dokumentler hassahanada geçirilen gara gijeleriň şahyra ýeňil düşmändigini, onuň wraçlaryňberýän “akyllaryny” almaga tasdan razylaşan halatlarynyň hem bolandygyny çaklamaga esasberýär.

“Näsag dälilikden saplandy… dürli ýerlere arza ýazmasyny goýdy, biziň partiýamyzyň,Türkmenistanyň Merkezi komitetiniň nädogry ugry alyp barandygy hakdaky öňki pikirleriniň,syýasata baş goşup, hakykaty gözlemeginiň öz keseli sebäpli bolandygyny aýtdy” diýip, AnnasoltanKekilowanyň “keseliniň taryhynyň” bir ýerinde aýdylýar.

Emma şahyr, köp goşgusy ýiten-de bolsa, köp goşgusy içinde, dogman ölen-de bolsa, biljege,aňlajaga, düşünjege aýdyp bilipdir:

“Mejalym çatmady gygyrmaga-da,

Dymmakdanam ejiz gelýär ýüregim.

Göýä harasat deý inip depämden,

Uzatdy gap-gara ellerin ölüm.”

Hawa, hakyky şahyryň ýüregi şeýle bolýar, dymmakdan ejiz gelýär; aglaba köplügiňki, döwlettarapyndan sylanýan we götergilenýän adamlaryňky ýaly, gürlemekden, hakykaty aýtmakdan ejizgelmeýär. Emma azatlyk, erkinlik, hak sözi aýtmak hiç wagt mugt däl, ol köplenç şol sözi aýdanadama, belki-de onuň ýakynlaryna, ogul-gyzyna, tutuş neberesine-de gymmat, gaty gymmat düşýär.Ýöne hakykaty aýdan adam, dymanlardan, rahat ýerde oturmagy saýlap alanlardan tapawutlylykda,uzak wagtlap ykrar edilmese-de, hakykatda iliň namysyna, wyždanyna öwrülýär. Sebäbi ol iliňinkär edilemgini inkär edýär.

Şahyr: “Soň men öldürildim… Ölüp ýaşadym” diýýär. Hawa, ol biziň aramyzda ölüp ýaşap ýör.Käte-käte bolsa, birden öz aladalarymyz bilen aşa gümra bolup, şahyryň bize galdyran owadangoşgularyny ýatdan çykarybersek, ol “Haýsy ýerde, nirelerde bolsam-da, Ruhum bilen söýýändirinýurdumy” diýip, gulagymyza pyşyrdaýar.

Arman, biz onuň goşgularyny ýene bir 21 ýyl kitap edip çykarmadyk. Annasoltan Kekilowanyňsoňky kitaby, “Ömrüzaýa ýyldyzym” 1992-nji ýylda, “Türkmenistan” neşirýatynda çykypdy. Öňki21 ýyla, 1971-nji ýyldan 1992-nji ýyla çenli aralyga sowet režimi günäkärdi, indiki 21- ýylaTürkmenistanda döredilen şahsyýet kulty, bir “ýazyjydan” başga ýazyja ýol berilmezligi günäkär.

Page 71: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

Hawa, sowet režiminden sag-aman gutulan bolsa, türkmen halkynyň ilkinji dissident şahyrasyAnnasoltan Kekilowa şu günler 70 ýaşyny toýlardy. Bizem, şahsyýet kultuna ýolumyzyurdurmadyk bolsak, onuň kitaplaryny çykaryp, ýaşlara sowgat ederdik. Emma bularyň ikisembolmady. Ýogsa ol, öz aýdyşy ýaly, ak güldi, ýönekeý ak güldi. Türkmenleriň Köpetdagyndaaçylypdy. “Suwsuzlykdan saralsa-da gül meňzim, daş güli men, aslyýetim ak meniň” diýipdi.

Aşgabatly edebiýatçy. Makalada şahyryň “Ömrüzaýa ýyldyzym” kitabyndan, şol kitaba edebiýatçyM.Mämmetgurbanow tarapyndan ýazylan sözbaşydan peýdalanyldy.

“Buşluk, prezidentiň kitaby çykdy!” (07.02.2013)

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň konferensiýa zalynda Türkmenistanyňprezidenti G.Berdimuhamedowyň çeh hem iňlis dilinde çykan kitaplarynyň dabaraly prezentasiýasyboldy. TDH bu aksiýany geçirmek üçin, Çeh respublikasynyň Türkmenistandaky adatdan daşary wedoly ygtyýarly ilçisiniň ýolbaşçylygynda, biziň ýurdumyza bir delegasiýanyň gelendigini habarberýär.

Dogrusy, bu bir begenmeli habar. Emma men begenip bilmedim. Bazardan gelen aýalyma “Buşluk,ýene prezidentiň kitaby çykypdyr, özem daşary ýurt dillerinde” diýen boldum, içim welinaglaýardy.

Göriplik gursun! Heý, şunuň ýaly ýaman zat barmyka? Her gezek giň bolaýyn, iliň üstünligine ýatalantyna içigaralyk etmäýin diýýän, emma başaramok. Dogrusyny aýtsam, bu ýöne göripligem däl,professional göriplik. “Özüni bilen – weli” diýipdirler. Men özüme “weli-beýleki” diýip oturmaýyn,emma özümiň göripdigimi, barha-da beter bolýandgymy gaty gowy bilýän. Bu, belki-de meniňkärim, ýazyjylyk bilen baglydyr.

Başdan boýun alýyn: ilkiler beýle däldim, il deňinde kitapjyklarym, çelpek ýalyjakdanam bolsa,çykar durardy. SSSR Ýazyjylar guramasynyň agzasy bolupdym, çagalar bilen tomus Gara deňziňkenaryna gidip, başga ýazyjylaryň deňinde dynç alardym. Gyşyna Moskwanyň etegindäkiDöredijilik öýüne baryp, tomus gutaryp bilmedik romanymyň yzyny ýazýardym.

Ýurt içinde nirä barsam, “pylany gelipdir” diýip, gadyr bilen garşylap, törden orun berýärdiler.Emma, bagty ýatan SSSR ýykyldy-da, Saparmyrat Moskwadan garaşsyzlyga çykdy oturyberdi.Wah, bulam belanyň ýarysy eken: ol garaşsyz bolup-bolman, ýazyjy bolmak, onda-da birinji ýazyjy,şa şahyr, belki-de pygamber bolmak hyýalyna mündi. Pygamber bolmak üçin bolsa, özüňizbilýäňiz, Kuranyň ýa Injiliň bolmaly…

Men ilkiler ýazyjy, şahyr bolmak üçin hudaý beren talant, zehin, öz üstüňde irginsiz işlemek gerekdiýen pikirdedim. Emma bir ýurduň prezidenti bolsaň, ol ýurdam nebit-gaza baý bolsa, ozal bir setirçyrşamadyk bolsaň hem, derrew kyrk dilde kitaby çykýan ýazyjy bolup bolýan eken.

Men başga-da bir zady boýun alaýyn: Saparmyrat ýaşy boýunça menden biraz uludy, özem ölemençilimkeşdi. Ýagly-ýüzli naharlary, konýagy öler ýaly gowy görerdi. Munuň üstesine, görenemüňkür bolup, wezipesini, kürsüsini gabanyp, dynç hem alyp bilmezdi. Onsoň men içimden: “Aý,uzak gitmeseň gerek, kyrk däl, elli dilde çykart kitabyňy, bir gün birini çykartmadyk ýaly bolarsyň”diýip, gara-gara pikirlere berlerdim. Ýogsa atam pahyr “Duşmanyň ölümini diländen başyňsaglygyny dile” diýip, kän gaýtalardy.

Diýeni ýaly, Saparmyrat bir gün öldi, oňa derek bizden biraz ýaş adam prezident boldy. “Indi buöňki prezidentiň ýazyjy-wejeralygyny gaýtalamaz, daşary ýurtlularyň öňki prezidenti it oýnan ýalyoýnap, düşewüntli kontrakt almak üçin kitaplaryny başga dillere terjime eden bolanlarynybilýändir” diýdim. Diňe menem däl, ynanyşýan kärdeşlerimiň hem biri meniň bilen pikirdeş boldy.

Emma bu diýenimiz bolmady. Täze prezident hem, gele-gelmäne ýazyjy boldy. Asyl ol prezidentbolmak üçin däl-de, ýazyjy bolmak üçin prezident bolan ýaly. Ýogsam bolmasa, prezidentlige

Page 72: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

kandidat bolanda, “ýazyjy bolaryn, yzly-yzyna kitap ýazyp, diňe sizi däl, daşary ýurt okyjylarynyhem begendirip duraryn” diýip, hiç hili söz ýa-da wada bermändi.

Indi, şol pikirdeş kärdeşim her gezek prezidentiň kitaby çykanda jaň edip, “Tüweleme, buprezidentem gaty öndümli işleýär, biz ýaly ikinji sort ýazyjylara nobat ýetjek däl, zora-zor diýmeli”diýen bolýar. Bilýän, içi ýanyp, tüsseläp dur, emma gönüläp hiç zat aýdyp bilenok.

Menem ondan beter, ýöne trubkany goýup, ýorgany başyma büreýän-de, çalaja pyşyrdaýan:“Göripligimiz ýok bendä, hudaý talant beripdir. Daşary ýurtly biznesmenlerem, tüweleme, ynsaplyadamlar, talanty sylaýarlar” diýýän.

Onsoň aýalymyň hem pyşyrdysy eşidilýär: “Hawa, iň talantly ýazyjysynyň eserlerini başga dildeneşir edip, myhmansöýer türkmenleriň eden sylag-hormatynyň ýerine bir hyzmatjyk edelidiýýändirler.”

Içigargalmyş, biz ýazyjylar owarram, kitabymyz çykmansoň, professional göriplik edýäs diýsem,bu kesel aýalyma-da geçip barýar. Ine, men indi şuny alada edýärin. Diýmäýin diýsem, göriplikgursun!

Ir süýnen ýyldyz (09.02.2013)

Ýadymda, Akmyradyñ Watana dolanan günleri SSSR diýen imperiýa soñky günlerini başdangeçirýärdi. Türkmen kommunistleri bolsa, Moskwada bolup geçýän zatlara akyl ýetirip bilmän,Aşgabatda oturan ýerlerinden oda-köze düşýärdiler.

Türkmen intelligentsiýasy, ýazyjylar, hudožnikler akyl-huşuna gelip, ýuwaşjadan janlanyp başlapdy.Gazetdir žurnallarda syýasy äheñli, ýiti pikirleri öñe sürýän, halkyñ öz ýoluny özüniñ saýlapalmalydygy baradaky makalalar, nähili ýol bilen nebit-gazyñ hakyny almak, Watany çig malçeşmesi ýagdaýyndan çykaryp, öñde baryjy döwletleriñ hataryna goşmak barada meselelergozgalyp edilýän çykyşlar peýda bolýardy.

Aşgabadyñ “Azatlyk” prospektiniñ ugrunda ýerleşýän “Köpetdag” restoranynda döredijilikadamlarynyň Azat türkmen jemgyýetini döretmek niýeti bilen guran ýygnanşygynda Akmyratjanygyp gürläpdi. Şonda biziñ köpimiz Leningraddan gelen we şol ýerde SSSR Ýazyjylarguramasynyñ agzalygyna kabul edilen, birnäçe rusça neşir edilen kitabyñ awtory bolan ildeşimiziilkinji gezek diñleýärdik.

Biz asla onuñ “Toýun oglanjyk” kitabyndan başga zadyny okamandyk, ol barada hiç zatbilemzokdyk. Ýöne nurana, inçemik at ýüzi, boýdan-başa ak geýnişi, selçeñräk owadan sakgaly,parahat hem sadalyk bilen garaýan gözleri, meniň göwnüme bolmasa, onuň aýdýan sözleriniňýürekden çykýandygyna goşmaça bir delil ýalydy.

Ol asla belent ses bilen gürlemeýärdi, dilewarlyk satjak bolmaýardy, köpbilmişsiremeýärdi. Onuñäheñinden, gepinden-sözünden kalbynyñ düýp-teýkaryndan gaýdýan akyl ýetiriş ukyplylygy, edilgünüñ nury ýaly, mese-mälim duýlup durdy. Beýle intelligentlik biziñ akyla we analize derekgykylyga we demagogiýa köp duşýan jemgyýetimize ýetmeýän zatdy. Biz derrew gaharlanýardyk,sesimizi gataldýardyk, ýa-da ýüzümizi kürşerdip, ähli sabyrsyzlygymyzy, dargursaklygymyzydaşymyza çykarýardyk.

Dogry, o mahal biz birden diýen ýaly peýda bolan erkin şemala, başymyz aýlanan ýaly,göterilýärdik hem bu ajaýyp döwrüñ uzak dowam etmejegini añýan ýaly howlugýardyk. Emma buýerde howlugyp aljak galañ ýokdugyna welin ýeterlik düşünmeýärdik.

Akmyrat bolsa, öz rahat durmuşyndan, Newa derýasynyñ ýakasyndaky ajaýyp şäherden hut şeýlehowlukmaçlyk bilen gelenem bolsa, özi dymyp, bizi diñleýärdi, diñe şondan soñ öz pikirleriniaýdýardy.

Şol “Köpetdag” ýygnanyşygyndan soñ, aramja damjalaýan ýagşyñ astynda Akmyrat bilen ýöräp

Page 73: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

gelşimize, men onuñ halk üçin, onuñ gelejegi üçin biziñ hemmämizden kän alada edýändigine,alñasaýandygyna düşündim. Şondanam biziñ kän bir bildirgisiz, ýöne gaty gysga bolandostlugymyz başlandy.

Ol käte meniň iş ýerime gelip, öz ýüregini çişirýän zatlar, bile-göre ýalñyş edilýän işler, ownuklyk,görüplik, gep-gybat barada ýanyp gürrüñ ederdi. Ýöne ol hiç zeýrenmezdi, aýdýan zadyny gysga,ýöne ömür ýadyñda galar ýaly edip aýdardy. Bu bolsa asla zeýrenç bolmaýardy-da, ýüregiñ sesi,paýhasyñ duýduryşy ýaly bir zat bolup eşidilýärdi.

“Köpetdag” restoranyndaky ýygnanyşyga gatnaşanlaryñ ýadyndadyr, şondan soñ KGB erkinpikirliligiñ garşysyna bir topar çäre görüpdi. Bu çäreler soñy bilen erkin pikirli ýaşlaryň,ýazyjylardyr hudojnikleriň kem-kemden gyra çekilmegine, yolbaşçy kürsülerde oturan adamlaryňbolsa, uçdantutma diýen ýaly ogurlyga ýatmagyna getirdi.

Akmyrat Şir türkmen jemgyýetçiliginiñ arasynda birden peýda bolşy ýaly, birden hem gaýyp boldy.Ony öz dogduk obasyna, ata-babalarynyñ ýatan Işanrabat gonamçylygyna alyp gitdiler. Biz bolsak,Akmyradyñ Aşgabat şäherindäki öý-ojak tutunan ýerinde, mikroraýon jaýynyñ öñündäkimeýdançajykda gözümizi ýaşlap galdyk . . .

Men Akmyrat baradaky şu ýazgylary kän wagtlap ýazyp bilmän geldim, birden bir bijaý söz ýazyp,onuñ ruhuny ynjydaýmaýyn diýip gorkdum. Asla onuñ aramyzda ýokdugyny, onuñ ýoklugyndaýatlama ýazmaly bolýandygymy boýun alasym gelmedi. Ýöne wagt bar zady boýnuña goýýan eken.Akmyradyñ oýulup galan ýeri, edebiýatda etmeli işleri bolsa, onuñ ýokdugyny her gün, her sagatduýdurdy durdy. Biz, ýaş ýazyjylar Akmyratda öz edebi liderimiziň we egindeşimiziň keşbinigörüpdik, emma bu liderligiň we egindeşligiñ geljekde özümiz üçin şeýle zerur boljagy, emma onuňhiç tapylmajagy barada pikir etmändik.

Şahyr Gurbannazar Ezizow öz wagtynda edebi liderligi gaýtalap bolmaz derejede döredip gidipdi.Gurbannazardan soñky şahyrlar onuñ mesaña yzy bildirip duran edebi medeniýetine maýyllyk bilenýaşaýardylar, ondan güýç-gurbat alýardylar. Ezizowyñ döredijiligi türkmen edebiýatynda uly birbasgançagy, täze galkynyşy, derejäni, ösüşi alamatlandyrypdy. Ýöne Gurbannazaryñ döwri başgadöwürdi, onuñ döredijiliginde Lenin temasy hem, Stalin bilen Hitleriň syýasy däliliginiň weadamhorlugynyň netijesi bolan II Jahan Urşy hem esasy temalardy. Wagt bolsa, eýýäm leninçiligiñhem, sowet watançylygynyñ hem näderejede galplyk bilen gurşalandygynyñ üstüni açyp ýöpdi.

Ine, şu döwürde-de Akmyrat Şiriñ kyssasy biziñ nazarymyzy egläpdi, onuñ özi peýda bolupdy. Indiedebiýat diñe bir edebiýat däldi, eýsem, syýasatdy hem. Indi biz edebiýatda diñe bir döwletideologiýasynyñ çäginde pikir ýöretmäge kaýyl däldik, erkinligi, azatlygy, milli ideýalary,demokratiýany dabaralandyrmak meýlimiz bardy.

Akmyrat Şiriñ döredijiliginde biziñ erkinlik meýlimize gabat gelýän ruh bardy. Ol türkmen obalary,olardaky ýaşaýyş, ýaşlaryñ arasyndaky gatnaşyk barada türkmen ýazyjylaryna gaty bir mahsusbolmadyk täzeçillik, açyklyk bilen ýazýardy; gyz-oglanyñ arasyndaky gatnaşyklary, maşgaladabolup geçýän zatlary socialistik realizmiñ ýa-da şol realizmi wagyz edýän edebi tankydyñnazarýetine beýle bir gabat gelmeýän hörpde beýan edýärdi.

Bu eýýäm edebiýatda dowam edýän ýasamalygyñ, galplygyñ, göwnüňdäkini, bar zady däl-de, talapedilýän zady ýazmagyñ soñunyñ gelýänligini añladýan bir alamatdy. Akmyrat Şiriñdöredijiligindäki täzelik ruhy rus hem ýewropa edebiýatyndaky öñdebaryjy äheñleriñ,tendenciýalaryñ milli formada şöhlelenmesi ýaly bir zatdy. Onuñ terbiýesi, okuwy biziňkä garandahas ýokarydy, edebi medeniýeti, tejribesi uludy.

Akmyrat Şir türkmen okyjysyna düýpden tanyş däldi diýsek ýalñyş bolar. Heniz Akmyrat Watanadolanmanka hem biz ol barada eşidýärdik, Moskwa, Leningrada gidip gelen ýazyjylar rus edebijemgyýetçiliginde Akmyrat Şirowyñ adynyñ uly hormat bilen tutulýandygyny, onuñ gelejegine ulyumyt bildirilýändigini buýsanç bilen gürrüñ berýärdiler.

Soñ biz, başda hem aýdyşym ýaly, Akmyradyñ özi bilen ýakyndan tanyş bolduk, onuñ eserlerini ilki

Page 74: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

rus dilinde, soñ bolsa türkmen dilinde hem okap başladyk. Sebäbi şol döwürde “Ýaşlyk” jurnalyAkmyradyñ eserleriniñ terjimesini çap edip başlapdy. Ol bir gezek maňa türkmençe ýazasynyñgelýändigini, öz zatlaryny özüniñ terjime edesiniñ gelýändigini, emma indi muňa wagtynyñazdygyny aýdypdy; ýazasy gelýän zatlaryna şeýle-de ýetişip bilmeýändigini, rusçadan türkmençägeçmegiň bolsa, ilki bilen-ä kyn boljagyny, soňam esli wagt aljagyny boýun alypdy.

“Türkmenistan” neşirýaty Akmyradyñ eserlerini rus dilinde çapdan çykaranda, dogrusy, biziñbegenjimiziñ çägi bolmandy. Biz türkmen kyssasynyñ täze hem gujurly, rus dilinde ruslaryñözünden asla kem ýazmaýan wekiliniñ peýda bolanyna buýsanýardyk. Akmyradyñ gahrymanlaryny,türkmen obalaryndaky päkligi, Baky we Merýem obrazyny bolsa, türkmen kyssaçylygyndaky täzebir dereje hökmünde, türkmeni nädip açmalydygynyñ mysaly hökmünde ýüregimizde göterýärdik.

Soñ, 1992-nji ýylda täze dörän “Ruh” neşirýaty Akmyrat Şiriñ “Älem ruhy” powestini türkmendilinde neşir etdi. Bu eserde gürrüñ rus durmuşy, rus adamlary barada gidýärdi. Powestiñ başgahrymany Tanýa atly rus gyzydy. Wakalar bolsa, türkmene o diýen tanyş bolmadyk ylmy institutyñiçinde we daşynda, sowet ýyllarynda üstüne kän gum sürlen jadygöýlük ylmynyñ töweregindebolup geçýärdi. Akmyradyñ bu eseri rus okyjylarynyñ, edebi tankytçylarynyñ arasynda-da uly jedeldöredipdi, powest gysga wagtyñ içinde iki gezek neşir edilipdi.

“Älem ruhy” powesti birbada çuññur ylmy powest ýaly bolup görünýän-de bolsa, onuñgahrymanlarynyñ biri Spartak Mahmudowiç Ipatow okyja o diýen düşnükli bolmadyk zatlarhakynda gürrüñ edýän-de bolsa, ahyrynda eser çylşyrymlylykdan ýönekeýlige gelýär we pikiri,ideýany şeýle bir sadalyk bilen açýar welin, esli wagtlap bu eseriñ täsirinden çykyp bilmängezýärsiñ. Ilki bilen aýtmaly zat, ýazyjynyñ juda çynlakaý hem çuñ pikir edýänligidir. Bu powestAkmyrat neressäniñ özüne, öz ruhy dünýäsine şeýle ýakyn eser, birbada çylşyrymly, çuñ, ýöneşonuñ bilen birlikde örän sada hem ýönekeý.Powestiñ baş gahrymany Tanýa praktikant gyz, ol ýañy durmuşyñ çetinden girýär. Onuñ arassalygy,sadalygy, asla durmuşa taýyn däldigi başky hereketlerinden hem görnüp dur. Ýazyjy şu sadalygyñhem arassalygyñ garşysyna eýýäm uly durmuş tejribelerini toplan hem şeýtana sapak beren diýenderejä ýeten Ipatowy, ylmy-barlag institutynyñ orta ýaşan işgärini goýýar.

Ipatowyñ edýän gürrüñleri, geçirýñn tejribeleri Tanýa hem onuñ jorasy Maşa juda gyzykly bolupgörünýär. Ýöne Ipatowyñ ahlak hakyndaky ilki biraz üsti örtülen, soñ bolsa has açyk hem bihaýalykbilen beýan edilýän pikirleri dura-bara Tatýananyñ gözüni açýar. Tanýa özüniñ aldananyny bilýär.Emma Ipatow şeýle aldawdan hem aldan her bir adamyñ geçmelidigini, bu durmuşda arassaýaşamagyñ mümkin däldigini, arassa ýaşamagyñ kyndygyny ynandyrjak bolmasyny dowam edýär.Ine, biziñ pikirimizçe, ýazyjynyñ ruhy, ýagny ähli pikir-ündewi, kalp maýasy hem şu ýerde!

Gep ol ýa-da beýleki milletde, milli çygyrlarda, häsiýetde ýa ganda hem däl, gep bütin adamzatýaşaýşynyñ özenlerini kesgitlemekde. Bu özende adam, göräýmäge, bir kemsiz ýaşap gelýär, ýöneony her döwür bir hili ýagdaýa salýar. Adam özüne, öz kalbynyñ çuñundan gaýdýan arassalyga,päklige ynanmalymy ýa-da töwereginde bolup geçýän hapaçylyklara uýgunlaşmaly? Ýazyjy şeýlesoragy keserdip goýýar.

Akmyradyñ durmuşdaky hapaçylyklara öwrenişmeli, adamyñ her bir edýän hereketi, eger ol şoñamejbur bolýan bolsa ahlaklylykdyr diýýän gahrymany Ipatow öz gürrüñdeşlerinden: “Sen düýşüñdeuçýañmy?” diýip soraýar. Eýsem bolsa, bu mesele ylmyñ öñräkden öwrenýän obýekti bolup durýar.Ýöne şeýle ylmy derñewlerden daş adam bu soraga birbada tisginýär. Sebäbi diýseñ, her bir adamýaşlykda, esasan hem çagalyk ýyllarynda düýşde asmana göterilmek, uçmak diýen zady kängezekler başdan geçirýär.

Islendik adam eneden ap-akja bolup dogýar, ýüregi ýarylan ýaly aglap gelýär. Sebäbigelinýän ýeroña nätanyş, gorkuly. Ol ozal ene garnynda, bu ýagty dünýeden üzñe bir ýerde daşy gabalgy ýatyr.Ýöne ol özüniñ ýaşaýyşa gelýändigine, gelmelidigine, düşünmeýär. Bir günem şol düşünmeýändünýäsine gaýyp düşýär. Şondan soñ çaganyñ, ynsanyñ kalbynda kän-kän özgerişler bolup geçýär.Ol öz çaga päkligi bilen asmana – asmana göterilip gidýär.

Page 75: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

Soň durmuş ýowuzluklary ony ýowuzlyga itekleýär. Adamyñ çaga ýüregi gataýar, rehimsizleşýär.Hatda käte daşa-da dönýär. Ýöne bu durmuşda daşa dönen ýürek bilen ýaşamak mümkin däl. Daşadönen ýürek, şeýle ýürekleriñ ýeke däldigine garamazdan, ýeke ýürekdir, ýalñyzdyr. Ýalñyzlykbolsa, Akmyradyñ Ipatowynyñ başyndan inişi ýaly, her kimiñ başyndan inip biler. Şonda ony daşýürek bilen, töwerekdäki hapaçylyklara uýgunlaşan hem şol hapaçylyklaryñ ýörelgesi bilen ýaşanýürek bilen çekmek mümkin däldir.

Elbetde, meniñ gürrüñlerim Akmyrat Şiriñ döredijiligi bilen tanyş bolmadyk adamlar üçin o diýendüşnükli däldir. Şonuñ ýaly-da, türkmen edebiýatynyñ şu günki ýagdaýy bilen tanyş bolmadykadamlar hem bu gürrüñe gereginçe ähmiýet bermezler. Ýöne başga bir hakykatam bar, edebiýat kätebütin bir halkyñ ruhuny, islegini, hatda gelejegini hem kesgitläp bilýär.

Sergeý Ýeseniniñ inçe lirizme ýugrulan goşgulary rus halkynyñ kalp aýdymydy. WladimirWysockiniñ aýdymlary bolsa şol aýdymyñ belli bir derejedäki dowamy bolup ýañlandy.Türkmenlerde bolsa, edebiýat işi, söz senedi ýowuz synaglara uçrady. Ýigriminji, otuzynjyýyllardan başlanan demir gysaç edebiýaty ne eýläk, ne-de beýläk butnatdy. Ine, ýañam täze bireýýýam başlanypdy. Gurbannazar Ezizowyñ, Halyl Kulyýewiñ, Nury Halmämmedowyñ döwrigelipdi. Ýöne bu döwür edebiýatymyz hem sungatymyz öz galmaly belentligine doly galyp bilmedi.Annasoltan Kekilowa ýaly zehin öçüp galdy.

Garaşsyzlygyñ öñ ýanlarynda, ondan soñ dörän az salymlyk erkin döwürde bolsa, juda köp zatlaraumyt döreden galkymlar göründi. Bapba Gökleñiñ şygyrlary, Akmyrat Şiriñ kyssasy ýañy okyjylaraýetip başlapdy. Türkmen edebiýatynda ideologiýa ugry, ýöntemlik yza süýşmelidi. Konýunktura,çemeçillik, döwrüñ talap edýän polojitel gahrymanynyñ obrazyny döretmek, liriki gahrymanyñgaýduwsyz obrazy we beýlekiler baradaky talaplar taşlanmalydy. Ýöntem dialoglarda gahrymanyñberk poziciýasyny beýan eden bolmak ýaly, wakalaryñ çuñ social köküni açmazdan akyl satmakýaly ýarymçyklyklar ret edilmelidi…

Akmyrat Şiriñ ýazyjy hökmündäki ruhy hut şu nogsanlyklara garşy döräýen ýalydy. Onuñ gahrymanlarynyñ dialogy çuñdy, pikir etdirýärdi. Hatda onuñ gahrymanlarynyñ tobasy, boýunalmalary hem üýtgeşikdi, ýürege ýakyndy. Onuñ gahrymany “YHLAS BILEN ÜSTI ÖRTÜLEN,GÖZE GÖRÜNMEÝÄN URUŞ BARÝAR” diýende örän we örän mamaldy. Adam şol urşa girip,ýeñilmejek bolup ýeñilýärdi. Şol urşuñ adalatsyzlyklarynyñ içinde adalatsyzlyga uýgunlaşýardy weöz kalbyndaky arassalyklary, hakyky ynsançylyk duýgularyny harap edýärdi hem-de durmuşyñadamlar tarapyndan döredilen kynçylyklarynyñ öñünde ýeke-ýalñyz galýardy.

Ýazyjynyñ ruhy “betbagtlyga uçranlar nirä, haýsy ýana ýüz tutmaly? diýip soraýar. “Añyrsynaýetdirenler näme etmeli? Olara kim ýardam eder? Adamlaryñ şahsy betbagtlygy bilen haýsy edarameşgullanýar?” “Adamlar öz durmuşlaryny özleri dowzaha öwürýän ejizje mahluklarmy ýa-da olarbu ýagdaýdan bir netije çykarmaga ukyplymy? Müñlerçe we müñlerçe adamyň öz janyna kastetmegine kim günäker? Bir sebäpkär bolmalydyr ahyryn? Bu gülläp ösmeklig-ä däldir, heläkçilige,betbagtçylyga jogap ýokmy?”

Akmyrat Şiriñ ýazyjy ruhy öz gahrymanynyñ içki dünýäsi bilen birleşýär. Onda ne bir otrisatel,ýagny ýigrenji “gahryman”, ne-de polojitel, päk ýürekli gahryman bar, olaryñ hemmesi onuñ üçindeñ hem ýalñyşýan adamlar. Ýöne ýalñyşlyk adamy gutulgysyz bir ýagdaýa salmaly däl ahyryn.Ine, Tanýa etekde ýatan zibilhananyñ üstünden barýar, üstüni gar basan zibiliñ içinde ýemşik-ýumşuk bolan maşynyñ kabinasy çalaryp görünýär. Ol şeýle bir ýenjilipdir welin, barmak basarýalam abat ýeri galmandyr. Tatýananyñ göwnüni şol maşyna meñzedip, ýazyjy öz ruhunyýagdaýyny beýan edýär.

Çisñäp ýagyş ýagýar, ýazyjynyñ ruhy bolsa, gahrymany bilen entäp ýörşüne, piwo satylýandükanjygyñ üstünden barýar. Adamlar hapaçylykda oturan ýerlerinden piwo içýärler, serhoş bolupyranjyraşýarlar. Tatýananyñ hem piwo içesi gelýär, özüni unudasy gelýär, emma hapaçylyga,serhoşlaryñ porsy ysyna çydaman yza dönýär.

Eseriñ pikir kulminaciýasy ýa-da düýp manysy hem şu ýerdemikä diýýärin. Adam hapaçylykdan,

Page 76: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

özüni harlamakdan yza dönmeli. Onuñ üçin iñ ýokary hakykat şundan ybarat.

“Öz töwereginden daş durmaly däl ekeni. Goldaw-ýardamdan aýrylyşasyñ gelmese, öz topragyñdan– gögeren ýeriñden daş düşmeli däl ekeni. Ruhy iýmitinden kesilmejek bolsañ, hudaýyňdan daşdüşmeli däl ekeni. Men ýokary hakykata barýandyryn öýdüpdim, emma özümi ýok etmäge barýanekenim . . .”

Bu gara jadygöý Ipatowyñ tobasy, ýöne ýazyjy muny bütin bir jemgyýetiñ nazary hökmünde öñesürýär, onuň şeýle nazarýet hökmünde kabul edilmegini isläp ýanjaýar. Ýogsa, bir ýa iki adamyñýalñyşany bilen we özüni ýeriñ göbegi hasaplany bilen jemgyýete hiç bir howp abanmaýar, gepşeýle ýowuz keseliñ her bir adama, her bir jemgyýete ýokuşmaga ukyplylygynda. Piwodükanjygynyñ hapaçylygynda oturyp piwo içýän adamlar şol hapaçylygy özleri döreden adamlar.Olar öz yzlaryny süpürjek däller, arassaçylyga gadyr goýjak däller. Şonuñ üçinem olar hapanyñiçinde oturmany hiç zatça görmeýärler. Ýöne durmuşdaky hapaçylyklar diñe piwohananyñ içindäkiýa töweregindäki hapaçylyklar bilen çäklenmeýär. Ol seniñ hapaçylyga kaýyllygyña görä artyp hemharman ýasap gidip otyr.

Hapaçylygyñ içinden geçip, ýene hapaçylyga gaýdyp gelmek hem bar. Oña öwrenişýänleremýeterlik. Ýöne ýazyjynyñ düýp-teýkary bilen hapaçylyga, ejizlige, nalajedeýinlige garşy ruhy beýleöwrenişmäni ret edýär. “Sen üýtgäpsiñ, sen indi başga” diýip, Tatýana ýol ugrunda gabat gelen ýaşýigit aýdýar. Tatýana bolsa oña: “Gepem şonda” diýip jogap berýär.

Hawa, gepem şunda. Adam üýtgemeli, ol hapaçylyga, aldaw- hilelere, öz-özüñi ahlaksyzlygaöwrenişdirmäge kaýyl bolmaly däl. Ol hapaçylykdan soñam ýene öñki päkligine, arassalygynagaýdyp gelip biler. Birneme ýowuzlaşar, gatar, endamyny hem berkider, häsiýetini hem. Emmamunuñ asla zyýany ýokdur, gep asyl päkligiñe, zandy arassalygyña, hakyky ynsan bolup ýaşamagagaýdyp gelmekdedir. Sebäbi diýseñ, gep seniñ haýsydyr bir ylmy institutda ýa-da mekdepçagalarynyñ gykylygynyñ içinde işläniñde däl, gep adama mahsus arassa duýgularyña wepalylykda.Ata-babalaryñ päkligine wepalylykda.

Akmyradyñ ýazyjy ruhy mende şeýle pikirleri oýarýar we mydama belent duýgulara, gowy, dürsadam bolup galjak bolmaga, adamkärçiligimi saklamaga itergi berýär.

Ýazyjy Tirkiş Jumageldi 75 ýaşady (05.10.2013)

Türkmenistanda galamyna, senedine ygrarlylyk edip, awtoritar režimiň öňünde ýaýaplamadyk azsanly intellektuallaryň biri Tirkiş Jumagledi 75 ýaşady.

Ol öz professional pozisiýasy, prinsipiallygy üçin türkmen häkimiýetleri tarapyndan gara sanawasalnan, S.Nyýzowyň “altyn asyrynda” we G.Berdimuhamedowyň “berkarar-bagtyýarlygynda”okyjydan daşda, gadaganlyk diwarynyň arkasynda saklanýan esasy ýazyjylaryň biri hasaplanýar.

Bu onuň režimiň örän ätiýaç edýän, çekinýän, şol bir wagtda-da talantyny gadaganlyk bilen ykraredýän ýazyjylarynyň biridigini aňladýan bolsa gerek.

Belki-de bu hakyky ýazyjy üçin iň uly sylag-baýrakdyr. Sebäbi ozal “ruhnama” boşlugy, häzir bolsa“derman ösümlikler” galmagaly bilen bir akaba sygmazlyk, has dogrusy sygdyrylmazlyk köp zadyaňladýar!

Şahyr aýtmyşlaýyn, “sesiň sesimize gelenok diýip, gargalar bilbili hordan kowdular”.

Tirkiş Jumageldi 1938-nji ýylyň oktýabr aýynda Mary etrabynda dünýä indi.

Ýazyjynyň ilkinji eserleri 1957-nji ýyldan çap edilip başlandy.

Ol Türkmenistanda 1990-njy ýyllaryň başynda hiç zat diýip-aýtmazdan gadaganlygasalynmazyndan öň onlarça kitabyny neşir etdirdi we okyjylaryň uly böleginiň söýgüsini gazandy.

Tirkiş Jumageldiniň eserleri daşary ýurtlarda, onlarça dilde kitap edilip çykaryldy.

Page 77: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

Türkmenistanly kitap muşdaklary onuň “Bagrymyzyň badaşany”, “Janserek”, “Daşrabat”,“Mähekdaş”, “Gara ýyldyrym”, “Howsalaly tomus”, “Çaknyşyk”, “Arkadag”, “Gelneje”, “Ömürdawasy”, “Başagaý”, “Jenaýatyň bosagasynda”, “Ýanan gelinler”, “Ömürzaýa” ýaly eserlerini şugünlerem arzylap saklaýarlar.

Ýazyjynyň “Gorky belasy”, “Milli oýun” ýaly kitaplary bolsa gizlinlikde, elden-ele geçirilipokalýar.

Tirkiş Jumageldi 74 ýaşynda Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde özüniň S.Nyýazowyň syýasatynagaraýşy barada şeýle diýipdi:

“Men Nyýazowyň syýasatyny Sowet Soýuzy mahalynda, ol Kompartiýanyň birinji sekretaryka-dagoldamadym, soňam goldamadym. Men goldamaýandygymy mümkin bolan hajatynda Nyýazowyňýüzüne-de aýdýardym. Şunuň özem eýýäm Nyýazowyň içinde men babatda kitüw saklamagynasebäp bolupdy. Ýöne şu ýerde başga bir ýagdaýam aýdaýyn: Nyýazow meniň adymy ähli ýerdenöçürdenem bolsa, gazançdan mahrum eden-de bolsa, maşgala agzalaryma azar ýamanyny berdiren-de bolsa, geň galmaly ýeri, 11 ýylyň dowamynda daşary ýurda çykmaga ýolumy baglamandy…”

Türkmenistanda Tirkiş Jumageldä we beýleki prinsipial ýazyjylara girizilen gadaganlyk, hakykytalantlaryň we il-güne hakyky pikir aýdyňlygyny, düşünje giňligini getirjek kitaplaryň öňünebasylan nadanlyk böwedi, diktatura was-waslygy bilen galňadylan gara diwar S.Nyýazow ölüp,onuň “ruhnamasy” taryhyň çukuryna tarap el tersi bilen süýşürilenden soňam aýrylmady.

Ýöne bu diňe wagt meselesi, ol gün geler; halk içinde aýdylyşy ýaly, “Gum böwet sil saklamaz!”

Ussat ýazyja kärdeşleriniň, dostlarynyň, ygrarly okyjylarynyň adyndan uzak ýaş diläp, ýenekidöredijilik üstünliklerini arzuw edýärin.

Tirkiş halypa, şu wagta çenli bolşuň ýaly, hemişe başyň dikligini göreli!

Bagtly köşk şahyry, betbagt Magtymguly we biz biçäreler (29.09.2014)

Telewizorda “Oguzkent” köşkler toplumynyň baş şahyry goşgy okaýardy:

“Herki zada gerek eken tagapyl,

Gezdim ýoly, pähim bilen, daraman.

Taňrysy türkmeni etmedi nadyl,

Döredi ilinden tagtly Süleýman.

Muhabbet Ol, mähriban Ol, mylaýym,

Söýgi siňen silli umman meňzinde.

Altyn baş bakyýa barsyn ylaýym,

Hiç bir güýji goýup bolmaz deňinde.

Gahryman Zürýady inderdi Ene,

Durlady, dürledi günleň hanasyn.

Edermenligini ýetirmen çene,

Dünýä ykrar etdi danaň danasyn…”

“Kaka, kaka, telewizory öçür, Dawleniýeguly aga gelýär” diýip, gyzym gapydan kellesini sokup,çalajadan, emma eşidiler ýaly edip aýtdy. Onuň Dawleniýeguly aga diýýäni köneden gatnaşýankärdeşimdi. Ol birki ýyllykda möwç alýan propagandadan basylyp, “Dawleniýeguly” diýip, edebilakam alaýsam öýdýän” diýipdi we şondan bäri onuň adyny, özi ýokka “Dawleniýeguly” diýip

Page 78: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

tutýardyk.

Kärdeşim gapydan girip, salam-helikden soň: “Näme, saňa-da telewizor görmegi gadaganetdilermi?” diýdi.

“Ýok-la, men telewizory meýletin görmeýänlerden” diýip, men gülen boldum. “Berkarar döwletdetelewizor görmek nämä gerek, şeýle-de wagtym hoş geçýär meniň-ä…”

“Hä, şeý diýsene!” Kärdeşim içinden dyňzap duran gaharyny basyp, gyzymyň öňünde getirip goýançaýly çäýnegine seredip, çalajadan hüňürdedi: “Iki sany ýuwan diktator tirkeşip geldi-de, türkmeniňberkarar döwlet, döwletlilik arzuwyny öldürdi öýdýän…”

Men onuň ýüzüne “näme üçin beý diýýäň?” diýen manyda soragly seretdim.

“Masgarabaz gapyrjakdan başga döwlet, döwletlilik gürrüňini agzaýan ýok indi. Ýa-da ‘döwlet,berkararlyk, bagt’ diýen sözleri diňe ýaňsylap aýdýarlar. Käbir adamlar “Döwletsiz ýa koloniýadöwrümizem mundan kän gowudy” diýýärler.”

Kärdeşimiň “masgarabaz gapyrjak” diýýäni radio-telewideniýedi. Men: “Näme, il içinde ozaldöwlet, döwletlilik hakynda kän gürrüň edilýärmidi?” diýdim.

“Bir döwlete gulluk etsek, bäşimiz” diýip, Magtymguly şahyryň ahy gulagymda ýaňlanyp duransoň,ilem özüm ýalydyr öýdýädim, ýa beýle-de dälmidi?” diýip, kärdeşim meniň soragyma sorag bilenjogap berdi.

“Häzirki ýagdaýyň agyrdygy bilen ylalaşýan, emma ‘döwletsiz, koloniýa döwrümiz’ mundan nädipgowy bolýar, şoňa düşünmedim?”

“Aý, o wagt bolmanda ‘döwletimiz ýok, ýa koloniýa astynda, ygtyýarsyz ýaşaýarys’ diýip, özümiziaklap bilýärdik…” Kärdeşim ysgynsyz güldi.

“Özüňi aklap bilseň, boldugymy? Gep özüňi aklamakda bolsa, häzirem müň bahana tapyp bolar-la,mysal üçin, olaryň türmesi-töhmeti, polisiýasy, müňläp ýallakçy ýaşulusy bar we ş.m.ler.”

“Aý, öň bolmanda sylaýan şahyrlarymyz bardy, Magtymgula, onuň şägirtlerine, aýdym-sazymyzaguwanýardyk…” Kärdeşim ýene ysgynsyz güldi.

“Magtymgula, onuň şägirtlerine, aýdym-saza häzirem guwanyp bolýar, ýa olary gadaganetdilermi?”

“Aý, gadagan eden bolsalar, mundan gowy bolardy. Indi şolaryň derdinden öýde ne gazet-žurnalokap bolýar, ne-de radio-telewideniýe diňläp bolýar…” Kärdeşimiň gözlerindäki ysgynsyz gülkiniňýerini birden gahar çylgymlary aldy.

“Gazet-žurnal okamanyň, radio-telewideniýe diňlemäniň bilen, ýitirýän zadyň ýok şu ýurtda, gaýtautýaň, milletiň sähel aň-üşüklisi başga ýurtlaryň telewizoryny görýä” diýip, men kärdeşimiköşeşdirmäge çalyşdym.

“Wah, endik gursun, çagalaryň tualete taşlan gazetlerini okap, şol ýerde dawleniýäm galyp, tasölüpdim…” Ol ýene ysgynsyz güldi.

“Gaharyňy getirip ýörme, gaýta şeýt-de gül” diýip, men onuň ýüzüniň öňki reňkine gelenine görüp,biraz ynjaldym.

Kärdeşim jübüsinden kiçijik edip eplenen gazet bölegini çykardy-da, ownuk harpda çap edilengoşgy setirlerini hetjikläp okamaga başlady:

“Aýlana-aýlana geldi bu zaman,

Ynanmak kyn düýşlügine, huşlugna,

Ýurduň abadandyr, illeriň aman,

Bir ýylgyryp baksaň bolýa buşlugma…”

Page 79: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

Kärdeşim okan goşgusynyň awtorynyň adyny tutup, hapa sögündi. “Beýle-de haýasyzlyk boljakeken! Magtymgulyň adyny tutmaga utanmaly halyna, ondan buşluk dileýär. Nämemiş, Pyragynyňilinde “merdana gerçek” döränmiş, onuň arzuw-hyýallaryny wysal eýlänmiş…”

Men onuň ýüzüniň ýene agaryp başlanyny görüp, elindäki gazeti alyp zyňjak boldum, emma olderrew gazetli elini arkasynda gizledi.

“Yzyny diňle, biz bir ildik ahyryn, dostum! Biz bir milletdik ahyryn! Intelligentsiýamyz bardiýýärdik ahyryn! Bu nähili beýle bolýar? Magtymguly “Orramsydan bolan haramhor begler, ýurdybir ýanyndan ýyka başlady” diýip bilýär-de, biz näme üçin ýurt talaňa düşende, öýümizde busýas?Näme üçin nadaralara münberi berip, aýalymyzyň arkasynda bukulýas?..”

Men näme diýjegimi bilmän dymdym. Birdenem ol öňümde ýatan pulty aldy-da, düwmesine basdy.Telewizordaky köşk şahyry goşgy okamagyny dowam etdirýärdi:

“Ýetilen bagt bu, mizemez binýat,

Muny bagtlylar göräýmelidir.

Mähriban, Gahryman, Arkadag Zürýat,

Pyragyly ýurtdan dörämelidir…”

Kärdeşim başyny ahmyrly ýaýkady: “Ýeri, Magtymgulyny bir goý-da, degme-dä oňa, mukaddesmazara hapaňy zyňma-da!.. Bu milletiň nurana ýurdundan başga ýeke mukaddesligi –Magtymgulysy bar ahyryn, oňam üstüne s…”

Men ýüzi agaryp, essi aýylyp barýan kärdeşimiň elindäki pulty alyp, telewizory öçürdim, ýöne onuňarkasyna elimi diräp ýetişmedim. Meniň sesime ylgap gelen gyzym serlip ýatan Dawlwniýegulynygörüp, derrew “Tiz kömege” jaň etdi.

G.Ezizowyň hakykaty (06.11.2014)

Şahyr Gurbannazar Ezizow “Il içinde çekdim ýekelik derdin, (Ýekelik derdini çekenler biler)”diýipdi.

Ol ýene “Söýüň meni, ýürek söýgi küýseýär” diýipdi. Eýsem biz G.Ezizowy, öz şahyrymyzysöýýärismi? Eger ol hakda ýazylan makalalary, oňa “dost bolanlary” sanasaň, G.Ezizow biziň iňsöýlen şahyrlarymyzyň biri.

Ýöne şahyr ýogalandan soň ýazylan “ýürek sözlerinde” G.Ezizowyň hakykatyna, onuň şahyranaaladalaryna, has dogrusy Gurbannazary aldym-berdime salan “demir kapasa” näderejede ýakynbarylýar? Şahyr hakynda aýdylan belent sözler bilen şahyryň öz hakykatynyň, öz ýanan ýa gorkan,ünji eden zatlarynyň arasynda nähili tapawut bar?

Ol bize “söýgi bilen ýüzlenýän günleri sözlerini kesä çekmezligi” haýyş edipdi. Diýmek, onuňsözlerini kesä çekenler hem bolupdy, ýogsa ol beýle haýyş etmezdi (Ol ýogalandan soňky kesäçekmeler, ony diňe öwjek bolmak, oňa diňe dost bolup görünjek bolmak ýa onuň dosty hökmündeözüňi magtamak tendensiýasy, birtaraply gykylyk şahyryň ruhuny ynjytmadymyka?). Ol:

“Söýüň meni – ähli erki hem durky

Bilen size tarap ýollar çekeni.

Ýeke özüň söýüp ýörseň elmydam,

Birazajyk agyr düşjek ekeni” – diýipdi.

Ol öz okyjylaryna “şalaryň elinden gelmejek serpaý” galdyrmagy wada beripdi.

Dogrudanam, G.Ezizow bize şalaryň elinden gelmejek serpaý galdyrdy. Emma biz ol serpaýadüşünmekde, onuň mirasyny yzdan gelýän nesillere dogry düşündirmekde şahyra mynasyp iş

Page 80: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

etdikmi ýa-da bu ýerde entek jedelleşmeli, çekişmeli meseleler hem barmy?

Türkmende gowy, juda jaýdar aýdylan nakyllar, atalar sözleri bar. “Agyz agyzdan ýel alar” hemşolaryň biri. G.Ezizow babatda hem şeýle boldy, onuň beýikligi, goşgularynyň üýtgeşikowadanlygy, pikire hem duýga baýlygy, hiç wagt gaýtalanyp bilinmejekligi… barada kän makalaýazyldy. Emma G.Ezizowyň özi öz beýikligi hakynda beýle beýik pikirde bolmandy. Ol “Şöhrat”atly goşgusynda “Şol gelin meň ygtyýarym, Erkimi almasa ýagşy” diýipdi. Ýa-da bolmasa, şahyryňilki özüne juda gazaply, berk daraşyp, soň wada, özüni köşeşdirmek bilen jemleýän bir goşgusynabile seredip göreliň:

“Örän aýdyň hem çuň bir hakykat bar:

Diriler ölüpdir, diriler ölýä.

Ýöne şol ölenler müň ýyllar ötüp,

Başga biri bolup inýär bu dünýä.

Beýle bolsa kimkä meniň geçmişim?

Şahyrmykan?

Aşykmykan?

Ýa daýhan?

Ýa ol namartmykan çyn sözden gorkýan,

Hem gorkusy üçin çyn söze duşman?

Eger şahyr bolsa, meniň şygrymy

Özüm bolup menden gizlin okýandyr.

Ejiz şygrym üçin saçlaryn ýolup,

Menligine ajy gözýaş dökýändir…”

Bu goşgy “Geşmişiň öňünde uly bergim bar, geljegiň öňünde uly bergim bar” diýen jemleme bilengutarýar. Ýöne gep munda däl, gep şahyryň öz goşgusyny “ejiz” atlandyrýandygynda, çyn sözdengorkýan we şol gorkusy üçin çyn söze duşman – namart bolmazlyk barada hakykatdan hem aladaetmeginde we şol aladasyny daşyna çykarmagynda!

Mälim bolşy ýaly, islendik şahyr belli bir derejede filosof, akyl gözlegindeki adam bolýar. Akylgözlegindäki adam bolsa, çuňluga, paýhasyň açyk deňzine ymtylyp, döwürdeşlerinden, hatdadöwlet başynda duran, egnine il-ýurt aladasy düşen ärlerden hem akyl taýdan öňe gidýär. Bu ýagdaýoňa köp zady, belki-de döwrüň ajy hakykatyny, kemçiliklerini has aňyrdan, töwerekleýin, kökleriwe sebäpleri bilen görmäge kömek edýär. Emma ol şol gören zatlaryny aýtmaga gorkmasa, ýa-daolary aýtmagyň ugruny tapsa, bilenini içine salyp dymmagy başarmasa ýa söz owadanlap, göze çöpatmagy saýlap almasa, diňe şonda beýik şahyr bolýar.

Ol:

“Eger aşyk bolsa, söýmediklerme

Söýýän diýenime ýanyp-bişýändir.

Ol meniň ruhumyň kazysy ýaly,

Öz päkligi bilen maňa duşmandyr” – diýende, ýa-da:

“Gije-gündiz şahyr, aşyk hem daýhan

depämden seredip goýmaýar meni” – diýende, diňe söz oýnadandyr, kiçi dilden bärki kiçigöwünlikbilen okyjynyň uguny ýekelejek bolandyr öýtmeýärin.

Page 81: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

G.Ezizow okumyş, şol bir wagtda özüni, öz ýoluny gözlän şahyr, onuň şol okumyşlygy, özünigözlemegi hem türkmen poeziýasy üçin täzelik bolupdy. Onuň kämillige ymtylmagy, şol kämillikbarada ýazmagy hem täzelik bolupdy.

“Agşam ýazan oňat setirlerňizden

säherler oýanyp närazy boluň” – diýip, ol kalplary durşuna gaplan gazaply kazylaryň, närazylyklaryň üstüni basyrmaga garşydy.

“Närazylyk – örän oňat duýgudyr,

Ýöne bu duýgyny gazanmak kyndyr.

Ol – uly şahyryň böwründe hanjar,

Ejizleriň hanjarynyň gynydyr.”

G.Ezizowyň pajygaly ölüminden soň geçen onýyllyklarda ýazylan zatlarda, “agyz agyzdan ýelalyp”, şol bir sydyrgyn pikirler öňe sürüldi. Ýagny şahyr bu hili närazylyk setirlerini diňe “senözüňden näçe närazy bolsaň, Il senden şonça-da razydyr razy” diýen talap esasynda ýazan ýalyedilip görkezildi.

Emma şahyry “ejizlik”, öz çyn sözüni aýdyp bilmek derejesine göterilip bilmezlik meselesihorlapdyr, wyždan azabyny beripdir diýen welin, meniň ýadyma düşenok.

Ol Magtymgula ýüzlenip, “Pyragy, seň ýaly merdana ärde//Şahyr bolmazlyga çäre ýok eken”diýipdi.

“Seniň döwrüň, özüň bilýäň, agyrdy,

emma şeýle böleşdiler bu derdi:

Kiçi ýürek onuň kiçi bölegin,

Uly ýürek ulusyny göterdi…”

Emma şahyr Magtymgulynyň döwrüniň agyrdygyny nygtap, öz döwründe gazet nobatynyňuzaýandygyny, köp zatdan “razydygyny” aýtsa-da, “Sag bol, durmuş” diýse-de, halypasy bilenikiçäklikde ýene “Ähli döwürleriň haýyr, şer işi, Maňzy, Asly, Durky bilen meňzeşdir” diýen pikire,belki-de asyrlar bäri şahyryň öňünde duran gara gyýçak diwara ýüzüni urýar. Onsoň ol gönileýär:

“Şahyr bolmaz ulus ili güýmänler,

Adamlary özgerdýänler şahyrdyr.”

Hawa, Magtymguly “Şalar adyl bolmaz, daglar dumansyz” diýipdi. Ol bizi özgertmek üçin şalaryňadyl bolup bilmejegini açyk, bassyr-ýussursyz aýdypdy. “Şa gyzyny alma, huda ýazmasa, hanahemra bolma, päliň azmasa” diýipdi. “Orramsydan bolan haramhor begler, ýurdy bir ýanyndan ýykabaşlady” diýipdi. “Eý, ýaranlar, o dünýä baran bar-da, gelen ýok, Öli, diri halyndan habar-hatyrbilen ýok” diýipdi. Ol kän zat diýipdi. Ýogsa, G.Ezizowyň hem aýdyşy ýaly, onuň döwri agyrdy,emma gep döwürde däldi, G.Ezizowyň örän jaýdar aýdyşy ýaly, kimiň nähili ýüki egninealýanlygyndady, ýagny hemme döwür “Maňzy, Asly, Durky bilen meňzeşdi”.

“Han-begler, şazada, şalar ölýärler, halk aglaýar şahyryny ýat edip” diýen G.Ezizow, meniňpikirimçe, şu zatlara düşünensoň, öz şygrynyň ejizligi ýa-da ejiz çykmazlygy barada, çyn sözdengorky we şol gorky sebäpli çyn söze duşman bolmak barada ünjä galan bolmaly. Ol şol ünjüsi üçinhem öz-özüne wada beren, özüni köşeşdirmäge synanan ýaly görünýär: “Dünýede çyn sözüňsarpasyn saklap, Çyn söz üçin özüm ederin gurban.” “Ölsem, dogry sözüň şo duşmanyny – Inkäreden meni öper bu ýerim…”

Hawa, şahyr bolmak diýmek, Gurbannazar şahyryň örän dogry kesgitleýşi ýaly, dogry sözüňduşmanyny inkär etmek diýmekdir. Şu sepäpden halk, onuň ynanjyna görä, şalary, hanlary däl,şahyrlaryny ýatlap aglaýar. Diýmek, şahyr bolmak şalykdan, hanlykdan has belent dereje. Ýöne bu

Page 82: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

dereje hemme beýik bolasy gelene ýa eline galam alana ýetdirmeýär, ýetdiren halatynda bolsa ulypidalary, zyndan, kemsidilme, garyplyk, sergezdanlyk, belki-de biwagt, armanly ölümi talap edýär.

Herhal, şahyr hakyky bolanda, mert hem merdana bolanda, ol özüne hakdan gelen ykbaldan“esgiler, dokluk” üçin ýüz öwürmeýär, Ezizowyň “Halas ediň” goşgusynda aýdyşy ýaly, ähliartykmaçlykdan halas bolmaga, “halas ediňden” halas bolmazlyga çagyrýar we ilki özi şol çagyryşawepaly galýar. Eger gönülesek, bu G.Ezizowa, sowet diktaturasy astynda ýaşan we döreden,“sosialistik realizmiň” esgeri, sowet hökümetiniň nukdaý nazaryndan “adam ruhunyň inženeri”bolmaly bolan şahyra başartdymy? Ol şol döwrüň ajy hakykatyny baýdak edip depesine galdyryp,baýryň depesinde pulemýotyny guran duşmana garşy, eli galamly, deň bolmadyk söweşe girmägehet etdimi?

Eger onuň edebiýata gelen döwrüni, Sowet Soýuzynda Staliniň paş edilmegi bilen döränmaýylganlygy ýadymyza salsak, bu ýerde şahyr, ýazyjy, intellektual ymtylyşy üçin, azajygam bolsa,şert bolupdy…

Dar pikirlenişe sygmadyk şahyr (02.02.2015)Ahmet halypanyň (Gurbannepesow) aradan çykanyny bir gün soň eşitdim we ýerine görnüp, şolýerden hem gonamçylyga, şahyryň mazaryna zyýarata gitdim.

Ol meniň ilkinji goşgularymy okadan halypamdy. Şonda beren pendi şu günki ýaly ýadymda, ol:“Goşguda gaharly, ýakymsyz sözleri, ýa-da kimdir birine gönükdirilen jabjynmany ulanmajak bol,soň ol sözler seniň gaharlanan adamlaryňa däl, özüňe häsiýetnama berer” diýipdi.

Gonamçylyga baryp, şahyryň gyzyl gumy solmadyk täzeje mazarynyň başynda dyzyma çökdüm:“Bagyşla, halypa, tabydyňy egnime alyp bilmedim, mazaryňa bir pil gumum ýetmedi…”

Ol 1990-njy ýylyň martynda, Gurbannazar Ezizowyň 50 ýaşyna gabat “Edebiýat we Sungatda” çapedilen makalasyna “Adamlary özgerdýänler şahyrdyr” diýip at goýupdy. Ol bu sözbaşyny şondanbäş ýyl soň, G.Ezizowyň “Saýlanan eserlerine” ýazan makalasynda hem gaýtalapdy.

Halypa şol makalasynda tanaýan, belet adamyň hakynda, halypaň hakynda ýazmagyň berýän agyrhupbatyny boýun alypdy. Ahmet Gurbannepesden haýyş edişleri ýaly, menden halypam hakyndamakala ýazmagy haýyş eden ýok, eger şu ýazyp oturan zatlarymy ýazmasam, men sebäpliredaktoryndan käýinç aljak gazet işgäri hem ýok. Indi o döwürler geçdi, şahyrlar hakynda makalazakaz edýän, olara dogry baha berilmegi, milli edebiýata hyzmat etmegi beýik borç bilýän adamlarhem bara meňzänok. Ahmet halypa ömrüniň soňky 15 ýylynda iň ejir beren zat hem şu bolan bolsagerek.

Men, eger ýazmaly diýseler, şahyr hakynda näme ýazardym diýip oýlandym. Huşuma üzlem-saplam ýatlamalar geldi.

On ýyl çemesi öň, kioskdan gazet alyp gelýänimi görüp, ol: “Näme üçin gazet alýaň, olarda goşgyýog-a?!” diýipdi. Men “Edebiýat we Sungatyň” goşguly sahypasyny açyp görkezipdim. Ol gaşynyçytyp, başyny ýaýkapdy: “Içinden bir setir tapmarsyň, okabam oturma…”

“Içinde bir setir bolmajak bolsa, näme üçin ýazýarkalar?” diýip, men oňa morta beren soragymyýatladym.

“Akmagyň gürläsi, görnesi, akyllyň dymasy gelermiş…” Ol şeýle diýipdi.

Ol G.Ezizow hakyndaky makalasynda “Poeziýa meýdanyna ynsap bilen girmeli, halal ädimlerbilenem ýoluňy dowam etdirmeli” diýip ýazypdy.

Ahmet halypa ýetim ulalan, durmuş güzabyny ýaşlykdan gören adamdy, emma ol ýurt garaşsyzlygaçykandan soň, diktatura sebäpli, has ýetim galdy, has kän horlandy, garyp ýaşady, garyp öldi.

Sebäbi ol, öz sözleri bilen aýtsak, “senedi harlaman, ony ýaranjaňlygyň, ýeňil ýaşamagyň guralyedinmän, çirksiz ynsap bilen işlemegiň” tarapdarydy.

Page 83: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

Men bir gezek ondan “Bizde ideologiýa şahyryň ýakasyny goýberermi? Biz haçandyr bir gün özhakyky ýazjak zadymyzy ýazyp bilerismi?” diýip soradym.

Ol ýylgyrdy: “Medala, at-derejä, kwartira kowalaşmasaň, ýazyp öýde goýubermeli…”

“Baýdak” kitabyňdaky goşgulary okadym, täzeden… Soň Gurbannazary okadym… Şol wagtamideologiýanyň täsiri güýçli eken…”

“Bilýäňmi näme, Gurbannazar Büzmeýiniň NKWD obasynda doglan… Menem Büzmeýinde, uruşýyllary doglupdyryn. Onsoň uruşdan soňky ýyllaryň horlugy ömür içimizde galdy… Biz ýene-debir zatlar pikirlenjek bolduk, bir zatlar döretjek, bir zatlar galdyrjak bolduk…”

Men onuň Sergeý Ýeseninden eden terjimelerini maşynymda, ýanymda göterýärin. Bir gezek ol,2001-nji ýyldady öýdýän, tötänden maşynyma münüp, daşy berýoza suratly gyzylja kitapçanygörüp, çaga ýaly ýylgyrdy. Men onuň kitaby eline alyp, açan sahypasyny gözümiň gytagy bilengördüm-de: “Goşgyň ilkinji bendini oka” diýdim.

Ol geňirgenip ýüzüme seretdi-de, pessaý ses bilen öz terjimesini okamaga başlady:

“Biz munda galmagyň tapmadyk tärin,

Kem-kemden gidýäris jahana sygman,

Basym menem ýola çykmaly borun,

Bu panydan galan-gaçanym ýygnap.”

Men ony elim bilen yşarat edip saklap, goşgyň yzyny ýatdan okamaga başladym:

“Aladadan dynmak bardyr ölümde,

Ýöne o dünýede bahar ýok, gül ýok.

Bu ötegçi mähelläniň öňünde

Şoň üçin gussamy gizläp bilemok.

Men ýurdumy söýdüm, aýdym döretdim.

Rahatlyk diledim asmanda guwa.

Söwütleň gollary rahat seretsin,

Şapak reňki siňen melewşe suwa.

Hakykaty gizlemedim, dymmadym,

Aýdymymy diňläp geçdi her geçen.

Bu hyýrsyz dünýede, çytyk dünýede

Bagtly men dem alyp ýaşanym üçin…”

Ol meni eli bilen yşarat edip saklady-da, özi bilen gürleşýän ýaly edip: “Dymdyk-la, dymmalybolduk-la” diýdi. “Ýöne dem alyp ýaşajak bolanymyz çyn, pijkirlenjek bolduk, emma bagtlyboldukmykak?”

Ahmet halypa bir gezek maňa “Sen näme galstuk dakynaňok? Akja köýnek, gara penjek geý,galstuk dakyn, prezident hakda goşgy ýaz, redaktor bolarsyň, baýrak alarsyň” diýipdi.

Men onuň bu sözleri çyny bilen diýenini ýa oýun edýänini biljek bolup, ýüzüne çiňerilipdim.

Ol şonda ýylgyryp: “Oýun edýän” diýipdi. Soňam gülmän-yşman sözüniň üstüni ýetiripdi:“Galstuksyz, tahýasyz şahyr bolsaň, medalsyz ölmäge hem taýýar bol!”

Ahmet halypa “her kimiň öz ýüküni götermelidigini, “geçiňem, goýnuňam öz aýagyndanasylýandygyny” bilýäris” diýip ýazypdy. Men oňa bir gezek Sergeý Ýeseniniň “Şahyr” goşgusynyaýratyn gowy görýändigimi, onuň türkmençä terjimesiniň gaty gowy çykandygyny aýdypdym.

Page 84: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

“Ol şahyr, duşmanyn namyrat goýsa,

Hakykaty enesinden eý görse,

Il-güni doganny söýen dek söýse,

Bu ýoldaky pidalara eýgerse…”

Ahmet halypa ýylgyryp: “Pidalara eýgermek diýmek dilde aňsat” diýipdi.

…Men mazaryň başyndan turup, ýene bir gezek şahyrdan ötünç soradym: “Bagyşla, halypa,tabydyňy egnime alyp bilmedim, mazaryňa bir pil gumum ýetmedi!”

Arslan Baba

Propaganda we pagta bagtsyzlygy (24.11.2012)Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow 24-nji noýabrda pagta önümleriniň Aşgabatda geçirilýänhalkara forumyna gatnaşyjylara gutlag bilenýüzlendi. Gutlagda aýdylmagyna görä, türkmenpagta önümleriniň Aşgabatda geçirilýän II halkarasergi-ýarmarkasy ýurduň oba hojalygynyň, pagta

işläp bejerýän senagatynyň, pagtaçylyk pudagyndaky ylmy barlaglaryň gerimi, bu ugurda gazanylandünýä tejribelerini Türkmenistanda ornaşdyrmak üçin ähmiýetli bolar.

Prezident Berdimuhamedow öz gutlagynda Türkmenistanyň dünýäde pagtaçylygyň iň gadymyojaklarynyň biridigini hem nygtaýar.

Mälim bolşy ýaly, pagtaçylyk Türkmenistanda esasan sowet döwründe, öňki SSSR-iň strategikiekini hökmünde, harby maksatlar we ýurduň pagta ekilmeýän ýerleriniň ilatyny geýindirmek,galyberse, pagta süýümini daşary ýurtlara eksport etmek üçin ösdürildi. Şol döwürde köplenç aýal-gyzlar we mekdep okuwçylary tarapyndan el bilen ýyglan ýüpek pagta respublikanyň öz içinde däl-de, Orsýetiň Iwanowa şäherinde işlenip bejerilýärdi we türkmenlere mata, geýim-eşik görnüşindesatylýardy. Aslynda pagta planyny belleýänem, oňa nyrh kesýänem Moskwady, türkmenlerden diňeplany dolmak talap edilýärdi.

Türkmen intelleektuallarynyň arasynda pagta we onuň türkmen durmyşyndaky roly barada dürlipikirler bar. Bir pikire görä, pagtaçylyk 20-nji asyryň başynda garyp güzeranda, ýetde-gütdedurmuşda ýaşan türkmen obalaryna, näme-de bolsa, çörek berdi we adamlary ýamaly eşikdençykardy. Şol bir wagtda, pagtaçylygyň täze tipli obalaryň, ýollaryň, infrastrakturanyňgowulanmagyna oňyn täsiriniň bolandygy aýdylýar.

Ikinji tarapdan, pagtaçylygyň halkyň boýnuna zor bilen dakylandygy we beýleki ekinlere, halkyňaňyrdan gelýän ekerançylyk, maldarçylyk medeniýetine agyr zarba urandygy aýdylýar. Mysal üçin,Garagum kanaly bir tarapdan täze ekerançylyk ýerlerini açmaga, köp sanly iş ýerleriniňdöredilmegine mümkinçilik beren bolsa, ikinji tarapdan, ýerleriň görlüp-eşidilmedik derejedeşorlamagyna, tebigata düzedip bolmajak zyýan ýetirilmegine sebäp boldy. Şol bir wagtda,pagtaçylygyň türkmen halkynyň sowet magaryf sistemasyndan alyp biljek peýdasyny, gazanypbiljek utugyny köp derejede azaldandygyny, netijede türkmenleriň beýleki sowet halklaryndan känyza galandygyny aýdýanlar hem bar.

Türkmenistan wagtyň emri, ýagny SSSR-iň öz-özünden dargamagy netijesinde garaşsyz ýurtbolanda, pagta monokulturasy soňlanar, onuň türkmen obalarynda ýaşaýan çagalaryň geljeginiogurlamagy tamamlanar öýdülipdi.

Page 85: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

Elbetde, munuň üçin ýurduň ykdysadyýeti diwersifikasiýa edilmelidi, hakyky bazar ykdysadyýetinegeçilmelidi, adamlar ýere, emläge eýe bolup, öz işlerini gurup, gurplanyp bilmelidi. Emma bu zatlarbolmady. Has dogrusy, S.Nyýazowyň “täze oba syýasaty” diýilýän sowet döwründe halkyň dabanazaby bilen toplanan kolhoz-sowhoz malyny, tehnikasyny talaňa salmaga giň ýol açdy. Nyýazow buýagdaýy ölmezinden biraz öň belli derejede boýun aldy, ýagny öz işe bellän ýolbaşçylaryny işbilmezlikde, tanyş-bilişlige we beýleki nogsanlyklara ýatmakda hem “ýeriň eýesini tapypbilmezlikde” günäledi.

G.Berdimuhamedow häkimiýet başyna gelende oba hojalygyny dikeltmek üçin näme edilmeli bolsaetmegi wada berdi. Emma ol daýhanlaryň asyrlyk arzuwyny, bu ugurdaky dünýä tejribelerini, azatbazar ýörelgesiniň esasyny – daýhany ýeriň hakyky eýesi etmegi, daýhany öz öndüren önüminiňhakyky eýesi etmegi başarmady. Muňa derek, daýhan üçin “ähli şertleriň döredilendigi” baradakyýalan propaganda, sowet döwründen gelýän eziş, eksplotasiýa syýasaty, mejbury zähmet ýa-dapagta gulçulygy doly güýjünde dowam etdirildi.

Prezident Berdimuhamdowyň her ýyl Hasyl baýramy mynasybetli çap etdirýän gutlaglarynda wedaýhanlar bilen bagly beýleki çykyşlarynda, şol sanda türkmen pagta önümleriniň Aşgabatdageçirilýän II halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşyjylara iberen gutlagynda döwletiň orta we inçesüýümli pagtanyň, şeýle-de olaryň tohumlyk sortlarynyň satyn alyş nyrhyny hemişe köpeldýändigigaýtalanýar.

Prezidentiň aýtmagyna görä, döwlet pagtaçylar üçin ýeňillikli şertleri döredýär. “Bu ýeňillikleriňhemmesi ekerançylaryň we döwletiň bähbitlerini goramaga gönükdirilen” diýip, ol döwlet bilen obaönümçiliginiň arasynda sazlaşykly ykdysady gatnaşygyň ýola goýlandygyny, bu ýagdaýyňpagtaçylygyň depginli ösmegine itergi berendigini ynandyrmaga çalyşýar. Şeýle-de ol pagtaçylygaedilýän tehniki hyzmatyň derejesini ýokarlandyrmak üçin daşary ýurtlardan ýokary önümçiliklipagta ýygýan kombaýnlaryň, traktorlaryň we beýleki oba hojalyk enjamlarynyň satynalynýandygyny gaýtalamagy gowy görýär.

“Bal-bal” diýeniň bilen agyz süýjemeýär. Sowet döwründe-de pagtaçylar üçin ähli şertiňdöredilýändigi, pagtaçylara günortan gyzgyn naharyň berilýändigi we beýlekiler aýdylýardy,üstesine sosialstik ýaryşlar hem geçirilýärdi. Ýöne şol döwürde hem pagta ýygmak az gazançly,mejbury zähmet bolup galypdy, bu häzirem şeýleligine galýar.

Eger şeýle bolmasa, pagtany ilatyň iň garyp gatlagy, aýratynam başga işe ukypsyz aýal-gyzlar weçagalar, başga eklenç çeşmesi ýok adamlar ýygmazdy. Üstesine, edil sowet döwründe bolşy ýaly,belki käbir ýagdaýlarda ondan hem beter, pagta ýygmaga häzirem döwlet edaralarynyň işçi-gullukçylary, mugallymlar, doktorlar zor bilen sürülýär. Muny ýurtda bilmeýän ýok, emmaprezident Berdimuhamedow bilmeýär ýa-da bilmedik bolýar.

Eger ýokary önümçilikli pagta ýygýan kombaýnlar satyn alynýan bolsa, pagtanyň esasan el bilenýygylmagy näme üçin dowam etdirilýär? Eger obalylar gowaça ekip, pagta ýetişdirip, her ýylýokarlandyrylýan nyrhdan döwlete pagta satyp bilýän bolsalar, näme üçin müňläp şäherlere, daşaryýurtlara gidýärler? Elbetde, olar iş, gazanç gözläp gidýärler.

Sowet döwründe ortaça daýhan, üç-dört çagasy, aýaly bilen işläp, aýda bir goýun soýup ýa günde-günaşa etli nahar, bolmanda gowurdak çorba iýip bilen bolsa, biziň gürrüňdeş bolan daýhanlarymyzhäzir beýle ýagdaýyň köp daýhan üçin arzuwdygyny aýtdylar. Häzir pagta we bugdaý ekmägemejbur edilýän daýhanlar, eger çagalaryny aç goýmajak bolsalar, bu işleriň daşyndan hökmanmelleklerinde gök ýetişdirmeli, sygyr, goýun, towuk saklamaly we ir ertirden giç agşama çenligydyrdanyp, hars urup işläp geçmeli.

Sowet döwründe obada ýaşaýan daýhanlaryň hem iki-ýeke zehinli çagasy ýokary okuw jaýlarynagirip bilerdi. Indi bu bagt diňe arçynlaryň çagalaryna ýetdirmese, başgalara ýetdirmeýär. Arçynlar,häkimler bolsa, islän ýerlerinden kärendesine ýer alyp, ol ýerlerde batrak işledýärler. Aslynda,Nyýazowyň girizen kärendeçiligi hem batrakçylyk, ýöne bu batrakçylyk Berdimuhamedowprezident bolandan soň has giň gerime eýe boldy. Ýagny ozal häkimler Nyýazowdan çekinen

Page 86: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

bolsalar, indikiden asla çekinmeýärler we islän adamlaryna kärende ýer berip, islemedikleriniňýerini alyp bilýärler diýip, ruhabatly daýhanlar gürrüň berýär.

Prezident Berdimuhamedow Türkmenistanda pagtanyň daşary ýurtlara eksport edilýän esasy obahojalyk ekinleriniň biridigini aýdýar. Diýmek, pagtdan gyzyl pul, walýuta gelýär. Emma şol puldaýhanyň hojalygyna girýärmi? Eger girýän bolsa, näme üçin onuň özi traktor satyn alyp bilmeýär,baýamaýar?

Türkmenistanda daýhanlar partiýasynyň döredilmegi barada 20 ýyl bäri gürrüň edilýär, emma olpartiýa döräbermeýär. Ýogsa, başda ol partiýanyň ozalky Kompartiýa, hazirki Dempartiýa baknaboljagy, ýagny Senagatçylar we telekeçiler partiýasy ýaly “öli jan” görnüşinde saklanjagy hemçaklanypdy.

Biziň Ahalda, Maryda we Lebapda gürrüňdeş bolan tejribeli daýhanlarymyzyň pikir-çaklamalarynagörä, bu partiýa daýhanlary ýer eýesi, önüm eýesi, diýmek, eksportdan gelýän girdeji, pul eýesietmezlik üçin döredilmeýär. Olaryň pikiriçe, daýhanlar partiýasy döredilse, bu partiýany döwletýolbaşçylarynyň goldawynda bikanun baýlyk toplaýan telekeçiler ýaly sessiz, kontrol astyndasaklap bolmaz.

Türkmenistanda ilatyň 70 prosentden gowragy oba ýerlerinde ýaşaýar. Ol obalaryň bolsa, ýolam,agyz suwy, elektrik üpjünçiligi hem erbet. “Öňki prezidentiň bir eden gowy işi, ol obalara gazturbalaryny çekdirdi” diýip, oba adamlary aýdýarlar. Ýöne olar Berdimuhamedowyň gazdan gelýänserişdä doly kontrolluk edip, Aşgabatda gurulýan gurluşyklara ummasyz kän pul goýbermeginden,munuň üstesine ýer bilen suwy hem daýhanlara bermezliginden, diýmek özleriniň bilkastdan garypsaklanmagyndan, netijede çagalaryny okadyp, geljege taýýarlap bilmezliklerinden, olaryňam özleriýaly garyp boljagyndan örän nägile. Olaryň içinde bu ters iş “sowetleriň girizen pagta gulçulygynyuzagrak saklamak üçin edilýändir” diýip pikir edýän barha köpelýär.

Ýazyjylygyňa şübhäm bar, Hormatly Prezident! (07.05.2013)“Näme üçin?” diýjeksiň, eziz Arkadagym. Munuň üçini kän. Emma men köpe gidip, uzakdan aýlap,giň ýeriň gürrüňini edip oturjak däl. Çünki, azat bazar ykdysadyýetine geçilýän döwürde, her sekuntmanada barabar.

TDH ýaly köpsözli we yzyn ýazsam, işli adamsyňyz, okamarsyňyz. Dogrusy, meniňem uzynýazmaga wagtym ýok. Sebäbi, SSSR ýykylaly bäri nan atly, men pyýada, yzyndan ýetjek bolup,uzakly gün ylgamaly bolýan.

Gönimden geleýin: soňky ýyllar kitap okamamy doly goýdum diýen ýaly. Bu diňe wagt bilenembagly däl: ýazyjylara hormatym gaçdy, olaryň köpüsinde prinsip-messep-ynsap diýen zatlardandüşnük dagam ýok eken. Ýöne şonda-da, “Ynsap – diniň ýary” diýipdirler; “HormatlyPrezidentimiz gyzyldan gymmat wagtyny sarp edip, raýatlary üçin kitap baryny ýazýar, bolmandabirini okaýyn” diýdim.

Gatyny açanymam, eziz Arkadagym, “Ahalteke bedewi - biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” diýenkitabyňyz boldy. Bu kitaby men ahal-teke atlaryna bagyşlanyp döredilen täze saýtdan tapdym.Siz bu kitaby “Hormatly okyjylaryňyza”, diýmek, şol sanda maňa hem ýazylan ýüzlenme, giriş sözibilen başlapsyňyz. Sag boluň eden hormat-sylagyňyza, aç-horam bolsak, siziň öňüňizdehormatymyz bar eken, “hormatly” diýipsiňiz, bizi sylany Alla sylasyn!

Hawa, şeýlelikde, men kitaby birinji sahypasyndan okap başladym.

“Eliňizdäki kitap türkmen bedewi—ahalteke atyna bagyşlanýar” diýip, okyjylara ýüzlenmäniňbirinji sözleminde aýdylýar.

“Beh, bu sözlem birhiliräk düzülipdir, “bedewine” diýilse, gowurak boljak ýaly” diýip pikir etdim.Emma bilesigelijik meni ikinji sözlemi okamaga howlukdyrýardy.

“Dünýä döräli bäri bu bedewiň şöhraty hem ýer ýüzüne ýaň salýar” diýip, ikinji sözlemde, bagyşlaň

Page 87: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

welin, birneme ýerden aýagyňyzy üzüpsiňiz. Dünýäniň dörän wagty haçan, ahal-teke atlarynyňtohumynyň dörän wagty haçan, bu ýerde tapawut ulumyka diýýärin. Atymyzy öwmeli diýselerem,beýle uçurmak gerek däl bolsa gerek. Eger bu kitaby diňe özümiz, türkmenler okaýan bolsak, ondabolýar, biz bir öwgä mätäç halk, emma bu sözleri rus, iňlis dilinde okanlar biygtyýar ýylgyrar…

“Adamzat siwilizasiýasynyň taryhy bilen aýakdaş bolan ahalteke bedewi ençeme asyrlaryňdowamynda öžüne mahsus bolan güýç-kuwwatyny, ýyndamlygyny, gözelligini we akyllylygynyýitirmän gelýär” diýen sözlem hem, bagyşlaň welin, ýokarky gelşiksiz ulaltmanyň dowamy.

Bolýar, bular siziň pikiriňiz diýeli: siz “dünýä döräli bäri”, “adamzat siwilizasiýasy bilen aýakdaş”diýip, ahal-teke atlaryny öwjek bolup, biraz göçgünlilik edipsiňiz, bu yňdarmalykda bolýan zatmyş.

Ýeri, şu aşakdaky sözlemiňize näme diýjek?

“Bularyň hemmesi bilelikde ykbaly ynsanyň ykbaly bilen badaşan dünýäde ýeke-täk atyňgörnüşinde jemlendi, bu bolsa olaryň dostlugyny, biri-birine ysnyşmagyny we wepaly gulluketmegini kesgitledi.”

Men bu sözlemde aýdylan zada düşünjek bolup, ony birnäçe gezek okadym. Dogrusyny aýtsam, buaslynda türkmençe däl, orsçadan ýa işlisçeden ýaramaz terjime bolmaly, çakym çak bolsa. Sebäbitüçrkmençe beýle sözlemi, meniň bilşimden, düzjek bolsaň hem düzüp bolmaýar. Ynanmasaňyz,dilçilerden sorap görüň, size çenli türkmen dilinde beýle bisowat sözlem düzen ýazyjy bolmandy.Emma öňünden aýdyp goýaýyn, sorasaňyz hem, dilçiler gorkup, bu sözlemdäki bulam-bujarlyklarysize aýdyp bilmezler…

Ýöne siziň giriş sözüňizde bulam-bujar sözlem diňe bu hem däl. Siz, mysal üçin, başga birsözlemiňizde ahal-teke atlarynyň ähli münülýän atlary yzda galdyrandygyny, ýer ýüzüniň atçylyksungatyny yzda goýandygyny aýtjak bolupsyňyz. Ol sözlemi

bolşy ýaly getirýäris: “Gadymy türkmen taryhynyň tebigatyndan we zähmetsöýer halkynyň aýratynzehininden kemala gelen ahalteke bedewi özüniň gany bilen ähli münülýän atlaryň görnüşleriniyzda galdyryp, ýer ýüzüniň atçylyk sungatyny öz yzyna düşürip alyp gitmegiň hötdesinden geldi.”

Birinjiden, “gadymy türkmen taryhynyň tebigatyndan” diýmek bilen näme diýmekçi bolýarsyňyz?Her bir halkyň taryhynyň öz tebigaty barmy? Bu nireden, haýsy teoriýa esasynda alnan zat?Ikinjiden, “zähmetsöýer halkynyň aýratyn zehininden” diýmek bilen, siz tüçrkmen halkyny üýtgeşikzähmetsöýer we zehinli diýmekçi bolýarsyňyzmy?

Aşakdaky sözlemde bolsa, “tugrasyny” däl-de, “tugrasynyň” bolmaly, ýöne bu ýalňyşy düzedeniňbilen hem, sözlem many taýdan düzelmez. Sebäbi siz atdan syýasata, döwletiň alyp barýan ugur-ýoluna geçmekçi bolup, pikiriňizi ýeterlik aýdyňlaşdyryp bilmänsiňiz. Ýagny siz “Biziň millibuýsanjymyz Türkmenistanyň Döwlet tugrasyny bezegi bolan ahalteke bedewi garaşsyz, bitarapWatanymyzyň hakyky simwolydyr we onuň parahatçylyga we dünýäniň ähli halklary bilen dostlugaymtylşynyň şaýadydyr” diýmek bilen, bar zady düşündirdim diýip hasap edipsiňiz. Emma tugrada,gerbde atyň bolmagy nireden diňe parahatçylyk, dostluk niýetini aňladyp biler? Birinjiden, at birjandar, ol adamyň elindäki mal, ulag, üstüne münüp, bir ýurda çozsaň-da bolýar, ýurduňy gorasaň-da…

Eger siz “biz ýurdumyzy at bilen, elimiz gylyçly söweşip goradyk, şol sebäpden ata aýratynhormatymyz bar” diýseňiz, muňa düşünse bolardy. Emma barybir at ýa başga bir ulag, transportserişdesi bir ýurduň hakyky simwoly bolup bilmez. Eger şeýle bolsa, araplaryň hakyky simwolydüýe, hindileriňki –pil bolardy. Ýadyňyzda bolsa, sowet döwründe orak-çekiçden hem ullakansimwol ýasajak bolupdylar…

Siz ýene seýle diýýärsiňiz: “XXI asyryň bosagasynda özüniň täze eýýamyna—Täze Galkynyşeýýamyna gadam basan Türkmen döwleti işeňňir parahatçylyk söýüjilik, aýanlyk we dünýäniňynsanperwer modelini döretmäge işjeň gatnaşmak syýasatyny yglan etdi.” Atdan başlananöwünjeňlik nädip birden “dünýäniň ynsanperwer modelini döretmäge işjeň gatnaşmak syýasatyna”geldi?

Page 88: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

Eger faktlara seredilse, Türkmenistan adam hukuklaryny hormatlamak barada öz üstüne alanhalkara borçlaryny ýerine ýetirmeýän, tussaglarynyň hal-ýagdaýyny görmekçi bolýan daşary ýurtekspertlerini ýurda goýbermeýän, syýasy tussaglaryň ölüdigini-diridigini olaryň iň ýakyngaryndaşlaryna hem aýtmaýan ýurt dälmi?

Emma siz ýene şeýle diýýärsiňiz: “Biz özümize we öz güýjümize berk ynanýarys, bu ynam özköklerini türkmen topragynyň berekedinden we sahylygyndan, dünýäni aňk ediji hadysany – adambilen atyň jana – jan dostlugyny döretmegiň hötdesinden gelen pederlerimiziň pähim-parasadyndanalyp gaýdýar.”

Eger şeýle ynam bar bolsa, näme üçin ýurtda siziňkiden başga syýasy partiýalar, garaşsyzjemgyýetçilik guramlary, adam hukuklaryny goraýan toparlar, metbugat, söz azatlygy düýpden ýok?Eger siz öz güýjüňize ynanýan bolsaňyz, näme üçin ýyl-ýyldan daşyňyzyň goragynyberkidýärsiňiz? Näme üçin siz ýoldan geçeňizde azyndan üç parallel köçe baglanýar?..

Bolanyna görä ýene bir sözlemiňiz baradaky pikirimi aýdaýyn. Siz “Sazlaşyk millimedeniýetimizde, şonuň ýaly-da dünýä medeniýetinde seýrek duş gelýän hadysa hökmünde özüniňöwrenilmegine garaşýar” diýýärsiňiz.

Bu sözleme iki hili düşünmek mümkin: birinjisi, “biziň milli medeniýetimize sazlaşyk bar, emmabeýle sazlaşyk dünýä medeniýetinde seýrek duş gelýär we şu sebäpden biziň sazlaşygymyz hadysahökmünde öwrenilmegine garaşýar”. Emma bu sözleme şeýle hem düşünmek mümkin: “ sazlaşykbiziň milli medeniýetimizde hem, dünýä medeniýetinde hem seýrek duş gelýän hadysa we şusebäpden ol öwrenilemegine garaşýar”.

Megerem siz, o diýen şowuna bolmadyk hem bolsa, birinji pikiri aýtjak bolupsyňyz, ýagny “biziňmilli medeniýetimizde sazlaşyk bar, emma beýle zat dünýä medeniýetinde seýrek duşýar” diýip,milletçilik-şowunizm duýgularyňyzy daşyňyza çykarypsyňyz.

Elbetde, menem türkmen, öz milletimi biriçe gowy görýärin; bir ýönekeý raýat hökmünde, ýüzgram arak-şerap içip, öwnüp hem bilerin. Emma, bagyşlaň welin, “biz beýik, başgalar pes” diýenäheňde gürrüň etmek prezident derejesinde oturan adama gelşenok.

Şu ýokarda aýdan zatlarym sebäpli mende siziň ýazyjylyk talantyňyza we paýhasyňyza şübhedöredi, kitabyňyzyň ikinji sahypasyna geçmedim, bagyşlaň, eziz Arkadagym we HormatlyPrezidentim!..

Türk-türkmen “doganlygy”: Taksim skweri nämäni duýdurýar? (08.06.2013)

Türk we türkmen ýolbaşçylary, syýasy-ykdysady garaýyşlary dürli-dürli bolsa-da, indi iki onýyllykbäri umumy dil tapyp gelýärler. Olary esasy birikdirýän zat, türk doganlygy we beýlekiler baradaaýdylýan owadan sözler däl-de, biznes bähbitleri we awtoritarizm diýsek, ýalňyşmasak gerek.

Bähbit geçirimliligi

Apreliň aýagynda türkmen prezidenti atdan ýykylanda, ýalňyşmasam, bu habary ilki dünýä jar edentürk telewideniýesi boldy. Emma prezident Berdimuhamedow maýyň aýagynda Aşgabada gelentürk prezidenti Abdylla Güli Türkmenistanyň uly döwlet sylagy, “Prezidentiň ýyldyzy” ordenibilen sylaglady. Ýosa, käbirleri onuň türk “gardaşlaryndan” biraz öýkelärine garaşypdy.

Eýsemem bolsa, biznes bähbitleri üçin nämeler edilmeýär? Biraz öň kakabaş türk metbugatyTürkiýeden Aşgabada uçmakçy bolan altyn ýükli uçar barada hem “galmagal” turuzjak bolupdy,emma soň, “dost-dogan” ýolbaçylaryň goldawy bilen, bu gohuň ýatyp galandygyny-da unutmakbolmaz.Şu zatlardan çen tutulsa, türkmen metbugatynyň Rejep Taýyp Ärdoganyň ýekemenligi bilenprotestçiler arasynda dörän gapma-garşylygy halka buşlamaga howlukmazlygyna düşünse bolar.

Bu ýerde ýene bir zada, Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 4-nji iýunda geçirilen

Page 89: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

mejlisine hem düşünip bolar. Bu mejlis, aýdylmagyna görä, harby we hukuk goraýjy organlaryň bäşaýlyk işiniň netijelerine baha bermek, geljekki anyk wezipeleri kesgitlemek üçin geçirilipdir.

Setirleriň arasyndan görünýän zat

Emma bu habarda setirleriň aňyrsyndan ilki görünýän alada Türkiýedäki anti-Rejep protestleriňTürkmenistandaky anti-Arkadag meýillere ýetirrjek täsiri bilen bagly.

Türkmenistan soňky 20 ýylda halk içinde dörän we dörejek bolan anti-hökümet protestleri diňegüýç bilen basyp ýatyrdy. Türkmenistan bilen 20 ýyl bäri özara we deň bähbitli, şonuň bilenbirlikde doganlyk ideýalaryna daýanýan diýilýän biznes hyzmatdaşlygyny edýän Türkiýe hem,daşyndan parhly görünýän-de bolsa, Stambuluň Taksim meýdançasynda başlanan halkprotestlerinden öň hem köp arassalaýyş geçiripdi.

Elbetde, bu arassalaýyşda, dürli bahanalar bilen, Rejep baş bakanyň potensial garşydaşlary ýokedilipdi ýa ýuwaşadylypdy. Onsoň onuň Taksim meýdanynda polisiýanyň dürresini işletmegi hiç birjähetden geň däldi. Emma bu taýak Türkiýäniň edil Türkmenistan däldigini görkezdi we resmiAşgabat bu “görkezijiden” alada galman bilmese gerek.

Ýadyňyzda bolsa, Aşgabat bir zaman gyrgyz wakalaryndan hem uly alada galypdy. Ýöne Türkiýebilen gatnaşyklar has giň we çuň. Bu ýurda türkmenler diňe okamaga gitmediler, on müňläpişlemäge, ýaşamaga-da gitdiler. Gepiň keltesi, gyrgyz rewolýusiýalary Türkmenistana syçramadykhem bolsa, Türkiýedäki halk raýdaşlygynyň türkmenlere awtoritar hökümete garşy durmakda bellibir tejribeleri bermegi mümkin. Sebäbi Türkmenistanda rewolýusiýa üçin Taksimmeýdanyndakydan has beter “bahanalar” bar. Şol “bahanalaryň” iň esasylary hem kanunlaryňişlemezligi ýa birtaraply ulanylmagy, barha çuňlaşýan sosial-ykdysady adalatsyzlyklar bilenbaglanyşykly.

Diktatura we kanun

Prezident Berdimuhamedowyň şahsyýet kultunyň bir bölegi bolan Bedew baýramynda, dünýäniňbir topar ýurdundan gelen hormatly myhmanlaryň gözüniň alnynda atdan ýykylmagy bu ýurtda“kämilleşdirilýär, dünýä standartlaryna golaýladylýar” diýilýän kanunlaryň, hususan-da täze kabuledilen Metbugat kanunynyň işlemek mümkinçiliginiň nola barabardygyny görkezdi.

Aslynda bu ýerde hiç bir täzelik ýok: diktatura bilen kanun bir ýere sygmaýar, ýa-da olaryň birinjisiikinjini özüne bakna edýär. Bu Türkmenistanda hem şeýle: kanunlar ýa kagyz ýüzünde galýar, ýa-da halka, raýatlara däl-de, režime, şol režimiň arkasynda duran oligarhlara, hälkyň her bir kiçijikhajatyndan öz bähbidini araýan çinownikleriň kisesine hyzmat edýär.

Berdimuhamedowyň atdan ýykylmagy ýurtda diňe informasiýa, maglumat monopoliýasynyň,senzuranyň saklanyp galýandygyny däl, eýsem türkmen häkimiýetleriniň özleriniň kanunreformalary, jemgyýeti liberallaşdyrmak, syýasy medeniýeti ýokarlandyrmak barada aýdýanzatlaryna düýpden ynanmaýandyklaryny we şol öňki repressiýa, halky basyp we gorkuzypsaklamak usullaryna bil baglaýandyklaryny görkezdi.

Elbetde, bu döwlet başynda oturan adamlaryň syýasy medeniýeti, aň-akyl derejesi bilen bagly. Olarnyýazowçylykdan miras alnan we ýurdy bütin dünýä gülki edýän syýasy şowakörlügiň hemdöwleti, hem özlerini biabraý edýändigine düşünmekden entekler gaty daşda bolarly.

Ýalňyş syýasatyň netijeleri

Türkmenistanyň repressiýa syýasaty 1990-njy ýyllaryň ortalarynda, ozalky SSSR-iň KGB däpleriesasynda, basyş, gorkuzmak, gözegçilikde saklamak usullary esasynda has-da güýçlendirildi. Busyýasat halk içinde, intelligentsiýanyň arasynda, hususan-da döredijilik, ylym-bilim wekilleriniňarasynda has görnetin ýüze çykyp başlan erkin pikirlenişi, azatlyk ideýalaryny basyp ýatyrmaklyga,türkmen demokratiýasyny sallançakda bogmaklyga gönükdirilendi.

S.Nyýazowyň “täze bilim syýasaty” diýilýän bilen “ruhnama” boşlugy hem şol repressiýasyýasatynyň bir bölegi bolup, onda esasan täze nesil, yzdan ýetişip gelýän ýaşlar nyşana alyndy.

Page 90: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

Sebäbi olar geljekde režime howp döretmeli däldi, boş, pöwhe, döwlet propagandasy tarapyndanaýdylýan şowunizm sarnamalaryna ynanýan we özüni aňsat aldadýan yňdarma adamlar bolmalydy.

Berdimuhamedow häkimiýet başyna gelenden soň, her neneňsi geň hem bolsa, Nyýazowyň “täzebilim syýasatyndan” ýüz öwrüldi. Şonuň bilen birlikde, Nyýazow döwründe giň ýaýran neşeönümleri tasdan ýok edildi, milli goşunyň gedaýçylykdaky esgerleri köçeden ýygnalyp, gaýtadandöwletiň hossarlygyna alyndy. Nyýazowyň ýatyran pensiýalarynyň, çaga pullarynyň dikeldilmegibolsa, hakykatda tasdan çaý bilen çörege daňlan garyp adamlara edilen iň uly ýagşylyk boldy.Bulary, bir tarapdan, Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkiýede eden ykdysady reformalary bilendeňeşdirse bolar. Gurbanguly Arkadag bu eden işleri üçin uly alkyşa mynasyp boldy.

Emma ol on ýyldan gowrak dowam eden repressiýany, basha-baslyklary ýazgarmady, metbugatnadaralygyny dowam etdirdi we halkyň aňkasyny aşyran köpçülik çärelerini we opuryjy gurluşyklarsyýasatyny esasygüýmenjesine öwürdi.

Eger sagdyn pikirlenip bilenliginde ýa özüne erki bolanda, ol bu repressiýanyň we ýykgynçylyklygurluşyklaryň ýurda nähili gymmat düşýändigine düşünmelidi.

Nyýazow türkmen halkynyň sowet döwründe bilim alan, iş gören tejribeli kadrlaryny gatyselçeňletdi; köpi gören, özüçe pikirlenmäge ukyply intelligentsiýa wekilleri, ýurt içinde we öýünde,çagalarynyň arasynda oturjak bolsa, doly dymyşlyga, kaýyllyga mejbur edildi. Ýaşlar bolsa,dolulygyna diýen ýaly, “tahýa darlygyna” salyndy. Eger-de Berdimuhamedow şu petikli ýoldançykmaga tarap ugur alan bolsady, hakykatdan hem beýik reformaçy bolardy. Emma ol bumümkinçiligi görüp bilmedi.

Repressiýa we din meselesi

Türkiýede yslam kökli diýilýän partiýa hökümeti dolandyrýar. Synçylar Rejep Taýyp Ärdoganyňdindar türklere, işçilere, ýönekeý halka daýanýandygyny we aňsat häkimiýetden çetleşdirilipbilmejegini aýdýarlar. Türkmenistanda hem hökümet dini duýgulary oýnamakda, dindar diýilýänadamlary satyn allmakda uly ussatlyk görkezdi we bir tarapdan, wagtlaýyn hem bolsa, köp “peýda”gazandy.

Ýöne bu “peýdanyň” soňy bilen syýasy elita üçin “zyýan” bolmagy hem mümkin. Sebäbi onuňdowamlylygy Türkmenistanda dini we dindarlary doly kontrol astynda saklamaklygyň näçe uzakdowam etjegine bagly bolup görünýär.

Adamzat tejribesinden görnüşine görä, adamlar haka, Hudaýa hakykatdan ynananlarynda, Allanyňözünden başga hiç zatdan gorkmaýarlar. Dogry, olar belli bir döwür hökümet bilen dawalaşmanbilerler, dymyp bilerler, çeke durup bilerler, emma bu olaryň gözleri gapylar derejedegorkýandyklaryny aňlatmaýar, öz wagtlaryna, sagatlaryna garaşýandyklaryny aňladýar.

Şu nukdaý nazardan seredilende, türkmen hökümeti Alladan gorkmaýan, emma döwletden gorkýandindarlary doly kontrollukda saklamagy başardy we başarýar diýse bolar. Bu hili dindarlar, garanebisleri üçin, döwletiň islendik tabşyrygyny ýerine ýetirýärler. Olar bu “hyzmatlary” üçin wezipe,gymmatbaha sowgat, dabaralara çagyrylmak, Mekgä haja gitmek ýaly “sylaglar” bilensylaglanýarlar.

Bu bir tarapdan döwletiň utuşy bolup görünýär, emma siňe seretseň, edil utuş hem däl. Sebäbi halk,adamlar bu hili dindarlary “döwlet, hökümet mollalary” diýip atlandyrýar we olary ýigrenýär.Şonuň bilen bir wagtda, olar hökümet tarapyndan dabaralara çagyrylmaýan, tersine gysylýanmollalary sylaýarlar. Ýönekeý adamlar, şol sanda ýaşlar halkyň hyzmatynda durýan, Hudaýa, Allamaddy baýlyk üçin däl, o dünýesi, imany üçin hyzmat edýän dindarlary gowy görýär.

Her bir halkda bolşy ýaly, türkmen halkynda hem mollalar barada öňden aýdylan, dilden-dile geçipgelýän zatlar bar. “Mollasy köp bolsa, toklusy harama çykar”, “Mollanyň aýdanyny et, edeninietme” diýip, adamlar gara nebsi üçin o dünýäsini, imanyny we Allany unudýan mollalary hemişeýaňsylaýalar. Bu şu günki hem şeýle. Emma ýurtda, jemgyýetde adalatsyzlyk köp bolsa, döwletedaralary, ýolbaşçylar ýönekeý adamlaryň arz-şikaýatyny diňläp, meselelere çözgüt tapyp, ýardam

Page 91: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

edip bilmese, adamlar Hudaýa, Alla sygynmakdan başga çäre tapmaýarlar. Olar hakyky mollalary,arassa dindarlary hudaýa ýakyn adamlar hasaplaýarlar we şolardan, olaryň aýdýan sözlerinden,getirýän rowaýatlaryndan barha köp haraý, göwünlik we umyt gözleýärler.

“Üçünji prezident” arzuwy

Birki ýyllykda, bir bendäniň kyrkynda şeýle bir arzuwyň şaýady boldum. Dulda oturan molla,geljek gelip, gitjek gidip, adamlar selçeňlände, öň ýaşap geçen bir mollany (adyny aýtmakdansaklanýaryn) ýatlap, onuň ömrüniň soňky ýyllarynda köp gaýtalan sözlerini aýtdy: “Sowetler 70 ýylsürüp, birden gar ýaly eräp gider, soň bir patyşa gelip, 20 ýyl halky horlar, ondan soň bir süwümsiz,göterim patyşa bolar. Ana, şo patyşa atdan ýykylandan soň, türkmen birsellem rahat gün görer.”

Molla şu sözleri aýdyp, assyrynlykdan özüni diňläp oturanlaryň ýüzüne seretdi we olaryňgözlerindäki umyt uçgunjyklaryny görüp, gürrüňini dowam etdi: “Biz ýaşrakdyk o wagt, bende,“men görmerin o günleri, siz görersiňiz” diýerdi.”

Men soň bu gürrüňi, “üçünji gowy prezident” baradaky süýji arzuwy başga-başga ýas ýerlerinde,toý üýşmeleňlerinde, ýönekeý oturyşyklarda hem kän eşitdim.

Arzuw başga, hakykat başga

Aşgabatda ýaşaýan türk işçisi (adyny aýtmakdan saklanýaryn) Türkiýedäki anti-Rejep protestleriňhäkimiýet başyndaky partiýanyň wekilleriniň nebsi, biznes bähbitleri sebäpli bärha beterlejegini wehas giň gerime eýe boljagyny çaklaýar. Onuň pikiriçe, Türkiýe Türkmenistan däl.

Men ondan “Türkiýe bilen Orsýetiň, Ärdogan bilen Putiniň arasynda nähili meňzeşlik bar?” diýipsoradym. Ol ýylgyrdy: “Tükiýe-de, Orsýetem uly ýurt, olara akyl bilen düşünmek kyn. EmmaÄrdogan bilen Putiniň meňzeşligi nebijeňlikde, men-menlikde bolsa gerek. Nebis bilen gedemlikbolsa, hiç kime gowulyk getiren zatlar däl.”

Aşgabatda ýaşaýan türk işçisiniň pikiriçe, Türkmenistanda häzir Türkiýedäki, ýa bolmasaOrsýetdäki ýaly protestleriň guralmagyna, raýat aktiwligine garaşyp bolmaz. Sebäbi, kanunlarygtyýar berýän bolsa-da, hökümet syýasy azatlyga taýýar däl. Ikinjiden, halk hem entek bu hilitöwekgellige taýýar bolup bilmez. Çünki Nyýazow döwründe döredilen gorky, ilatyň garyplygyentekler öz netijesini bermegi dowam etdirer.

Emma türk işçisi häzir Türkiýede bolýan zatlary asla tötänlik hasaplamaýar. “Rejep Taýyp Taksimskwerinde pul gazanjaklaryň tarapynda durýar, sebäbi ol ýerde jübi bähbidi bar. Gurbanguly hemköşkleriň, beýleki gymmat gurluşyklaryň içinde, sebäbi bähbidi bar. Baýlaryň barha nebisjeňbolmagynyň ahyry rewolýusiýa alyp gelýändigini taryh görkezýär – diýip, türk işçisi pikirinidowam etdirdi. – Seret, musulman dünýäsi soňky elli ýylda görülmedik özgerişleri başdan geçirýär,Günbatar bolsa hem içerki durmuşynda, hem daşarky gatnaşyklarynda kyn synaglar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Ýagny Günbatar dünýä ozalkysy ýaly kontrollyk edip bilmeýär, muny başarmaýar.”

Türk işçisiniň pikirine görä, türkmen häkimiýetleri bu bolýan zatlary görýär. Şu sebäpden hem olarýagdaýy uzagyndan kontrol astynda saklamagyň çäresini görmäge çalyşýarlar. Emma bu çäre,Gurbangulynyň baglaşan gurluşyk kontraktlary, boş propaganda, köpçülik çäreleri we repressiýasebäpli, türkmen hökümetine garşy işleýär.

“Taksim skwerinde başlan anti-Rejep protestleri güýçlendiren zat polisiýa zorlugy boldy, şunyýatdan çykarma” diýip, Aşgabatda biraz goňşym bolan türk işçisi ýylgyryp aýtdy.

Gypjakda berlen sadaka we Gurbangulynyň baş saglygy (07.07.2013)TDH Gypjakda watanyň gülläp ösmegi we milletiň lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başsaglygy üçin berlendigini habar berýär.

Bu sadaka 6-njy iýulda, Gypjakdaky metjitde “Berkarar döwletiň bagtyýalyk döwründe” diniguramalaryň öňünde durýan wezipelere bagyşlanyp geçirilen maslahatdan soň berlipdir.

Page 92: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

“Ýalançy ýaşulularyň” wadasy

Habarda aýdylmagyna görä, dini guramalaryň wekilleri, has dogrusy döwletden aýlyk alýandindarlar türkmen halkynyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryny gorap saklamak, ýaşlary hakykywatançylyk ruhunda terbiýelemek boýunça öz boýunlaryna düşýän borç hakynda maslahatedipdirler.

Elbetde, Türkmenistanyň döwlet eýeçilgindäki dindarlarynyň bu maslahat-sadakasynyň golaýdatürkmen yslamçylary, olaryň Siriýanyň prezidenti Başar al-Asady agdarmak ugrunda söweşýänradikal toparlaryň tarapynda “jihada” gatnaşyşy barada çykan habarlar bilen baglydygyny çaketmek o diýen kyn bolmasa gerek.

Maslahatyň Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky Din işleri geňeşi we Türkmenistanyňmüftiýeti tarapyndan gurnalmagy, oňa döwlet tarapyndan hormatlanylýan ýaşulularyň, Aşgabadyňwe beýleki welaýatlaryň döwlet tarapyndan bellenen din wekilleriniň çagyrylmagy bu başlangyjyňhut Arkadagyň özünden gaýdýandygyny çak etmäge esas berýär.

Adatça bolşy ýaly, maslahatda çykyş edenler prezident Berdimuhamedowyň başlangyçlary bilengeçirilýän progresssiw özgertmeler, watanyň gülläp ösmegine, ilatyň bagtly, bol-elin ýaşamagynagönükdirilen işler barada gürrüň edipdirler.

Şeýle-de olar döwlet ýolbaşçysy tarapyndan ýöredilýän syýasata goldawlaryny bildirip, mundanbeýläk hem ýaş nesli milli mukaddeslikler, halkyň asyrlyk däp-dessurlary esasynda terbiýelemekişine aktiw gatnaşmakçydyklaryny tekrarlapdyrlar.

Bu hili maslahatlara gatnaşyp, birmeňzeş don, telpek geýip, resmi propagandanyň bir bölegineöwrülen ýaşululara il içinde indi “ýalançy ýaşulular” diýilýänini göz öňünde tutsak, olardan ýaşlaryArkadaga tabyn edip saklamakda uly kömek boljaga meňzemeýär. Sebäbi ýaşlaryň köpüsiwagtynda okuwa girip bilmedik, iş tapmaýan, deňsizligiň we adalatsyzlygyň ejirini çeken weçekýän oglan-gyzlar. Beýle ýaşlar ol ýaşulularda şol diýilýän milli mukaddesliklerden, lebiz,messep, ynsap ýaly zatlardan bir gram ýokdugyny gaty gowy bilýärler. Onsoň olaryň özlerinde ýokzatlary ýaşlara berip biljegine ynanmak kyn.

Ikinji tarapdan, ýönekeý adamlaryň, garyplykda ösen ýaşlaryň köpüsiniň ýek ýigrenýän zady ýalanpropaganda. Sebäbi, soňky ýyllaryň tejribesinden belli bolşuna görä, resmi Aşgabadyň ýa-da TDH-nyň habarlarynda hakykat ýok, olarda problemalar inkär edilýär we durmuşdaky kynçylyklar,döwlet emeldarlarynyň, hökümet ýolbaşçylarynyň açgözlügi we giň ýaýran korrupsiýa boş sözlerbilen bassyr-ýussur ediljek bolýar.

Ajy hakykat

TDH-nyň bir işgäriniň özara gürrüňçilikde degşip aýdyşy ýaly, türkmen hakykaty resmi habaryň ýa-da hökümet propagandasynyň gutaran ýerinden başlanýar we örän ajy.

TDH-nyň adynyň aýdylmazlygyny soran işgäri ýene şeýle diýýär: “Eger sadaka bilen ýurtdabolçulyk döredip bolýan bolsady, biz bu wagta bala çümerdik, Saparmyrat hem ölmezdi…”

Din wekilleriniň maslahatynda ýaşlary milli mukaddeslikler, asyrlyk däp-dessurlar esasyndaterbiýelemek barada gürrüň etmekleri, dogrusy, gülkünç. Sebäbi şu günki din wekilleriniň bir toparyozalky kommunistler ýa-da sowet hökümeti döwründe arakdan-şerapdan gaýtmadyk, S.Nyýazowdöwründe bolsa tirýekden-gerreden gaýra durman, başarsa para alan, ogurlyk eden adamlar.

Dogry, “her döwür – bir döwür, indi başga zamana, hudaýsyzlyk döwri geçdi, dine ýol açyldy, olartoba edip, hak ýoluna düşen bolsa, öňki bolan zatlary ýatlap durmaly däl” diýilmegi mümkin.

Emma Türkmenistanda ozal S.Nyýazow-Türkmenbaşy hudaý ornunda bolan bolsa, indiGurbanguly-Arkadag hudaý bolmaga dalaş edýär. Bu ýagdaý Türkmenistanda dine uýýanlaryesasan iki bölege böldi: olaryň birinjisine “hökümet mollalary”, ýagny döwletden aýlyk alýan,maslahatlara we çärelere çagyrylýan, döwletiň hasabyna daşary ýurtlara, şol sanda Mekgä iberilýändindarlar girýär. Bu hili mollalara il arasynda “biznesmen mollalar” hem diýýärler. Sebäbi olar din,

Page 93: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

hudaý ady bilen aňsat gazanç, eklenç, häzirki dil bilen aýdylanda “biznes” edýärler.

Ikinji topara döwlet tarapyndan gurlan metjitlerden gaça durýan, din arkaly pul, mal gazanjak,“biznes” etjek bolmaýan, hökümet maslahatlaryna çagyrylmaýan, emma il derdine ýaraýan weýönekeý adamlar tarapyndan berk sylanýan dindarlar girýärler. Bulara il arasynda “hakykymollalar” diýilýär. Ýöne…

“Ýönesi näme?”

Hawa, “ýönesi näme?” diýilmegi mümkin. Ýönesi hökümet bu hili mollalary yzarlaýar, ýanaýar,türmä basýar we başarsa öldürip, ýok edýär.

Aşgabatly Şiri molla Geldimyradowyň 2010-njy ýylda 73 ýaşynda türmede ölmegi, onuň 7 oglunyňtoslama aýyplamalar esasynda türmede saklanmagy munuň diňe bir mysaly.

Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri yslamçylar diýilýänlere garşy göreşde aýratyn aktiwlikgörkezmäge çalyşýarlar. Mälim bolşy ýaly, olaryň esasy usuly pidalaryny urup-ýençmek,kemsitmek, gorkyzyp, gözüniň oduny aljak bolmak. Şeýle-de olar öz pidalaryny, yzynyňidelmejegini bilseler, erbet talaýarlar.

Bu talaňçylyk, ele düşeni her edip, hesip soýmak türkmen kanun goraýjylarynyň hemmesiniň diýenýaly gowy görýän zady. Olar bu talaňçylyk arkaly uly “biznes” edýärler we birnäçe ýyl iýçinde baý,gurply, iki-üç aýally ýa oýnaşly, iki-üç maşynly we iki-üç jaýly adamlara öwrülýärler.

Alaçsyzlykdan hudaýhonluga

Ozal döwletiň başyndaky birinji adam, soň onuň ýakyn töweregi, soň ondan aşakdakylar…tarapyndan edilýän ogurlyklar, talaňçylyklar tutuş halkyň gerdenine garyplyk, ýetde-gütde durmuşbolup çökýär.

Adamlar eklenç üçin ýa daşary ýurtlara gatnap, söwda edýärler, ýa başga bir ýurda gara iş etmägegidýärler, ýa-da ýurt içinde bikanun işlere baş goşýalar. Sebäbi kanun esasynda işläp, bol-elinmaşgala eklemek gaty kyn.

Bu ýagdaý kanun goraýjylaryň islän adamyny tutmagyna şert döredýär. Şeýdip, soňky 20 ýyldamilliona golaý adam tutulyp-basyldy ýa türmä basylmazlyk üçin uly mukdarda para bermeli boldy.

S.Nyýazow aldygyna metjit gurduryp başlanda, mugallym bolup işleýän goňşym “bul-a on-onbäşýyldan radikal yslamçylary döretjeg-ow” diýipdi. Men şonda metjit gurup, yslamçy döredipboljagyna ynanmandym.

Mundanam başga, S.Nyýazow metjitleri milli howpsuzlyk komitetiniň agentlerinden doldurypdy,mollalary biri-birini satyp, şugulçylyk edip gün görer ýaly edipdi.

Emma türmä basylýan adamlaryň ýyl-ýyldan köpelmegi, olaryň köpüsiniň türmeden yslamçy,dindar bolup çykmagy, işsiz, garyp, nälaç ýagdaýda galyp dine, hudaýa hakykatdan hem ýüregibilen ynanýan, hudaýdan delalata, adalata garaşýan adamlaryň ýyl-ýyldan köpelmegi ýutda yslamyňhakykatdan hem syýasy güýje öwrülmek howpuny emele getirdi.

Soňky üç ýylda, welaýatlaryň ählisine diýen ýaly aýlanyp, obalardaky garyplygyň, hak-hukuksyzbiçäreligiň ozal dünýewi pikirlenen sowatly adamlary hem, ýaşlary hem yslama, hudaýhonlugabarha kän iterýändigine şaýat bolamsoň, men bu ýagdaý barada ençeme sagatlyk leksiýa hem beripbilerdim. Emma bu leksiýa türkmen hökümeti rugsat bermez we ol hiç wagt hakykaty diňlemägetaýýar bolup biler öýtmeýärin.

Kanun diňe kagyz ýüzünde, öňki prezident “meni öwmäň” diýip, ýaranjaňlaryň öňünde aglarotyrardy, soňky prezident her hili eşik geýip, bezenip surata düşmek we “arhitektorlyk”, gymmatkontraktlar bilen gümra.

Umyt hem boldy

Bellemeli ýeri, aralykda, gysga wagt bir umyt hem yşrady. S.Nyýazow ölüp, G.Berdimuhamedow

Page 94: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

prezident bolanda, adamlar “bu ýetim däl, ene-ata terbiýesini gören, özüni öwdürip, doýmaz-dolmaz bolmaz, iliň aladasyny eder” diýdiler.

Ilki şeýle-de boldy: ol pensiýalary dikeltdi, bilimde, harby pudakda özgerişlik etdi, neşä garşygöreşi çynyrgatdy.

Emma soň, S.Nyýzowyň öz obasy Gypjaga pul döküşi ýaly, bu-da öz dogduk obasy Babaraba puldökdi, daşary ýurt kompaniýalary bilen edilýän sowrujylyga, uly ogurlyga boýy bilen çümdi,sowgat berlen maşynlary, gämi almaga, orden-medala, ada-şöhrata kowalaşmaga, millionlap halkpuluny sowrup, doglan gününi bellemäge başlady.

Adamlar “bul-a oňarmady, “öwlen oglan öňe nemeder” diýleni boldy” diýdiler.

Bu zatlaryň hemmesi asyrlyk däp-dessurlar, milli mukaddeslikler, dogruçyllyk esasynda ýaşamagygowy görýän, çagalaryna dogruçyl, halal bolmagy ündeýän gowy maşgalalarda hökümet başyndakyadamlara ynanmazlyk, olar barada gürrüň edilende ýaňsyly ýylgyrmak ýaly gylyklary,kinaýaçyllygy, iň ýamany bolsa, içde bir ýerlerde baslygyp ýatan gahar, ýigrenç döredýär.

Haýp, Arkadag bu emele gelen howply ýagdaýy sadaka, ýalançy ýaşulular bilen ýeňlederin öýdýär.Şol bir wagtda-da ol kanun goraýjylaryň eden-etdilikleri, hökümet korrupsiýasy barada dilýarmaýar. Bu prezidentiň başynyň saglygynyň, ýagny sagdyn pikir edip bilmegiň alamatymyka?

Aşgabat diktaturasynyň antihalk oýunlary (24.12.2013)Türkmenistanda döredilen awtoritar režim ýetip gelýän 2014-nji ýylyň öňüsyrasynda hem halkyňgarşysyna oýnaýan rehimsiz oýnuny dowam etdirdi. Ýöne Aşgabatda we ýurduň beýleki ýerlerindebaýramçylyga gabatlanyp bezelen arça agaçlarynyň köpelmegi, paýtagtda geçirilen Aýazbabaseminary, Garpamyk, Aýazbaba kömekçi bolmak ugrunda ýaş gyzlaryň we çagalaryň arasyndageçirilen konkurs, baýramçylyk gurmaçylgynyň öňki ýyllara garanda hem güýçlendirilmegi ýurtdaAt ýylynyň alnynda bir galagoplugyň bardygyny ýaňzydýana meňzeýär.

TDH-nyň berýän maglumatyna görä, Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedowyň duşenbegüni geçiren wideoşekilli maslahatynyň baş temasy Täze ýyl dabaralarynyň gurnalyşy barada boldy.

Maslahata gatnaşan resmiler bu baýramçylyga görülýän taýýarlyk barada hasabat berdiler. Olaryňaýtmaklaryna görä, Täze ýyl baýramçylygynyň bellenilýän günlerinde elektrik energiýasynyň,mobil telefon we internet aragatnaşygynyň bökdençsiz üpjünçiligi ýola goýlar (henize çenlibolmadyk zat), bazarlarda halkyň sarp edýän senagat harytlarynyň we azyk önümleriniň bolçulygydörediler, jemgyýetçilik tertip-düzgüniniň goragy berkidiler (bolan we bolup biljek zat). Mundanbaşga, ýerli uçar gatnawlaryna ýene 20 reýsiň goşuljagy habar berdildi.

Ýurduň paýtagtynda we regionlarda ýerli sungat we medeniýet ussatlarynyň gatnaşmagyndabaýramçylyk konsertleriniň hem gurnalmagyna garaşylýar (diktatura şertlerinde adaty zat).

Döwlet baştutany Täze ýyl baýramçylygynyň dabaralarynyň ýokary çeperçilik, originallyk bilentapawytlanmalydygyny, milli özboluşlylyk we ýokary döredijilik galkynyşy ruhundageçirilmelidigini aýtdy. Emma ol ýönekeý halkyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak, esasan hemoba ýerlerinde ýaşaýan garyplaryň, daşary ýurtlara giden migrant işçileriň yzynda galan horçagalaryna kömek etmek, ýurtda umumy abadançylygy, hakyky halk bagtyny döretmek hakynda hiçzat aýtmady.

Şeýle-de prezident baýramçylyk mynasybetli taýýarlanýan tele-radio gepleşikleriniň, gazet-žurnallarda çap edilýän makalalaryň mazmunyna, studiýalaryň we döwürleýin metbugatyň bezegineaýratyn üns bermelidigini aýtdy.

Şu soňky jümleden, “mazmuna“ aýratyn üns bermelidigi barada berilýän ýörite tabşyrykdan hembelli bolşuna görä, metbugat diňe prezidentiň isleýän öwgüli zatlaryny bermeli, ‘gazanylan beýiküstünlikleri’ şöhratlandyrmaly, waspçylyk bilen meşgullanmaly. Bu metbugatda çynlakaý meselegozgaýan, kemçilikleri, şol sanda ýurtda giň ýaýran häkimiýet korrupsiýasyny açýan, ýönekeý

Page 95: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

adamlaryň gündelik durmuşynda gabat geläýn üznüksiz kynçylyklaryny görkezýän faktlaryňagzalmaly däldigini, metbugatda döwlet senzurasynyň saklanyp galýandygyny aňladýar. Ýogsabaýramçylyk mynasybetli çap edilýän makalalaryň mazmuny, studiýalaryň bezegi bilen prezidentiňnäme işi bar ýa ol başga işini tüketdimi?

Aslynda bu oýun, dabara-şowhun bilen ýurtdaky problemalaryň üstüni örtmek hilesi ozalkyprezident S.Nyýazow tarapyndan başlanypdy we onuň esasy şygary ‘ruhubelentlik’ bolupdy.G.Berdimuhamedow bu şygary ‘bagtyýarlyk’ bilen çalşyrdy. Bularyň ikisinde hem gaýgyly zatlar,hatda ýurduň tanymal şahslarynyň ölümi, ganly ýol hadysalary, agyr jenaýatlar, tebigybetbagtçylyklar, daşary ýurtlarda bolýan halk gozgalaňlary, döwlet agdarlyşygy we beýlekilerbarada hem habar bermek bolmaýar.

Ozal ýasama ruhubelentlik moda edilen bolsa, indiki ideologiýa ýasama bagtyýarlyga esaslanýar.Hut şu ýasama bagtyýarlygy ‘satmak’ üçinem uly-uly arça agaçlary bezelýär, çagalardan akmatadan tikilen eşikleri satyn almak we maşgala býujetiniň hasabyna hökümet propogandasynagatnaşmak talap edilýär. Bu propaganda sungat, medeniýet işgärleri, ene-atalar hem zorluk ýa-damejbury-meýletinlik esasynda çekilýär.

Dogrusy, bular Türkmenistanda döredilen we barha berkidilýän diktaturanyň iň bärkije oýunlary.G.Berdimuhamedow häkimiýete geleli bäri ýurtda ozal S.Nyýazow tarapyndan döredilen ýowuz,repressiw režimiň ýüzünu ýuwmak, ýagny ony has adamkärçilikli, ynsanperwer edip görkezmeksynanyşygy edilýär. Bu türkmen ideologlaryna Türkmenistanyň dünýä kartasynda daşardanbaşgalara görünşini üýtgetmek, ýerli halky ýene-de aldamak üçin gerek. Sebäbi Türkmenistandünýäde iň bir repressiw, adam azatlyklaryny we hukuklaryny hemme taraplaýyn basgylaýan, şolbir wagtda iň korrumpirlenen ýurtlaryň biri diýlip tanalýar.

Türkmen häkimiýetleri indi Berdimuhamedow häkimiýete geleli bäri ozalky diktaturanyňýalňyşlyklaryny düzetmek (aýdaly, ýatyrylan ýa kesilen pensiýlary dikeltmek, Ylymlarakademiýasyny, operany, sirki gaýtadan açmak, mekdep reformasy we ş.m.-ler), kanunlarykämilleşdirmek, syýasy reforma geçirmek, ykdysadyýetde bazar gatnaşyklaryna geçmek tagallalarybilen meşgullanýan ýaly görünýär.

Emma kabul edilýän ‘kämilleşdirilen’ kanunlaryň işlemegi üçin hiç bir şert ýok, sudlar garaşsyz däl,metbugat döwlet eýeçiliginde we prezident onuň mazmunyna berk gözegçilik edýär, garaşsyzjemgyýetçilik guramalary, hatda garaşsyz adam hukuklary topary hem ýok. Häkimiýetler, adamhukuklary boýunça halkara konwensiýalarynyň bir toparyna gol çekendiklerine ýa olarytassyklandyklaryna garamazdan, türkmen türmelerinde ýitirim edilen syýasy tussaglar barada hiçbir maglumat bermeýär, halkara jemgyýetçiliginiň hukuk ekspertlerini ýurda goýbermeýär.

Ýurtda döredildi diýilýän ikinji syýasy partiýa bolsa, diktatura oýnunyň dowamy, ýagny prezidentiňbiznesini ýöredýär diýip bilinýän A.Dadaýewiň gatnaşmagynda hakyky syýasy partiýalaryňdöremegini gijikdirmek üçin göçülen nobatdaky göçüm boldy.

Ýurtda geçirilen ilkinji köppartiýaly saýlaw, parlamente geçirilen ses berişlik hem diktaturanyňhalkyň azat-erkin ösüş ýoluna, demokrartiýa tarap has gerimli gadam urmagyna garşy edilenhereket boldy. Bu saýlawlar netijesinde parlamentde halkyň bähbitlerini gorap açyk çykyş edipbilýän deputatlaryň saýlanandygyna hiç kim ynanmaýar diýip, kesgitli aýdyp bolar.

Şol bir wagtda ilatyň aglaba köpçüliginiň, esasan oba adamlarynyň çendenaşa garyplygy, işsizlik,türmeleriň adamdan hyryn-dykyn edilmegi we parahorluga ýugrulan amnistiýalar netijesiuinde herbaýramçylykda ýeňledilmegi, daşary ýurtlara iş, okuw gözläp gitmek tendensiýalary, şeýle-detürkmeniň içinden ýetişen akylly adamlaryň, beýnileriň gitmegi ýa ýurtdan baş alyp gaçmagydowam edýär. Häkimiýetleriň diňe korrupsiýa, dymmaga we lepbeýçilige ukyply adamlary ýokarykçekip, zehinli, dogruçyl we professional adamlary ýekirmegi bu prosesiň esasy binýady bolupdurýar.

Ýurtda işe girmek, işiňi saklamak, ýokaryk çekilmek, türmä basylmazlyk, türmeden çykmak, iş

Page 96: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

açmak, biznes etmek, okuwa girmek we okamak üçin para bermek owalda-ahyrda görülmedikmöçberlerde giň ýaýran we para indi türkmen jemgyýetiniň gündelik, sagatlyk normasyna öwrüldidiýip hem çekinmän aýdyp bolar.

Emma hökümet bu prosese göz ýumýar we diňe bölekleýin ýagdaýda, prezident derejesinde edilýänýüzleý tankyt bilen, diňe käbir korrupsiýa faktlaryny, prezidente gerek bolanda tassyklamakdanaňryk geçmeýär. Mysal üçin, prezident şu ýyl prokuratura edalarynda giň ýaýran korrupsiýa garşykäbir çäreleri gördi, emma bu işi aňyrsyna çenli, çuňdan açmaga het edip bilmedi. Bu ýagdaý onuňS.Nyýazowyň populist emellerini, aýdaly, ozalky baş prokuror G.Atajanowany paş edip, bortdanzyňylýan emeldarlary ‘il söýgüsini’ gazanmakda ulanyşyny hem gaýtalap bilmeýändigini, ýa-dajuda gowşak gaýtalaýandygyny görkezdi.

Ýöne bu prezident Berdimuhamedowyň Nyýazowdan ‘öwrenen’ zatlarynyň azdygyny aslaaňlatmaýar. Mysal üçin, ol Nyýazowdan daşary ýurtly gurluşyk kompaniýlary bilen kontraktbaglaşmagy, nebitden-gazdan gelýän pullary diňe öz ygtyýarynda saklap, bu meselede hiç kime,hatda parlamente hem hasabat bermezligi öwrendi.

Taryha gidýän 2013-nji ýyl Berdimuhamedow üçin biznes meselesinde ‘şanly ýyllaryň’ biri boldydiýip aýdyp bolar. Türkiýäniň ykdysadyýet ministri Zafer Çaglaýanyň türk metbugatynda peýdabolan sözlerinden belli bolşuna görä, Türkmenistan, has dogrusy G.Berdimuhamedow bu ýylda türkfirmalary bilen 10 milliard 200 million dollara durýan iş şertnamlaryna gol çekipdir. Eger bularyňüstüne fransuz, rus, ukraina, hytaý, ýapon firmlary we beýleki daşary ýurt kompaniýalary bilenbaglaşylan kontraktlary hem goşsaň, bu görkezjiler has uly bolar. Resmi Aşgabat, belki-de gizlärewe gorkara zat bardygy üçin, bu sanlary çap etmeýär.

Emma Türkmenistanda sanlar çap edilmese-de, internetde, Azatlyk Radiosynyň beren maglumatynagörä, Birleşen Ştatlaryň paýtagty Waşingtonda ýerleşýän Jorj Waşington uniwersitetinde hemTürkmenistanda gurlyşyk pudagynda, prezident maşgalasynyň gatnaşmagynda emele gelençylşyrymly ýagdaýlar barada ozal kän açyk agzalmaýan gürrüňler edildi.

Mundan başga, 2013-nji ýylda Türkmenistan ýa-da onuň prezidenti üçin ýene bir oňaýsyz ýagdaýboldy, Türkiýeden Türkmenistana uçar bilen getirilmekçi bolnan altyn ýüki saklandy. Bu altynlarTürkmenistanda esasy iş kontraktlaryny alýan “Polimeks“ firmasyna, prezidentBerdimuhamedowyň ýakyn dosty Erol Tabança degişli bolup, resmi düşündirişe görä, türkfirmasynyň eýran firmalaryna tölegi üçin Aşgabada getirtilýän eken.

Eger soňky çykan habarlary, ýagny Türkiýäniň Eýrana energiýa satyn alandygy üçin berýänpullarynyň altyna öwrülişi bilen bagly tyran skandaly nazara alsaň, Ankara bilen Aşgabadyňkorrupsiýa meselesinde ozal kän bildirmedik kellagyrysy gelýän At ýylynda asla az bolmajak ýaly.

Türkiýäniň baş bakany Rejep Taýyp Ärdogan Türkiýede sud-prokuratura organlarynyň korrupsiýagarşy başlan töwerekleýin derňew operasiýalaryny öz hökümetiniň aýagynyň aşagynyňköwülmeginiň bir alamaty diýip kabul etdi. Bu bir tarapdan dogry, ýöne ikinji tarapdan, şeýlekorrupsiýa ýol bermek, belki-de onuň bir bölegi bolmak bilen, türk hökümeti ozaly öz aýagynyňaşagyny özi köwdi diýilse, has ýerlikli bolardy.

Rejep Taýyp Ärdogan bu ‘aýak köwmede’ Birleşen Ştatlarda ýaşaýan türk ruhanysy FethullaGüleniň tarapdarlaryny günäleýär, ýagny olaryň ‘döwlet içinde döwlet’ döredip, 2014-nji ýyldaboljak parlament we prezident saýlawlaryndan öň hökümetiň halk içindäki abraýyny gaçyrjakbolýandygyny aýdýar. Sebäbi korrupsiýa derňewi onuň ministrleriniň, şol bir wagtda özüniň toplanbikanun baýlyklarynyň üstüni açyp-da biler diýen çaklamlar bar. Bu Türkiýede gelýän 2014-njiýylda syýasy göreşiň ýitileşjekdigini, belki-de hökümetiň çalyşjakdygyny aňladýar.

Türkmenistanda gelýän ýyl syýasy göreşiň ýitileşjekdigini ýa boljakdygyny aňladýan zat görnenok,ýöne G.Berdimuhamedowyň öz ‘biznes aktiwlikleri’ barada onda-munda çykýan habarlardan aladagalýandygyny görkezýän alamatlar welin bar. Mysal üçin, ol golýada ýurduň maliýe-banksistemasyny tankyt etdi, bank ýolbaşçylaryny özlerine baýrak bermekde günäledi. Bu onuň

Page 97: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

Nyýazowdan öwrenen ýene bir emelini, başgalary, ministrleri we häkimleri garalap, bir özüniň‘akja jüýje’ bolmak oýnuny oýnamaga taýýarlyk görýändigini aňladýar. Eger şol oýun hasynandyryjy oýnaljak bolsa, geljek ýyl onlarça türkmen resmisi, täze dörän GurbanbibiAtajanowalar, Rejep Saparowlar, Ýolly Gurbanmyradowlar paş edilip, türmä basylmaly bolar.S.Nyýazow döwründe halkyň ‘ýürek tesellisi’, esasan, telewideniýede görkezilýän işden kowuşlykwe il ortalaýyn kemsitme aktlary bolupdy. Gündeilik durmuşynda yzygider kemsidilýän halk ulywezipeli adamlaryň kemsidilmeginden, belli daşary ýurt serialyndaky ýaly, ‘baýlaryň hemaglamagyndan’ biraz teselli tapýardy.

Türkmenistanda ýönekeý halk hemişe syýasatdan çetde durýar. Adamlar, esasan hem ýaşuly nesil‘biziň sowet döwründe, esasan 1930-njy we 1940-njy ýyllarda gözümiziň ody alyndy’ diýýärler.Şeýle-de adamlar S.Nyýazowyň oppozisiýa, dissidentlere, intelligensiýa garşy ulanan repressiýaçäreleriniň halky has gorkuzandygyny we syýasatdan daşlaşdyrandygyny aýdýarlar. Munuňüstesine, ‘türkmenbaşy’ döwründe ýetişen tutuş bir nesil syýasy taýdan ‘kör’ edildi ýa-da neşeduzagyna düşürildi, ululy-kiçili ýolbaşçy işgärler bolsa, korrupsiýa duşagy bilen duşaklandy diýenpikirler kän aýdylýar.

Emma bular Türkmenistanda syýasy düşünjäniň ýa pikirlenişiň düýpden ýokdugyny aňlatmaýar.Halk içinde, goý ol oba ýeri bolsun ýa şäher, tapawudy ýok, häkimiýet korrupsiýasy, halka garşyedilýän emeller, bazar ykdysadyýetine geçişi haýallatmak, merkezleşdirilen, bir adamyňhökmürowanlygyna daýanýan diktaturany saklamak ugrunda görülýän çärelere dogry düşünýän,ýagny olaryň progrese garşydygyny, halka garşydygyny bilýän adamlar barha köpelýär. Bu aň-düşünje ýaýrawy indi, internetiň açylmagy, daşary ýurtlara okuwa, işe giden adamlaryň köpelmegibilen, ýaşlaryň arasynda hem köpelýär.

Has anygy, diktaturanyň, Aşgabat režiminiň onlarça ýyllap halka eden sütemi halkyň gözüniň hasgiň açylmagyna, sütemkär režimiň edýän at göçümlerine analiz beriş, pikirleniş we netije çykaryşukybynyň ösmegine itergi berýär. Ýagny Aşgabatda, Nyýazow döwründen tapawutlylykda, baýlarbilen garyplaryň aratapawudynyň has giňemegine, häkimiýet korrupsiýasyna has giň ýol açanBerdimuhamedow režiminiň ýüzüniň açylmagy, halk bilen birlikde özüne garşy hem işlemegidowam doly güýjünde edýär.

Has türkmençe aýtmaly bolsa, häkimiýetler antihalk oýunlaryny dowam etdirýärler, halk içindäkidoga akylly adamlar, pikirlenmek ukyby bar ýaşlar muny bilýär. Diktatura bolsa, köşkden syzýanmaglumatlara görä, munuň bilinýändigini bilýär we gelýän ýyla aladaly, ünjüli taýýarlanýar.

Berdimuhamedowyň “Bermud üçburçlugy” (05.07.2014)Türkmen aga ozallar “Garynja gara günde, gurbaga saz bilen söhbetde” diýerdi, indi “Garamaýakgara günde, Gurbanguly saz bilen söhbetde” diýýär.

Ýöne bu saz-söhbetiň Daşoguzda, prezident Berdimuhamedowyň doglan gününi dabaralandyrmaga,onuň “dünýäde ykrar edilen liderligini” mahabatlandyrmaga bagyşlanan hepdeliginiň yz ýanyndanmilli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýewe käýinç berilmegi hatda ýurduň milli howpsuzlykişgärleriniň arasynda hem bir topar sorag döretdi. Eger-de munuň Berdieýewe şu ýylda berlen ikinjikäýinçdigini nazara alsaň, bu soraglar hasam galňaýar.

Milli howpsuzlyk howpy

TDH-nyň ýazmagyna görä, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, general-leýtenant Ý.Berdiýewöz öňünde goýlan wezipeleri talabalaýyk ýerine ýetirmändir hem-de Milli howpsuzlyk ministrliginegaraşly gurluşlaryň işine gözegçiligi gowşadypdyr.

Şol bir wagtda, ýapyk ýurtda adat bolşy ýaly, ministr Berdiýewiň hakykatda prezidenti haýsymeselede “nägile edendigi” belli däl. Belki-de bu nägilelik, medeni oppozisiýanyň tasdan ýokedilendigine garamazdan, il içinde prezident we onuň töweregindäkiler hakynda edilýän “gybatlar”,netijede ýapyk we has howply görnüşdäki yslam ekstremizminiň güýçlenip barmagy bilen baglydyr

Page 98: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

(Hakykatda MHM-ä halky döwletden bizar etmekde, häkimiýet bilen halkyň arasynda sowukýigrenç diwaryny döretmekde eden işleri üçin käýinç bermeli!).

Ýöne Berdiýewe käýinç berlen howpsuzlyk mejlisinde ýurduň ýaragly güýçlerini iň kämil harbytehnika bilen üpjün etmek, goşunda harby-watançylyk terbiýäni, taktiki taýýarlygy hem-deesgerleriň söweşjeňlik başarnygyny ýokarlandyrmak, serhet goragy, harby reformalar barada edilenbatly gürrüňlerden çen tutulsa, Türkmenistanyň Ýragly güýçleriniň belent serkerdebaşysyGurbanguly Berdimuhamedow ýurduň goranmak ukyby, hususan-da Owganystan bilen aradakyserhetde emele gelen çylşyrymly ýagdaý, türkmen esgerleriniň söweş taýýarlygynyň gowşaklygybarada hem çynlakaý alada edip başlan ýaly görünýär.

Eger biraz yza çekilsek, S.Nyýazowyň Türkmenistanyň “hemişelik bitaraplyk statusyna” duwlanyp,ýaňy döreýän türkmen goşunyny sallançakda bogandygyny aýtmaly bolarys. Türkmen esgerleriniňözlerini eklemeli edilen we köçede, kişi gapysynda dilegçilik eden günleri entek ýatdan çykanok.Berdimuhamedow goşunyň ýagdaýyny biraz gowulaşdyrdy, muny hakykatyň hatyrasyna aýtmakgerek. Emma suraty doly göz öňüne getirmek üçin başga-da aýdylmaly zatlar bar. Türkmenistansebitde ilatynyň jan başyna düşýän tebigy baýlygy boýunça iň gowy ýagdaýdaky ýurt bolsa-da,bazar ykdysadyýetine geçmek prosesi hökümet korrupsiýasy arkaly jylawlanansoň, halk köpçüligijuda erksiz, häkimiýet wekillerine aşa garaşly we köplenç halatda hiç bir protest bildirip bilmejekgul ýagdaýynda saklanýar.

Taryhy dokumentler türkmenleriň batyr, edenli, söweşiji halk bolandygny görkezýär. Emma mongolýörişlerinden soň Eýran bilen Hywanyň arasynda uzaga çeken surnukdyryjy goranyş, gaça uruşýagdaýy, soňra rus basybalyjylygy, sowet döwrüniň “arassalaýyşlary”, “Beýik watançylyk urşy”diýilýän Ikinji jahan urşy we S.Nyýazowyň “altyn asyry” türkmenleri nalajedeýin, “meni uranyhudaý ursun” diýip oturan bir millete öwrene meňzeýär.

G.Berdimuhamedow prezident bolandan soň, korrupsiýanyň has giňden ýaýramagy bilen, türkmendöwletiniň gelejegine umutsyzlykdan daşary ýurtlara gidenleriň has köpelendigi hem çak edilýär.Emma türkmen hökümeti professionallaryň ýa-da öz pikirli, aň-akyl taýdan has ýokary derejeliraýatlaryň yza çekilmeginden, okuw, iş “sebäpli” başga ýurtlara gitmeginden hiç wagt çynlakaý biralada galmady. Häkimiýet başyndakylar munuň – taýýarlykly adamlaryň azalmagynyň - ýurdy uzakmöhletli bir ýagdaýda gowşadýandygy, olaryň ýerini has gowşak kadrlaryň doldurýandygy wenetijede ýurduň gowşaýandygy hakynda pikir edip bilmeýärdiler. Tersine, biz bilen pikir alşan millihowpsuzlyk işgärleriniň özara gürrüňçilikde aýtmaklaryna görä, bu ýagdaý ýokarky ýolbaşçylartarapyndan KGB-MHM kontrollugynyň gowy netijesi, belki-de prezident diwanynyň uly ýeňşihökmünde kabul edildi. Türkmen döwletiniň dogruçyllary, professionallary gysyp, ýaranjaňlary,ýalançylary öňe çykarmagy we sylaglamagy dowam etdirmegi, Milli howpsuzlyk ministrligindäkiynamdar çeşmäniň pikirine görä, diňe şu logika bilen düşündirilip bilner.

Emma indi ýurda hakyky goragçylar, watançy söweşijiler gerek! Şu wagta çenli, prezidentderejesinde we onuň ideologlary tarapyndan, Gözel Şagulyýewanyň goşgulary, prezidentiň atasyBerdimuhammet Annaýewiň ömür ýoly, sowet döwründe türme gullukçysy bolan MälikgulyBerdimuhammedow baradaky bir taraply ýatlamalar ýaşlara watançylyk terbiýesini berer diýlipynanylýardy. Emma indi (belki-de Yrakda Nuri al-Malikiniň häkimiýetiniň üstüne abanan jeňçilerhowpundan soň) iň kämil harby tehnika barada gürrüň edilýär. Eýsem, kämil harby tehnika, Watanüçin baş goýjak ogullar ýeterlik bolmasa, Berdimuhamedowyň köşgüni gorap bilermi?

Türkmenistanyň metbugatynda daşary ýurtlardaky, sebitdäki gowgaly wakalar, uruşlar baradamaglumat berilmeýär. Emma bu prezident Berdimuhamedowyň Ýakyn Gündogarda barýanuruşlardan, Ukrainadaky ýagdaýlardan bihabardygyny aňlatmaýar. Bulardan öň “arap ýazy” hembolupdy, emma Berdimuhamedow Ben Aly, Kaddafi, Mubarek ýaly uzak ýyllyk diktatorlary tagtdanagdaran harasat bir gün Türkmenistana geler diýip alada galmandy ýa-da bu aladasyny bildirmändi.Emma indi ol alada edýär. Ýöne dogry edýär. Sebäbi Siriýada we Yrakda bir topar ýeri basyp alan“Yslam döwleti” ýa “Halyfat”, kellesi işleýän islendik lideri oýlandyrmaly…

Page 99: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

Mundan başga, Owganystandaky halkara goşunlarynyň ol ýerden çykmaga taýýarlanmagy,Özbegistanda diktator Y.Kerimowyň ýerine yslamçylaryň gelmek howpy bilen bilelikde,Türkmenistan öz içinde dörän ýapyk yslam hereketi barada hem alada etmeli ýaly bolup görünýär.Sebäbi, ýurtda dörän sosial deňsizlik, adalatsyzlygyň giň ýaýramagy, jenaýtyň köpelmegi we soňygelmeýän basha-baslyk, türmelerde hudaýdan başga sygynmaga ýer goýulmazlygy, hökümetelitasynyň we hökümet biznesmenleriniň aşa baýamagy çäresiz adamlary barha we barha köpyslama, ekstremizme itekledi.

Milli howpsuzlyk ofiserleriniň özara gürrüňçilikde aýtmagyna görä, Siriýada hökümete garşysöweşýän türkmenistanly söweşijileriň garyndaşlary “özlerinden hak we adalat ýolunda şehitbolmaga taýýar ogullaryň çykandygyna” buýsanýarlar. Şol bir wagtda, türkmen goşunynda türkmendöwleti üçin baş goýup söweşjek ýaşlar ýeterlikmi diýen çynlakaý bir sorag gelip çykýar. Eger-deYrakdaky ýagdaýlara sähel çalymdaş bir şert dörese, olar yrak goşunlarynyň Mosulda edişi ýaly,özlerinden kän az jeňçiden ýaraglaryny tapşlap gaçmazlarmy?

Mälim bolşy ýaly, häzir türkmen goşunynda esasan garyplaryň çagalary gulluk edýär. Sowetdöwründe hem Owganystanda esasan garyp halkyň çagalary gulluk edipdi. PrezidentBerdimuhamedowyň watançylyk-terbiýesi barada alada etmegi dogry, sebäbi goşundaky garypoglanlar öz arkalarynda bir döwletiň durandygyna, o döwletiň özleri, ene-atalary, naçar uýalary üçinmertebeli bir durmuş mümkinçiligini döredip biljegine o diýen ynanmaýarlar. Şonuň bilen birlikde,olaryň köpüsi indi, Nyýazow döwründäki ýaly aç-hor we ýyrtyk eşikli bolmasalar-da, ýurt gorajakdiýip, Aşgabatda ýyndam maşynlarda keýp çekýän elita wekilleri üçin yslamçy jeňçileriň öňündedurmagy borç hasaplamaýar.

Bu, has gönüläp aýdylanda, professional goşun döretmegiň öňüni alan, adamlary tabyn we gorkak,garyp we çäresiz eden režimiň özüniň hem çäresiz, gorkuly bir ýagdaýa gelip düşendigini, onuň indidaşardan we içerden geljek howplardan goranmaga taýýarlanmagyň aladasyny edip, dowla düşüpbaşlandygyny aňladýar. Emma bu ýerde esasy mesele Türkmenistanyň Ýaragly güýçleriniň belentserkerdebaşysy, goşun generaly G.Berdimuhamedowyň häkimiýet geleli bäri goýberen düýpliýalňyşlaryna bolmanda indiden soň düşünmeginde ýa düşünjek bolmagynda. Eger ol şol ýalňyşlaradüşünip, hakykatdanam reforma başlasa, ýurda geljek zyýanlary bolmanda azaldyp bilerdi.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň prezidentlikde ilkinji eden düýpli ýalňyşy S.Nyýazowyň ýolunydowam etdirmek boldy. Ýadyňyzda bolsa, ol Nyýazowyň beýik serdar bolandygyny tassyklap, onuňýoluny gyşarnyksyz dowam etdirmegi wada berdi. Ol bu wadany näme diýýänine doly düşünipberendir diýip bolmaz. Sebäbi ol “Nyýazowyň ýoly” diýilýäniň döwleti, halky nähili ýagdaýasalanyna düşünip barýan syýasatçy däldi. Ýogsa, Nyýazowyň elini ogşap, öz mertebesini ýere salanwezipeli türkmenleriň çeken wyždan azaby Berdimuhamedowa hem tanyş bolmaly ýaly, Uzynsözüň gysgasy, ol syýasata tötänden, diş doktorlukdan, häzir türmede oturan “dosty”, ozalky wise-premýer Ýolly Gurbanmyradowyň kömegi bilen geldi.

S.Nyýazow Ýolly Gurbanmyradowy, beýleki ýakyn egindeşlerini garalanda edişi ýaly, ulymöçberde galplyk, ogurlyk etmekde aýyplady. Ýöne bu hili galplyklar S.Nyýazowyň işe belleýänçinownikleriniň arasynda adaty, belki-de uly il tarapyndan bilinýän bir zatdy. Türkmenbaşydöwründe galp, ogry bolman, ýokary wezipä çykmak we ol ýerde uzak saklanmak iş ýüzünde aslamümkin däldi.

Sowet döwründe “ösen” maşgalalar çagalaryny köplenç esasan iki ugurdan – ýuristlikden we dişdoktorlugyndan diplomly etjek bolardylar (ýokary bilimli däl, diplomly!). GurbangulyBerdimuhamedow maşgalasy tarapyndan okuwa salnanda (okuwa öz güýji bilen girýän gatyseýrekdi) ýuristligi saýlan bolsa, bu onuň prezidentlik rolunda oýnadylýan mahaly kanun näme,onuň kabul edilmegi we ýerine ýetirilmegi näme, şu hili käbir praktiki detallara düşünmegi üçinpeýdalyrak bolardy. Emma ol pully, wezipeli adamlaryň we olaryň maşgala agzalarynyň dişinibejerip, köp pul gazanmak, abat dişini gyzyla gapladýan görümsizlerden peýdalanmak ýolunysaýlap alyp, şol ýerden hem ilki ministrlige, wise-premýerlige, soň prezidentlige -diktatoryňkürsüsine getirildi.

Page 100: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

G.Berdimuhamedowyň prezidentligi, onuň özüniň hem aýdyşy ýaly, S.Nyýazowyň başlan ýolunyňdowamy boldy. Bu näme diýmek bolýar? Bu Türkmenbaşy döwründäki masgaraçylykly şahsyýetkultuny, ýalançylygy, pöwhe propagandany, aç-açan we ýykgynçylykly korrupsiýany, giň ýaýranparahorlugy dowam etdirmek, işsizlige, garyplyga, halkyň güzeran-ýaşaýyş problemalaryna gözýummak diýmek bolýar.

Ýok ediji korrupsiýa

Türkmenistanda häzir çagalar bagyndan, mekdeplerden başlap, prezident edarasyna çenli aralykdapara-peşgeş durmuş normasyna öwrüldi. Hatda köçe süpüriji, gap-gaç ýuwýan bolup işe girmeküçinem para bermeli. Şol bir wagtda hiç kimiň, juda samsyk bolmasa, uzak işlejegine ynamy ýok. Işsagadynyň normadan kändigi, şertleriň agyrdygy, aýlygyň azdygy barada dil ýarmak howply.Sebäbi ýeriňe has az aýlyga iki esse kän işlejek işsizler armiýasy garaşyp dur.

Prezident Berdimuhamedow ýa-da onuň hökümeti korrupsiýa garşy göreşmeýär. Ýokary okuwjaýynda para alýan adamlaryň käbiri paş edilenden soň, bu göreş ýatyp galdy (ÝOJ-larda bolsa, neokamak isleýän student, ne-de okatmak isleýän professor bar, olar diňe pul-para pikiri bilenýaşaýarlar). Şondan soň, il içindäki gürrüňlere görä, ýokary okuw jaýlaryndaky para prezidentiňaýal doganlarynyň biznesine öwrüldi.

G.Berdimuhamedowyň öz esasy biznesi gurluşyk kontraktlary bilen bagly. Oňa il içinde “Başarhitektor” hem diýýärler.

“Berdimuhamedowyň Bermud üçburçlugy onuň bahasy çişirilen kontraktlara aşyk bolmagyndanbaşlandy” diýip, Milli howpsuzlyk ministrligindäki çeşme aýdýar. “S.Nyýazow döwründe gurluşykkontraktlary esasynda edilýän ogurlyk beýle giň gerime eýe bolmandy, indi bu işden peýda görýänministrler we araçylar has köpeldi. Olaryň çagalary 100 müň dollarlyk sagatlaryny, gymmatbahaulaglaryny we eşiklerini güjeňläp, garyp millete azar ýamanyny berýärler. Türk biznesmeni ErolTabançanyň Türkiýeden Türkmenistana tonnalap altyn plitalaryny daşaýandygy belli bolandan soň,halk içinde “Berdimuhamedowyň Bermudynyň altyn burçy” diýen ýaňsylama peýda boldy. Ozalgaryp adamlarda birazajyk umyt bardy, indi diňe lapykeçlik, çuň göwnüçökgünlik bar” diýip,MHM-niň ofiseri aýtdy.

Türkmenbaşy döwründe-de, halk içinde aýdylyşy ýaly aýtsak, “ýolbaşçylaryň haramhorlugy”, giňýaýran wezipe ogurlyk-jümürlikleri ýönekeý adamlarda diňe bir duýgyny – ýigrenji köpeldipdi.Nyýazow öz işe bellän çinowniklerini garalap, halk gaharyny özünden başga ýolbaşçylaragönükdirýändirin öýdüp pikir edýärdi. Emma adamlar ol ýolbaşçylaryň Nyýazowa arka diremän,ondan bidn hiç bir iş edip bilmejegine düşünmez ýaly samsyk däldiler.

Nyýazowdan tapawutlylykda, Berdimuhamedow gurluşyk bahanasy bilen halk puluny milliardlapýele sowurmagy dowam etdirmegiň üstesine, adamlaryň jaýyny ýykmagy, olary islemeýän ýerlerinegöçürmegi we ipoteka karzlaryna sokup, bergi-borja batyrmagy hem kada öwürdi. Şol bir wagtda olNyýzow ýaly “özüni aklamagy”, “başgalary garalamagy” hem oňarmaýar. Has dogrusy, ondaözbaşyna, eline kagyz alman, Nyýazow ýaly sagatlap gürrüň etmek, halkyň ogly, halka nebsiagyrýan, onuň bähbitlerini goraýan adam bolan bolmak başarnygy-ha asla ýok welin, eline ýazylypberlen zady ýat tutup, ynandyryjy gürläp bilmek ukyby hem ýok. Bu ýagdaý ýurtda Nyýazowdöwründe üsti çalaragam bolsa örtülen hökümet galplyklarynyň üsti açyk galmagyna, açyk dowametdirilemgine getirýär.

Netijede, sada adamlar ýurtda giň ýaýran adalatsyzlyga, korrupsiýa we parahorluga, elitanyň iňýokarsyndaky bölegiň aşa baýap, halk köpçüliginiň barha garyp düşmegine diňeBerdimuhamedowy jogapkär hasaplaýar. Emma ol bu ýagdaý barada pikirlenmegiň ýerine dijeýlikedip, agtygy bilen at çapyp, ministrler bilen tigir sürüp, her hili eşikde surata düşüp, wagtyny şady-horramlykda geçirýär.

Porruk propaganda

G.Berdimuhamedow türkmen taryhynda ilkinji “arhitektor prezidentliginden” başga ilkinji “çäreçi

Page 101: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

prezident” hökmünde hem galsa gerek. Ýalan “ruhubelentlik”, toý-dabara, boş şowhun hem,korrupsiýada bolşy ýaly, Berdimuhamedowa Nyýazowdan miras galdy. Emma Nyýazow özünisowet döwründe giňden tanalan, il içinde belli bir derejede hormatlanýan adamlara öwdürýärdi.Şeýle-de ol öz adyndan esasan bir “mukaddes” kitap çykartmak bilen çäklendi we öz ata-enesinibaşgalara öwdürdi. Berdimuhamedow bolsa, çöp-çalamdan, atdan-halydan-nahardan başlap,atasyna çenli özi öwdi. Ikinji tarapdan, onuň baş waspçysy Nyýazowdan soň ýaşamajagyny aýdyp,ile bellentgi bolan Gözel Şagulyýewa boldy. Bularyň hiç biri ikinji prezidentiň il içindäki abraýynyýokary götermedi. Ýogsa ol Nyýazowyň şahsyýet kultunyň dyrmaşan ähli belentliklerine çyrmaşykbolup çyrmaşmaga çalyşdy…

Berdimuhamedowyň propaganda çyrmaşygynyň Nyýazowyňkydan gowşaklygy, ýokarda hembelleýşimiz ýaly, ozaly onuň özünden gaýdýar. Ýagny ol baş ýalançynyň roluny örän gowşakoýnaýar. Baş roldaky aktýor gowşak bolsa, ikinji, üçünji derejeli rollar hem gowşak oýnalýar.Mysal üçin, ideologiýanyň başynda goýlan B.Nurmyradowa aýallaryň içki eşikleri derejesine çenliaşak düşdi we ahyry ýerini M.Ýazmuhammedowa bermeli boldy. M.Ýazmuhammedowanyň beripýa taýýarlap biljek ideologiýa höregi bolsa, türkmen diktaturasynyň çorbasynyň çorbasynyňçorbasydy.

Munuň üstesine, propagandaçylaryňky hem juda kyn. Olar ynanyşýan adamlaryna duşanlarynda,adatça: “Nädeli, başga alaç ýok, bizem bir zat edip çaga eklemeli-dä” diýip, ötünç soraýan ýalygürrüň edýärler (dogrusy, men olaryň çaga eklejek bolşuna örän gynanýaryn). Olar garyp galan,talanan halka “gül ýaly ýaşaýandyklaryny” ynandyrmak wezipesini ýerine ýetirmegiň, prezidentiň“gazanylan üstünlikleri mynasyp beýan etmek” talabyna hötde gelmegiň mümkin däldigine,Nyýazow döwründe lenji çykarylan ýalan sözleriň indi ozalky netijelerini bermejegine, adamlaryňçorbanyň çorbasynyň çorbasyny içip ýadandygyna we metbugatdan doly diýen ýaly ýüzöwrendigine düşünýärler (bir žurnalist arada “indi biziňkem biraz ýeňledi, sebäbi adamlar ýazýanzadymyzy okanok, ozalkylar ýaly, “näme diýerkäler?” diýip, öz ýanyňdan utanyp ýörmeli däl”diýdi).

Diletantbaşy ýa-da sözsoňy ýerine

Türkmenbaşy döwründe bir anekdot, Nyýazowyň Germaniýada öz ministrleriniň içinden ýürekdonoryny seçişi baradaky degişme meşhurdy.

Onda S.Nyýazoiwyň Germaniýada medisina barlagyndan geçişi, doktorlaryň oňa “ýüregiň harap,ony çalyşmaly” diýişleri gürrüň berilýärdi. Türkmenbaşy ýürek lukmanlarynyň aýdan zadyny özýanyndaky çinowniklere, türk biznesmenlerine aýdýar.

Olar “Sapar Ataýewiç, meniň ýüregimi al-da, meniň ýüregimi al” diýip, bir-birine gezek bermängygyryşyp, beýik serdara ýalbarmaga başlaýarlar.

Türkmenbaşy bu ýagdaýy görüp, gözüne ýaş aýlaýar hem-de: “Indi ynandym, araňyzda aş dosty, işdosty ýok eken, hemmäňiz hakyky baş dosty ekeniňiz, halkyma eden bolsamam, size adalatsyzlyketmäýin. Maňa bir kepderi tutup getiriň” diýýär.

Çinownikler ylgap gidip, yzlaryna kepderili gelýärler. Türkmenbaşy kepderini eline alyp: “Çyranyöçüriň, kepderini uçurjak, garaňky jaýda kimiň başyna gonsa, şonuň hem ýüregini alaryn” diýýär.

Diýlişi ýaly edýärler. Türkmenbaşy kepderini uçurýar, emma garaňky jaýdan diňe “küş, janawer,küş janawer” diýen pyşyrdylar eşidilýär…

Türkmenbaşy döwründe bu anekdot dilden-dile geçip, daş obalara çenli baryp ýetdi.G.Berdimuhamedow prezident bolup, Türkmenbaşynyň baş ýaranjaňy Myrat Garryýewe özünioýnadyp, don-telpek geýip, at münüp, egnine ak kepderi gonduryp başlanda, il içinde başga biranekdot, gysgajyk sowal-jogap meşhur boldy.

Onda şeýle diýilýär: “Hiç zat bilmeýän, emma hiç zat bilmeýänini bilýän adama kim diýýärler?”“Professor.” “Hiç zat bilmeýän, hiç zat bilmeýänini bilmeýän, şol bir wagtda başgalaram hiç zatbilmeýändir öýdýän adama kim diýýärler?” “Prezident Berdimuhamedow.”

Page 102: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

Atamyrat Işan

Şöhratdan ýykylan Arkadag (04.07.2013)

29-njy iýunda, agşam sagat 9-a bäş minut galanda,“Watan” täzelikler programmasynyňG.Berdimuhamedowyň doglan gününe bagyşlanansany başlanmanka, çagalarymy: aýalymy, iki oglumy,olaryň gelinlerini, üç agtygymy ýanyma alyp,daşaryk gezime çykdym.

Bu meniň hökümete, awtoritar prezidente we onuň halys ýürege düşen propagandasyna garşy birzatlar etmek pikiri bilen äden ilkinji ädimimdi…

Bolsa-da, biz ýaly, başga-da üýşüp gezip ýörenler bar eken we bu meniň içimdäki galagoplugy birazaşak basan ýaly etdi. Ikinji begençli zat, olaryň içinde bile işleýän, ýa bolmasa syýasat-beýlekibarada pikir alşan adamlarym hem ýokdy.

Ogullarym gelinleri, çagalary bilen öňden barýardylar. Men aýalymyň gulagyna pyşyrdadym:“Göwnüme bolmasa, köçede gezip ýören öňkülerden kän, men ozalam “Watan” başlanmanka daşçykýardym…”

“Ir begenme, birden “Watan” berilýän wagty köçä çykmasyz edäýmesinler…”

Biz gülüşdik, emma men bu degişmäniň çyna öwrülip biljegine birjigem şübhelenmedim.

1990-njy ýyllaryň başynda biziň hiç birimiz şu günki ýagdaýa geleris, hemme kişi bigäne bolar,gapdalynda nähak ýanalýana, bikanun işden kowulýana, jaýy ýykylýana, para berip uly wezipägeçýäne, eden jenaýaty üçin jogap bermeýäne… biparh, özüne hiç bir dahylsyz zat ýaly serederdiýip pikir etmändik. Emma indi ýigrimi ýyldan gowrak wagt bäri hökümet, hökümete arkadireýänler nähili eden-etdilik, gözçykgynç, ahlaksyz hereket etseler, biz bilmedik, görmedik,düşünmedik bolýarys. Sebäbi bilýän zadymyzy bilmän, görýän zadymyzy görýän diýmäge,düşünýän zadymyza düşünýändigimizi aýtmaga gorkýarys. Dymsak, gözümizi ýumsak, bu zatlargeçer, özümizem çagalarymyz bilen sag-aman galarys öýdýäris.

Emma soňky ýigrimi ýylda bolan, has anygy hökümet, onuň başynda duran birinji adamlar, şoladamlary goldaýan emeldarlar tarapyndan edilen ýüzlerçe, müňlerçe bikanunçylyk tas hemmeadama, hemme maşgala ol ýa-da beýleki görnüşde, hökmany suratda bir şarpyk çaldy ýaýumrukmydyr taýak, paltamydyr teşe… salandyr, awundyrandyr, çürkändir diýsek, hiç bir jähtdenöte geçme ýa ulaltma bolmaz.

Bolan betbagtçylygy anygrak göz öňüne getirjek bolsaň, beýleki welaýatlardan, etraplardan, başgaobalardan bile okan oglanlaryň bilen habarlaşaýmaly.

Bile okan oglanlar bir-birine ynanýar, çynyny aýdýar, içini dökýär. Paýtagta işi düşüp, gezelenjegelseler, ýa telefon etseler, kursdaş oglanlarymyň aýdýan, gürrüň berýän zatlaryny diňlesem,obalarda bolan talaňçylyk, garypçylyk hakda eşitsem, gözüm garaňkyraýar. Eger sorasaň, olaryňhersi öz bildiginden, eşitdiginden giden zady gürrüň berer.

Adamlaryň başyna düşen zatlary diňleseň, görlen horluklary eşitseň, ölmän galanlaryň arasyndapsihikasyna ol ýa beýleki derejede zeper etmän galan adam barmyka diýip, öz-özüňe sorag bereniňiduýman galýarsyň.

Bir gezek, kursdaş oglanlaryň biriniň “Biz bir azajyk millet, garaşsyzlyk bilen gelen bikanunçylykbolsa gaty kän we çekip-çydardan has agyr boldy” diýeni ýadymda galypdyr.

“Emma biz ol bikanunçylyklary çekdik, çydadyk” diýip, içimdäki pikirimi daşyma çykardym.

Page 103: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

Aýalym egnime elini goýup, ýarym pyşyrdy bilen: “Çydamasaň näme bolýanyny bilýäň-ä” diýdi.

Bir sagat dagy gezim edip, öýe dolanyp geldik. Kakam içki jaýdan, telewizoryň öňünde ýazylandüşekçesiniň üstünde ýatan ýerinden gyrgyrdy: “Hezillikden galdyňyz-ow, daşary ýurtlardan gelenaýdymçylar prezidentiň doglan gününi gutladylar!”

“Biz-ä şony görmejek bolup gitdik” diýip, men kakamyň ýasama şatlygyna kejigip aýtdym.

“Oňarmansyňyz, görmelidiňiz. – Kakam meniň gaharymyň gelenini bilip, ýasama şadyýanlygynygaharly käýinç bilen çalşyrdy. – Öňki prezident baýdagy bahanalap, doglan gününi belleden bolsa,bu Medeniýet işgärlerine daklyşyp, ile masgara boldy.”

“Näme, ýene bir zatdan ýykyldymy?” diýip, men kakamyň ugrundan gopdum.

“Aý, bilmedim welin, bu gezek şöhratdan ýykyldy öýdýän şunyň!” Kakam başyny ýaýkady.

“Pa-haý, kaka senem, tapan bolýan zadyňy” diýip, men ajy ýylgyrdym.

“Gülme, ýaňy siz gelmeziňizden bäş minut öň Atadurdy mollum jaň etdi. ‘Ýuwan, görümsiz,oýnatgy’ diýip, Arkadagyňyza agzyna gelenni diýdi. ‘Dur-ow, telefon diňlenýändir’ diýsem,‘diňlenip geçsin, eşitdirjek bolup aýdýan-da şu zatlary, niräň bir çyplak jalataýlaryna millionlap puldökýär, halkam aç’ diýýä.”

“Beh, Atadurdy mollum gaty seresap adammyka diýýädik-le?” – Men geň galyp soradym.

“Menem şony diýýän-dä, seresap dagy bärden gaýdýar, işlän ýyllarynda kölegesinden gorkanadamdy. Şu gün ýolbars boldy ol, gaty gahary gelipdir.”

“Beýle gahar eder ýaly, Arkadag näme üýtgeşik hokga çykardy beýle?”

“Aý, bir topar çyplaga tans etdirip, doglan gün belleşini görseň, gahar etmez ýaly däl. Mekgä gidip,hajam bolan bolýar. Indi öz bagşylarynyň öňünde epim-epim bolany az bolarly, daşary ýurtdangetirýär gymmatdan-gymmadyny… Ýa öňki prezidentiň ruhy bilen ýaryşýarmyka bul oglan? Munda ‘il-gün nähili gün görýär, beýtsem garyp millet näme diýer?’ diýen pikir ýok. Utanç-haýadan soň doglanmy, nämemi? Ýa indi halys azdy şu…- Kakam şeý diýip, hasasyny alyp,ýerinden turdy. – Atadurdy mollum köçede garaşjak diýdi, gelendir indi, şu töwerekde bir aýakýazyp geljek men.”

Men aşhanada gözüni tegeläp duran aýalymyň ýüzüne seretdim. Onuň kakamyň edýän gürrüňindengorkany bellidi. Birbada näme diýjegimi, kakamy saklajak boljagymy ýa zat diýmejegimi hem bilipbilmedim. Ol bolsa eýýäm köwşüni geýip duran ýerinden Magtymgulynyň setirlerine hiňlenýärdi:“Bir pul düşse bir üflisiň goluna, Göwsün açyp gezer gyşyň ýeline…”

Men ahyry: “Kaka! – diýip, gapydan çykyp barýan kakamyň yzyndan seslendim. – Atadurdy aganybärik getireýin, ajyja çaýjagaz demläp bereýin, kakmaç ataryp, ýüz gram bereýin, öýdederdinişäýiň, daşarda bir belaň üstünden eltäýmesinler?!.”

Kakam yzyna bir alarylyp seretdi-de, hasasyz elini gaharly silkdi: “Belaň üstünden eltilmedigimizbolýamy onsoň şeýdip daş çykmaga gorkup otursak?”

Men diýere söz tapmadym. Kakam gapyny aňyrsyndan gatyja ýapdy-da, Magtymgulynyň setirlerinehiňlenip, hasasyny tyrkyldadyp, dostunyň ýanyna ugrady: “Bedasyla beglik ýetse bir günde, Alarawun, salar guşun aňlamaz. Ýarlygy ýörigen nurbatsyz begler, Pukaranyň gözde ýaşyn aňlamaz…”

Men onuň hasasynyň sesiniň daşlaşyp barşyny diňläp oturyşyma, “Beh, gorkudan çykjakbolýamykag-aý?” diýip, öz-özüme sorag berdim.

Türkmenistanmy ýa Gorkystan? (09.07.2013)Türkmenistanda ilki S.Nyýazowyň şahsyýet kulty döredildi, indi G.Berdimuhamedowyň şahsyýetkulty döredilýär.

Page 104: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

S.Nyýazowdan tapawutlylykda, G.Berdimuhamedow öz agtygy Kerimgulynyň hem kultunydöretmäge başlady. Bu onuň, goňşy Azerbaýjanda bolşy ýaly, häkimiýeti ogluna ýa agtygynageçirmek, belki-de Türkmenistany patyşalyga öwürmek niýetiniň bardygyny aňladýar.

Eger Türkmenistanda korrupsiýanyň giň ýaýrandygyny, ol korrupsiýanyň hem başynda birinjiýolbaşçynyň we onuň ýakyn töweregindäki adamlaryň durandygyny hasaba alsak, bu ýerdemantyk-da bar, logika-da: G.Berdimuhamedow prezidentlikden aýrylsa, il içinde aýdylyşyna görä,oňa bikanun sowran pullary üçin “sud öňünde kelle ýalaňaçlamak” garaşýar.

Bu kysmatdan gaçyp gutulmagyň ýeke-täk ýoly hüjüm etmek, ýagny häkimiýetde näçe başarsaňuzak oturmak we soň ony öz adamlaryňa geçirmek bolup durýar. Ýogsa özüň bilen bile ogul-gyzyňy, doganlaryňy, ýegenleriňi hem türmä gapgarmagyň, gowy bolanda ýurtdan gaçyp sypmagyňmümkin.

Eger indi “Arap ýazyny” we beýlekileri, altyndan doldurylan çemodanly diktatorlara gapysynyaçýan ýurtlaryň barha azalýandygyny, internetiň diktatorlaryň dünýäsini barha daraldýandygynyhasaba alsak, G.Berdimuhamedow Türkmenistanda başardygyça uzak “Arkadag” roluny oýnamalybolar.

Ýöne onuň “Arkadag” roly öz-özlüginde işlemez, bu roluň syýasy sahnada ýerine ýetirilişine bütintomaşaçylaryň ör turup el çarpmagy, halk gozgalaňlarynyň turmazlygy, hakyky oppozisiýanyňdöremezligi üçin ýurtda S.Nyýazowyň synagdan geçiren gorky syýasaty azyndan otuz ýyl dowametdirilmeli bolar.

Metbugatda aýdylmasa-da, S.Nyýzowyň bir işlän we “netije” beren syýasaty “gorky, dowul salmaksyýasaty” bolupdy, sebäbi ol bu syýasaty taryhy tejribeler esasynda, Rim imperatorlugyndan weStalinden alan täsirlerini türkmen durmuşynda, ýerli mümkinçilikler esasynda ulanmak bilenýöredipdi.

Hiç bir halk, şol sanda türkmenler hem gorky astynda ýaşamagy, bir adamy hudaýlaşdyryp, onuňöňünde baş egmegi gowy görmeýär. Emma türkmenler 1991-nji ýyldan soň bir adamyhudaýlaşdyrýan, gyzlaryna we çagalaryna diktatoryň öňünde tans etdirýän, ak sakgally ýaşulularynydiktatoryň öňünde gurjaga öwürýän millet hökmünde tanaldy.

Munuň esasy sebäbi, meniň geçiren hususy derňewlerime görä, birinjiden adamlaryň içinde çuňoturdylan gorky bilen bagly bolsa, ikinjisi – pursatparazlyk bilen bagly.

Men bu pikir-netijeleri “Awazada”, myhmanhana otagymyň diwaryndaky uly portretiň öňünde,Berdi Kerbabaýewiň “Aýgytly ädim” romanynyň sahypalarynyň gyralaryna ujy inçejik çykarylangalam bilen, diňe özüm düşüner ýaly edip, üzlem-saplam görnüşde belleşdirip bolup, arkamdakysurata gaňrylyp seretdim. Elbetde, ol portret Arkadagyňkydy.

Aşgabatdan “Awaza” bile gelen goňşym, otagdaşym meniň kitabyň sahypalaryna näme ýazanymysorady. Men “ýazyjy bilen sögüşýän, ol Eziz han hakynda hakykaty ýazyp bilmändir” diýip, ýalansözledim.

Ýoldaşym ýylgyryp: “O wagt Eziz han hakynda hakykaty aýdan bolsa, türmeden gözi açylmazdy,kitaby çykmazdy, bu gün sen onuň bilen “Awazada”, kitabynyň sahypalarynyň gyrasyna jogapýazyp, sögüşip bilmezdiň” diýdi.

“Bu bizde mydama şeýle boljak öýdýän, häzirem diňe hökümetiň islän zadyny ýazan şahyrlaryňgoşgulary çykarylýar” diýip, men güldüm.

Otagdaşym maňa gözlerini tegeläp seretdi. Men onuň juda ägä adamdygyny bilýärdim, ýöne özibaşlansoň, dilime gelen zady aýdyp göberipdim.

Men “näme, ýalňyş bir zat aýtdymmy?” diýen manyda onuň ýüzüne soragly seretdim. Ol sesiniçykarman, “ýör, daşaryk çykaly” diýen manyda gapa ümledi-de, turup, işige ýöneldi. Men onuňyzyna düşdüm.

Page 105: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

“Otelde hemme pikir eden zadyňy aýtjak bolup durmagyn, ýazgy edilýän bolsa bildiňmi birden?”diýip, ol çola ýere baryp ýetemizsoň, içindäki gorkusynyň sebäbini aýtdy.

“Özüň başladyň-da, agam. Men diňe seniň aýdan zadyň bilen yalalaşýandygymy bildirjek boldum”diýip, men geňirgenýän görnüşde eginlerimi gysdym.

“Men sowet döwri barada aýtdym, sen bolsa häzirki döwür barada gürrüň edip başladyň” diýip, olöz gaýgy-aladasyny has açyklaşdyrdy.

“Hä, onda sowet döwri barada gürrüň etseň bolýar-da, häzirki döwür barada gürrüň barada etmekbolmaýar-da, şeýlemi?”

“Sebäbi sowet döwri geçmiş, bular häzir o döwür hakda näme diýseň diýdirerler…”

“Onda Nyýazow döwrem geçmiş, näme üçin o hakda hakykaty aýtdyranoklar?”

Otagdaşym ajy ýylgyrdy: “Ýaş bolýaň-ow, inim! – Ol şeý diýip, aýtsammykam, aýtmasammykamdiýýän ýaly, esli salym sesini çykarman ýöredi. – Edilen gürrüň öz aramyzda galsyn, Nyýzow döwrigeçenok, dowam edýär” diýip, ol ahyry haşylap, içindäki agyr ýüki daşyna çykaran ýaly edip aýtdy.

“Biz gorkmalysyndan gaty gorkýas öýdän – diýip, men nägileligimi daşyma çykardym. – Indi öňkiýaly Kabinet minsitriň ýygnagyndan kowulýan minsitrler, soňsuz tut-da-baslyk ýok-how! Buprezident häkimleriň garnyna barmak çommaldyp duranok telewisorda, köp zat liberallaşýar,görmezlik etmäliň-ä, walla!”

“Inim, daşky görnüşe aldanma! Menem gowulaşsa begenjek, ýöne bu gowulaşanok, öň üýrýän itindi sessis, arkadan topulýan ite öwrülýär. Sebäbi şeýtmese, saklanyp biljek däl. Halky aldaýar bu,pensiýa-beýleki beren bolup, emma halk barybir garyp. Baý ýaşaýan diňe şolar, çagasyna gowybilim berýän diňe elita, gowy maşyn münýän, gowy jaýda ýaşaýan, daşary ýurtda dynç alýan, keýpçekýän şolar. Arkadagyň niýeti has etbet, ol tagty ogluna, agtygyna geçirjek bolýar, Nyýazowdabeýle pikir ýokdy…”

“Onda näme bu Nyýazow ýaly ýadyrgärligini dikdirenok? Gaýta Üçaýagy hem şäheriň daşynaçykardy!” Men garşylykly sorag berdim.

“Bu ondan mekir, Nyýazow konýak içip, iýibilenni iýip, iki ädim ýöremäge ýaltanyp, şonça puly-baýlygy bilen ýetmişe ýetmän ölüp gitdi, bu saglygyna seredýär, at münýär. Muňa häzirýadygärligini dikdirmek gerek däl, liberal bolan bolmak gerek. Muňa derek, halky gorkuzmak üçin,ol Nyýazowyň ýadygarliklerini ýykman saklaýar. Sebäbi ol ýadygärlikler ýurtda hiç zadyňüýtgemändigini görkezýär. Ol şol gorky bilen tagty öz nesline geçirer, görersiň!” Otagdaşym şeýdiýip, utançly bir ýagdaýa düşen ýaly, ýere seretdi.

“Bäh, türkmen şeýle gorkakdyr öýtmändim, edil iki öljek ýaly-laý biz? Indi XXI asyrda patyşalygagelip oturybersek…”

“Ölmekden beteri bar, inim! – Otagdaşym birhili ejiz, eginlerini sallap gürledi. – Bular türmä basyp,itden har edýärler adamy. Türmä basylanyň çagasy, namysy şularyň eline galýar. Ozal polkownikbolan bir tanşym bar, golaýda türmeden geldi. Gürrüň berýär, “özüň ölüp gutulyp bolýan bolsa,namysly adamlar ölmäge taýýar, ýöne bular adamyň namysyna degýär, şondan her kim boýnunaýüklenen günäni boýun alyp, pursatyna garaşýar” diýýär… Ýadyňa düşýämi, Poran Berdiýew millihowpsuzlyk gullugynyň işgärleriniň bir maşgalanyň ýaş gyzyny zorlamak haýbatyny atyp, saçynygoparyşlaryny gürrüň beripdi prezidente, telewizorda görkezildi o zatlar… Bular şeýle, inim,aýylganç adamlar! Ne hudaýy bar, ne imany, adamlar, halk şondan gorkýar. Türkmenistan şondanGorkystan boldy!”

“Beýle gorkulýan bolsa, onda näme para almakdan, wezipä geçip, ullakan ogurlyk etmekdengorkanoklar? Oňam soňy türme ahyryn!” Men ýeňilmejek bolup, soňky okumy atyp galdym.

“Wah, inim, düşüneňok-da… Arkadag Nyýazow ýaly däl, ogrulara kän degenok, sebäbi olar onuňelindäki adamlar. Syýasata goşuljak gümanlary ýok. Dogry, gatyja baýap, dillerini salajyn göýberip

Page 106: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

başlasalar, başga gep. Ol telekeçilere partiýa açdyryp, hökümet goldawyndaky “biznesmenlere”daýanjagyny, şolar bilen “dost” boljagyny bildirdi. Eger olar oýnuň düzgünini bozmasalar, ýagnyözleri tagta göz gyzdyrmasalar, uzak giderler. Ýöne munuň üçin Kerimgula ýol açmaga kömeketmeli bolarlar… Nyýazow döwründe basylman sypan ogrular hem häzir ýere gömen pullarynygazyp alyp, daşary ýurtlardaky pullaryny yzyna getirip, biznes edip başladylar. Türmeden çykyp,öňki ogurlan pullaryny işledip başlanlar hem bar… Halk bu zatlara ozalam tomaşa edip otyrdy,indem tomaşa eder…”

Men “Awaza” dynç almaga gelipdim, emma bu gürrüňden soň dynç alyp bilmejegimi bildim.Üstesine, bu ýerde Arkadagyň portretleri hem has kän ýaly göründi. Men olardan daşrakda bolmaküçin Aşgabada, öz ýaşaýan köneje mikroraýonyma gaýtmagy ýüregime düwdüm. Bir ýeňillik, olýerde beýle kän portret ýokdy, sowet döwründe ekilen saýaly baglar bolsa “Awazadakydan” haskändi.

Oguljahan Ýazjanowa

Prezident Berdimuhamedowyň iki ýüzi (09.03.2013)

7-nji martda Aşgabatda Türkmenistanyň Zenanlarbirleşiginiň II gurultaýy geçirildi. TDH-nyň bugurultaý barada çap eden makalasynda prezidentBerdimuhamedowyň ady azyndan bäş gezek agzalýar,emma türkmenistanly aýal-gyzlaryň ýurtda dowamedýän şahsyýet kulty zerarly görýän görgüleri ýa-da

başdan geçirýän ykdysady kynçylyklary, durmuş-ýaşaýyş, saglyk, okuw-bilim problemalary hakdabir sözem aýdylmaýar.Eger men şol gurultaýa delegat bolup gatnaşan bolsam, ýurtda döredilýän şahsyýet kultunyň aýal-gyzlaryň başyna nähili betbagtçylyklary getirýändigini düşündirmäge synanyşardym.

Ikinji tarapdan, maňa ýa başga bir zenana beýle mümkinçilik berilmejegini, munuň ozaly ýurtbaştutanyna ýa-da onuň arkasynda duran, “halk köpçüliginiň garyp we gorkuda saklanmagyndanşahsy bähbit görýär” diýilýän gizlin topara baglydygyny hem çak edýärin. Eger şeýle bolmasa,Berdimuhamedowa bu hili ikiýüzlilik, hem reformaçy, hem diktator bolmak nämä gerekdi?

Metbugatdaky Berdimuhamedow

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki metbugaty prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa“Hormatly Prezidentimiz”, “Döwlet Baştutanymyz”, “Milletiň Lideri”, “Arkadag” diýip, ony hersözlemde diýen ýaly götergilemäge, bolşundan-görnüşinden has ulaldyp görkezmäge çalyşýar.Ýüregiňi ýakýan ýery, bu ulaltma oýnuna G.Şagulyýewa ýaly aýallar hem goşulýar. Emma olargaryp aýallaryň işsiz ärlerini, çagalaryny eklemek üçin nähili agyr, käte masgaraçylykly işleri hemetmäge mejbur bolýandygyny, ýylda on müňlerçe ýaş gyzyň okuwyny dowam etdirip bilmän, iştapman, has beter garaşly ýagdaýa düşýändigini bilýärler.

Metbugat işgärleriniň köpüsi bu propaganda oňa hakykatdanam şeýle garaýandyklary üçin däl,özara gürrüňçilikde boýun almaklaryna görä, mejburylykdan, işde saklanmak üçin goşulmalybolýarlar. Şeýle-de olaryň köpüsi ertir-agşam gaýtalanýan suwjuk we boş sözleriň ýurtýolbaşçysyna abraý getirýändigine ynanmaýar.

Şol bir wagtda, “Ak saçly perişde”, “Beýik Serdar”, “Baky Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy”, “ŞaŞahyr” diýlen Nyýazowyň adyndan çap edilen “Ruhnama” “mukaddes” diýlen bolsa,Berdimuhamedowyň ady bilen çap edilen kitaplara, näme üçindir, beýle ýarlyk ýelmenmeýär.

Page 107: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

Emma siňe seretseň, “Hormatly Prezidentimiz” Berdimuhamedowyň öz halypasy Nyýazowyňmagaryf, saglyk pudagynda eden ýykgynçlyklaryny düzediji, türkmen halkyna internet beriji, ýapykýurdy dünýä açyjy, şönuň bilen birlikde öňki prezidentiň Türkmenistany dünýä gülki edengözçykgynç şahsyýet kultuny kem-kemden ýok ediji hökmünde, assyrynlyk bilen, ýöne ynamly öňesürüljek bolunýandygyny hem görmek kyn däl.

Nyýazow döwründe bikanun neşe söwdasy, neşekeşlik türkmen oba-şäherlerine gaty giň ýaýrapdy.Eger döwletde iň ýokary derejelerde goldawy, goragy bolmasa, neşe söwdasy beýle üstünlikli bolupbiljek däldi. Berdimuhamedow, resmi metbugatyň tekrarlamagyna görä, türkmen halkynyňgenefondunyň neşe arkaly ýok edilmek howpunyň garşysyna barlyşyksyz göreş yglan etdi.

Gözi gorkuzylan türkmen intellektuallarynyň käbiriniň pikirine görä, ýurtda giň ýaýran neşesöwdasyna we general Rejebowyň mafia döwletiniň içinde guran mafia kerebine garşy uran weýranediji zarbalary nazara alynsa, Berdimuhamedow “Arkadag” adyna belli bir derejede mynasyp hembolup görünýär.

Onuň Nyýazowdan ýene bir tapawudy bolsa, özi sport bilen meşgullanyp, ýurtda sagdyn durmuşýörelgesini, sporty giňden propagandirleýji hökmünde görünjek bolmagydyr.

Durmuşdaky Berdimuhamedow

Ýöne bu propaganda hakykata bölekleýin, çäklije ýagdaýda gabat gelýär. Mysal üçin, prezidentBerdimuhamedowyň pikiriçe, ýurtda sport bilen meşgullanmak, halkara ýaryşlarynda baýraklyorunlary almak üçin ähli şert döredilen. Emma bu şertler türkmen atletleriniň Londonda geçentomusky Olimpiýa oýunlarynda üstünlikli çykyş etmeklerine getirip bilmedi. Faktlar, netijeprezidentiň durmuş hakykatyndan, reallyklardan üzňedigini, stadion, sport şäherçesi ýaly zatlaramillionlap dollar sowurmagyň ýaş sportsmenler üçin ähli şertiň döredilendigini asla aňladypbilmejegi barada çynlakaýrak pikir etmelidigini duýdurýar.

Nyýazow döwründe türkmen goşunynda bolan zatlary, açlygy, gedaýçylygy, parahorlugy, beýlekinogsanlary agzamagam utanç. Berdimuhamedow bu meselede, şonuň bilen birlikde serhetde wegümrükde, migrasiýa gullugynda tertip-düzgüni belli bir derejede dikeltmekde Nyýazowdan känöňe saýlandy diýse bolar. Harbylar, howpsuzlyk işgärleri, olaryň maşgalalary barada edilýäntagallalar onuň bu pudagyň adamlaryny öz tarapynda saklamagyň aladasyny edýändigini görkezýär.Nyýzow döwri bilen deňeşdirilende, siňe seredilmese, bularyň hemmesi pozitiw alamatlar.

Emma şol pozitiw alamatlara garamazdan, Berdimuhamedow ýurdy Nyýazowyň agyr syýasy-ykdysady, medeni-ahlak mirasyndan dyndarjak ýolbaşça asla meňzemeýär.

Sebäpler nämede?

Munuň birinji sebäbi onuň syýasy pikir-düşünjesiniň örän çäkliliginde, Nyýazowa hakykatdan hemynanan ýa-da şonuň täsirine ymykly düşen resmi bolmagynda görünýär. Ýöne onuň Nyýazowyň“ýoluny” mümkin boldugyça uzak saklanmak, çäksiz hökümdar bolmak üçin, tejribesiz we gorkak,şol bir wagtda örän açgöz, şöhratparaz şahsyň gidip biljek ýeke-täk ýodasy hökmünde, bile-göreulanmak isleýändigini aýdýanlar hem bar.

Şularyň haýsam bolsa biri ýa-da hemmesi sebäpli, Berdimuhamedow ýurtda bir şahsyýet kultunyňderegine ikinji şahsyýet kultuny döredýär. Ýogsa ondan Iosif Stalinden soň Nikita Hruşewiň edenhereketleri ýaly hereket etmegine, nyýazowçylygy ýazgarmagyna, diri galan syýasy tussaglary azatetmegine, ölen ýa öldürilen tussaglar baradaky hakykaty açmagyna, dünýäniň çar künjegine gaçyp,dargap barýan milleti Watan, il-ýurt ideýalarynyň daşyna jemlejek bolmagyna garaşylypdy. Emmaol bu ýoldan, özüne hakyky abraý we goldaw getirjek ýoldan, Berdimuhamedowy taryha reformaçyedip girizjek ýodadan gitmedi.

Bu ýagdaýy Berdimuhamedowyň Nyýazow döwründäki geçmişi, diktatura we korrupsiýaatmosferasynda toplanan şahsy baýlyk we aç-açanlykdan gorkmak bilen-de düşündirip bolar. Şusebäpden Berdimuhamedowyň şahsyýet kultunyň eýýäm Nyýazowyňkydan geçirendigini, “BeýikArkadag” syýasatynyň ýurtda birinji adam, döwlet derejesinde ýaýran korrupsiýadan ünsi sowmak

Page 108: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

üçin ýörite oýnalýan spektakldygyny aýdýanlar hem bar. Bu pikir esasan daşary ýurt firmalary,aýratyn-da türk we fransuz biznesmenleri bilen baglaşylýan aşa gymmat bahaly şertnamalaryňNyýazowyň döwründäkä garanda has açgözlük bilen dowam etdirilmegi bilen delillendirilmägeçalşylýar.

Berdimuhamedow bikanun neşe söwdasyna we neşekeşlige garşy göreşiji, sagdyn durmuşýörelgesini, sporty goldaýjy, Nyýazowyň ýykan bilim pudagyny dikeldiji, kanunlaryliberallaşdyryjy we dünýä derejesine deňleşdiriji bolup çykyş etmeginden başga, ýurduň başarhitektory we baş çäreçisi rolunda hem oýnaýar. Onuň Ministrler Kabinetiniň ýürege düşgüçderejede ýygjam geçirilýän maslahatlarynda ýurtda bellenýän baýramçylyklary aşadabaralandyrmak barasynda berkden-berk tabşyryk bermegi şu soňky roly bilen bagly.

Emma Berdimuhamedow ýaşlaryň sport bilen meşgullanyp bilmegi, bu ugurda gowy netijegazanmagy üçin gurply maşagalalarda ösüp-ulalmalydygy, maddy we ruhy taýdan erkinbolmalydygy barada pikir etmeýär. Sebäbi ol beýle pikir etse, ilatyň aglaba köplüginiň garyplykdaýaşaýandygyny, bu garyplygyň döwlet derejesindäki korrupsiýanyň, hakyky bazar gatnaşylarynageçilmegine, hususy eýeçilige ýol berilmezliginiň gös-göni netijesidigini boýun almaly boljak.

Öli dogulýan kanunlar, çäreçilik we arhitektura

Berdimuhamedow kämilleşdirilýän kanunlaryň öli dogulýandygy, sebäbi ýurtda sudlaryň garaşsyzdäldigi, polisiýa, prokuratura, sud, milli howpsuzlyk, gümrük, migrasiýa edaralarynda,häkimliklerde her bir wezipeli adamyň kanundan ýokary durup bilýändigi barada hem pikiretmeýär. Sebäbi beýle pikir etse, bu ýagdaýyň ýurtdaky birinji ýolbaşçydan gaýdýandygyny boýunalmaly boljak.

Mysal üçin, köpçülikleýin habar serişdeleri barada kabul edilen kanun işlese, ýurtdaky işsizlik,garyplyk, giň ýaýran korrupsiýa we türkmen raýatlarynyň barha köp ýurtdan gaçmagaçalyşmagynyň sebäpleri barada açyk gürrüň edip başlamagyna ýol açyljak.

Eger ýurtda söz, metbugat azatlygy belli bir derejede bolsa hem, prezidentiň esasy iki “keseliniň” –köpçülikleýin çäreler esasynda garyp halky bagtly edip görkezmek ugrunda edýän nalajedeýinsynanyşygynyň we ýykgynçylykly “arhitektura” derdiniň ýurda nähili gymmat düşýändiginiaýtjaklaryň tapylmagy mümkin.

Şu sebäpden gazet-žurnallar Berdimuhamedowyň göni howandarlygyndan çykarylsa-da, dolykontrollugynda galýar we häkimiýetiň metbugata monopoliýasy doly saklanýar.

Emma onuň entek altyn çaýylan heýkellerini dikdirmeýändigini, adyny oba-şäherleredakdyrmaýandygyny aýdýanlar hem bar. Şol bir wagtda ol atasyny, kakasyny we özüni öwdürmägeaşa gyzyklanyp, Nyýazowyň ýolundan “ynamly öňe” barýar. Prezidenti has gowy öwýänleriňprezidentiň hut özi tarapyndan sylaglanmagy bu ýoluň ileri tutulýan ugurdygyny, ýagnyBerdimuhamedowyň özüni ýüzüne öwýänleri gaty gowy görýändigini, onuň şeýle öwgä gatyaçdygyny, ýalan şöhrata örän teşnedigini we mätäçdigini görkezýär.

Döwlet eýeçiligindäki medianyň prezidenti hemme zatdan baş çykarýan, at münmäge ökde, eliýeňil wraç, tüpeň atsa, onlukdan urýan, maşyn ýaryşynda birinji, ussat ýazyjy, estrada aýdymçysy,kompozitor we ş.m. edip görkezmegi sowatly-düşünjeli adamlarda gülki, ýaňsylama döretse-de,Berdimuhamedow bu meýletin oýnatgylykdan lezzet alýana çalym edýär.

Başga bir tarapdan, halk içinde bu oýunlary sahnanyň arkasyndan başga birleri oýnaýar,Berdimuhamedow diňe özüne ýazylyp berlen zatlary okap, rolda oýnamak, prezident däl-de, gurjakbolmak bilen çäklenýär diýen pikirem bar.

Page 109: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

Nurly Daňatar

Dj prezident, käýelýän kadrlar we baý ýurduň garyp halky (11.01.2014)Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedowaýdym-saz sungatynda, hususan-da djeýlikde we özbellän kadrlaryny bir taraply aýyplap, tiz-tizdençalşyrmakda barha giň meşhurlyk gazanýar.

Onuň “Türkmen owazy” telekanalynda we Youtubeportalynda ýerleşdirilen wideode aýdym aýdyşy,djeýlik edişi sosial ulgamda uly gyzyklanma döretdi. Ol

ozal at çapmakda, awtomobil ýaryşynda, ok atmakda, karatede, welosiped sürmekde,ýazyjylykda… ussatlygyny görkezipdi.Heniz dünýäniň hiç bir ýurdunyň prezidenti beýle kän ugur boýunça ussatlyk derejesine ýetipbilenok. Ýöne G.Berdimuhamedow başga bir meselede, “işinde düýpli kemçilikleri goýberýän”döwlet işgärlerini tankytlamakda, berk käýinçe bermekde, işden boşatmakda we netijede ýurtdaözüniň ýekemen hökümdardygyny ýene bir gezek görkezip, adamlaryň ýüregine dowul, gorkysalmak arkaly, “garamaýak halky” (S.Nyýazowyň ulanan sözi) garyp, pukara saklamakda hemussat.

Dogry, ol bu işi, tutuş ýurdy gorky we mätäçlik astynda saklamak emelini öz “ussat” halypasyS.Nyýazowdan miras aldy. Mysal üçin, dj prezident anna güni geçiren giňişleýin mejlisinde ýurduňköpçülikleýin habar beriş serişdelerini tankyt etdi. Onuň pikirine görä, türkmen telewideniýesiniňgepleşikleriniň hili pes, olar durmuşdan üzňe we rejissura taýdan gowşak.

Şeýle-de ol ýurduň gazet-žurnallaryny döwletiň üstünliklerini ýeterlik beýän etmezlikde, özhabarçylarynyň ýazan zatlaryny çap etmän, merkezi neşirlerde çap edilen materiallary göçürip çapetmek bilen meşgul bolmakda aýyplady. Mundan başga, prezident Türkmenistanyň tele-radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygyna işinde goýberenkemçilikleri üçin berk käýinç hem berdi.

Bu habary eşidip, “beh, prezident metbugatda 20 ýyl bäri dowam edýän ýaramaz ýagdaýy öňbilmeýärmidikä? Ýa bu agyr ýagdaýyň döwlet tarapyndan talap edilýän ýalan propagandanyň,metbugat azatlygyna ýol berilmezliginiň netijesidigine akyl ýetirmeýärmikä?” diýip pikir edýärsiň.Ýöne bu metbugat işgärlerine berilýän ilkinji käýinç däl. Şonuň bilen birlikde, geçen ýylyňaýagynda şol metbugat işgärleriniň uly bölegi “döwletiň gazanan üstünliklerini beýan etmekdebitiren gowy işleri üçin” döwlet sylaglaryny, baýraklary alypdy.

Emma bu-da hemmesi däl. Prezident Berdimuhamedow anna güni geçiren maslahatynda geçen ýylýurtda uly işleriň edilendigini aýtdy, emma bu diýilýän uly işler diňe onuň özüne degişli ýaly.Ýogsa ýene, öňki ýyllarda bolşy ýaly, bir topar jogapkär işgär “işinde goýberen kemçilikleri üçin”käýinç alyp, ýa işden boşadylyp gaýtmajak ýaly. Aslynda döwlet işinde, uly wezipelerde işleýänadamlar, öňki tejribelere akyl ýetirseler, özleriniň karam oýnuň “pyýadalarydygyny” gowy bilmeli.

Ýöne ýurtda başga alternatiwa bolmansoň, olar her edip, hesip edip, wezipe aljak bolýarlar wemümkin boldugyça, ýagny käýinç berlip başlanýança, her hilem bolsa, baýlyk toplamagasynanýarlar. Bu ýagdaý diktator üçin amatly we ol öz başarnyksyzlygyny “iş başarmadyk ýawezipesinden galp peýdalanan” diýilýän çinownikleriň üstüne atyp bilýär. Şonuň bilen bir wagtdaol çinownikler özlerini açyk sudda ýa metbugatda gorap bilmeýär. Has anygy, eger şeýle şert bolsa,olar özlerini aklap hem biljek däller. Emma olar bolan zatlary açyk aýdyp bilseler, bu ýerde kimiňgünäsiniň has uludygy belli boljak. Şu uly günäni ýaşyrmak üçin hem ýurtda diňe bir adam gürleýärwe şonuň sözi we eden işleriniň waspy bilen efir wagty doldurylýar. Bu ozal S.Nyýazow tarapyndanoýnalan, indi dj prezident tarapyndan has çökder dowam etdirilýän oýun we diňe el çarpmagaygtyýarly edilen türkmen halkyna örän gymmat düşýär.

Geçen ýylda başlanan bank tankydy, ýyl başyndan bank başlyklarynyň çalşyrylmagy ýurtda bazar

Page 110: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

ykdysadyýeti şertlerinde uly rol oýnamaly pudagyň nähili agyr ýagdaýdadygyny boýun almak ýalybir zat boldy. Emma prezident bu ýerde-de öz günäsini, diktator režimiň, döwlet derejesindäkikorrupsiýanyň döreden krizisini başgalaryň, has dogrusy birnäçe adamyň üstüne atmak bilen, halkygaryp goýan “çeper höwesjeňlik syýasatyny” dowam etdi. Eger döwlet hakykatdan hem bazarageçmäge ygrarly bolsa, ýurtda bireýýäm hususy banklar dörärdi, maliýe sistemasynda, nebitden-gazdan gelýän pullaryň harçlanyşynda aýanlyk bolardy. Emma ozal bazara geçmegi, hakykyaýanlygy S.Nyýazow saklan bolsa, indi G.Berdimuhamedow saklaýar. Sebäbi muňa, ýagdaýygowy bilýän we döwlet diwarlarynyň arasyndaky detallardan habarly adamlaryň aýtmaklaryna görä,döwletiň başyndaky birinji adamyň gatnaşmagynda baglaşylan gurluşyk kontraktlary we beýlekigalplyklar ýol bermeýär.

Bu ýagdaý ýurtda kadr çalşyklarynyň, dabaraly çäreleriň, ýalan propagandanyň, TVbagtyýarlygynyň doly güýjünde dowam etdiriljegini aňladýar.

Ikinji tarapdan, Türkmenistanda dowam edýän döwlet propagandasy häzirlikçe diktator režimiňpeýdasyna gowy işleýär; oppozisiýa ýok diýerlik derejede passiw, syýasat ýa pikir meýdanynda täzeadamlar, ýaşlar görünmeýär, diňe prezidentiň däl, has kiçi derejedäki çinownikleriň hem edeniöňünden gidýär. Şeýle ýagdaýda, çaklanmaýan ýa garaşylmaýan bir zatlar ýüze çykmasa, kadrçalşygyny we bir adamdan hudaý ýasamagy arkaýyn dowam etdirip bolar. Sebäbi yzygider weüznüksiz kadr çalşygy ýetişip gelýän ýaş kadrlary hapa çümdürip, abraýdan gaçyrmaga hem ýoldanaýyrmaga, hakyky liderleriň döremeginiň, diýmek hökümdara hakyky bäsdeş bolup biljek arassa weýaş adamlaryň orta çykmagynyň öňüni almaga uly mümkinçilik berýär.

Gepiň gerdişine aýdylsa, Türkmenistan kadr geldi-geçerliginde Ginnesiň rekordlar kitabyna hemgirip bilerdi. Bu meselede, san barada alnanda, Gurbanguly Arkadag Saparmyrat Türkmenbaşydanhem ozdurdy. Ýöne “Döwlet guşunyň” awtory “Ruhnamanyň” awtoryndan başgaçarak işleýär,ýagny işden kowýan emeldarlaryny il ortalaýyn masgaralamaýar, üç aýlyk aýlygyndan kesip ýa altyaýlyk synag möhleti bilen hem gynamaýar. Şu sebäpden oňa “ýumşak diktator” diýjek bolýanlarhem bar.

Emma forma başga-da bolsa, mazmun bir, ýagny lider zaýaçylygy dowam edýär; kadrlar dogryseçilmeýär, ünsli terbiýelenmeýär, adalat ýok, halal bilen haram aýyl-saýyl edilmeýär, kim mamla,kim bimamla, bular belli däl, bu zatlar diňe döwlet korrupsiýasyny ýaşyrmak üçin edilýär diýenpikir barha giň ýaýraýar.

Eger ýaş alymlaryň biri türkmen metbugatynyň sahypalaryny dörüp, 1991-nji ýyldan bäri prezidenttarapyndan ýokary wezipelere bellenen, ondan-oňa geçirilen, käte bir wagtda birnäçe wezipeynanylan, orden-medal bilen sylaglanan, soň käýinç berlen, işden boşadylan, türmä basylan öňkiemeldarlar barada maglumat toplasa, uzyn bir sanaw, uly bir tomluk emele gelerdi.

Eger-de bu işi dowam etdirip, resmi maglumatlardan başga, şol işden aýrylan adamlaryň özleribilen duşuşyp, eger özleri bolmasa, olaryň yzynda galan hossarlary bilen gürleşip, medalyň beýlekitarapy hem açylsa, ýagny resmi metbugatda aýdylmadyk zatlar hem öwrenilse, belki, ençemetomluk kitap ýazmak, köp seriýaly kino düşürmek üçin gyzykly material toplanardy.

Dogry, işden aýrylýanlar kemçilik goýbermeýär diýip, olaryň tarapyny tutup bolmaz. Ýöne olaryilki işe belleýän, olaryň iş şertlerini kesgitleýän adamy, ýurtdaky ýeke-täk hökümdary hem aklapbolmaz.

Türkmenistanda soňky 20 ýylda dörän kadr geldi-geçerliginde biri günäker bolsa, ol prezident!Sebäbi Türkmenistanda prezident hemme zat, ol häkimiýetiň ähli şahasyny öz elinde saklaýar weýurtda ýeke-täk hökümdar. Ol metbugatda özüni öwdürip, halky aldamak üçin ýurtda uly-ulyykdysday ösüşleriň bolandygyny gaýtalaýar. Şol bir wagtda ilat işsizlikden, aýlyklaryň azlygyndan,garyp-gasar durmuşdan kösenip, aç-hor ýaşaýar…

Ýylda müňlerçe adam işsizlikden, durmuş kynçylyklaryndan basylyp, jenaýata baş goşýar, türmädüşýär. Iş gözläp, daşary ýurtlara gidýän ýaşlar, okamaga gidip, yzyna gelmek islemeýän raýatlar

Page 111: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

türkmen döwletiniň ähli propagandasyny puç edýär. Döwlet emeldarlarynyň para almagy,korrupsiýa ýokardan aşak giň ýaýran. Emma hökümet bu zatlary düzetjek bolmakdan geçen, boýunhem almýar, olar barada metbugatda gürrüň edilmegine hem ýol bermeýär.

Haýp, 2014-nji ýylyň başyndan başlanan käýinçler we kadr çalşygy türkmen halkynyň gaçangaryplyk çukurynyň bu ýylam çuňlaşjagyny, ýagny onuň durmuşynda hiç zadyň üýtgemejeginiaňladýan ýaly. Ýöne bu ýagdaý häkimiýet başyndaky esasy adamlaryň, käýinç alyp başlaýançalar,has baýlaşjagyny hem aňladyp biler.

Halk nakylynda aýdylyşy ýaly, “Gurt bilen goýun guda bolmaz; guda bolsa-da goýun gülmez”.Türkmenistanda halkyň başyndan zorluk bilen asylan korrumpirlenen hökümet, soňy görünmeýänýalan propaganda, ajy hakykaty boýun alsak, halky güldürmeýär, agladýar.

Atabaý Garadaşly

Prezidentiň “gyzyla gaplaýmaly” boş sözleri (22.06.2013)

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy 14-njiiýunda prezident Berdimuhamedowyň hökümetmaslahatynda raýatlara täze daşary ýurt pasportlarynyňberilmegi barada eden beýanatyny gaýtalap, şu ýylyň17-nji iýunyndan ors-türkmen goşa raýatlygy bolantürkmenistanlylara täze nusgadaky biometriki

pasportyň berlip başlanýandygyny habar berdi.

Prezident Berdimuhamedowyň şol agzalan beýanatynda şeýle diýilýärdi: “Her bir türkmenistanlymilletine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk hem wezipe ýagdaýyna, diline, dini garaýşyna we syýasyygtykadyna garamazdan, Türkmenistanyň raýatynyň täze nusgadaky pasportyny hökmany tertipdewe bellenen möhletlerde alar.”

Ajaýyp sözler! Aslynda, türkmen kanunçylygynda hem kän ajaýyp aýdylan sözler ýa-da dünýästandartlaryna gaýra dur diýýän düzgünler ýazylyp beýan edilipdir. Munuň üstesine, türkmenkanunlarynyň yzygiderli kämilleşdirilýändigi hem aýdylýar.

Emma mesele şol kanunlaryň işlemeýänliginde we olaryň işlemedik ýa ýerine ýetirilmedikýagdaýynda hiç bir arz edere, ýüz tutara ýeriň ýoklugynda. Eýsem, prezidentiň şu ajaýypbeýnatyndan soň pasport alyp bilmän galan adam bolmaz diýseň, ynanyp bolarmy?Türkmenistandabaşgaça pikirlenýän, syýasy garaýşy, dini ynanjy üçin ýanalýan, gara sanawa salnan näçe adam bar?Muny bilmek kyn. Ýöne soňky 15 ýylda, uly derejeli bir resminiň özara söhbetde aýtmagyna görä,Milli howpsuzlyk ministrliginiň dyngysyz gözegçiligi astynda saklanýan, telefony diňlenýänmaşgalalaryň sany artmasa, kemelmeýär.Ikinjiden, täze pasport, soňky çykan habarlara görä, häzirkiwagtda Türkmenistanda propiskasy bolanlara berilýär. Bu daşary ýurtlarda, şol sanda Orsýetde weTürkiýede ýaşaýan on müňlerçe türkmenistanla täze biometriki pasport berilmez diýildigi bolýar.“Süýde siňe seretseň, gan görner” diýipdirler. Türkmenistanyň daşary ýurtlara gitmek üçin girizýäntäze biometriki parsporty, bir tarapdan, zerurlyk, ikinji tarapdan, “artykmaç” ýa halanmaýanadamlardan dynmak üçin bahana bolup hyzmat edip biler. Sebäbi Türkmenistanda garaşylýan ýadöwrüň talap edýän syýasy-ykdysady reformalary geçirilmedi, tersine döwlet derejesindäkikorrupsiýa çuňlaşdy we şu sebäpden “arap ýazy” ýaly bir zatlaryň bolmagyndan ullakan aladaedilýär.

Page 112: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

Onsoň, Berdimuhamedowyň režimi ilatyň potensial pitneçi bolup biljek bölegini, daşary ýurtlarygören, öz raýat hukuklaryndan belli derejede habarly adamlary ýurt içinde näçe azaldyp, daşrakdasaklap bilse, şonça-da özüni rahat duýjak ýaly.

Mälim bolşy ýaly, S.Nyýazow Türkmenistanda problema gozgaýan metbugaty doly ýok etdi.Berdimuhamedow Nyýazowyň käbir ýykgynçylykly syýasatlaryny il ýüzüne ýatyran hem bolsa,metbugata kontrollygy doly saklap galdy. Ol metbugatda problema däl, hatda 40-50 ýyllap halkyna,ýurduna hyzmat eden adamlaryň ölümi hem agzalmaýar.

Mundan başga, sudlar – öňküsi ýaly – garaşsyz däl, prokuratura, polisiýa işgärlerine işiň düşse, halkiçinde aýdylmagyna görä, “ýa zoruň, ýa zeriň” bolmaly. Il içindäki gep-gürrüňlerden çen tutulsa,kanunçylykdaky korrupsiýa Nyýazow döwründäkiden hem kän esse beterleşipdir.

Iň ýamany, arz, şikaýat edip häkimliklere ýa degişli edaralara, hatda prezidente hem hat ýazanyňpeýdasy ýok. Ýogsa Berdimuhamedow prezident raýatlaryň kanun, hukuk goraýjy edaralaryňişgärleriniň üstünden şikaýat edip ýazan arzalaryny derňemek boýunça ýörite komissiýa hemdöretdi. Şonda halk ol komissiýanyň üstüni hatdan gömdi. Emma türkmeniň “Gylyç öz gynynykesmes” diýeni boldy: ol hatlar barlanman, üstünden arz edilýän edaralaryň özlerine iberildi.

Bu ýagdaý adamlaryň prezidente, onuň aýdýan sözlerine, edýän beýanatlaryna bolan ynamlarynyňýuwaş-ýuwaşdan gaçmagyna getirdi we indi ýokary edaralara, prezidente hat ýazyp, öz seslerinieşitdirjek bolýan adamlar gaty azaldy.

Şonuň bilen bir wagtda, Berdimuhamedow prezident bolanyndan soň, Türkmenistandaky agyrýagdaý barada halkara guramalaryna hat ýazýan, daşary ýurt metbugatynda tankydy çykyş edýänadamlar hem berk kontrol astyna alyndy we olaryň ‘çyzykdan çykanlary” dälihana salnyp, bütinhalkyň gözi gorkuzyldy.

Bu gorkuzyş usulyny Nyýazow hem ulanýardy. Şonuň bilen birlikde, Berdimuhamedowyň daşaryýurtlardaky türkmenleri daşrakda saklamak islegi ýa pikiri hem Nyýazowdan gaýdýar. Nyýazow özwagtynda dünýä türkmenlerini birleşdirmek, garaşsyz Türkmenistanyň bütin türkmenleriň umumyýurduna öwürmek ideýalaryny goldap, dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň başlygybolupdy. Emma ol dünýä türkmenleriniň arasyndan diňe ýaranjaň adamlary gözledi, öz pikir-garaýşy, düşünjesi bolan, giň dünýägaraýyşly we dogry sözli türkmenleri ýurda getirmezligiňçärelerini gözledi.

Bu syýasat Berdimuhamedow tarapyndan hem dowam etdirilýäne çalym edýär. Ol 2010-njy ýylyň25-nji oktýabrynda, Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 20 ýyllygynyň öň ýanynda, Türkmenleriňynsanperwer birleşiginiň 14-nji maslahatynda, ýokarda pasport barada eden beýanaty ýaly, ajaýypbir beýanat etdi:

“Men daşary ýurtlara saparlarymda hem ol ýerlerde kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleribilen duşuşýaryn, saçak başynda söhbetdeş bolýaryn, doganlarymyzyň halyndan hem habar alýaryn.Olary Türkmenistan bilen ýakyndan aragatnaşyk saklamaga çagyrýaryn. Goý, dünýä türkmenleriindiden beýläk özlerini Türkmenistanyň raýatlary ýaly hem duýsunlar. Dünýä türkmenleriniňdogduk watana gelmekleri, onda işlemekleri, okamaklary, döretmekleri üçin hiç hili päsgelçilikbolup bilmez.”

Şonda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň maslahatyna dünýäniň 20 ýurdunda mekantutan türkmenleriň 150-ä golaý wekili gatnaşypdy. Emma şondan soň daşary ýurtlardan taryhywatanyna görme-görşe ýa okuwa, işe geljek bolan türkmenleriň hemmesiniň, Berdimuhamedowyňnygtap aýdyşy ýaly, “gelip çykyşyna, emläk hem wezipe ýagdaýyna, dini garaýşyna we syýasy

Page 113: «Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary 2012 – 2015 · Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki ýygyndy soňky

ygtykadyna garamazdan”, wiza almagy ýeňledi diýip, hiç kim aýdyp bilmese gerek. EmmaTürkmenistana Eýrandan, Owganystandan gaçyp baran türkmenleriň, Özbegistandan gelin bolupdüşen gyzlaryň başga ýurtlara ýa yzlaryna gideni näçe diýseň tapylar.

Bu ýerde mesele diňe pasportda ýa wizada, daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenlerden režimrahatlygyny gabanmakda hem däl. Prezident Berdimuhamedowyň beýanatlary hatda ýurduň içkirahatlygy, wezipeli garyndaşa daýanylyp edilýän jenaýatçylygyň öňüni almak ýaly örän möhümmeselede hem işlemeýär.

Mysal üçin, ol 2007-nji ýylyň oktýabrynda şol wagtky içeri işler ministrine jenaýatçylygy bassyr-ýussur edenligi üçin şeýle diýipdi:

“Bellän günümiň ertesi irden men saňa jaň etdim. “Hajy – diýdim, – ine men prezident, bar hukukgoraýjy ýolbaşçylary çagyryp aýtdym – diýdim, – meň ine 5 sany aýal doganym bar – diýdim, –hemmesiniňem çagasy bar. Kimiň ogly, kimiň gyzy. ‘Şolaň biri – diýdim, ýekejesi şu aýagynygyşyk bassa, kanundyr – diýdim, – aga -ak, gara – gara diýmeli. Hökmany suratda tutuň, çäregörüň’ diýdim. – Adamçylyk, durmuşdyr -diýdim. – Bilip bolmaz. Saňa-da şeý diýdim: “Hajy –diýdim, – seňem bir topar doganyň badyr, garyndaşlaň badyr, çagyr hemesini ýanyňa diýdim, sebäbisen diýdim içeri işler ministri bolduň diýdim. Baar diýdim şo zatlary aýtgyn diýdim. Diýdimmi mensaňa?” “Diýdiň.” “Şoň üçin diýdim, eger-de diýdim, hudaý saklasyn, biri diýdim, ýaňky diýşimýaly, egri bassa, o seň abraýyňa gowy däl diýdim, biziň abraýymyza gowy däl. Ine, şoň üstündenemözüň bardyň şony…”

Prezident bu sözleri aýdanda, pensioner kakam: “Gyzyla gaplaýmaly sözler, indiki gaýtalandaýazyp al şulary, daşyny ramalap, diwardan asyp goýaly” diýdi. Men kakamyň diýşi ýaly, ol sözleriýazyp aldym. Emma olary daşyny ramalap, diwardan asmaga welin howlukmadym. Howlukmanymhem gowy bolupdyr, eger kakamyň diýenini eden bolsam, prezidentiň doganlary we ýegenleri ilegülki etjek eken.